Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19.02.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu aýda ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda düýpli seljermeleriň esasynda jikme-jik seredilip, pudaklary ösdürmek we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. 

Meýilnamada ähli toplumlar boýunça tabşyryklar jemlenilip, ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşini üpjün etmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek, pudaklary özgertmek hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny doly ulanmak, işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmek, ähli ugurlarda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. 

Şeýle hem pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny yzygiderli seljermek hem-de iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, durmuş ulgamynyň ösüşine uly üns bermek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça çäreler meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak barada teklipler taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde zerur işler geçirilip, şolaryň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 33-sini hususylaşdyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, düýpli özgertmeler esasynda milli ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şunda bazar gatnaşyklaryna geçmek we sanlylaşdyrmak, netijeli, häzirkizaman talaplaryna kybap gelýän guramaçylyk hem-de dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak esasy ugurlaryň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi hem-de Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda işleriň we çäreleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak baradaky meselä geçip, bu işi çaltlandyrmagyň hem-de degişli usullary has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Munuň özi hususy ulgamyň mümkinçiliklerini önümçilik we hyzmatlar ulgamynda durmuşa geçirmäge ýardam eder. Umuman, bu işler milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga hyzmat eder.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany yzygiderli amala aşyrmagyň ähmiýetini belläp, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň merkezi edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, ony döwrüň talabyna laýyk getirmek baradaky wezipelere ünsi çekdi. Pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki binýadynyň berkidilmegi Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge, onuň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine saldamly goşant goşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş ulgamy, sanly görnüşdäki guýularyň we känleriň, sanly düýpli gurluşyklaryň taslamalary bilen birlikde, nebitgaz pudagynda döwrebap IT-tehnologiýalaryň ulanylmagynyň döredýän geljegi barada aýtdy. 

Nebitgaz toplumyny innowasion taýdan ösdürmek boýunça teklipleriň işlenilip taýýarlanylmagy we olaryň durmuşa geçirilmegi pudakda döredilýän täze düzümleriň işleriniň esasy ugurlary bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak we ýuwuş suwuny tutmak hem-de pagta öndürijiler üçin zerur bolan gowaça tohumlaryny taýýar etmek işleriniň dowam etdirilýändigi bellenildi. 

Gallaçylar bugdaýa ideg etmek işlerini alyp barýarlar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär. 

Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Alymlar we tejribeli hünärmenler oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny ýola goýmak boýunça önüm öndürijilere degişli maslahatlary berýärler. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň howdanlarynyň ýagdaýyny seljermegiň, ähli derýalary we akabalary barlamagyň, eger zerur bolsa, olarda arassalaýyş we çuňaldyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi we degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada aýdyp, ýazky ekişe tehnikalaryň taýýarlygyny ýene-de bir gezek içgin gözden geçirmegi tabşyrdy. Bu möhüm möwsümi gysga möhletlerde geçirmek hem-de bugdaýlara ýokary hilli ideg edilmegini üpjün etmek zerurdyr. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýerli çig malyň esasynda içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly, daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan harytlaryň çykarylyşyny artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. 

Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzyň sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän senagat we gurluşyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülişi barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli senagat we gurluşyk ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmegiň, pudaklaýyn kärhanalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň zerurdygyny belledi. 

Sarp edijileriň isleglerini yzygiderli öwrenmek hem-de şonuň esasynda ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini giňeltmek we möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmek möhümdir. Häzirki zaman marketinginiň gurallaryndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzda öndürilýän harytlary daşarky bazarlarda işjeň ilerletmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de programma üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer sanly ulgama geçmek boýunça giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny, şol sanda maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, ilata ýokary hilli hyzmat etmek üçin häzirki zaman tehnikalarynyň hem-de enjamlarynyň satyn alynýandygyny aýtdy. 

Häzirki wagtda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderileriniň sany gün-günden köpelýär. Sanly tehnologiýalar arkaly müşderilere dürli hyzmatlar, şol sanda töleg hyzmatlary hem-de beýlekiler hödürlenilýär. 

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň awtomatlaşdyrylan hasaplaşyk (billing) ulgamyny giňeltmek we kämilleşdirmek boýunça halkara bäsleşigi yglan edilip, ýeňiji kesgilenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ileri tutulýan maksatnamalaryň biridir. 

Ýurdumyz ähli ulgamlara, şol sanda telekommunikasiýalar hem-de ýokary tizlikli maglumatlar tehnologiýalary ulgamlaryna täzeçil tehnologiýalary çekýär. Döwrebap işläp taýýarlamalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Döwlet edaralarynyň hem-de ähli pudaklaryň işine intellektual ulgamlar ornaşdyrylýar. Munuň özi önümçiligiň guralyşyny we dolandyrylyşyny düýpli özgerdýär. 

Milli Liderimiz bu babatda daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini, şol sanda sanly ulgamlary dolandyrmak we goramak babatdaky tejribesini öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, elektron maglumatlary ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we programma üpjünçiligini täzelemek meselesi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine ýerlemäge degişli kararyň taslamasy barada hasabat berdi. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda 2021-nji ýylda gaýtadan işlemek üçin 145 557,5 tonna pagta süýümini, 8500 tonna ýüpek pagta süýümini, 200 tonna gysga süýümi hem-de 200 tonna pagta übtügini satyn almagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde dokma senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginde ösdürilmegi netijesinde, diňe bir Diýarymyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny nygtady. 

Ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmagy bilen baglylykda, dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň okgunly ösüşiniň aýdyň mysalyna öwrüldi. Pudagyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri giňeldilýär, şol önümler daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlary bilen üstünlikli bäsdeşlik edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Milli Liderimiz daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň dokma kärhanalary tarapyndan satyn alynýandygyny hem-de gaýtadan işlenilýändigini aýdyp, pudaklaýyn desgalaryň öz wagtynda gurulmagynyň hem-de ulanylmaga berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky ýyllyk kuwwaty 3650 tonna nah ýüplüge barabar bolan dokma toplumy hem-de Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky ýyllyk kuwwaty 3300 tonna inçe süýümli ýüplüge barabar bolan dokma toplumy bar. Bu kärhanalaryň açylmagy bilen täze iş orunlarynyň 2450-si dörediler. 

Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, haryt bolçulygyny döretmek hem-de içerki bazary zerur bolan dokma önümlerinden üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta süýüminiň dürli görnüşlerini ýerlemek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çärelere we dabaralara hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli döredijilik çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. 

Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň ençemesi meýilleşdirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk çäreleriniň ählisiniň, aýratyn hem şanly seneler mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Şol dabaralaryň her biri çuň many-mazmuna eýe bolmalydyr, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän, umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasatyň mazmunyny beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz medeni diplomatiýanyň wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan, dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen dostluk gatnaşyklaryny hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy mirasyny tutuş dünýäde giňden wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýän halkara çärelere gatnaşmagyna üns bermegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow “Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Diýarymyzyň welosiped sportunyň üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän hem-de türkmenistanlylaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň gatnaşmagyny gazanmaga, türkmen sportunyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, Olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijesidir.

Şol üstünlikleriň hatarynda giň gerimli welosipedli ýöriş çäreleriniň guralmagy, 2018-nji ýylda geçirilen welosiped sürmek boýunça iň köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişiň geçirilimegi bilen onuň täze dünýä rekordy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi bar. Şu ýyl ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi hem Türkmenistanyň kuwwatly sport döwleti hökmünde ykrar edilýändiginiň tassyklanmasydyr. 

Bu ugurda milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen, 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmeginiň hem-de bu senäni ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda “Welosiped” binasynyň açylmagynyň uly ähmiýeti bardyr. Munuň özi Türkmenistanyň Olimpiýa taglymatyna ygrarlydygyny görkezýän işlerdir. 

Türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzda we dünýäde türkmen welosiped sportunyň abraýyny artdyrmak üçin şertleri döretmek maksady bilen ýakyn bäş ýyl üçin welosiped sportuny ösdürmegiň maksatnamasy köp ugurly işleri özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de sportda ýokary gazanylanlary has-da ösdürmek, şol sanda şu ýyl Aşgabatda trekde welosiped ýaryşlary boýunça dünýä çempionaty bilen birlikde, iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeleriň çözülmegine ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport birleşdiriji, ruhlandyryjy güýç hökmünde döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Bu bolsa “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän ýylda aýratyn wajypdyr.

Sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň birine öwrüldi, şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen maksatnamanyň taslamasy boýunça birnäçe öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny berip, ony döwrüň talabyna laýyk derejede täzeden taýýarlamagyň möhümdigini belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimizden miras galan “At almankaň, eýer al” diýen parasatly nakyly mysal getirip, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek, welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, adamlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän punktlaryny açmak hem-de seýilgähiň içinde welosiped ýodalaryny çekmek boýunça işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz mundan beýläk ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar gurlanda şu talaplaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, munuň ilatyň giň gatlaklaryny sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde welosiped sportunyň uly ähmiýetiniň boljakdygyny nygtady.

Welosiped ulagyň iň elýeterli, esasy bolsa ekologiýa taýdan örän arassa, peýdaly we sagdynlygy üpjün edýän görnüşidir. Hormatly Prezidentimiz welosiped sportunyň ösdürilmegini daşky gurşawy goramaga hem-de halkymyzyň saglygyny üpjün etmäge biziň goşýan goşandymyzdygyny nygtady hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň BMG-niň durmuş ugurly käbir ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. 

Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarydyr. Häzir Türkmenistan BMG-niň düzümleriniň 11-siniň agzasy bolup durýar. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň edaralary, şeýle hem BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, Halkara migrasiýa guramasynyň wekilhanalary ýerleşýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermegi bilen, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli esasda, “Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky durnukly ösüş babatda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek maksady bilen, BMG-niň agentlikleri bilen bilelikde durmuş-ykdysady ulgam, ulag we kommunikasiýalar, lukmançylyk, daşky gurşawy goramak ugurlarynda degişli işler geçirilip, taslamalar amala aşyrylýar. 

Köpugurly hyzmatdaşlygy dowam etmek bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklar boýunça taslama hödürlenildi, ony BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirligi (UNOPS) bilen bilelikde durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Taslamany amala aşyrmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNOPS-yň Ýerine ýetiriji direktory türkmen tarapyna ýurdumyzda UNOPS-yň wekilhanasyny açmak teklibi bilen ýüz tutdy. 

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanda öndürilen önümleri ibermek baradaky teklibi hödürledi. 

Şunda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ýaly ugurlarynda üstünlikli ösýän türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň strategik häsiýeti aýratyn nygtaldy. Iki goňşy döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyky dostlukly, ynamly hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. 

