09.04.2021
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi . Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen döwürde halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy.
2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim ýokarlandy. Şol sanda senagat pudagynda 3,9 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim artdy.
Ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumatlaryna laýyklykda, önümçilik geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,2 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy boýunça görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,7 göterim artdy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri geçen ýyldakydan 10,5 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.
Şeýle hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan 259 desganyň 30-synda gurluşyk işleri tamamlandy, galan 168-sinde bolsa gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär.
Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2021-nji ýylyň ýanwar — mart aýlaryndaky ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşleriniň öndürilýän mukdary artdy.
Şu ýylyň üç aýynda geçen ýylyň degişli görkezijileri bilen deňeşdirilende, çalgy ýaglaryny, nebit koksuny, sement, süýji-köke önümlerini öndürmekde ösüş gazanyldy.
Ulag-aragatnaşyk ulgamynda görkezijiler durnukly ýagdaýda saklandy. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 5,3 göterim artdy.
Obasenagat toplumynda, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň öndürilişi köpeldi.
Ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk pudagynda oňyn netijeler gazanylýar.
Statistika baradaky döwlet komitetini degişli Konsepsiýada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, işlenip taýýarlanan sanly ulgama geçirmek boýunça Iş meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň ugurlary barada habar berildi.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem döwletimiziň maliýe-býujet syýasatynyň möhüm wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 137,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 89,7 göterim berjaý edildi.
Ýerli býujetiň girdeji bölegi 100,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 96,0 göterim ýerine ýetirildi.
Şu ýylyň birinji çärýeginde balans toparlarynyň jemi 70, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 62 mejlisi geçirildi.
Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 4,1 milliard manada deň boldy. Şeýlelikde, jemi içerki önümiň ösüşi 17,1 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi 11,1 göterime deň boldy. Üç aýda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 48,2 göterimi önümçilik, 51,8 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň we onuň gözegçilik edýän pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýyna yzygiderli seljerme geçirip durmak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dünýäde emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, gysga wagtyň içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýubileý ýylynda garaşylýan netijeleriniň düýpli seljermesini geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz emele gelen daşarky ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzda telekeçilik işine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri kesgitledi. Ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini üpjün edip, kiçi we orta kärhanalara karz bermek maksatnamasyny giňeltmeli. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalary maliýeleşdirmegi hem gözegçilikde saklamaly.
Şonuň ýaly-da, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemeli we ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny köp çekip, bu soraglaryň üstünde tutanýerli işlemeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow şu ýylyň birinji çärýeginde “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri hem-de Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Nebiti we gaz kondensaty çykarmak, nebiti gaýtadan işlemek boýunça gazanylan görkezijiler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda henize çenli öňegidişligiň duýulmaýandygyny, nebitgaz çig malynyň çykarylýan möçberiniň artdyrylmaýandygyny, çykarylýan çig nebitiň ýarysynyň bolsa eksporta iberilýändigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde hem ozal tabşyryk berlendigine garamazdan, indi köp wagt bäri nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatynyň diňe 40 göterimi ulanylýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek işlerine az üns berilýär, Hazar deňzindäki nebitgaz ýataklary özleşdirilmeýär. Çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça işler hem haýal alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmagyň zerurdygyny hem nygtady. Tebigy gazy eksport etmekde beýleki halkara taslamalar boýunça işleri has depginli alyp barmak möhümdir.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň hem-de onuň gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylarynyň işlerine nägilelik bildirip, bu ýagdaýy çalt seljerip, bar bolan kemçilikleri düzetmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de Lebap we Balkan welaýatlaryna bolan iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralar tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlaryň hem-de önüm öndürmegiň meýilnamasy 112,4 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bütin dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş zerarly girizilen çäklendirmeler sebäpli, häzirki wagtda ulag pudagynyň aýry-aýry görnüşleriniň has düýpli kynçylygy başdan geçirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, gözegçilik edýän agentlikleriniň maliýe meselelerini çözmäge jogapkärli çemeleşmek zerurdyr.
Howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde, bu agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly meseleler ýüze çykýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýere G.Müşşikow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary seljermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem zähmet haklaryny tölemek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz agentlikleriň salgytlary ýa-da alan karzlaryny tölemeli möhletini gaýra goýmak, ýa bolmasa, olary goldamak boýunça beýleki çäreleri görmegi teklip etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri hem-de Aşgabat we Balkan welaýatlaryna bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,1 göterime barabar boldy, öndürilen önümleriň ösüşi 119,7 göterime barabar boldy.
Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 113,2 göterime, nah matalaryň önümçiligi 100,9 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 120,5 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 104,5 göterime barabar boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça meýilnama 112,4 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 72-si geçirilip, 7701 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 101 göterime barabar boldy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 139,7 göterime, senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüşi bolsa 125,3 göterime deň boldy.
Soňra wise-premýer Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ýubileý desgalarynyň ählisinde işler bellenilen möhletlere laýyklykda alnyp barylýar we olary öz wagtynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere hem-de söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki ýagdaýda söwda ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmegiň esasy wezipeleriň biridigini belledi. Şoňa görä-de, her gün emele gelen ýagdaýa baha berip durmak möhümdir. Zerur bolanda, durmuşda has gerekli önümleriň, şol sanda azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek üçin goşmaça goldaw çärelerini görmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň işine gözegçilik etmegiň, kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly iş ýerlerini saklap galmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Milli Liderimiz senagat we durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, döwrebap tehnikalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly gurluşygyň möhletlerine we hiline uly üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Lebap, Daşoguz, Balkan we Ahal welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde şu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen Lebap, Daşoguz, Balkan, Ahal welaýatlaryna we Aşgabat şäherine guralan iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk pudagynda şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň netijeleriniň kanagatlanarsyzdygyny belledi. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende ähli görkezijiler peseldi.
Ýubileý ýylynda dürli desgalary ulanmaga bermek boýunça örän köp çäreler bellenildi. Milli Liderimiz bar bolan kynçylyklara garamazdan, şu ýylda ulanmaga beriljek desgalaryň ählisini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady. Ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny dowam etmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.
Gurluşyk we senagat pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek işleriniň hem ýeterlik derejede alnyp barylmaýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň we onuň gözegçilik edýän toplumynyň işine nägilelik bildirip, bu ýagdaýlary seljermegi hem-de ony düzetmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda bilim we terbiýeçilik işlerini döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary onlaýn görnüşde geçirilen halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp boldular.
31-nji martda “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forum ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Ylmyň we tehnologiýalaryň dürli ulgamlarynda ileri tutulýan ugurlar boýunça ylmy temalaryň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy, golýazmalara seljerme berildi.
Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak babatynda toplumlaýyn işler dowam etdirildi. Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy, türkmen-koreý iş toparynyň nobatdaky ikinji mejlisi geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Wise-premýer Aşgabat şäheri boýunça amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berip, Olimpiýa şäherçesinde welotrek boýunça dünýä çempionatyny, Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Hökümetiň öz wagtynda gören çäreleri netijesinde ýurdumyza dürli ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagynyň üpjün edilendigini belledi. Şunuň bilen birlikde, ýene-de bir uly mesele ýüze çykýar. Aral deňziniň guramagy sebäpli, ekologiýa betbagtlygynyň zolagynda döreýän howa gurşawy bize uly howp döredýär. Bu ýagdaý tebigata, howa, Aralýaka sebitde we şondan uzakda ýaşaýan adamlaryň saglygyna örän ýaramaz täsir edýär. Sebäbi, guraýan Aral deňzinden tozanly-duzly tupan arkaly gelýän aýratyn zyýanly maddalar müňlerçe kilometre ýaýrap, adam üçin örän howply ýagdaýy döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu ýaramaz täsiriň öňüni almak üçin kabul edilen toplumlaýyn çäreleri, ylmy merkezleriň, hassahanalaryň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Bu işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde her aý hasabat berip durmak zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek halkara derejeli sport ýaryşlary baradaky meselä degip geçip, wise-premýerlere bu ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, bäsleşikleriň göwnejaý guralmagy hem-de daşary ýurtly türgenler üçin has oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi we “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň meseleleri hakynda” hem-de “Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň meseleleri hakynda” Kararlaryň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynda 114 görnüşli dürli kitap önümleri neşir edildi.
Hasabat döwründe durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary guraldy we döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi.
Giň möçberli özgertmeler, şeýle hem ýurdumyzyň milli Liderimiziň oňyn syýasatyny amala aşyrmak boýunça gazanýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, tele we radiogepleşiklerinde, internet saýtlarynda, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň web-sahypalarynda giňden beýan edildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 30-njy mart — 2-nji aprel aralygynda Lebap, Mary, Daşoguz we Balkan welaýatlaryna guralan iş saparlarynyň jemleri barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet edaralarynyň işini häzirki döwrüň wezipelerine we talaplaryna kybap derejede mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ähmiýetini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaýlyma berilýän tele we radiogepleşikleriň, çap edilýän makalalaryň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagyň we hünärmenleri seçip almaga möhüm ähmiýet bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şu ýyl şanly seneleriň ýyly bolmak bilen, möhüm wakalara, döwletimiziň gadymy taryhyna we onuň medeniýetine bagyşlanan makalalary, tele we radiogepleşikleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça meseleler bilen baglanyşykly giň düşündiriş işleri geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň meseleleri hakynda” we “Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň meseleleri hakynda” Kararlara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we resminamalardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ähmiýetlidigini belläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň özeniniň taryhymyz bilen berk baglanyşyklydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň gadymy taryhy, türkmen halkynyň döreýşi we onuň dünýä medeniýetine, döwlet dolandyryş tejribesine goşan goşandy, Oguz han döwrüniň taryhynyň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleler hemmetaraplaýyn we ylmy esasda öwrenilmelidir.
Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmenler dürli döwürlerde kuwwatly döwletleri döredipdirler. Häzirki wagtda bagtyýar nesiller şöhratly ata-babalarymyza mahsus bolan adalatlylyk we edermenlik ýaly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirýärler. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan taryhy dowam edýär. Milli Liderimiz halkymyzyň nusgalyk ýörelgeleriniň giňden wagyz edilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Häzirki döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ähli ugurlarda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýetilen belent sepgitler giňden wagyz edilmelidir. Maksatnamalaýyn çärelerde Bitarap döwletimiziň dünýä derejesinde eýeleýän orny, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň yzygiderli belende galmagy bilen bagly meseleler öz beýanyny tapmalydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýerler R.Meredowa, M.Geldinyýazowa we M.Mämmedowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistanyň gadymy taryhy ýadygärlikleri, olary ylmy taýdan öwrenmek boýunça halkara maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky meseläniň wajypdygyna ünsi çekip, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek, halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk derejede ösdürmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ministrligiň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, degişli işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşygynyň geçirilendigi bellenildi. Onuň barşynda iki ýurduň Liderleri ulag, elektrik energetikasy we aragatnaşyk ulgamlarynyň iri desgalarynyň birnäçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Mundan başga-da onlaýn tertipde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşyklary geçirildi.
Milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XIV sammitine gatnaşdy. YHG-nyň onlaýn forumynyň barşynda 2021-nji ýylda bu gurama başlyklyk etmek Türkmenistana geçdi.
Hasabat döwürde onlaýn tertipde dürli derejedäki duşuşyklaryň 461-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadynyň üsti 31 resminama bilen ýetirildi.
Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça duşuşyklar yzygiderli häsiýete eýedir. Ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlaryň daşary syýasat edaralary bilen maslahatlaşmalar guraldy.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça netijeli çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine ýüzlenip, dünýäde koronawirus ýokanjy bilen bagly ýagdaýlaryň çylşyrymly bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Munuň özi bolsa şu mesele boýunça yzygiderli habarly bolmagyň zerurdygyny şertlendirýär.
Şundan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz dürli halkara çäreleri geçirmek barada teklipleri bermegi tabşyrdy. Aýratyn hem bu ýurdumyzda dürli halkara çäreleriň geçirilmegine degişlidir.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow dürli döwletler we ugurlar boýunça iş alyp barýan hökümetara toparlarynyň 10-a golaýyna ýolbaşçylyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň işi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen, türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň başlyklygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowy belläp, bu wezipelerden wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowy boşatmak baradaky karara gelendigini aýtdy. Munuň özi Russiýa we Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has anyk we netijeli işleri geçirmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp baran işleri barada maglumat berdi.
Ýanwar — mart aýlarynda Türkmenistanyň 22 Kanuny hem-de Mejlisiň 16 karary kabul edildi. Bu resminamalar giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmegine, döwletimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, aýry-aýry pudaklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Şeýle hem hereket edýän käbir kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunçylyk namalary kabul edildi.
