Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

 Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   10.10.2019  

Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Ol 11-nji oktýabrda meýilleşdirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, öz dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki zaman şertlerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy umumy bähbitlere laýyk gelýän deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek üçin netijeli meýdança bolup durýar.

Ýurdumyz şeýle hem Arkalaşygyň halkara abraýyny, onuň häzirki zamanyň ählumumy we sebit meselelerine oňyn täsirini ýokarlandyrmak ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan şu sebit görnüşindäki däp bolan gatnaşyklara ygrarly bolmak bilen, GDA agza döwletleriň ählisi bilen öňden gelýän hoşniýetli gatnaşyklary we ysnyşykly hyzmatdaşlygy saklaýar.

Düýn Aşgabada GDA ýurtlarynyň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geldiler.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýetine onuň başlygy — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk etdi.

GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşi bu düzümiň Ýerine ýetiriji guramasydyr. Ol döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Arkalaşygyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgütleriniň esasynda agza döwletleriň daşary syýasy işini, şol sanda olaryň halkara guramalaryndaky işini utgaşdyrýar, dünýä syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen şu günki mejlisiň gün tertibine ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, howpsuzlygy üpjün etmäge we beýleki ugurlara gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalary girizildi.

Mejlisiň öňüsyrasynda diplomatik edaralaryň ýolbaşçylary dürli çäklerde, şol sanda «Russiýa Federasiýasy — Merkezi Aziýa ýurtlary» diýen çäkde duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary üç döwletiň döwlet serhetleriniň kesişýän nokadynyň ýeri hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama gol çekdiler.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi çäkli düzümde meselelere garamakdan başlandy. Diplomatik edaralaryň baştutanlary halkara gatnaşyklaryň hem-de GDA giňişliginde hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ençeme gezek belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bu ulgamda hereketleriň orta möhletli maksatnamasynyň esasynda yzygiderli köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny zerur hasaplaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Ol deslapdan bilermenler ylalaşygyndan geçdi we şu gün ministrler tarapyndan kabul edildi. Bu resminama bilelikdäki işiň maksada okgunly we anyk häsiýete eýe bolmagyna ýardam etmelidir, halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek boýunça utgaşykly çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin has oňaýly şertleri üpjün etmelidir.

Bularyň ählisi GDA-nyň her bir döwletini ösdürmegiň milli wezipelerini ýerine ýetirmegiň meýilnamalary, sebit we dünýä işleriniň barşy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň dürli ugurlarda berýän kömegini işjeňleşdirmäge, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň kepili, halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman binýadynyň sütüni hökmünde onuň abraýyny pugtalandyrmaga çagyrýar.

BMG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýurdumyz ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine, sebit durnuklylygyny üpjün etmäge, halkara terrorçylygy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, guramaçylykly jenaýatçylyk, bikanun migrasiýa ýaly howplara garşy durmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Maglumat howpsuzlygy, kiber howpsuzlyga garşy göreşmek meseleleri uly ähmiýete eýe bolýar we bu babatda hem BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerur bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýaragsyzlanmak, ýaraglary ýaýratmazlyk we olara gözegçilik etmek meseleleri örboýuna galýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda hereketleri utgaşdyrmak we pikir alyşmak maksady bilen, ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça Bilelikdäki maslahat beriji toparyň çäklerinde işleri dikeltmegi teklip edýär.

Şunuň bilen bir hatarda, işleri işjeňleşdirmek we BMG-niň köptaraply ýaragsyzlanmak guralynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Birinji komitetiniň, ýaragsyzlanmak baradaky konferensiýanyň hem-de BMG-niň ýaragsyzlanmak baradaky komissiýasynyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary dowam etdirmek wajypdyr.

Mejlisde nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýän strategiki howpsuzlygy pugtalandyrmak meseleleri agza ýurtlaryň ählisine degişlidir we şoňa görä-de, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda, ýaramaz täsir edýän ýagdaýlary aradan aýyrmaga gönükdirilen syýasy-diplomatik çäreleri ilerletmekde özara gatnaşyklar umumy wezipe bolup durýar.

Arkalaşygyň diplomatlarynyň ünsi öňüni alyş diplomatiýasy ýaly möhüm gurala çekildi. Hut halkara gatnaşyklarda çylşyrymly ýagdaýlary emele getirýän sebäpleriň öňüni almak we aradan aýyrmak arkaly dünýädäki ýagdaýlara netijeli täsir etmek bolýar. GDA ýurtlary bu ugurda belli bir tejribä eýedir.

