Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

 Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   11.10.2019

Türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Sammit ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara derejeli iri çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda boldy.

Şu ýyl GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän bu mejlisine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabada geldi. Ermenistan Respublikasyna ýurduň Premýer-ministri Nikol Paşinýan wekilçilik etdi.

Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamanyň-GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň kabul edilendigini bellemek gerek. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kabul edilen bu resminama Arkalaşygyň giňişliginde giň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek meselelerinde türkmen tarapynyň işjeň orun eýeleýändigini aýdyň subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmegi kabul edip, GDA-nyň mümkinçiliginiň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi, döwrüň aýdyň talaplaryna laýyklykda, Arkalaşygyň işini täze mazmun bilen baýlaşdyrmagy özüniň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pugta parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek boýunça ulgamlaýyn bilelikde işlemegiň, häzirki zamanyň wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek işinde netijeli hyzmatdaşlygyň gatnaşyklarymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Bu maksada ýetmek aňsat we ýeňil wezipe däl diýip, milli Liderimiz aýtdy. Häzir dünýäde, şol sanda Arkalaşygyň serhetlerine gönüden-göni ýakynlykda neneňsi çylşyrymly ýagdaýlaryň göze ilýändigini biziň ählimiz görýäris. Şol ýagdaýlary kynlaşdyrman, olaryň biziň ýurtlarymyz üçin hem nähili täsirleri hem-de töwekgelçilikleri ýetirip biljekdigine aýdyň we anyk baha bermek gerek.

Biziň bilelikdäki syýasy-diplomatik işimizde göz öňünde tutmaly zerur ýagdaýlarymyzyň biriniň Owganystan Yslam Respublikasyndaky ýagdaýlar bolup durýandygy görünýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Türkmenistan Owganystan bilen goňşy ýurt hökmünde bu ýurtda durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermäge gönükdirilen halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz BMG we gyzyklanma bildirýän beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda owgan meselesi boýunça parahatçylykly gepleşikleri ýola goýmak üçin Bitarap Türkmenistanyň syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny tassyklap, bu işleriň owganlylaryň özüniň esasy orun eýeläp gatnaşmagynda geçirilmelidigine ynanýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen bir wagtda milli Liderimiz owgan ykdysadyýetiniň energetika, ulag-kommunikasiýa we senagat esaslaryny döretmäge hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ykdysady taslamalary amala aşyrmakda Owganystana dostlukly döwletleriň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady.

Şu maksatlar bilen häzir biziň ýurdumyz owgan hyzmatdaşlar bilen bilelikde halkara taslamalarynyň birnäçesini amala aşyrýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem Owganystanyň çäklerinde demir ýollarynyň gurluşygy dowam edýär. Munuň özi bu ýurdy Türkmenistanyň üsti bilen Ýewraziýa yklymynyň giň gerimli geoykdysady giňişligi bilen birleşdirmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, Türkmenistan mekdepleri, hassahanalary hem-de beýleki durmuş ähmiýetli desgalary gurmak, ynsanperwer kömegini yzygiderli ibermek arkaly owgan ilatyna yzygiderli esasda ynsanperwer kömegini berýär. Syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleriniň çözülmegine hut şunuň ýaly toplumlaýyn çemeleşme, biziň pikirimizçe, owgan meselesini geljekde-de netijeli çözmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz owgan meselesinde Arkalaşygyň döwletleriniň utgaşykly işlemeginiň esasy ugurlaryny kesgitlemek babatda ýakyn wagtda GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmegiň zerurdygy barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň yklymdaky durnuklylygyň möhüm ýagdaýy hökmünde çykyş etmegine hem-de bu ýerde bolup geçýän ýagdaýlara oňyn täsir etmegine gönükdirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ykdysady hyzmatdaşlygyň GDA döwletleriniň gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygny aýdyp, Türkmenistanyň Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze depgin bermegiň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady. Şu maksat bilen 2017-nji ýylyň oktýabrynda GDA-nyň Soçide bolan maslahatynda türkmen tarapy Arkalaşygyň döwletleriniň bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgelerini we ugurlaryny kesgitleýän köptaraplaýyn resminamany taýýarlamak hem-de kabul etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar bilen Jarnamanyň taslamasy taýýarlanyldy hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň häzirki mejlisiniň gün tertibine girizilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de onuň kabul edilmeginiň GDA-da ykdysady işleriň işjeňleşdirilmegine täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga biziň ählimizden has netijeli çemeleşmegi talap etjekdigini belledi.