Häzir täze kanunçylyk taslamalarynyň üstünde işlenilýär hem-de ozal kabul edilen kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär.
Halkara hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde, Mejlisiň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Parlamentara bileleşik, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti, Halkara Migrasiýa Guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly guralan durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, zenanlaryň hukuklary, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hem-de beýleki meselelere bagyşlanan birnäçe halkara we sebit derejeli maslahatlara gatnaşdylar.
Ýylyň başyndan bäri deputatlar kanunçykaryjylyk işleriniň kämilleşdirilmegine hem-de döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge gönükdirilen okuw maslahatlarynyň 39-syna gatnaşdylar, şolaryň 34-si sanly wideoaragatnaşyk arkaly guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň we Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji mejlisini guramak boýunça giň gerimli işleri geçirmegiň ähmiýetini nygtap, ony geçirmäge işjeň taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna giň gerimde taýýarlyk çäreleriniň geçirilýändigi bellenildi.
Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, maldarçylyk hojalyklaryndaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we şanly seneler mynasybetli gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow oba hojalyk ekinlerine edilýän ideg işleri, gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmak, sebitde ekologiýa derejesini saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda giňden dabaralandyrylýan baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, aýratyn-da, gowaça ekişi we güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Häzirki döwürde welaýatyň ilatynyň durmuş ulgamyny gowulandyrmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek meseleleri möhüm ugur hökmünde kesgitlendi. Şeýle hem eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda we gowaça ekişinde alnyp barylýan agrotehniki çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Welaýatda öňde boljak şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak we baýramçylyklar mynasybetli zähmet sowgatlaryny taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow, öz gezeginde, paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, şäheriň önümçilik we beýleki düzümleriniň işini sazlaşykly guramak hem-de ak mermerli Aşgabadyň arassaçylyk we abadançylyk derejesini talabalaýyk ýagdaýda saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny mynasyp garşylamak ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekdi we Aşgabat şäheriniň ähli düzümleriniň utgaşykly işini ýola goýmak, paýtagtymyzyň baýramçylyk mynasybetli bezeg işlerini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirmek meseleleriniň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri, Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlaryna iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň mukdarynyň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterime barabar boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda 18 müň 300 gektara şaly ekmek meýilleşdirildi we şondan 82 müň 400 tonna hasyla garaşylýar. Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna, Lebap welaýatynda bolsa 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen şaly öndürijileriň arasynda şertnamalar baglaşyldy.
Milli Liderimiz “Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň häkimlerine we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki möhüm möwsümiň — galla oragynyň we pagta ýygymynyň ýetip gelýändigini, olara gowy taýýarlyk görmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmelidigine, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyryp, importyny azaltmalydygyna, içerki bazaryň özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Oba hojalyk pudagynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de onuň mundan beýläk-de durnukly ösdürilmegini gazanmak maksady bilen, agrosenagat pudagyna elektron dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgini güýçlendirilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça hem ähli zerur çäreleri görmegi, welaýatlarda owlak-guzy möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz ýokanç keselleriň ýaýramak mümkinçiliginiň öňüni almak maksady bilen, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň beýleki degişli gulluklar bilen bilelikde ýokanç keselleri ýaýradyp biläýjek çöl haýwanlaryna, zyýankeşlere we mör-möjeklere garşy göreşmek boýunça gorag çärelerini geçirmegi üpjün etmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ähmiýetini nygtap, bu baýramçylyga bagyşlanan dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hem zerur çäreleri görmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli, şu ýylyň birinji çärýeginde ulanmaga berlen binalar, şeýle hem şu aýyň dowamynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa serişdeleri, ýurdumyzda döredilen oňyn maýa goýum ýagdaýynyň, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw bermek üçin durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň netijesinde şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini belledi. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda her ýylda dürli maksatly desgalaryň birnäçesi gurulýar we döwrebaplaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ähmiýetli düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylyşy, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa we wise-premýer E.Orazgeldiýewe iberdi hem-de öňde boljak dabaralaryň, meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra giňişleýin mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem döwletimiziň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň hünär taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmek, aýratyn-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly baýramçylyk çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek meseleleriniň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk görkezmeleri berdi.
Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy hem-de dünýä ykdysadyýetine ýetirýän zyýanly täsiri sebäpli ýüze çykan daşarky meselelere garamazdan, ýurdumyzyň göz öňünde tutulan maksatnamalara laýyklykda ösmegini dowam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 5,9 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär, zähmet haklary bolsa, 10 göterim ýokarlandyryldy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň we birnäçe beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň dowam edýändigini belledi.
Kabul edilen meýilnamalara laýyklykda ylym we bilim ulgamlarynda hem özgertmeler amala aşyrylýar. Önümçilikler döwrebap ýagdaýa getirilip, bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyklary alnyp barylýar. Beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga hem taýýarlyk görülýär.
Hususy pudagy ösdürmegi goldamak, ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçileri giňden çekmek syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz döwletimiziň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek işleri dowam edýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2021 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi, şeýle hem esasy baýramlara — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna, şeýle hem baky Bitaraplyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitledi.
Şu ýyl biz işimizi, esasan hem, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alyp barmalydyrys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Garaşsyz döwletimiziň ýubileýi her şäherde, her obada gurlan ähli täze binalar we desgalar bilen ýatda galmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we welaýatlar boýunça jogapkär edilip bellenen wise-premýerlere ýokarda agzalan maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde hasabat bermegi, welaýat häkimlerine bolsa sanly ulgam arkaly geçirilýän her iş maslahatynda hasabat bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek, öz önümlerimiziň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşýan möçberlerini artdyrmak boýunça syýasatymyzyň dowam etmegi zerurdyr.
Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri alyp barmak, Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edip, göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmak bilen baglanyşykly meseleler berk gözegçilikde saklanmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şonuň ýaly-da, pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullaryny has giňden ulanmak, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wajypdyr. Hususy pudagyň paýyny artdyryp, ony ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşdyrmak üçin zerur çäreler görülmelidir.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz we oba hojalygy ýaly möhüm ugurlarda işiň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, wise-premýerler Ş.Abdrahmanowa we E.Orazgeldiýewe birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
11.03.2021
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.
Milli Liderimiz maslahaty açyp, şu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly baýramçylyk çärelerini geçirmäge giňden taýýarlyk görülýändigini belledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyna ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýda taýýarlyk görülýär.