Şunuň bilen baglylykda, RF-niň Astrahan welaýatyna ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermek barada degişli teklipler taýýarlanyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda öndürilen harytlary Türkmenbaşy-Astrahan ugry boýunça Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämisi bilen ugratmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, “açyk gapylar” hem-de giň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, abraýly halkara guramalary bilen umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz BMG bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça Milletler bileleşiginiň tagallalaryny jebisleşdirmäge ýardam edýän anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň biriniň—Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň wekilhanasyny açmak hakynda türkmen tarapynyň hödürlän taslamasyny we teklibini makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-russiýa gatnaşyklary baradaky meselä geçip, iki ýurduň halklaryny taryhy taýdan kemala gelen, hoşniýetli erk-isleg, özara ynanyşmak we doganlyk goldawy ýörelgelerine esaslanýan, däbe öwrülen gatnaşyklaryň birleşdirýändigini belledi. Russiýanyň sebitleri we welaýatlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek häzirki döwürde täze mazmuna eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýaty—Hazar deňzi boýunça Türkmenistanyň ýakyn goňşusy bolup, bu sebit bilen dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz RF-niň bu sebitine ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermek hakynda teklibi makullap hem-de bu wakanyň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetiniň nobatdaky nyşanyna öwrüljekdigini aýdyp, degişli Buýruga gol çekdi hem-de ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi we resminamada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde degişli tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. 

Mejlis döwlet Baştutanymyzyň 12-nji fewralda geçiren Hökümetiň giňişleýin mejlisinde deputatlaryň öňünde goýan wezipelerinden ugur almak bilen, Garaşsyz, Bitarap döwletimizi, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça işleri alyp barýar. 

Häzirki wagtda birnäçe kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Iki palataly ulgamyň döredilmegi bilen baglanyşykly degişli resminamalar taýýarlanyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň çäklerinde, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar bilen bilelikde degişli işler meýilnama esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher halk maslahatlarynyň mejlisleri geçirilýär.

Ýurdumyzyň Mejlisi BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we beýleki halkara guramalary bilen yzygiderli gatnaşyklary saklap, olaryň geçirýän çärelerine gatnaşýar. 

Şeýle hem Milli parlamentiň ýolbaşçysy durmuş syýasatyny amala aşyrmak, hususan-da, köp çagaly maşgalalary, eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goldamak babatda geçirilýän işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli 8 we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlary “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlemek bilen baglanyşykly işleriň geçirilendigi habar berildi. 

Deputatlar ýerlerde saýlawçylary bilen duşuşyklary yzygiderli geçirip, “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny halkymyzyň arasynda giňden wagyz edýärler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dürli çärelere, maslahatlara gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmäge, türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek baradaky meselä geçmek bilen, türkmen jemgyýetiniň demokratik sütünlerini berkitmekde olaryň ähmiýetini belledi hem-de bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň açyklygyny we aýdyňlygyny üpjün etmegiň, halkara hukugynyň esasy kadalaryna kybap gelmeginiň möhümdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz köp çagaly eneleri sylaglamak barada aýdyp, bu çäräni tutuş ýurdumyz boýunça dabaraly ýagdaýda, şol wakanyň ähmiýetine kybap derejede guramagyň zerurdygyny nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň güýzünde Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän Çoganly obasynda Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumy açyldy. Bu topluma Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Häzir bu ýerde ýokary amatlykly kottej jaýlaryň ýene-de 40-synyň gurluşygy alnyp barylýar. 

Şeýle hem paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda we Ahal welaýatynyň Änew şäherinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek hakynda hemmetaraplaýyn alada etjekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz durmuş düzüminiň desgalarynyň toplumlaýyn gurulmagynyň wajypdygyny belledi hem-de anyk tabşyryklary berdi. 

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny üstünlikli amala aşyrmak bilen biz degişli ugurda işleri dowam ederis diýip, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna degişli tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan gök-bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhananyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Şol maksatnamalaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikler döredilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 8 gektar meýdanda döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän döwrebap ýyladyşhanany ulanmaga bermäge taýýardygy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň durmuş-ykdysady syýasatyň möhüm ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Obasenagat pudagyny we azyk senagatyny depginli ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň, Diýarymyzyň haryt öndürijilerine döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi netijesinde, bu ulgamda örän uly üstünlikler gazanyldy. 

Ýurdumyzyň her bir welaýatynda iri ýyladyşhana toplumlary guruldy we gurulýar. Şolarda öňdebaryjy tejribä esaslanylýar, häzirki zaman tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. 

Döwlet Baştutanymyz şanly seneler mynasybetli gurulýan desgalara ünsi çekip, binagärlik taslamalarynyň işlenilip düzülmegine ylmy çemeleşmäniň hem-de olaryň maýa goýum taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi we alnyp barylýan gurluşyklardaky işleriň barşyna hem-de hiline gözegçiligi ýola goýmagy, olaryň bellenen möhletinde tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. 

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” we “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen döşe dakylýan nyşanlaryň hem-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medalynyň görnüşleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýäde milli taryhy-medeni mirasymyzy goramagyň hem-de wagyz etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu ugurda türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu täsin tohum itleriniň sanyny artdyrmak alnyp barylýan işleriň möhüm ugruna öwrüldi. 

