Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Wise-premýer birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň jemleri hem-de gazanylan ylalaşyklar barada hasabat berdi. Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde gözegçilik edýän edaralary tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň hem-de ýurdumyzyň maliýe-bank edaralarynyň gazanan üstünlikleri görkezildi, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada birnäçe tanyşdyryş çäreleri geçirildi.

Hasabatda «Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak boýunça ilkinji ädimler» atly maslahatyň, «2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi» atly maslahatyň, «Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk» hem-de «Hazar üçin «ýaşyl ykdysadyýet» atly mowzuklaýyn maslahatlaryň jemleri barada aýdyldy.

Wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan gol çekilen resminamalar barada hasabat berdi. Şolaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine we eksport kuwwatynyň hem-de maýa goýum işjeňliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda maliýe-ykdysady ulgamyň edaralarynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda aýdylan teklipleriň ählisini içgin öwrenmegiň hem-de olary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz esasy maliýe edaralary, şol sanda BMG-niň degişli düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagy öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynyň birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisinde «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Gyýanlynyň polimer zawody we Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawody önümçilik kuwwatlyklaryny görkezdiler.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz senagatynyň önümçilik düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmek, täzeçil usuldaky nebit we gazhimiýa toplumlaryny gurmak, taýýar önümleriň dünýä bazarlaryna ugradylýan mukdaryny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça halkara resminamalaryň 60-a golaýyna gol çekildi. Şolar maglumat tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe pudaklary, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba hem-de suw hojalygy, sport we beýleki ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr.

Döwlet Baştutanymyz däp boýunça her ýylda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» biraýlygynyň guramaçylyk derejesine ünsi çekip, bu çärä ähli jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň işjeň çekilmelidigini we olaryň mowzuklaýyn wagyz-nesihat işlerine gatnaşmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň meseleleri barada aýdyp, bu ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy. Milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagy zerurdyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň başlangyjy esasynda guralan Hazarýaka döwletler üçin möhüm ähmiýeti bolan birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde köp sanly dürli çäreleriň, şol sanda Halk Maslahatynyň mejlisiniň, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň jemini jemlemek çäreleriniň, Garaşsyzlyk baýramynyň, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň bardygyny aýdyp, şolaryň hemmesiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi