Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary ornaşdyrylýar. Bu bank hyzmatlarynyň içinde aýratyn hem fiziki şahslar üçin şahsy maksatlar, şahsy zerurlyklar üçin ulanylýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklar aýratyn möhüm orna eýedir.
Bu günki güne Türkmenistanyň karz edaralarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ýaýbaňlandyrmak, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň ýaýrawyny giňeltmek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bank kartlarynyň, töleg terminallaryň, bankomatlaryň sany, şeýle hem “Internet-bank”, “Mobil-bank” ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi yzygiderli artýar.
Häzirki wagtda söwda we hyzmat ediş merkezlerinde, saglyk edaralarynda, ätiýaçlandyryş guramalarynda, awiapetek, demirýol petekleri satýan nokatlarda ilatdan tölegleri bank kartlarynyň üsti bilen almak boýunça ähli zerur şertler döredilen.
Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almagyň, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemegiň, awtoulaglaryň ýangyjy üçin tölemegiň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemegiň, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemegiň döwrebap, amatly we howpsuz usullary hödürlenýär.
Bankomatlar ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilip, nagt puly çykarmak, degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölemek, karzlarynyň esasy bergisini gaýtarmak we olaryň hasaplanylan göterimlerini, saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek ýaly amatly mümkinçilikler hödürleýär.
Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bank kartlaryndan peýdalanyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de bank ulgamyna döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen geçirilýän işleriň çäklerinde bank kartlarynyň üsti bilen, hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin internet-bank ulgamy taýýarlanyldy. Onuň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylmagy ugrunda zerur bolan çäreler durmuşa geçirilýär.
Şeýle-de ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan “Mobil-bank” hyzmaty hem hödürlenýär. Bu hyzmat hem edil “Internet-bank” hyzmaty ýaly müşderilere ýeňillikleri döredýär. Müşderiler işleýän ykjam telefonlaryny ýa-da planşetlerini ulanyp, hödürlenilýän hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde, dünýäniň ençeme ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer aragatnaşygy ýola goýuldy. Russiýa Federasiýasynda, Ukrainada, Belarus Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda we dünýäniň onlarça beýleki ýurtlarynda ýaş türkmenistanlylar üçin bilim almaga mümkinçilik döredildi. Türkmenistanyň karz edaralary daşary ýurtda bilim alýan türkmenistanly ýaşlar üçin amatly bolan şu hyzmatlary yzygiderli we bökdençsiz ýagdaýda ýerine ýetirýärler. Häzirki wagtda daşary ýurduň bilim edarasynda okaýan fiziki şahslara bellenen möçberde milli puly daşary ýurt puluna çalşyp, şol fiziki şahslaryň VISA, MasterСard kartlaryna geçirilýär, şeýle hem hasap açmazdan WesterUnion, MoneyGram halkara töleg ulgamlary arkaly daşary ýurtlara iberilýär.
MasterCard we VISA halkara bank kartlary daşary ýurtda okaýan ýaşlar üçin örän uly mümkinçilikleri hödürleýär. Häzirki günde Türkmenistanyň ähli karz edaralarynda we olaryň ähli şahamçalarynda MasterCard we VISA halkara bank kartlaryny sargyt etmek boýunça şertler döredildi. Daşary ýurtda bilim alýan ýaşlaryň bilim alýan döwründe şahsy harajatlaryny olaryň adyna açylan MasterCard we VISA halkara bank kartlarynyň üsti bilen tölemäge mümkinçilikler bar. Bu kartlaryň üsti bilen nagt däl görnüşde hasaplaşyklaryň ählisini ýerine ýetirmek mümkin bolup, zerur ýagdaýlarda bankomatlar arkaly kart hasabynda duran pullar nagt görnüşde hem alnyp biliner.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny ösdürmek bilen, ýurdumyzda hasaplaşyklary döwrebaplaşdyrmak, halkara derejesine çykarmak we raýatlar üçin amatly bolmagyny gazanmak maksat edinilýär.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň
Meýilleşdiriş we strategiki ösüş bölüminiň baş hünärmeni G.Kullaýewa