Hormatly Prezidentimiz döşe dakylýan nyşanlaryň we medalyň hödürlenen görnüşleri bilen tanyşdy we olary makullady. Munuň özi ata-babalarymyz tarapyndan ýola goýlan gadymy itşynaslyk däplerine hormat goýulýandygynyň beýanydyr, bu bolsa alabaýlaryň tohumyny has-da kämilleşdirmek boýunça häzirki döwürde görülýän çärelerde mynasyp dowam etdirilýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   08.01.2021  /   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Pudaklary ösdürmegiň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy milli kanunçylygy mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, telekeçiligi goldamak we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlenilýändigi bellenildi.

Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaga uly üns berýärler.

Ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen birlikde, Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesine bellenilen saýlawlaryna taýýarlyk işlerine badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, iş meýilnamasy tassyklanylyp, oňa laýyklykda, Merkezi saýlaw topary welaýat saýlaw toparlary, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, saýlawlary guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk işlerini alyp barýar.

Mejlisiň deputatlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşyny döretmek hakynda çözgütleriniň ähmiýetini hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti öňde duran wezipeleri dogrusynda ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimizi ösdürmekde milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryny nazara alyp, mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň örän möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz Mejlisiň mähriban halkymyzyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen işleri kanunçylyk taýdan goldamalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň öňde boljak saýlawlarynyň ýokary guramaçylygynyň möhümdigi barada aýdyp, deputatlaryň ýerlerde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barmagynyň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz saýlaw möwsüminiň türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini, Diýarymyzyň ösüşiň demokratik ýoluna ygrarlydygyny görkezmelidigini aýdyp, bu wajyp meselä Mejlisiň Başlygynyň hem-de häkimleriň ünsüni çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ýakyn goňşy döwletler bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Owganystan Yslam Respublikasy şol ýurtlaryň biri bolup, Türkmenistan onuň bilen hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly gatnaşyklary saklaýar.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda döwletimiz OYR-nyň ykdysadyýetini ösdürmek hem-de durmuş ulgamyny dikeltmek üçin giň möçberli we uzak möhletleýin işleri amala aşyrýar.

Munuň subutnamasy hökmünde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli geçirijilerini gurmak, Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik toguny ibermek, Türkmenistandan owgan tarapyna demir ýol gurmak, bu goňşy döwlete yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini bermek, goňşy ýurduň halkyna bilim, saglygy goraýyş babatynda ýardam etmek ýaly anyk işleri görkezmek bolar diýip, wise-premýer belledi.

Hasabatyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy esasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 8-9-njy ýanwary aralygynda Owganystanyň Kabul şäherine gulluk iş saparyny amala aşyrmaga taýýarlyk görýändigi habar berildi. Bu saparyň dowamynda Howpsuzlyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-owgan iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisiniň hem-de iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem Owganystanyň ýolbaşçylary we degişli döwlet edaralarynyň resmi wekilleri bilen gepleşikleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.

Şol duşuşyklaryň dowamynda geljek hepdede meýilleşdirilen çäreler bilen bagly meselelere serediler. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasyna meýilleşdirilýän saparyň çäklerinde owgan tarapy bilen bilelikde gol çekişmek üçin birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarly ýurt hökmünde döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda guraýandygyny belledi. Köptaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek şol resminamada esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Milli Liderimiz dünýäniň ýurtlary hem-de abraýly halkara düzümleri, şol sanda goňşy ýurt Owganystan bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen bu işleriň daşary syýasatda we häzirki döwrüň ýagdaýlarynda Türkmenistanyň strategik meýilnamalarynyň nazara alnyp amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, OYR bilen ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmekde alnyp barylýan işleriň hatarynda bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine Türkmenistanyň geljekde-de uly üns berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana meýilleşdirilen iş sapary barada aýdyp, onuň dowamynda geçiriljek duşuşyklarda garaljak meseleleriň iki ýurt üçin hem örän möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň wekiliýetini OYR-na gulluk iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi hem-de bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda belleniljek milli baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanan medeni çäreleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu resminama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni ulgamyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda beren tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanyldy. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk işlerine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şanly senäniň — Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň taryhy ähmiýetini belledi. Ýurdumyz özygtyýarly ösüşiniň döwründe durmuşyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleri gazandy.

Milli Liderimiz şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen medeni çäreler bilen bagly meseleler barada durup geçmek bilen, berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini hem-de ýeten belent sepgitlerini wagyz etmek işinde munuň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ähli çärelerde türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurynyň hem-de döredijilik kuwwatynyň öz beýanyny tapmagy üçin olary ýokary derejede geçirmek barada wise-premýerlere hem-de häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýan halkara çärelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Olar dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary we köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýä ýaýmaga ýardam edýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Owganystanyň çäklerinde Akina — Andhoý demir ýoluny hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag, aragatnaşyk we elektrik energetika ulgamynda iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda beren tabşyrygyna laýyklykda, birnäçe desgalary ulanmaga tabşyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň ählisi öz wagtynda tamamlandy.

Şol işleriň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol şahasy, kuwwaty 500 kW, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan Kerki (Türkmenistan) — Andhoý (Owganystan) elektrik aragatnaşyk hem-de halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary hem-de Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleriň ugry bar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Lebap welaýatynda meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gadymy köklere eýe bolan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň hemişe hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak esasynda guralýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen däp bolan gatnaşyklara hemişe üns berip, onuň gaýtadan dikeldilmegine ählitaraplaýyn goldaw bermek bilen goňşy döwletdäki ýagdaýlaryň diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly düzgünleşdirilmegi ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.