Hususan-da, Merkezi Aziýa döwletleri BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň goldaw bermeginde bilelikde işläp, bu merkeziň hereket etmeginiň 12 ýylynyň dowamynda sebitiň syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ösüşiniň wezipeleriniň çözgüdini işläp taýýarlamagyň täsirli gurallaryny döretdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde şeýle gurallary döretmek bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Türkmenistan oňyn halkara gün tertibini döretmegi GDA döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplaýar.

Soňky ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen möhüm kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň adyndan GDA döwletleriniň daşary işler ministrlerine Türkmenistanyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak ulgamyndaky tekliplerini goldandyklary üçin hoşallyk bildirildi.

Indiki ýyl Watanymyz özüniň taryhyndaky möhüm senäni – Bitaraplygyň 25 ýyllygyny bellär, möhüm halkara meselelerini çözmekde Bitaraplygyň parahatçylyk dörediji mümkinçiliginiň wajypdygy bilen baglylykda, biz bu waka aýratyn ähmiýet berýäris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýäniň syýasy senenamasynda täze senäni — Halkara Bitaraplyk gününi döretmegi şu wezipeleri çözmekde Bitaraplygyň uly ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, häzirki zaman dünýä syýasatynyň möhüm şerti hökmünde Bitaraplygyň möhüm ähmiýeti, onuň BMG-niň uzakmöhletli, strategik maksatlaryna laýyk gelýändigi tassyklanyldy.

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzda parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça halkara maslahaty geçiriler. GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bu foruma hem-de şanly sene mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyryldy.

Şeýle hem ertir, 11-nji oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine gol çekmek üçin hödürleniljek resminamalar gutarnykly ylalaşyldy. Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistan tarapyndan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde girizilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň sowet halkynyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesiniň taslamasy bar.

Daşary işler ministrleriniň mejlisinde Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy, ýurdumyzyň döwletara gatnaşyklarynyň şeýle görnüşiniň biziň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň uzakmöhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanmagynyň strategiki we sebit durnuklylygyny saklamagyň möhüm şerti bolup durýandygy tassyklanyldy.

Arkalaşygyň Ýewraziýada söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli merkezleriniň birine öwrülmäge ukyplydygy şübhesizdir we Türkmenistan bu işleri işjeňleşdirmäge hem-de GDA boýunça hyzmatdaşlary bilen bilelikde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge goşandyny goşmaga taýýardyr.

Ministrleriň derejesindäki duşuşykdan soň, Daşary işler ministrlikleriniň baştutanlarynyň GDA-nyň forumynyň resmi banneriniň öňünde surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra mejlis giňişleýin düzümde, wekiliýetleriň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan içerki ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmegi hem-de halkara işlerine işjeň gatnaşmagy sazlaşykly utgaşdyryp, GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar. Ol Bitarap döwlet bolmak bilen, dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň, ählumumy ykdysady, syýasy we medeni ösüşiň bähbidine şu derejäni durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary edýär.

Türkmenistan häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, döwletara gatnaşyklary taraplaryň bähbitlerini doly nazara almak, uzakmöhletli we ygtybarly hyzmatdaşlyk, hoşmeýilli erk-isleg, beýlekileriň içerki işlerine goşulyşmazlyk, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary, iň gowy tejribäni we oňyn pikirleri alyşmak ýörelgeleri esasynda guraýar.

Bu ýörelgeler BMG-niň maksatlaryna we Tertipnamasyna hem-de türkmen halkynyň we dünýäniň beýleki halklarynyň ählisiniň jana-jan bähbitlerine laýyk gelmek bilen, daşary ýurtlar, aýratyn hem goňşy döwletler bilen ynanyşmak we dostluk köprülerini gurmaga ýardam edýär.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebit we halkara hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ählumumy ykdysady durmuşyna netijeli goşulyşmagyna ýardam edýän GDA-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygyň wajypdygy bilen baglylykda, häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, bu işiň yzygiderli hem-de uzakmöhletli häsiýete eýe bolmagy hem şuňa gönükdirilendir. Türkmenistan şeýle hem howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, häzirki zamanyň wehimlerine garşy göreşmek, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek meselelerinde tagallalary birleşdirmäge çagyrýar.