Häzirki döwürde öňdebaryjy maliýe institutlarynyň berýän bahalaryna görä, dünýä ykdysadyýeti diňe haýallyk bilen ösüş ýoluna düşýär. Dünýä ykdysady bazarlarynda durnuksyz ýagdaý dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şeýle hem ösen ykdysadyýetli ýurtlarda-da ösüş depgininiň az-kem peselýändigi duýulýar. Şeýlelikde, çylşyrymly daşarky geosyýasy şertler emele gelýär. Şol sanda nebitiň we gazyň nyrhlary durnukly peselýär. Bu bolsa serişdeleriň halkara bazarlarynyň ýagdaýyna we maýa goýumlarynyň gelşine öz täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň söwda hyzmatdaşlary bolan döwletlerde hem ykdysady işjeňlik pese düşdi.
Ýokarda bellenip geçilen sebäplere garamazdan, ýurdumyzda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.
Biz ýaňy-ýakynda siziň bilen şu ýylyň iki aýynda pudaklaryň işiniň netijelerine seretdik. Şondan öň, ýörite maslahatlarda ähli pudaklaryň işine jikme-jik garadyk. Deputatlar bilen duşuşyk geçirdik. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça oňat çäreleri belledik diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Häzirki döwürde ýokary we durnukly ykdysady ösüş ýeterlik derejede üpjün edilýär. Bu ösüş şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça 5,9 göterime barabar boldy.
Ýurdumyzda ykdysady we durmuş taýdan durnukly ýagdaý saklanýar. Daşarky wehimlere garşy çalt we netijeli çäreler görülýär. Türkmenistan ykdysady ýagdaýyň üýtgemegine çalt uýgunlaşýar.
Durmuş ulgamyny işjeň ösdürmek boýunça hem netijeli işler dowam edýär. Hususan-da, ilaty durmuş taýdan goramak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Önümlere daşarky islegiň peselýän şertlerinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça çäreler işjeň amala aşyrylýar. Içerki bazary özümizde öndürilýän önümleriň hasabyna doly üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürýän önümçilikleri höweslendirmek boýunça hem zerur işler geçirilýär.
Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalaryny hem-de özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini birjik-de peseltmeýäris. Maliýe, salgyt-býujet, pul-karz, daşary-ykdysady, nyrh emele getiriş syýasatynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Bu işleriň ählisi biziň mümkinçiliklerimiziň gerimini giňeltmäge, dünýädäki ykdysady çökgünligiň ýaramaz netijelerini azaltmaga mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem Türkmenistan daşary syýasat ugruny işjeň alyp barýar. Bu syýasat oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek däplerine esaslanandyr. Biziň ýurdumyz döwletara derejesinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek bilen, köpugurly derejede bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge gyşarnyksyz eýerýändigini görkezýär.
Şu ýyl — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda Türkmenistan Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki VI duşuşygyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV duşuşygyna başlyklyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz daşary ýurt döwletleriniň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda köp sanly möhüm halkara çäreleriň, şeýle hem ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda köp sanly dürli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüler. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Biziň alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi. Mümkinçilikleriň doly möçberde ulanylmaýandygy, käbir ýolbaşçylaryň iş başarjaňlygynyň we hünär derejesiniň ýeterlik däldigi, ýerlerde işleriň dogry guralmaýandygy, sowuk-salalyga ýol berilýändigi kemçilikleriň hatarynda görkezildi.
Häzirki döwürde jemi içerki önümiň ösüşi, döwletimiziň maliýe ýagdaýy, özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň depginleri, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň gurluşy bizi kanagatlandyryp bilmez. Şoňa görä-de, şu maslahatda maliýe-ykdysady toplumyň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijelerine garalar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz maslahaty dowam edip, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzy ýokary tehnologiýaly we ekologiýa taýdan arassa, innowasion ykdysadyýetli, senagat önümçiligi taýdan ösen döwletleriň birine öwürmek möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz toplumyny ösdürmekde gazhimiýa önümlerini, ýokary goşulan bahasy bolan önümleri öndürmek üçin tebigy gazy netijeli ulanmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu maksat bilen, soňky ýyllarda ABŞ-nyň 8 milliard 800 million dollaryndan gowrak möçberde daşary ýurt karz serişdeleri çekildi. Şol serişdeleriň häzire çenli 93 göterimi özleşdirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmagyň, aýratyn-da, çekilen serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmagyň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz toplumyň önümçilik düzümleriniň işini kämilleşdirmek, karz alnan serişdeleri gaýtarmak bilen baglanyşykly meseleleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklanyp, toplumyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.
Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, çekilen daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Konsern boýunça daşary ýurt karz serişdeleriniň gaýtarmaga degişli galyndy möçberini tebigy gazyň goşmaça mukdaryny, suwuklandyrylan gazy, kükürdi, ECO-93 kysymly benzini daşary ýurt bazarlaryna ýerlemekden gelip gowuşjak serişdeleriň hasabyna gaýtarmak göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallalary bilen döredilen mümkinçilikleriň esasynda şu ýylyň mart aýy boýunça töleg borçnamalaryny hasaplaşmak üçin ähli zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan bu meseläni çözmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň görülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet konserniniň önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, onuň işine täzeçil tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagynyň wajypdygy bellenildi.
Häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, döwlet konserniniň işini döwrüň talabyna laýyk guramak, maliýe serişdeleriniň özleşdirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak babatda döwlet konserniniň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklar berildi.
Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem nebitgaz enjamlaryny satyn almak barada baglaşylan şertnamany maliýeleşdirmek maksady bilen, çekilen daşary ýurt karz serişdelerini tapgyrlaýyn esasda gaýtarmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi aýdyldy. Häzirki wagtda çekilen karz serişdeleriň galyndysy nobat tertibine laýyklykda, bellenilen möhletlerde bökdençsiz gaýtarylýar. Öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz çekilen karz serişdelerini wagtynda gaýtarmak üçin kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň işini döwrebaplaşdyrmak we önümçilige häzirki zaman usullaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Pudaklaýyn kärhanalaryň taslama kuwwatyna çykarylmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.
