Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiz ähli ugurlar boýunça diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda bank ulgamynyň işjeňligi hem yzygiderli ýokarlandyrylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň»  we “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ulgama halkara bank ulgamynyň iň öňdebaryjy usulyýetini, innowasion tehnologiýasyny ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, maliýe hyzmatlaryny menzilara ýerine ýetirmegiň dürli usullaryny ösdürmek bilen bagly işler bank hyzmatlaryny ösdürmekde esasy wezipeler hökmünde öňe sürülýär.

Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek ulgamynda alnyp barylýan çäreler, “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda hem bank ulgamynyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şol hasaplaşyklaryň ýurdumyzda iň ýaýbaňlandyrylan görnüşleriniň biri hem bank kartlarydyr.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan hödürlenilýän “Millikart”  bank kartlary nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde we bu ugurda öňde goýulýan maksatlary üstünlikli amala aşyrmakda amatly mümkinçilikleriň döremegine itergi berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Millikart”, “Altyn Millikarty” we “Korporatiw Millikarty” ýaly görnüşleri hereket edýär. 2019-njy ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna bankymyz tarapyndan hasaba alnan “Millikart” bank kartlarynyň sany 76 müňe ýetdi, bir ýylyň dowamynda 10.50% ýokarlandy, töleg terminallaryň sany 904-e ýetip, geçen ýyla görä 16.95% artdy.

Raýatlaryň zähmet haklarynyň, kömek pullarynyň, pensiýalarynyň, talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanyp süýşürintgi etmäge mümkinçilik döredýär. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we onuň şahamçalary tarapyndan raýatlaryň “Millikart” bank kart hasaplaryndaky galyndy pul serişdelerine kartyň görnüşine baglylykda ýyllyk azyndan 5-7 göterim aralygy girdeji tölenýär. 

Bankymyz tarapyndan, bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary ösdürip, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyryp, töleg ulgamynyň netijeliligini artdyrmak işleriniň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaga, milli puluň hümmetini berkitmäge, müşderileriň pul serişdelerini berk gorap saklamaga, pul serişdeleriň kadaly dolanyşygyny üpjün etmäge, şeýle hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda Millikart bank karty boýunça töleg, hasaplaşyk ulgamlarynyň gerimini giňeltmek we ony kämilleşdirmek boýunça işler ýokary derejede gurnalýar. Häzirki döwürde ulanylýan bank kartlary döwrüň ösmegi bilen has-da kämilleşdirilýär. Onuň ýerine ýetirýän wezipeleri, tehniki häsiýetleri we aýratynlyklary tapawutlydyr. Olaryň artykmaçlyklarynyň biri hem kartlaryň rugsat edilmedik daşky täsirlerden ýokary derejede goralmasydyr.

Türkmenistan döwletimiziň durnukly, ösen döwlete öwrülmegi, ykdysadyýetde we jemgyýetde hil taýdan has ýokary depginli öňegidişlikleriň gazanylmagy hormatly Prezidentimiziň netijeli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglybolup, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly möçberli özgertmeleriň geçirilmegi durmuş-ykdysady ösüşiň çaltlandyrylmagyna itergi berýär.

Nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegi, pul serişdeleriniň dolanyşygyny çaltlandyryp, ýurdumyzyň maliýe taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmaga, milli puluň hümmetini berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we pul serişdeleriň kadaly dolanyşygyny üpjün etmäge, müşderileriň pul serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga, olaryň pul serişdelerini netijeli ulanyp bilmegine oňyn täsir edýär.

“Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň   2019-2025-nji  ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykdabank tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak arkaly bank hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar. Häzirki wagtda raýatlaryň nagt däl hasaplaşyklardan peýdalanmaklaryny höweslendirmek maksady bilen, bankymyz tarapyndan söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda geçirilýän hasaplaşyklar üçin höweslendiriji hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da ýerine ýetirilýän tölegleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gorag üpjünçiligini has-da kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar. Maglumat tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy ýaly ugurlar boýunça daşary ýurt tejribesini öwrenmek boýunça hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.

Bank hyzmatlarynyň döwrebap görnüşleriniň sanynyň artdyrylmagy we ilatyň bu hyzmatlardan peýdalanmaga işjeň gatnaşmagy kart eýeleriniň wagtyny we maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşinde hem möhüm orny eýeleýär.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!