Ýurdumyz dostluk, parahatçylyk söýüjilik hem-de özara kömek bermek ýörelgelerine yzygiderli eýerip, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümleriniň ösdürilmegine uly goşant goşmak arkaly, doganlyk owgan halkyna döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmakda anyk kömek edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Owganystandaky syýasy durnuklylygyň, onuň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň, sebit we dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly strategik ulgamlarda owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmeginden ybaratdyr.

Elektroenergetika pudagynda hem hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Türkmenistan Owganystana elektrik energiýanyň iberilmegini yzygiderli artdyrýar. Owganystanyň çäklerinde açylmagy meýilleşdirilen Akina — Andhoý demir ýolunyň, elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň niýetlenen wezipelerinden başga-da, Aziýa sebitiniň şu böleginde goşulyşmak işleriniň güýçlendirilmegine ýardam etjekdigi bellärliklidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, sebitde demir ýol hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleri bilen birlikde, giň gerimli ulag-üstaşyr düzümlerini döretmek taslamasyna Owganystanyň goşulmagynyň hem möhümdigini belledi.

“Lapis Lazuli” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ulag geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklar maksadalaýyk amala aşyrylýar. Bu taslamalaryň ählisi anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň oňyn, uzak möhletleýin häsiýetlidiginiň subutnamasydyr.

Häzir täzeden dikeldilýän Owganystan öz oba hojalyk önümlerini ýerlemegiň goşmaça bazarlaryny hem-de üstaşyr-söwda ugurlaryny gözleýär. Şeýlelikde, Akina — Andhoý demir ýol şahasy goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek, onuň kiçi we orta işewürligini işjeňleşdirmek, owgan önümleriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagy üçin täze mümkinçilikleri açar.

Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygynyň türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barlandygyny hem-de şunda biziň işgärlerimiziň we maddy serişdelerimiziň ulanylandygyny aýratyn bellemek gerek diýip, milli Liderimiz nygtady.

Biz mundan beýläk-de goňşy doganlyk Owganystana hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bereris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de wise-premýere meýilleşdirilen desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hem-de ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy we Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Malaý» gaz käninde gurlan kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desgany ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň energetika syýasatyny, nebitgaz toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň dünýäniň energoulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyna gönükdirilendigini belledi.

Tebigy gazyň dünýä bazarlaryna eksportyny artdyrmak şol strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, olar döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak babatda ählumumy wezipeleri çözmek nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere «Malaý» gaz käninde gurlan gaz gysyjy desgany ulanmaga bermek mynasybetli geçiriljek dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer ýakyn wagtda ulanylmaga beriljek Lebap welaýatynyň Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli güýjenmesi 500 kW bolan täze elektrik geçiriji ulgam barada habar berdi. Munuň özi Türkmenistandan goňşy Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Wise-premýer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, ýurdumyzda şu ýyl açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň sanawy barada maglumat berdi.

Şol desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak maksady bilen, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat pudagara topary welaýatlarda iş saparynda boldy.

Desgalaryň buýrujylary we potratçylary bilen bilelikde iş meýilnamalaryna hem-de gurluşyk işlerini bellenilen möhletlerde we ýokary hil derejesinde tamamlamak üçin zerur serişdeleri we enjamlary daşary ýurtlardan getirmegiň möhletlerine seredildi.

Geçirilen seljerme işleriniň netijeleri boýunça ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda şu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän iri önümçilik we durmuş maksatly binalary hem-de desgalary kesgitlemek boýunça maslahat geçirildi. Seçilip alnan desgalaryň sanawy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maglumaty diňläp, senagat we durmuş-medeni maksatly täze desgalary ulanmaga bermegiň aýratyn möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz iri desgalaryň Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp özgertmeleriniň ýolunda ynamly gadamlarynyň nyşanlarydygyny belläp, degişli ýolbaşçylara gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň barşyna we hiline gözegçiligiň güýçlendirilmelidigine hem-de öz wagtynda tamamlanylmagynyň üpjün edilmegine juda jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkimlere aýratyn berk talap bildirdi.

Soňra Hökümetiň mejlisine göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew çagyryldy. Ol milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň wekillerine ynanylan taslamalar barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygyny hem-de goşýan goşandyny belläp, bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmaga degişli bolan hususy telekeçilere ynanylan desgalardaky işleriň ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň dokma senagaty ministri R.Rejebow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýolbaşçylyk edýän ministrliginde işleriň ýagdaýy hem-de beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky, hususan-da, Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda bina edilýän döwrebap dokma toplumlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Diýarymyzyň dokma senagatynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga hem-de möhüm durmuş meseleleriniň çözülmegine, hususan-da, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etjek ýeňil senagatyň gurulýan iri kärhanalarynyň örän wajypdygyny belläp, gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işleriň barşyna, möhletine we hiline degişli gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli edaralar, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimlikleri bilen bilelikde, döwlet eýeçiligindäki kärhanalar barada seljerme geçirilendigi hem-de hususylaşdyrylmaga degişli desgalaryň sanawynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi.

Geçirilen işleriň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bellenilen tertipde garalan degişli sanaw hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanan hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegini göz öňünde tutýan durmuş ugurly ykdysady ulgamyň depginli ösüşiniň gazanylandygyny belledi.

Bu ulgamda düýpli özgertmeleri giňeltmek maksady bilen, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň binýadynda desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri geçirilýär.

Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň paýynyň artmagyna ýardam berýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň hödürlän teklibini we degişli sanawyny makullap, bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Dokma senagaty ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylda pagta süýümini satyn almak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan dokma toplumlaryny hem hasaba almak bilen, jemi 145,5 müň tonnadan gowrak nah pagta süýüminiň, 8 500 tonna ýüpek pagta süýüminiň, 200 tonna gysga süýümiň hem-de 200 tonna pagta übtüginiň zerurdygyny belledi.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bellenilen bahalardan senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta önümleriniň üpjünçiligi Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli möçberinden, şeýle hem döwlet ätiýaçlyk gorundan amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat ulgamynyň esasy pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň öňünde çykarylýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, täze, ýokary tehnologiýaly toplumlary kemala getirmek, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmagyň hasabyna bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň durandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça maksatnamalaryň wajypdygyny nygtap, önümleriň hil we ekologiýa babatda ähli görkezijilere kybap gelmelidigini aýtdy.

Munuň üçin dokma kärhanalaryny öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de bu babatda ilkinji nobatdaky wezipeleri takyk ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi, şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

2013-nji ýylyň awgustynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere giň ýol açdy.

Ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň we borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak, ýaş türkmenistanlylaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan döwrebap özgertmelere hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalaryna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini has-da ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini döretmek işlenip taýýarlanylan Maksatnamanyň esasy maksatlary bolup durýar. Maksatnamanyň çäklerinde geçiriljek çäreler öz halkynyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil şahsyýeti kemala getirmäge gönükdiriler.

Ýaşlar syýasatynyň çäklerinde döwletimiziň ýaş nesliň beden we ruhy taýdan ösmegi, kämilleşmegi üçin ähli şertleri döretjekdigi, ýaşlaryň tehnologik ösüşlerden oňat baş çykarmagy üçin olara döwrebap hünärleri ele almaga, kompýuter we maglumat ulgamyny, sanly innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak hem-de hukuk we durmuş goraglylygy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Iri jemgyýetçilik guramasynyň Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň geljek bäş ýyl üçin Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandygy nygtaldy. Bu resminama geçirilýän işlerde ugur görkeziji bolup hyzmat eder.

“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda möhüm wezipeleriň toplumy göz öňünde tutulýar. Bu wezipeler ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlyga bolan höwesini artdyrmak ýaly wezipelerden ybaratdyr.

Resminamalaryň taslamalarynda ýaş telekeçileriň kemala gelmegine ýakyndan ýardam bermek, ýaşlar babatdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda beýleki döwletleriň tejribesini öwrenmek, obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek we ýaş maşgalalary goldamak ýaly wezipeler möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, onuň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň, şeýle hem şahsy kämilliginiň doly açylmagy üçin amatly gurşawy döretmegiň aýratyn möhümdigini belledi.

Döwlet ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmaga gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şonuň üçin bu işe jemgyýetçilik guramalary hem-de degişli döwlet edaralary işjeň goşulmalydyr.

Watançylyk hem-de Watana bolan söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny hem-de döwlet syýasatynyň häzirki ugurlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň many-mazmunyny ýaşlaryň aňyna ýetirmek we düşündirmek bilen bagly işlere uly üns bermelidir. Diňe umumadamzat we milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryna çuňňur sarpa goýýan, täze bilimlere ymtylýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bilen, biz geljegimize ynamly seredip bileris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaş raýatlaryna geljekde hem hemmetaraplaýyn goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, beden we ruhy taýdan ösmegi, höwes bildirýän hünärini seçip almagy üçin mümkinçilikleri döretmegiň, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň hem-de olaryň alan bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylym we döredijilik ulgamlarynda ulanmagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem bu ulgamda özara tejribe alyşmak hem-de täze bilelikdäki maksatnamalar işläp taýýarlamak üçin halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň wajypdygyny nygtap, ýaşlary terbiýelemekde şu ýörelgelerden giňden peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň ähmiýeti barada aýdyp, bu işiň ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ruhubelentlik, bilesigelijilik hem-de bilimlere ymtylmak ýaly häsiýetleri kemala getirmäge gönükdirilendigini, munuň ylmyň we bilimiň adamzadyň ösüşiniň esasyny düzüp, islendik döwletiň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýändigini nygtady.

Şu maksat bilen ýurdumyzda döwrebap okuw-tehniki enjamlar, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen täze ýokary we orta okuw mekdepleri, çagalar baglary, sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar. Bu bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga hem-de onuň hilini dünýä derejesine ýetirmäge, ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda geçiriljek ähli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmalydygyny aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maksatnamany makullap, degişli Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi, şeýle hem ony amala aşyrmak boýunça degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de ýaz ekişine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şu günler güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça ähli zerur agrotehniki çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki ideg çärelerini ak ekinleriň ösüş ýagdaýyna laýyklykda geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şu ýylda ýurdumyzda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu ekinleriň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, welaýatlarda ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki möhlete laýyklykda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu ugurda sebitleriň ekerançylyk meýdanlaryny möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär.