GDA-nyň ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasy häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere kybap bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şol ýagdaýlara öz wagtynda täsir etmek, olaryň mazmunyny we ugruny göz öňünde tutmak, umumydünýä ykdysady işleri babatda GDA-nyň ykdysady gün tertibini döretmek hem-de öňe ilerletmek üçin bäsleşikli artykmaçlyklary peýdalanmak zerurdyr.

Milli Liderimiz ozaly bilen, energetika, senagat, ulag we söwda ýaly strategiki ugurlary aýratyn belläp, bu ulgamlarda iri möçberli we uzakmöhletleýin taslamalary durmuşa geçirmäge Arkalaşygyň ýurtlarynyň güýjüniň doly ýetjekdigine ynam bildirdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy öz geosyýasy hem-de geoykdysady ýörelgeleri babatda yklymda esasy orny eýelemelidir, Gündogar bilen Günbataryň, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de giňeltmäge işjeň gatnaşyjy bolup çykyş etmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň beýleki döwletler bilen dürli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy, hyzmatdaşlara ykdysady, innowasiýa we tehnologiýa babatda teklip edip bilýän zatlarymyz bolan serhetdeş sebitlerimize çykmagy möhüm wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň ýaly gatnaşyklaryň mysaly hökmünde durmuşa geçirilen Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň taslamalary hyzmat edip biler. Bu kommunikasiýalar GDA-nyň energetika we ulag bazarlaryny Ýewraziýa yklymynyň Gündogar hem-de Günorta sebitleri bilen birleşdirmäge mümkinçilik berdi.

Häzirki zaman şertlerinde GDA döwletleriniň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň Arkalaşygyň ykdysady giňişliginiň dünýä hojalyk aragatnaşyklaryna has işjeň goşulyşmagyny üpjün edip bilýän täze hile eýe bolmalydygy barada ynamly aýtmaga mümkinçilik berýän şunuň ýaly birnäçe beýleki mysallaryň bardygy gürrüňsizdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Häzirki wagtda biziň maksadymyz GDA-nyň işine täze itergi bermekden, ony häzirki zaman ösüşiniň ýagdaýlaryna hem-de ugurlaryna laýyk gelýän derejä çykarmakdan, Arkalaşygyň halkara we sebit gün tertibindäki özgerişliklere dogry hem-de öz wagtynda seslenmek ukybyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistan GDA-nyň işine çemeleşmelerini guramakda hut şundan ugur alyp, Arkalaşygyň ählumumy geosyýasy we geoykdysady işlere gatnaşmagyny işjeňleşdirmäge hem-de giňeltmäge gönükdirilen tekliplerini we başlangyçlaryny beýan edýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde pugta parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak biziň hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bolupdy hem-de şeýle bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunda strategiki we sebitleýin durnuklylygy üpjün etmek babatda GDA-nyň iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklaryň ugurlaryny pugtalandyrmak möhüm wezipe bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz bu babatda maksatlaryň umumydygyna ynam bildirdi. Birek-birege teklip edip biljek zadymyz bar, GDA-nyň BMG bilen yzygiderli gatnaşyklary peýdaly bolar we oňyn netijeleri bermäge ukyplydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şol gatnaşyklaryň çäklerinde kiber howplara garşy göreşmek, maglumat howpsuzlygy ýaly özboluşly meseleler derwaýys bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz terrorçylyk howpuna, guramaçylykly jenaýata, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek işinde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

GDA-nyň BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi halkara gatnaşyklarynda umumy özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, ýüze çykýan meseleleri çözmekde gepleşikleriň medeniýetini berkarar etmek üçin hem zerurdyr.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky kararnamany biragyzdan kabul etdi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, GDA döwletleriniň ählisine tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýe bolan bu başlangyjy goldandygy we raýdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de Arkalaşyga agza ýurtlary şu resminamada beýan edilen maksatlary ýerine ýetirmegiň üstünde bilelikde işlemäge çagyrdy.

GDA-nyň işine ýeterlik derejede itergi bermek barada aýtmak bilen, biz, ilkinji nobatda, ykdysady meseläni göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Häzirki wagtda Arkalaşygyň içinde, şeýle-de GDA-nyň beýleki döwletler hem-de halkara ykdysady birleşikleri bilen özara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň täze, döwrebap ulgamlary we nusgalary zerurdyr.

