Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we mejlisleriň barşynda gazanylan ylalaşyklary berkidýän resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Dürli derejelerde halkara resminamalaryň 57-si kabul edildi, olar maglumatlar tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe ulgamy, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy, sport we beýlekiler ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerine degişlidir.

Şeýle-de, Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan daşary ýurt maliýe guramalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 405 million 884 müň dollaryna we 152 million 311 müň 500 ýewro deň bolan aşakdaky resminamalara gol çekildi:

  1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky 15016 belgili kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň oba we suw hojalyk pudagy üçin tehnikalary, gurallary, läbik sorujylary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Germaniýa Federatiw Respublikasynyň  “Commerzbank AG” banky bilen karz ylalaşygy;
  1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 19-njy maýyndaky 1232  belgili kararyna laýyklykda, pagta ýygýan kombaýnlary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Deer Credit Inc.” Kompaniýasy bilen karz ylalaşygy;
  1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji iýulyndaky PB-989 belgili buýrugy esasynda, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmek üçin Aziýa Ösüş banky bilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasy;
  1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 9-njy awgustyndaky 1368 belgili kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşygyny hem-de gaz turbina desgalary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagyny maliýeleşdirmek üçin Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “Credit Suisse AG” banky we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň  “Commerzbank AG” bankynyň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Sýürihdäki şahamçasy bilen karz ylalaşygy;
  1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 9-njy awgustyndaky 1371 belgili kararyny laýyklykda, Kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen maliýe ylalaşygy (Wakala)

Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatynda kenarýaka ýurtlaryň gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam berer. Bu çäre bar bolan mümkinçilikleri birleşdirmäge täze itergi berer, şeýle-de, özara pikir alyşmalaryň netijesinde ähli taraplaýyn beýan edilen oňyn teklipleriň dürli ulgamlar boýunça ähli ugurlarda aýanlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda geljekde bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berer.