Munuň özi karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, iş öndürijiliginiň artdyrylmagyny we döwlet konserniniň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyny üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçysyndan bu işleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Soňra “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, çekilen daşary ýurt karz serişdelerini wagtynda gaýtarmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, düzümlere täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek maksady bilen, daşary ýurt maýa goýumlary, şol sanda karz serişdeleri çekilende olaryň gaýtarylmaly möhletiniň kesgitlenilişine, karz serişdelerini gaýtarmak möhletleriniň ylalaşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Çekilen karz serişdelerini bellenilen möhletlerde gaýtarmak üçin kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, olaryň işini kada laýyk ýola goýmak we önümçilige häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýewe söz berdi.
Baş prokuror ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, düzümlerde çekilen daşary ýurt karz serişdelerini netijeli özleşdirmek we olary wagtynda gaýtarmak meselelerinde käbir kemçilikleriň ýüze çykarylandygy habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ähli düzümlerde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy, olarda kanunçylygyň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz B.Atdaýewe düzümlerde daşary ýurt karz serişdelerini, maýa goýumlary wagtynda gaýtarmak we umuman, alnyp barylýan işleriň kanunalaýyk derejesini ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli seljermeleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynda önümçiligi ýokarlandyrmak üçin kuwwatlyklaryň doly güýjünde peýdalanylmalydygyny, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmalydygyny, munuň üçin bolsa toplumyň düzümindäki ylmy-barlag institutlarynyň işiniň kämilleşdirilmelidigini, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyny, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz şu meseleleriň, hususan-da, daşary ýurtly ygtybarly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, işlere ulgamlaýyn çemeleşmek baradaky meseleleriň düýpli seljerilmelidigini aýdyp, bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanowa söz berildi.
Wise-premýer häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişi we umuman, nebitgaz toplumynda alnan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna we bu ugurda ylmyň ýokary gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çekilen daşary ýurt karz serişdeleriniň öz wagtynda gaýtarylmagy halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň döwrebap derejede ösdürilmeginiň möhüm şertini emele getirýär. Munuň üçin bolsa kärhanalaryň taslama kuwwatyna çykarylmagy, önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we degişli işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alnan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmak we onuň möhletlerine täzeden seretmek boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Bilelikdäki kärhanalara göni maýa goýumlaryny çekmek arkaly täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça işleriň depginlerini ýokarlandyrmak zerurdyr. Täze önümçilikleri gurmak üçin daşary ýurt maýa goýumlary, şol sanda karz serişdeleri çekilende onuň tehniki-ykdysady esaslandyrmalary jikme-jik taýýarlanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we taslamalaryň öz-özüni ödeýiş möhletlerini halkara tejribä laýyklykda seljermegi hem-de taýýar önümleri ýerlemegiň bazarlaryny öwrenmegi tabşyrdy. Şunda işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwlet Baştutanymyz goşmaça düzüm bölekleriniň özümizde öndürilmegini ýola goýmak arkaly olaryň daşary ýurtlardan getirilmegini azaltmagy, degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň garamagyndaky kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna seljerme geçirmegi, karz serişdelerini bellenen möhletlerde üzmek boýunça ähli zerur çäreleri görmek meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Nebitgaz toplumy döwletiň merkezi býujetini we daşary ýurt pulunda ätiýaçlyk gorlaryny esasy üpjün edýän ulgamdyr. Bu serişdeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady hem-de senagat taýdan ösdürmäge, azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Şoňa görä-de, ähli hünärmenler, ylmy we kömekçi işgärler, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň ýolbaşçylary bu ulgamyň ösüşine mynasyp goşant goşmalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz gurluşyk, elektrik energetikasy we himiýa pudaklarynyň maliýe meseleleri barada durup geçdi.
Soňky ýyllarda gurluşyk-senagat toplumyna 2 milliard 682 million amerikan dollaryna golaý möçberde daşary ýurt karz serişdeleri çekildi. Şonuň häzire çenli 69,4 göterimi özleşdirildi. Hormatly Prezidentimiz bu meselä ünsi çekip, şu mesele boýunça degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňlejekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olara ýüzlenip, karz alnan serişdeleri wagtynda gaýtarmagy üpjün etmek, bu serişdeleriň hasabyna gurlan senagat kärhanalarynyň taslama kuwwatlygyna çykarmak boýunça geçirilýän işler barada sorady.
Milli Liderimiz karz serişdelerini, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň alan karz serişdelerini gaýtarmagyň möhletlerini uzaltmak boýunça karzdarlar bilen alnyp barylýan işler, kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak üçin görülýän çäreler bilen gyzyklandy.
Ilki bilen, energetika ministri Ç.Purçekow milli Liderimiziň energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Energetika ministrliginde daşary ýurt maýa serişdeleriniň we maýa goýumlaryň hasabyna milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi. Häzirki döwürde Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz halkalaýyn energiýa ulgamynyň we ugurdaş podstansiýalaryň, Büzmeýin etrabynda energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Bu halkara ähmiýetli elektrik geçiriji ulgamyň ilkinji nobatdakysynyň gurluşygyny 2021-nji ýylyň awgust aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Şeýle hem çekilen karz serişdeleriniň ählisiniň öz wagtynda gaýtarylmagy üçin zerur tagallalaryň görüljekdigi aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy hökmünde ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Milli Liderimiz çekilen daşary ýurt karz serişdeleriniň netijeli özleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, milli we halkara derejede wajyp energetika taslamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmäge çekilen maýa goýumlarynyň ulanylyşy barada hasabat berdi.
Şu günler täze iri önümçilikleri gurmak boýunça taslamalar amala aşyrylýar, ýurdumyzyň himiýa zawodlarynda dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnologik enjamlary ornaşdyrylýar, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşleriniň çykarylyşy ýola goýulýar.
Häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynda öndürilen himiýa önümlerini ýerlemekden gelýän serişdeleriň hasabyna karzlary öz wagtynda üzlüşmek üçin tapgyrlaýyn hasaplaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň, hususan-da, täze kärhanalary gurmagyň hem-de himiýa pudagynyň hereket edýän önümçiliklerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna daşary ýurt karzlaryny doly üzmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde mineral dökünleriň eksport edilişiniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz pudagyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakda daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan dökünleriň öndürilişini artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işlere zerur gözegçiligi ýola goýmak barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe söz berildi. Wise-premýer gözegçilik edýän degişli ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna daşary ýurt banklary tarapyndan berlen karz serişdeleri boýunça emele gelen bergiler barada hasabat berip, häzirki wagtda bu karzlaryň üzlüşmeli möhletlerine laýyklykda, tapgyrlaýyn hasaplaşmak boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alnan daşary ýurt karz serişdelerini wagtynda gaýtarmak ýa-da üzmegiň möhletlerine täzeden seretmek boýunça bolup biljek ähli mümkinçilikleri düýpli öwrenmegi we bu ugurda anyk teklipleri gysga wagtyň içinde taýýarlamagy tabşyrdy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmaga amatly şertleri döretmek maksady bilen, eksporta niýetlenen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri ýola goýup, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gowuşmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak möhümdir. Mundan başga-da, bilelikdäki kärhanalara göni maýa goýumlaryny çekmek arkaly toplumlaýyn mineral dökünleri we beýleki önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze önümçilikleriň gurluşygy üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekilende, tehniki-ykdysady esaslandyrmany jikme-jik taýýarlamagyň, taslamalaryň özüni ödeýşiniň möhletlerini halkara tejribä laýyklykda seljermegiň, degişli işgärleriň ýokary derejede taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň, taýýar önümleri ýerlemegiň bazarlaryny öwrenmegiň, goşmaça düzüm böleklerini özümizde öndürmegi ýola goýmak arkaly olaryň daşary ýurtlardan getirilmegini mümkin boldugyça azaltmagyň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitläp, gurluşyk-senagat toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, soňky ýyllarda bu ulgama 1 milliard 5 ýarym million amerikan dollary möçberde daşary ýurt karz serişdeleriniň çekilendigini, häzire çenli şol serişdeleriň 67,8 göteriminiň özleşdirilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz alnan karz serişdelerini wagtynda gaýtarmagy üpjün etmek boýunça işleriň meýilleşdirilişi bilen gyzyklanyp, şol serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilen desgalaryň, hususan-da, «Demirgazyk — Günorta» demir ýolunyň taslama kuwwatyna laýyklykda işledilmegi babatda zerur tagallalary görmegiň wajypdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, karz alnan serişdeleri gaýtarmagyň möhletlerini uzaltmak boýunça zerur işler alnyp barylmalydyr. Şeýle hem topluma degişli desgalar taslama kuwwatyna çykarylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda ulag-aragatnaşyk toplumynyň pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny we tekliplerini diňledi.
«Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradow pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, halkara ähmiýetli taslamalary we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň gurluşyklaryny maliýeleşdirmäge gönükdirilen serişdeleri netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Maslahatyň dowamynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysy H.Hudaýgulyýew ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ugurdaş düzümleriň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak, döwlet Baştutanymyzyň maglumatlary bermegiň köpugurly ulgamyny ösdürmek, maliýe meselelerini öz wagtynda çözmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag-aragatnaşyk toplumynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ugurdaş kärhanalaryň işini kämilleşdirmek, pudaklaýyn taslamalary maliýeleşdirmek we alnan karz serişdelerini öz wagtynda üzmek üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we alnan karz serişdelerini wagtynda üzmek we olary gaýtarmagyň şertlerine täzeden seretmek meselelerine üns bermegiň zerurdygyny belledi we onuň mümkin bolan ugurlaryny öwrenmegi hem-de bu mesele boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
«Türkmendemirýollary» agentligi garamagyndaky kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň seljermesini geçirmelidir. Döwlet Baştutanymyz olaryň daşary ýurt karzlaryny gaýtarmak boýunça mümkinçiliklerine baha bermek, alnan karzlary bellenen möhletlerde üzmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Çekilen serişdeleri öz wagtynda gaýtarmak maksady bilen, kärhanalaryň taslama kuwwatlygyna gysga möhletlerde çykarylmagyny üpjün etmek, önümçiligiň zerur düzümleriniň netijeli işlemegini guramak wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek üçin demir ýol ulaglary düzüminiň önümçilik desgalarynyň mümkinçiliklerini doly güýjünde peýdalanmagyň we ýük daşamagyň mukdaryny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.
Döwrebaplaşdyrylan demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň harytlaryny halkara bazarlara ugratmagyň mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem ýurdumyza getirilýän harytlary gysga ýol arkaly getirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe we täzeçil işläp taýýarlamalary alyşmagyň wajypdygyny nygtap, bu işleriň pudaga maýa goýumlarynyň çekilişini üpjün etjekdigini aýtdy we düzümi ösdürmek bilen baglanyşykly agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça amatly şertleri döretmek maksady bilen, «TürkmenÄlem 52oE» hemra aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmalydygyny aýtdy.
Häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ählumumy ösüşini üpjün etmek we aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we onuň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak zerurdyr. Şeýle hem pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny, oňyn halkara tejribäni ornaşdyrmak, ilata edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak we internet hyzmatlarynyň doly elýeterliligini üpjün etmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy üçin daşary ýurt maýa goýumlary, şol sanda karz serişdeleri çekilende, tehniki-ykdysady esaslandyrmalar jikme-jik taýýarlanylmalydyr. Taslamalaryň özüni ödeýşiniň möhletleri halkara tejribä laýyklykda seljerilmelidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli işgärleriň ýokary derejede taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň, hyzmatlary ýerlemegiň bazarlaryny öwrenmegiň möhümdigini belledi we bu babatda ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty dowam edip, soňky ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy boýunça 822 million 200 müň amerikan dollary möçberde daşary ýurt karz serişdeleriniň çekilendigini we özleşdirilendigini belledi. Häzirki döwürde karzlar boýunça galyndy 607 million 700 müň amerikan dollaryna barabardyr. Şondan 145 million amerikan dollary şu ýylyň mart — dekabr aýlarynda gaýtarylmaga degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan alnan karz serişdelerini wagtynda gaýtarmagy üpjün etmek boýunça işleriň nähili meýilleşdirilýändigi, oba hojalyk, aýratyn hem, azyk senagaty kärhanalaryny taslama kuwwatyna çykarmak üçin nähili çäreleriň görülýändigi bilen gyzyklandy.
Oba we suw hojalygy üçin niýetlenen iň kämil tehnikalaryň yzygiderli alynýandygyna garamazdan, hasyl ýygnamak we suwdan amatly peýdalanmak işleri talabalaýyk alnyp barylmaýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewe söz berdi. Ministr oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem-de pudagyň düşewüntliligini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Oba hojalygynyň okgunly ösmegini üpjün etmek, ýurdumyzda ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerini agrotehniki kadalara laýyklykda öz wagtynda ideg etmek üçin dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde öndürilen döwrebap oba hojalyk tehnikalary we gurallary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary yzygiderli satyn alynýar. Şu maksatlar üçin Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan uly möçberdäki maýa goýumlary çekildi. Häzirki wagtda bu karz serişdelerini öz wagtynda üzmek üçin zerur işler alnyp barylýar.