Häzirki wagtda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda hem-de daýhan birleşiklerinde ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle-de ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin şu günler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek hem-de tohumlyk çigitleri taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, sürüm ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, olary suw bilen üpjün etmek meselelerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň azyk ulgamyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň, ilatyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümlerine islegini doly kanagatlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, sebitlerde ýörite döredilen ýer gaznalaryndan kärendeçilere bölünip berlen ýerleriň netijeli özleşdirilmegine aýratyn üns bermek hem-de ekerançylyga agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak we ýyladyşhana ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wise-premýere hem-de häkimlere birnäçe degişli görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

 18.02.2021

Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan mejlise Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan “açyk gapylar” syýasatanyň oňyn häsiýetini bellediler. Bu syýasat şeýle hem Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda söwda gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilýändigini şertlendirýär.

Gepleşikleriň dowamynda «JCB Sales Limited» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi, bu kompaniýa Türkmenistan üçin ýörite tehnikalary we enjamlary ibermäge gyzyklanma bildirýär.

Şeýle hem maýa goýumlary çekmek hem-de bilelikdäki taslamalaryň beýleki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

***

DIM-de wideomaslahat görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-gazak geňeşmeleri geçirildi, oňa Gazagystan Respublikasyndan Premýer-ministriniň orunbasary, dostlukly ýurduň daşary işler ministri M.Tleuberdi gatnaşdy.

Taraplar halkara we sebit düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň, GDA-nyň YHG-niň hem-de beýleki guramalaryň çäklerinde iki ýurduň toplan oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini bellediler. Türkmenistanyň we Gazagystanyň halkara meselelerine ýakyn garaýyşlary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem bilelikdäki işi dowam etmäge özara taýýarlyk beýan edildi.

Hazar meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygy, şol sanda port düzümlerini herekete getirmek babatynda ulag-üstaşyr ulgamda gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alşyldy. Şu ýyl Türkmenistan Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini geçirmäge taýýarlyk görýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar sammitiň gün tertibini işjeňleşdirmek maksady bilen birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Şeýle hem ekologiýa ulgamynda, şol sanda Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlyk boýunça pikir alşyldy. Taraplar Merkezi Aziýa we goňşy sebitleriň ähmiýetli mümkinçilikleriniň açylmagy üçin bilelikdäki başlangyçlaryň işlenilip düzülmegine gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Bu ugurda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki özara hereketleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Diplomatlar ýangyç-energetika, ulag-logistika we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine garadylar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş we farmasewtika ugry boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama gol çekildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   06.01.2021 

    Описание: https://turkmenistan.gov.tm/photo/anons/1609958789.jpg

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFС) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edarasynyň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary babatda pikir alyşmalaryň çäklerinde, ykdysadyýetiň hususy ulgamyna, kiçi we orta işewürlige, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek bilen baglylykda, maliýe, maslahat beriş we tehniki taýdan goldaw bermegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Türkmenistanyň Halkara maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berildi. Amerikaly hyzmatdaşlara bu gazna gatnaşmak teklip edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň innowasion ugrunyň, amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurt kompaniýalary we maliýe düzümleri bilen oňyn hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ajaýyp şertleri döredýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ösüş gaznasynyň döredilmegi (С5 Fund) bilen baglanyşykly meselelere giňişleýin garamaga Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy. Munuň özi sebit üçin senagat we ulag düzümlerini, oba hojalygyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

12.02.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Döwlet Baştutanymyz ir bilen “Oguz han” köşkler toplumyndan Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde geçirilen mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. 

Milli Liderimiz ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri, döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişi, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Ykdysadyýetiň düzüminde hususy ulgamyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berildi.

Wise-premýer 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň 5,9 göterim artandygyny belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim artdy, ykdysadyýetiň pudaklarynda durnukly önümçilik görkezijileri gazanyldy. 

2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,8 göterim artdy. 

Geçen aýda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 178,9 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 83,1 göterim ýerine ýetirildi. 

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 10,4 göterim ýokarlandy. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamanyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 105-siniň, 222,9 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. 

Milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany tassyklamak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Karary makullady we oňa gol çekip, wise-premýere şu strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hem-de işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynyň netijeleri boýunça döwlet býujetiniň girdejileri boýunça meýilnama 101 göterim, çykdajylary boýunça –99,9 göterim ýerine ýetirildi. 

Şeýle hem rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 121,4 göterim ýerine ýetirildi. 

2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna, döwlet býujetiniň girdejileri 1,8 esse, çykdajylar bolsa 83,1 göterim ýerine ýetirildi. 

Şu ýylyň ýanwarynda balans toparlarynyň 7 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 6 mejlisi geçirildi, hasabat döwründe döwlet emläginiň 13 desgasy hususylaşdyryldy. 

2021-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe desgalaryň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de 44,7 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. 

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda bellenilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Geçen ýylda senagat pudaklarynda, 2019-njy ýyldaky bilen deňeşdirilende ösüş gazanyldy, suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça 16,7 göterim, çalgy ýaglary boýunça 11,7 göterim, polietilen boýunça 83,5 göterim, demir önümleri boýunça 1,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalar boýunça 45,8 göterim ösüş gazanyldy. 

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gazanylan netijeler barada hasabat berip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebit koksynyň öndürilişi boýunça 58,7 göterim, sement boýunça 28,6 göterim, plastmassadan edilen we aýna süýümli turbalar boýunça 6,8 göterim, şöhlat önümleri boýunça 2,2 göterim ösüş gazanylandygyny aýtdy. 

Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi 6,8 göterim artdy. 

Oba hojalyk toplumynda şu ýylyň ýanwarynda öndürilen gök önümleriň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,9 göterim, etiň öndürilişi 2,6 göterim, süýdüň öndürilişi 3,7 göterim we ýumurtganyň öndürilişi 2 göterim köpeldi. 