2019-njy ýylda Arkalaşygyň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň tassyklanan meýilnamalara we maksatnamalara laýyklykda işländigi, GDA-nyň tertipnamalaýyn guramalarynyň, pudaklaýyn geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň işine ýardam berendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary işler ministrlerine Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmek wezipelerini ýerine ýetirmekde goldaw berendigi üçin hoşallyk bildirildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew giňişleýin mejlise gatnaşyjylara çäkli düzümdäki duşuşygyň jemleri barada habar berdi. Şeýle hem ol daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2020-nji ýylyň 3-nji aprelinde Gazagystan Respublikasynda geçirmek baradaky çözgüt barada habar berdi.

Mejlisiň barşynda GDA ýurtlarynyň oýunlary hakyndaky tertibiň hem-de GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli çözgütleriniň taslamalaryna garaldy.

Olar Arkalaşygyň çäklerinde täze, gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk sport taslamasyna badalga bermek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde sportuň olimpiýa görnüşleri hem-de GDA ýurtlarynda has meşhur bolan milli we olimpiýa däl görnüşleri boýunça oýunlary guramak meýilleşdirilýär.

Taslama sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga we türgenleriň, tälimçileriň hem-de beýleki hünärmenleriň halkara ýaryşlara gatnaşmagy babatda tejribe alyşmagyna gönükdirilendir. Arkalaşygyň oýunlary GDA agza döwletleriň milli sport görnüşlerini saklamaga, olary halkara derejesinde wagyz etmäge we ösdürmäge ýardam eder.

GDA agza döwletlerde nobatma-nobat her iki ýyldan bir gezek geçirmek göz öňünde tutulýan we on güne çenli dowam etjek oýunlar mahalynda medeni çäreler hem-de bedenterbiýe we sport meselesi boýunça ylmy-amaly çäreler guralar. Şunda oýunlar GDA-nyň agzasy bolmadyk döwletleriň toparlarynyň gatnaşmagy üçin hem açyk bolar.

Ministrler tarapyndan makullanan bu taslama GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna hödürlener. Russiýa Federasiýasynyň GDA-nyň birinji oýunlaryny 2020-nji ýylda Kazan şäherinde guraýandygyny bellemelidiris.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň derejesinde resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň maglumat neşirleriniň, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi. Onda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça kabul edilen anyk çözgütler beýan edildi.

Aşgabadyň myhmanlarynyň adyndan türkmen tarapyna Arkalaşygyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň işiniň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan örän möhüm resminamany — GDA döwletleriniň arasynda daşary syýasy ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Maksatnamasyny ylalaşmak işiniň tamamlanmagy onuň netijeleriniň biri hökmünde görkezildi.

Bellenilişi ýaly, bu möhüm resminamada halkara guramalarda, şol sanda sebit düzümlerinde bilelikdäki işiň ugurlary beýan edilýär.

GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesiniň taslamasy kabul edildi. Şeýle hem GDA-nyň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen beýleki strategiki çözgütler kabul edildi.

Foruma gatnaşyjylaryň ählisiniň umumy pikirine görä, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisi netijeli häsiýete eýe bolmak bilen, biziň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyra öwrüldi.

Umuman, bellenilişi ýaly, daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň işiniň barşynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňümizdäki mejlisiniň gün tertibine degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy.

Oňa taýýarlyk görmek ýurtlaryň Liderleri tarapyndan möhüm çözgütleriň kabul edilmegine gönükdirildi. Şol çözgütler uzakmöhletli maksatnamalary hem-de köp ugurlar boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmegiň netijeli gurallaryny kesgitlär.

11-nji oktýabrda Arkalaşykda başlyklyk edýän ýurduň paýtagty hökmünde Aşgabat GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitini kabul edýär. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmek derejesini bermek baradaky çözgüdiň birleşigiň ýokary guramasy — GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi tarapyndan 2018-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde berlendigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek wezipesiniň hötdesinden abraý bilen gelendigi hem bu çözgüdiň kabul edilmegine ýardam etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşyklary işjeňleşdirmek we täze gatnaşyklary ýola goýmak baradaky pikirleri hem-de başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirildi. Munuň özi bolsa bilelikdäki işiň ilerledilmegine täze itergi bermäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde başlyklyk etmek wezipesini ýene-de öz üstüne almak bilen, öz tagallalaryny däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirdi. Şunuň bilen baglylykda, başlyklyk etmegiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine berildi.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi GDA-nyň esasy resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar we ozal kabul edilen halkara ylalaşyklary we çözgütleri yzygiderli durmuşa geçirmäge, hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak, GDA-nyň halkara guramalar, şol sanda BMG we ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak üçin şertleri döretmek ileri tutulýan maksatlar hökmünde kesgitlenildi.

