Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   17.11.2019  /  

Aşgabatda 5-12-nji noýabr aralygynda Halkara pul gaznasynyň (HPG) hanym Nataliýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş saparynda boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasynyň wekiliýetiniň nobatdaky saparynyň maksady Türkmenistandaky häzirki makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermekden, ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de maslahatlary, şol sanda pul – maliýe ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Iri maliýe guramasynyň bilermenleri ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewürler hem-de diplomatik toparlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary hem-de geňeşmeleri geçirdiler, olaryň barşynda halkara bilermenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy netijeleri bilen tanyşdyryldy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna hem-de pul-karz syýasatynyň möhüm ugurlaryna seljerme berildi, hasabatlara garalyp, olaryň esasynda makroykdysady çaklamalar düzülýär.

Sapar tamamlanandan soňra HPG-niň wekiliýeti öz saýtynda maglumat habaryny beýan etdi, onda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiň strategiýasyny maýa goýumlaryň hem-de importuň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň we eksporty höweslendirmegiň, maksatlaýyn ýeňillikli karzlary bermegiň, şeýle hem bu strategiýadan gelip çykýan halkara amallarda we töleglerde daşary ýurt pulunyň giň gerimli gözegçilik çäreleriniň hasabyna amala aşyrmagy dowam etdirýändigi bellenilýär.

Bularyň ählisi bilermenleriň pikirine görä, 2019-njy ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş derejesiniň 6,3 göterime ýetiriljekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär.

HPG-niň wekiliýetiniň habarynda ýurdumyzyň geljekki ykdysady ösüşi üçin maslahatlar esaslandyrylýar, olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan maksatnamalaýyn wezipelere hem-deTürkmenistanyň döwlet syýasatynda yzygiderli durmuşa geçirilýän çärelere laýyk gelýär.

Şunda hususy bölegi işjeň ösdürmek hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlik babatynda zerur şertleri döretmek maksady bilen, özgertmeleri dowam etdirmek üçin goldaw beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryna maýa goýumlarynyň artdyrylmagy hem-de olary adam mümkinçiliklerini ösdürmek ugrunda ýokary netijeleriň gazanylmagyna gönükdirmek boýunça geçirilýän çäreleriň möhümdigi bellenildi, munuň özi ýerli ýokary derejeli hünärmenleri ýetişdirmäge, ähli raýatlar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam berýär.

HPG-niň wekiliýeti Türkmenistana degişli edaralaryna pul — karz ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli hasaplaryň statistikasyny hem-de nyrh syýasatyny ösdürmek işlerinde maslahat kömegini bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu möhüm ugurlaryň ählisi hem-de beýleki meseleler boýunça ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenilen maksatlara ýetmegiň anyk çäreleri we gurallary kesgitlenildi.

Hususan-da, bu Maksatnamada milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek, hususy bölegi ösdürmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gazna we gymmatly kagyzlar bazarynyň işlerini kämilleşdirmek üçin ähli serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly herekete getirilmeginiň wezipeleri bellenildi.

Milli Liderimiz ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmak hem-de bu ulgamda ýurdumyzyň işgärler mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de halkymyzyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, ýokary tehnologiýalaryň we kiçi hem-de orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň hasabyna oba hojalygyny özgertmek we döwrebaplaşdyrmak üçin elektron hem-de intellektual ulgamlary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, diňe diwersifikasiýalaşdyrylan, ýokary innowasiýa tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýet uzak geljek üçin durnukly bolup biler.

Şundan ugur alnyp, düýpli maýa goýumlarynyň köp bölegi uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek hem-de ýokary goşmaça bahaly önümleri öndürmek boýunça önümçilikleriň ösdürilmegine, elektrik energetikasynyň, himiýa senagatynyň, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönükdirilýär.

Halkara pul gaznasy tarapyndan yzygiderli ýagdaýda baha bermek we çaklamak boýunça geçirilýän işler döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň giň gerimli özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly özüniň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini ynamly dowam etdirýändigini üýtgewsiz tassyklaýar.

Ýurdumyzda düzümleýin hem-de düýpli özgertmeleriň geçirilmeginiň dowamynda bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasy kemala getirilýär we kämilleşdirilýär, ykdysadyýetimiz dünýä zähmet bölünişik ulgamyna, ählumumy söwda we maglumat giňişligine işjeň goşulyşýar.

Halkara pul gaznasy ykdysady özgertmeleriň geçirilmeginde Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň makroykdysady ähmiýeti eýe bolan özgertmelerini amala aşyrmaga goldaw hökmünde tehniki ýardam berýär.

HPG-niň wekiliýetiniň geljekki sapary 2020-nji ýylyň mart aýyna meýilleşdirildi.