Olar ählumumy ykdysadyýetiň üýtgäp durýan ýagdaýlaryna, täze ykdysady merkezleriň kemala gelmegine, ähli ýerlerde innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna laýyk gelmelidir. Bularyň ählisi bizden hyzmatdaşlygymyzyň häsiýetine gaýtadan garamagy, däp bolan ugurlardan başga-da, täze, geljegi uly ugurlara çykmagy talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ählumumy bäsdeşlik şertlerinde bu işi çalt we netijeli ýerine ýetirmelidiris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Resminama tutuş Arkalaşygyň hem-de GDA agza döwletleriň her biriniň ykdysady bähbitlerini amala aşyrmaga ylalaşykly çemeleşmeleri kemala getirmäge gönükdirilendir. Ol Arkalaşygyň çäklerinde, şeýle hem beýleki birleşikler we aýry-aýry ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň netijeli gurallarynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz GDA-nyň tertipnamalaýyn edaralarynyň, hususan-da, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we ykdysady geňeşiň mejlisleriniň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny görkezýändigini aýratyn nygtady. Şunda energetikany, senagaty, ulag ulgamyny, söwdany, tehnologik hyzmatdaşlygy we beýleki birnäçe ugurlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ulgamlarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Biz anyk bilelikdäki taslamalara çykmak arkaly işewürler bileleşiginiň ugry boýunça has ysnyşykly gatnaşyklar, GDA-nyň çäklerinde haryt öndürijileriň sergilerini we ýarmarkalaryny giňden geçirmek ugrunda çykyş edýäris. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň degişli pudaklaýyn geňeşleriniň we komitetleriniň işini goldaýarys diýip, milli Liderimiz nygtady.

GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny açyp görkezmek bilen, energetika ulgamyna biziň hyzmatdaşlygymyzyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýandygymyza siziň ünsüňizi çekesim gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. BMG-niň çäklerinde we beýleki guramalarda bu mesele boýunça halkara gatnaşyklar has anyk häsiýete eýe bolýar. Arkalaşygyň döwletleri oňa ýeterlik derejede işjeň gatnaşýarlar.

Bu ugurda gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine umyt edýäris. Şu maksat bilen, biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu 74-nji sessiýasynyň garamagyna durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň orny hakyndaky täze kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy GDA üçin ileri tutulýan ugur hasaplaýarys. Ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberleriniň ep-esli artmagy bilen baglylykda, häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk aýratyn zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Täze üstaşyr geçelgeleri döretmek hem-de ulag hyzmatlarynyň iri bazarlaryna bilelikde çykmak maksady bilen, biziň ýurtlarymyzyň bäsdeşlik babatdaky artykmaçlyklaryny – olaryň geografiýasyny, düzümleýin sazlaşygyny, hyzmatdaşlygyň tejribesini we däplerini iş ýüzünde ulanmagy başarmalydyrys. Özi-de, bu işleri örän gysga möhletde amala aşyrmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Muny häzirki döwrüň ykdysady ösüşiniň barşy, ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara bäsdeşligiň ýagdaýy we depginleri talap edýär. GDA ýurtlarynyň gatnaşmagynda şeýle taslamalary durmuşa geçirmegiň oňat mysallary bar. Bu babatda men goňşy ýurtlara çykmak arkaly Arkalaşygyň giňişliginde täze demir ýollary gurmakda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mysal üçin, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran häzirki zaman demir ýoly ýaly taslamalar GDA döwletleriniň Ýewraziýa yklymynda söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň möçberlerini we hilini artdyrmak üçin oňat mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz 2017-nji ýylyň oktýabrynda GDA-nyň Soçide geçirilen Sammitinde türkmen tarapynyň Arkalaşygyň halkara möçberinde giň goşulyşmak gatnaşyklaryna çykmagy, biziň ýurtlarymyzyň diňe bir GDA-nyň giňişliginde däl, eýsem, onuň çäklerinden daşda hem ulag we kommunikasiýa ulgamynda iri düzümleýin taslamalara gatnaşmagy barada ilkinji gezek öňe süren başlangyjyna gaýdyp geldi.

Elbetde, ynsanperwer ulgamy biziň üns merkezimizde bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Medeniýet, ylym, bilim, sport ulgamynda, çagalar we ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk – bu geljege maýa goýumlarydyr, biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasyndaky dostlugyň, özara düşünişmegiň, hoşmeýilliligiň we ynamyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň kepilidir.