Energetika, ulag we kommunikasiýalar GDA-nyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Arkalaşygyň döwletleriniň arasynda giň medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Ýurdumyz başlyklyk etmegine garamazdan, hemişe möhüm goşulyşmak çäresi üçin esas bolmaga taýýardygyny tassyklaýar. Türkmenistanda GDA-nyň işi bilen baglanyşykly, şol sanda pudaklaryň arasyndaky, şeýle hem ynsanperwer hyzmatdaşlyga degişli iri çäreler ýygy-ýygydan geçirilýär. 2012-nji ýylda Mary şäheri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi, 2016-njy ýylda bolsa bu hormatly dereje Daşoguz şäherine berildi.

Söwda-ykdysady ulgamda Türkmenistanyň tagallalary bilelikdäki işe täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, hyzmatdaşlygyň geljegi uly usullaryny gözlemäge, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň anyk ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Resminama GDA-nyň çäklerinde, şeýle hem özara gatnaşyklaryň has giň çäginde – beýleki döwletler we halkara guramalary bilen ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny döretmäge gönükdirilendir.

Aşgabat Jarnamasy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna gatnaşmak hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň geografik we düzümleýin mümkinçiliklerini, tehniki, tehnologik we üstaşyr kuwwatyny birleşdirmek arkaly GDA boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bularyň ählisi olaryň ählumumy ykdysadyýetde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, halklarymyzyň abadançylygynyň derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

GDA ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň şu ýyl bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde 31-nji maýda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol duşuşykda çykyş edip, bu ulgamlarda yzygiderli hem-de anyk hyzmatdaşlygyň zerurdygyny, GDA-nyň ýurtlaryny Günbatar-Gündogar we Demirgazyk-Günorta ugry boýunça yklym hem-de yklymara ykdysady gatnaşyklary derejesine çykarmak boýunça strategiki wezipelere gönükdirilen bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiziň pikirine görä, häzirki zaman ählumumy ösüşiň meýilleriniň Arkalaşygyň mümkinçiliklerine strategiki garaýşyň, iri ykdysady subýekt hökmünde, GDA-nyň giňişligini hem-de onuň bilen serhetleşýän sebitleri öz gerimine alýan giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga ukyply düzüm hökmündäki ornuny anyk kesgitlemegiň zerurdygyny talap edýär.

Şundan ugur alyp, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär, GDA-nyň iri ulag, energetika, kommunikasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmäge GDA-nyň gatnaşmagynyň zerurdygy baradaky başlangyjy yzygiderli öňe sürýär.

Dünýäniň birnäçe sebitlerinde göze ilýän çylşyrymly daşary syýasy ýagdaýlar bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüniň çykyşlarynda, ylmy we çeper eserlerinde gozgaýan möhüm mesele Arkalaşygyň giňişliginde parahatçylygy we howpsuzlygy berk üpjün etmek zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Bu mesele GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde 2019-njy ýylyň 5-nji aprelinde Moskwada geçirilen mejlisinde gozgaldy.

Duşuşykda ýurtlaryň halkara giňişliginde has ysnyşykly gatnaşyk etmeginiň, şeýle hem GDA agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasy bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Bu maksatnama şu gün daşary işler ministrleriniň Geňeşinde makullanyldy.

Mejlise gatnaşyjylar şeýle hem bu ulgamda özara gatnaşyklaryň täze usullaryny we nusgalaryny nazara almak bilen, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler we medeni-ynsanperwer gatnaşyklardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.

Medeni ulgamda hyzmatdaşlyk halklaryň ýakynlaşmagynyň netijeli usulydyr. Munuň özi GDA-da başlyklyk etmeginiň barşynda Türkmenistanyň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda 2019-njy ýylyň 15 — 16-njy maýynda Aşgabatda geçirilen GDA agza döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň uly üstünlige eýe bolmagy bellärliklidir. Bu forum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda geçirildi.

Onuň geçirilen işjeň iki günlük işiniň netijeleri hem-de Arkalaşygyň giňişliginde ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maslahatlar kabul edilen Rezolýusiýada öz beýanyny tapdy.

Resminamada, hususan-da, GDA ýurtlarynyň medeni we tebigy mirasyny gorap saklamak ulgamynda bilelikdäki taslamalary goldamaga çagyryş beýan edildi. Şol taslamalar hünärmenleriň taryh, sungaty we medeniýeti öwreniş, muzeý hem-de arhiw işi, dikeldiş, ülkäni öwreniş we taryhy-medeni landşafty gorap saklamak ulgamynda hünärmenleriň gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

GDA ýurtlarynyň dillerini, taryhyny we milli däp-dessurlaryny hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de wagyz etmek üçin ylym, bilim we medeniýet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň wajypdygy bellenildi.

Aşgabat Rezolýusiýasy teatr, kino, telewideniýe we beýleki ulgamlarda halkara döredijilik toparlaryny döretmek boýunça täze taslamalara badalga berdi. Onda Arkalaşygyň ýurtlarynyň umumy bilim giňişligini, «elektron bilimi», ylym we innowasiýalar ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek wezipeleri aýratyn orun eýeleýär.

Çünki Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özboluşly, köp babatda täsin birleşik bolmak bilen, häzirki wagtda öz işini täze syýasy we ykdysady şertlerde amala aşyrýar. Şolar bolsa ählumumy ösüşiň ýagdaýlary bilen şertlendirilendir.

Şundan ugur alnyp, 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA döwletleriniň innowasion hyzmatdaşlygynyň döwletara maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak barada çözgüt kabul edildi.

Diňe bir bu resminama däl, eýsem, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde gol çekilýän beýleki köpsanly resminamalar hem uzak möhlet üçin niýetlenendir. Munuň özi GDA-nyň uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, giň hyzmatdaşlyga meýillidiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, GDA döwletleriniň ählumumy we yklym işlerine doly derejede, netijeli hem-de deňhukukly gatnaşmak üçin eýe bolan artykmaçlyklardan, ilkinji nobatda bolsa, geoykdysadyýet babatdaky mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaklary zerur bolup durýar.

Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy has giň geografik we ykdysady sepgitlere çykarmak boýunça başlangyçlary hem, ilkinji nobatda, şuňa gönükdirilendir. Şu babatda Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklar babatda Hazar deňziniň esasy ornuny hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky teklibiniň wajypdygyny bellemek zerurdyr. Bu forum şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirildi.

Halklarymyzyň zehinine we zähmetsöýerligine, amatly geoykdysady, kuwwatly senagat, baý çig mal kuwwatyna hem-de baý taryhy tejribä daýanýan GDA-nyň kuwwaty örän uludyr hem-de köptaraplydyr. Şol mümkinçilikler bolsa indi açylyp başlady.

Häzirki wagtda biz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň diňe bir syýasy durmuşyň ulgamlarynyň däl, eýsem, dünýä möçberinde ykdysady ösüşiň kuwwatly we oňyn ugurlarynyň hatarynda berk orun eýelemegi üçin şol kuwwatdan doly peýdalanmaga, bar bolan mümkinçilikleri — önümçilik, logistika, serişdeler, ylmy, tehnologik ulgamlardaky mümkinçilikleri netijeli ulanmaga ýardam etmelidiris.

Hormatly Prezidentimiziň Arkalaşygyň çäklerinde strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky düýpli resminamany taýýarlamak baradaky başlangyjy hem hut şuňa gönükdirilendir. Onuň taslamasy türkmen tarapyndan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi hem-de Arkalaşygyň döwletlerinde deslapdan ylalaşyldy, şu ýylyň sentýabr aýynda GDA-nyň Ykdysady geňeşinde makullanyldy.

Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama diýlip atlandyrylan bu resminama GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisine gol çekmäge hödürlenildi. Öňümizdäki mejlisiň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm ähmiýetli çözgütleriň hem birnäçesini kabul etmek meýilleşdirilýär.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleriniň duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirilen daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi Bitarap Türkmenistanyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA-nyň giňişliginde netijeli köpugurly gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi hem-de bu birleşige agza döwletleriň umumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çalyşýandygyny tassyklady.