Soňra Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow suw pudagynyň kärhanalarynyň maliýe ýagdaýy hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzyň suw serişdelerini rejeli ulanmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ministrlik hem-de obasenagat toplumynyň pudaklaýyn edaralary tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary hem-de lagym sorujylary satyn almak üçin daşary ýurt karzlarynyň çekilişi barada hasabat berdi.
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bu karzlary ýerine ýetirilen işlerden, hyzmatlardan hem-de öndürilen önümleri ýerlemekden alnan girdejileriň hasabyna üzmegi meýilleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alnan daşary ýurt karz serişdelerini öz wagtynda gaýtarmagy üpjün etmek ýa-da üzmegiň möhletlerine täzeden seretmek boýunça bolup biljek ähli mümkinçilikleri düýpli öwrenmegi hem-de bu ugurda anyk teklipleri gysga wagtyň içinde taýýarlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, çekilen serişdeleri öz wagtynda gaýtarmak maksady bilen, kärhanalaryň taslama kuwwatlygyna gysga möhletlerde çykarylmagyny üpjün etmek, munuň üçin önümçiligiň zerur düzümleriniň netijeli işlemegini guramak zerurdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyny özgertmegiň toplumlaýyn maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz oba hojalygynyň ähli pudaklarynyň we daýhan hojalyklarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, bu ulgama hususy işewürligiň wekillerini giňden çekmek meselelerine aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi.
Obasenagat toplumyny dolandyrmagyň täze, netijeli usullaryny ulanmak, dünýäniň iň gowy tejribesini giňden ornaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ministre bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow suw hojalygynda giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we degişlilikde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, agrar ulgamyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi.
Ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmekden, çig malyň, himiki serişdeleriň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we sarp ediş serişdeleriniň getirilişini amatly etmekden başlap, taýýar önümleri bäsleşik şertlerinde ýerlemäge çenli ähli işleri talabalaýyk guramak möhümdir.
Gymmat bahaly oba we suw hojalyk tehnikalary uzak möhletiň dowamynda netijeli ulanylmalydyr, olara öz wagtynda we talabalaýyk hyzmat üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem bu ugurda GPS we ýangyjyň sarp edilişini awtomatik usulda hasaba alyş ulgamlary ýaly, häzirki zaman sanly tehnologiýalaryny giň gerim bilen ornaşdyrmagyň wajypdygy nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurt maýa goýumlary çekilende, tehniki-ykdysady esaslandyrmany jikme-jik taýýarlamagyň, taslamalaryň özüni ödeýşiniň möhletlerini halkara tejribä laýyklykda seljermegiň, degişli işgärleriň ýokary derejede taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň, taýýar önümleri ýerlemegiň bazarlaryny öwrenmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow ýolbaşçylyk edýän ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada habar berdi. Ilata ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny bermegiň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, degişli düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we täze ugurdaş desgalary gurmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, döwletimiz tarapyndan saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösdürilmegine ägirt uly maliýe serişdeleriniň gönükdirilýändigini belledi hem-de olary netijeli özleşdirmek babatda ministre degişli tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň barşynda maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, alnan daşary ýurt karz serişdelerini wagtynda gaýtarmagy üpjün etmek boýunça işleriň nähili meýilleşdirilýändigi bilen gyzyklandy we serişdeleri gaýtarmagyň möhletini uzaltmak boýunça karz berijiler bilen işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz kärhanalary taslama kuwwatyna çykarmak üçin zerur çäreleriň görülmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz şu meseleler bilen baglylykda, bu ulgamyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.
Ilki bilen, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda ägirt uly eksport kuwwatyna eýe bolan nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny, energetika, ulag, dokma toplumlaryny ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlaryny gaýtarmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gaýragoýulmasyz wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we banklary bilen bilelikde, degişli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi bankyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklar berildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleriň geçirilip, daşary ýurt puly bilen bagly amallaryň düzgünleşdirilmelidigini, banklarda müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň hem-de medeniýetini ýokarlandyrmagyň, müşderileriň manat serişdeleriniň resmi hümmeti boýunça daşary ýurt puluna çalşanda kadalaşdyryjy namalaryň berjaý edilişine gözegçiligiň ýola goýulmagynyň möhümdigine ünsi çekip, bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa degişli tabşyryklary berdi.
Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow “Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça Maksatnamasyna” laýyklykda, maýa goýumlary çekmekde görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzda eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri artdyrmak hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, maýa goýumlary çekmek işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu mesele boýunça daşary maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, abraýly maliýe guramalary we banklary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz maksatnamada kesgitlenen çäreleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, bankyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtlardan çekilen karzlar boýunça bergilerine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda hereket edýän şertnamalara laýyklykda, halkara maliýe guramalaryndan, daşary ýurt banklaryndan çekilen karzlar maýa goýum taslamalaryny, gurluşyk işlerini, satyn alynýan enjamlaryň we tehnikalaryň bahalaryny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.
Wise-premýer şu ýylyň 8-nji marty ýagdaýyna her pudak boýunça özleşdirilen karzlar hem-de çekilen pul serişdeleriniň galyndylaryny gaýtaryp bermegiň göz öňünde tutulan möhletleri barada hem maglumat berdi.
Şeýle hem ýurdumyzyň halkara derejede tölege ukyplylygyny durnukly saklamak, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurt banklaryna we halkara maliýe guramalaryna karz borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, mundan beýläk-de zerur işleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň, aýratyn-da, hem bank ulgamynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerinden örän nägiledigini aýtdy. Milli Liderimiz maliýe-ykdysady toplumyň işi barada aýdyp, häzirki döwürde döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak boýunça işleriň degişli derejede guralmaýandygyny belledi. Mundan başga-da, hususylaşdyrylan kärhanalarda we desgalarda hususylaşdyrmagyň şertleriniň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik edilmeýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň işine ünsi çekip, onuň üstüne ykdysadyýetiň hususy pudagyny, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň ýüklenendigini belledi. Ýöne, muňa garamazdan, bu ugurda işler degişli derejede alnyp barylmaýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, telekeçiligi ösdürmek boýunça esasy işleri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bu ugurda ýeterlik işjeňlik görkezmeýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere hem gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu maksatnama laýyklykda, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle hem täze häzirki zaman obalarynyň we şäherçeleriniň gurluşygynyň ýeterlik depginde alnyp barylmaýandygyny aýtmak bilen, gurluşyklaryň möhletinden yza galmagynyň sebäplerini seljermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz M.Annadurdyýewe ýüzlenip, ýurdumyzyň banklarynyň işlerine köp nägilelik bildirilýändigini aýtdy. Karz edaralarynyň esasy wezipesiniň milli manadyň hümmetini durnukly saklamak bolup durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu wezipäniň ýaramaz ýerine ýetirilýändigine ünsi çekdi.