Türkmenistan GDA-da emele gelen ynsanperwer hyzmatdaşlygyň usullaryny goldaýar, Arkalaşygyň ähli ýurtlaryny degişli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Şunuň bilen birlikde, biziň döwletlerimiziň bu ugurdaky bilelikdäki işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi zerur hasaplaýarys. Biziň ýurtlarymyzyň özboluşly, baý we köptaraply medeni mirasyny wagyz etmek barada ozal öňe sürlen pikirleri hem-de teklipleri iş ýüzünde has işjeň durmuşa geçirmegiň wagty ýetdi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde medeni-bilim, sport we beýleki ulgamlardaky gatnaşyklara täzeçe garamagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de GDA-nyň her ýylky teatr festiwallaryny, ýurtlarymyzyň halklarynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergilerini geçirmek mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Hyzmatdaşlygyň GDA-nyň yzygiderli bilim ýarmarkalary ýaly usulynyň ornaşdyrylmagyny netijeli hasaplaýarys. Şeýle hem türkmen tarapy Arkalaşygyň Sport oýunlaryny yzygiderli geçirmek, şolaryň halkara sport giňişligindäki abraýyny belende galdyrmak ugrunda çykyş edýär.

Syýahatçylyk taslamalaryny ösdürmek nukdaýnazaryndan GDA giňişliginiň täsindigini göz öňünde tutup hem-de biziň ýurtlarymyzyň syýahatçylyk ulgamynda ägirt uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň biriniň gün tertibine syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak baradaky meseläni girizmek mümkinçiligine garamagy teklip etmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan şu mejlise geçilen ýola baha bermek hem-de geljek üçin wezipeleri kesgitlemek nukdaýnazaryndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işiniň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Biziň Arkalaşygymyzyň häzirki halkara hyzmatdaşlygyň binýadynda goýlan maksatlara we esasy ýörelgelere eýerýändigi onuň işiniň möhüm şerti bolup durýar.

GDA döredilen gününden bäri geçen ýyllaryň dowamynda gatnaşyjylaryň hoşmeýilli erk-islegine, deňhukuklylyga, özara düşünişmäge we birek-birege hormat goýmaga esaslanan hyzmatdaşlygyň görnüşi hökmünde öz ugruny saklap galdy.

Döwlet Baştutanymyz hut şu ýörelgelere eýermegiň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ýaşaýşa ukyplylygy hem-de çeýeligi üpjün edýändigine, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we geljegini açýandygyna, GDA-nyň halkara durnuklylyk hem-de howpsuzlyk ulgamynyň möhüm bölegi hökmünde hereket etmegini şertlendirýändigine ynam bildirdi. Arkalaşygyň daşky dünýä bilen gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldip, halkara guramalary hem-de köp ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürýändigi hem begendirýär.

Bu netijeleriň ählisini bilelikde gazanylan oňyn netijäniň hataryna goşup bileris. Wagt geçip barýar, ol bizden dünýä syýasatyndaky we ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, GDA-nyň işine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda we geljekde bilelikdäki işimiziň okgunlylygy, düýplüligi, sagdyn pragmatizmi, döwletara hyzmatdaşlygy hem-de ýurtlarymyzyň raýatlarynyň gündelik durmuşynyň meselelerine degişli wezipeleri çözmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Munuň özi GDA-nyň işiniň netijeli bolmagyna oňyn täsir eder, geljek üçin oňa täze itergi berer.

Geljek ýyl ýurdumyz halkara bileleşigi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmeginiň 25 ýyllygyny bellär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan öz işjeň orny bilen dürli halkara meseleleri çözmekde Bitaraplygyň ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmagyň örän netijelidigini ençeme gezek görkezdi. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi köp halatlarda sebit hem-de halkara durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, köptaraply ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti boldy we şeýle bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiziň Arkalaşygyň çäklerinde bu ulgamda çäreleriň ençemesini taýýarlamaga we geçirmäge uly goşant goşandygyny belläp, GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul edendigini aýtdy.

Soňra GDA-nyň çäklerinde dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

GDA ýurtlarynyň Liderleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasyny kabul etdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň sowet halkynyň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşiniň 75 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine Ýüzlenmesi we beýleki birnäçe resminamalar kabul edildi.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýyl GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň beýan edilen ähli maksatlara ýetmäge yzygiderli çalyşýandygyny belledi.

Türkmen tarapy GDA-nyň döwletleriniň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi pugtalandyrmak, Arkalaşygyň giňişliginde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamaga gönükdirilen başlangyçlara goldaw bermek, onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça wezipeleri öňde goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki netijeli iş üçin hemmelere köp sag bolsun aýdyp, Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu resminama GDA-nyň çäklerinde strategiki esasda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder.