Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň

28 ýylyň dowamynda gazanan netijeleri.

 

2020-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döredilmegine 28 ýyl dolýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky UP-278 belgili Permany bilen döredildi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky uzak ýol geçip, bankyň işgärleriniň jebislenen topary bilen alyp barýan netijeli işlerinde belli sepgitlere ýetdi we  müşderilere ygtybarly hyzmat etmek arkaly olaryň ynamyny gazandy. Bankyň uly müşderiler binýady onuň durnuklygynyň we ynamdarlygynyň hakyky görkezijileriniň biri bolmagyna galýar. Hökumetiň wekili hökmünde ýurdyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek we daşary ýurtdan maliýeleşdirilişe hyzmat etmek wezipesini ýerine ýetirmek bilen Bank özünde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik pudaklarynyň öňde baryjy döwlet kärhanalaryndan, dünýä belli daşary ýurt kompaniýalaryndan, ýurdumyzyň üstünlikli işleýän hususy kärhanalaryndan duran korparatiw müşderileriň özenini jemleýär.

Köpugurly milli ykdysadyýeti kemala getirmek, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmek maksady bilen döwlet maýa goýum maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen halkara bazarlarynda ýurdumyzyň Hökümetiniň agenti hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň amala aşyrýan çäreleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýadarlaryny çekmek maksady bilen bank dürli daşary ýurt maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ägirt uly tejribesini toplady. Soňky ýyllarda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň, hususan-da, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Singapuryň hem-de beýleki döwletleriň esasy maliýe düzümleri bilen gatnaşyklar has-da işjeňleşdirildi. Ýangyç-energetika toplumynda, ulag-kommunikasiýa ulgamynda eýýäm amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi netijeli hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysaly bolup hyzmat edýär.

Bank özüniň döredilen gününden bäri, nebitgaz senagatyna, agrosenagat toplumyna, ulag we aragatnaşyk  ulgamyna, ýangyç energetika ulgamyna, dokma senagatyna hem-de saglygy goraýyş we derman senagatyna  maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegini üstünlikli  amala aşyrýar.

Karz bukjasynyň düzüminiň pudaklar boýunça bölünişi barada aýdylanda nebitgaz senagaty 68 göterim, himiýa senagaty 17 göterim, oba hojalygy 8 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamy 7 göterimini eýeleýärler.

Türkmenistanda wajyp taslamalaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilýän daşary ýurt maýa serişdeleriniň umumy möçberinde Ýaponiýa 39,5 göterim, Hytaý Halk Respublikasy 25,9 göterim degişlidir. Koreýa Respublikasy 19,9 göterim bilen üçünji orunda durýar. Bulardan başga-da Germaniýa, Saud Arabystany we ABŞ ýaly ýurtlar bilen maýa goýum maliýeleşdiriş işleri alnyp barylýar.

2019-njy ýylda Awazada 11 — 12-nji awgustda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan daşary ýurtlaryň maliýe guramalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 575 million dollaryna golaý bolan ylalaşyklaryň bäşisine gol çekildi. Bu serişdeler elektroenergetika we oba hojalygy pudaklaryndaky taslamalaryň, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kiçi we orta kärhanalarynyň, hususyýetçileriň taslamalarynyň maliýeleşdirilmegine gönükdiriler.

Geçen 2019-njy ýylyň özünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Commerzbank”, “Credit Suisse & Commerzbank AG” banklary we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Deere Credit Inc.” Kompaniýasy hem-de Yslam Ösüş bankynyň ösüş ugrundaky Yslam korporasiýasy (ICD) bilen karz ylalaşyklary baglaşyldy. Bu ylalaşyklar esasan ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligini goldamak, oba we suw hojalygyna gerek bolan enjamlary satyn almak hem-de energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurmak we olar boýunça ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga gönükdirilendir. Bulardan başga-da, Singapur Respublikasynyň Banklar assosiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk, Singapuryň “DBS Bank Ltd.” (Singapuryň Ösüş bankynyň) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, şeýle hem Italiýa Respublikasynyň “Banca Monte dei Paschi di Siena S.p.A”  we “Intesa Sanpaolo” banklary bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklar baglaşyldy. Şeýlelikde bank tarapyndan 2019-njy ýylyň dowamynda maliýeleşdiriş we hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklaryň we şertnamalaryň 10 sanysy  üstünlikli baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet daşary iş banky Beýik Britaniýanyň «Financial Times» diýen abraýly neşiriniň «The Banker» žurnalynyň her ýyl çap edilýän sanynda “Ýurduň iň gowy banky” diýen ada 13 gezek mynasyp boldy.

Bankyň maliýe hasabatlaryna her ýyl  uly dörtlüge girýän halkara garaşsyz auditorlar hakyky baha berýärler we hasabatlylyk halkara ülnilerine laýyk taýýarlanylýar.

Bankyň ukyplylygy öňi bilen,  öňde baryjy bank tehnologiýalaryny we enjamlaryny giňden ulanmagyň, müşderi binýadynyň giňeldilmeginiň we bank töwekgelçiliginiň ýokary derejelerde kadalaşdyrylmagynyň hasabyna gazanylýar.

Soňky 10 ýylyň dowamynda bank işjeňliginiň esasy görkezijileriniň  ösüşiniň barşy (2010-2019ýý.);

  • Bankyň jebislendirilen aktiwleri 10 esse artdy we 35 mlrd.manat boldy;
  • Karz goýumlar 12 esse artdy  we 16.6 mlrd manat boldy;
  • Jemlenen hususy maýa 4 esse artdy hem-de 1 mlrd. manatdan geçdi. Bu esasan hem her ýylda peýdany maýalaşdyrmagyň hasabyna gazanyldy.
  • Bankyň müşderlerden çekilen pul serişdeleriniň möçberi 9 esse artdy  we 16.9 mlrd manat boldy;
  • Bankyň arassa peýdasy 10 esse artdy we 2019-njy ýylyň jemi boýunça 195 million manat boldy.
  • 2019-njy ýylyň jemi boýunça Bankyň hyzmat edilýän müşderleriniň sany 604 474 deň boldy.

Bank aşakdaky wajyp Döwlet Maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşýar:

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy;
  • 2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy;
  • Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy;
  • Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy.

 

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdi. 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bu abraýly halkara gurama bilen ýene bir Taslamalaýyn resminama gol çekildi. Onuň çäklerinde, ösüş ulgamynda halkara maliýesini jemlemegi we onuň dolandyryşyny gowulandyrmak üçin tehniki bilimler we tejribe, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary bilen laýyklygy ýokarlandyrmak, sanly özgertmeler üçin esas döretmek hem-de bankyň işgärleriniň kuwwatyny ösdürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek ýaly dört esasy ugur boýunça hyzmatdaşlygy dowam eder. 

Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda täze taslamalary maliýeleşdirmek üçin maýa goýumlary çekmek maksady bilen, daşary ýurt guramalarynyň gatnaşmagynda açyk görnüşli Maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça netijeli işler geçirilýär.Bankyň ýolbaşçylary we işgärleri ähli hyzmatdaşlaryna we müşderilerine şu ýyllaryň dowamynda bildiren ynamlary we ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirýär we Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene köp ýyllara dowam etmegini hem-de işleriňizde rowaçlyk arzuw edýär. Biz siziň ynamyňyza we sylagyňyza uly hormat goýýarys. Biziň işjeň gatnaşyklarymyz – ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygymyzyň netijeleridir.