Häzirki döwürde bank ulgamynyň esaslyk maýasynyň derejesi, umuman, o diýen ýokary däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Bu çäre bank ulgamynyň durnukly, sazlaşykly we ygtybarly bolmagyny üpjün eder. Banklaryň bäsleşige ukyplylygyny güýçlendirmäge, hyzmatlar bazarlaryny ösdürmäge we müşderileriň ynamyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şeýle hem ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen, şol sanda karz işini işjeňleşdirmegiň hasabyna netijeli özara hyzmatdaşlyk etmäge itergi berer.
Bank ulgamynda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary ýeterlik derejede ösdürilmeýär we ulanylmaýar. Bu bolsa, umuman, banklaryň işine ýaramaz täsir edýär. Hususan-da, ýokary hilli bank hyzmatlarynyň we önümleriniň giň toplumynyň berilmegine, maglumat üpjünçiligine, girdeji almaga ýaramaz täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy bank maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen bagly işleri hem çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Merkezi bankyň ýolbaşçysyna kesgitlenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek tabşyryldy.
Milli Liderimiz wise-premýer G.Müşşikowa hem-de banklaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini gowulandyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk wezipeleri kesgitledi. Ozaly bilen, daşary ýurt karzlaryna hemişe gözegçilik amala aşyrylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda töwekgelçilikler boýunça wagtynda zerur işleriň geçirilmelidigine ünsi çekip, daşary ýurt karz serişdeleriniň bellenen möhletlerde gaýtarylmagy üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy üçin daşary ýurt maýa goýumlary, şol sanda karz serişdeleri çekilende tehniki-ykdysady esaslandyrma düýpli seljerilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Gyzyklanýan tarap — buýrujy we karz alyjy bilen bilelikde halkara tejribä laýyklykda, taslamalaryň özüni ödeýşiniň möhletleri, taýýar önümleri ýerlemegiň bazarlary seljerilmelidir.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, daşary ýurt karzlary çekilende, mümkin bolan derejede pes göterim möçberlerini we ýurdumyz üçin bähbitli şertleri gazanmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz banklaryň ýolbaşçylarynyň işiniň netijelerine birinji çärýegiň jemleri boýunça baha beriljekdigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, bellenilişi ýaly, biz diňe oňyn makroykdysady ösüşi saklap galman, eýsem, ony berkitmelidiris diýip belledi. Puluň hümmetsizlenmegini bellenen derejede, milli manadymyzyň hümmetini durnukly derejede saklamalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, bazar ykdysadyýetine geçmegiň depginini güýçlendirmek wajypdyr. Döwlet diňe ýurduň howpsuzlygyny we goranmak ukybyny üpjün etmek üçin häkimiýet ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaga zerur bolan emlägi dolandyrmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz diňe diwersifikasiýa ýoly bilen, hemmetaraplaýyn ösen ykdysadyýetiň uzak geljekde hem durnukly boljakdygyny belläp, öz möwritini geçirip barýan we geçiren, bäsleşige ukyply däl önümçilikleri aradan aýyrmagy, innowasiýalary, täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga niýetlenen ykdysady gurşawy döretmegi, döwletimizi senagat taýdan ösen ýurda öwürmek üçin alnyp barylýan işleriň depginini düýpli güýçlendirmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şonuň netijesinde, bütindünýä bazarynda ýurdumyzyň mynasyp orny eýelemegini gazanmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanymyz maliýe we bank-karz ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmegiň ýollary barada hem durup geçip, karz serişdeleriniň elýeterli bolmagyny üpjün etmegiň we maliýe hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu bolsa diňe bir ykdysadyýet üçin däl, eýsem, raýatlar üçinem şeýle bolmalydyr. Bu ugurda, ilkinji nobatda, gozgalmaýan emläk üçin, bilim we sarp ediş karzlary göz öňünde tutulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz ähli ýolbaşçylardan daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberini artdyrmak ugrunda tutanýerli işlemegi, beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň ýollaryny gözlemegi talap edip, olardan bu mesele boýunça anyk tekliplere garaşýandygyny we bu ugurda islendik tekliplere seretmäge taýýardygyny belledi.
Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin gysga wagtyň içinde çözmeli wezipeleriň diňe bir bölegini belläp geçdik diýip nygtady. Elbetde, olary ýerine ýetirmek aňsat bolmaz.
Gynansak-da, durmuşymyzyň dürli ugurlarynda heniz köp sanly meseleler we kemçilikler bar. Bu meseleler hemmelere mälimdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we ýurdumyzyň ösüşine zyýan berýän päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin başy başlanan özgertmeleri gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Bu ugurda şu ýyl ähli ýolbaşçylar jan aýaman, tutanýerli we yhlas bilen işlemelidir. Biziň öňümizde ýene-de köp sanly kynçylyklaryň bolmagy mümkin. Biz bu kynçylyklary ýeňip geçmäge taýýar bolmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
“Ýöne, kynçylyklara garamazdan, bellän özgertmeler ýolumyz bilen gyşarnyksyz öňe gideris. Öňe we diňe öňe gideris. Munuň üçin bizde ähli mümkinçilikler bar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz çykyşyny jemläp, esasy zady — häzirki döwürde ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen, hil taýdan ýokary derejede ösdürmegi we belende galdyrmagy üpjün etmäge ukyply, ýaş ýolbaşçylaryň hem-de täze döwlet maksatnamalarynyň zerurdygyny aýratyn belledi. Ýurdumyzy ösdürmegiň täze maksatnamalary jemi içerki önümi düýpli artdyrmak ýaly wezipeleri çözmäge mümkinçilik berer, ahyrky netijede bolsa, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga şert döreder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz Watanymyzy ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Täze habarlar