Hasabat döwründe ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda hem üstünlikler gazanyldy. 

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, milli statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygynyň çäklerinde geçen ýylda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberlerini artdyrmak we pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy. 

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň bank edaralarynda degişli işler alnyp baryldy. 2021-nji ýylyň 1-nji fewraly ýagdaýyna, ykdysadyýetimiziň hojalyk subýektleriniň maliýe serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen karzlaryň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim artdy. 

Ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk bölegine berlen karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,6 göterim ýokarlandy. Ýeňillikli bank karzlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,1 göterim köpeldi. Şunda 1824 taslama maliýeleşdirildi. 

Oba hojalygynda zähmet çekýän önüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33,5 göterim artdy.

Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ipoteka karzlarynyň berilmegi dowam etdi.

Pul dolanyşygyny kadalaşdyrmak, goýumlary çekmek, elektron düzümi netijeli herekete girizmek boýunça amala aşyrylan işler barada hem hasabat berildi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Geçen ýylda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy –101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy bolsa 101,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmekde 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmekde 104,4 göterim, polipropileniň öndürilişinde 102,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmekde bolsa 116,7 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle hem “mawy ýangyjy” eksport etmegiň we özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary barada hasabat berildi. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim, benziniň öndürilişiniň meýilnamasy 100,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,4 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,5 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 115,9 göterim, “mawy ýangyjyň” eksportynyň meýilnamasy 110,6 göterim, maýa goýumlarynyň özleşdirilişiniň meýilnamasy 131,4 göterim ýerine ýetirildi. 

Şeýle hem nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylýan möçberi, buraw işleri hem-de 2D we 3D usullary arkaly seýsmiki barlaglaryň geçirilişi barada habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, merdana ata-babalarymyzyň eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmak üçin ähli tagallalary edip, döredip, gurup, taryhda öçmejek yz goýup, ýaşap geçendiklerini belledi. 

Biz ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göteren beýik şahsyýetlerimize tüýs ýürekden guwanýarys. Şoňa görä-de, olaryň atlaryny ebedileşdirýäris. Merdana pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarys. Eziz Watanymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmak ugrunda ähli tagallalary edýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Şu maksatdan ugur alyp, jemgyýetimizi döredijilikli zähmet çekip, täze, belent sepgitlere ýetmäge, beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli gymmatlyklarymyza buýsanç, beýik ynsanperwerlik kadalary esasynda terbiýelemek maksady bilen, beýik şahsyýetlerimiziň hatyrasyny belentde tutup, olaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Şol beýik şahsyýetleriň hatarynda Alty Garlyýew, Maýa Kulyýewa, Bäşim Nuraly ýaly teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň wekillerini, Şükür bagşy, Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow ýaly meşhur bagşy-sazandalary, A.Agabaýew, O.Ödäýew ýaly ýazyjy - şahyrlarymyzy, belli alymlarymyzy görkezmek bolar. Şeýle hem, biz ilatly ýerleriň, obalaryň we beýleki desgalaryň taryhy atlaryny dikeldýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisine Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky meselä seretmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ý.Kakaýew ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi. Örän uly tejribesi bolan halypady. Ol nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ulgamynyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag hem-de aragatnaşyk toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümlerinde 2020-nji ýylda önümçilik meýilnamasy 123 göterim berjaý edildi. 

Toplumyň 2021-nji ýylyň birinji aýynda önümçilik meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 114,7 göterime barabar boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginde bu görkeziji 100,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 102,2 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentliginde hem degişli işler alnyp baryldy. 

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 104,6 göterim, ýük dolanyşygynyň meýilnamasy bolsa 106,2 göterim berjaý edildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça işleriň ösüşi 106,8 göterime barabar boldy.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenilen resminama gol çekdi hem-de degişli düzümiň ösdürilmelidigini belläp, sanlylaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum maksatnamasy, şeýle hem “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky” kararyň taslamasy barada hasabat berdi. 

2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmegiň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 118,4 göterim ýerine ýetirildi. Ösüş 122,5 göterime barabar boldy. 

Şu ýylyň birinji aýynda gurluşyk-senagat ulgamynda önüm öndürmegiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 131,6 göterim ýerine ýetirildi. 

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 106,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 102,4 göterime barabar boldy. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirilip, 120,6 göterim ösüş gazanyldy. 

Energetika ministrligi boýunça elektrik energiýasyny öndürmegiň meýilnamasy 108,2 göterim ýerine ýetirilip, 106 göterim ösüş gazanyldy. Elektrik energiýasynyň eksporty boýunça meýilnama 127,7 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 112,9 göterime barabar boldy. 

Hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň we hyzmatlaryň meýilnamasy 177,2 göterim ýerine ýetirilip, 148,6 göterim ösüş gazanyldy. 

Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,4 göterim berjaý edildi. 

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum maksatnamasyny, şeýle hem “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky” kararyň taslamasyny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän milli kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýan täze Düzgünnamanyň kabul edilmeginiň derwaýysdygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu möhüm resminamany ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz şu ýyl üçin niýetlenen gurluşyk maksatnamasynyň meselelerine degip geçip, onuň çäklerinde uly işleriň geçirilmelidigini aýtdy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaýlaýar. Bu bolsa, zawod-fabrikleriň, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, dolandyryş merkezleriniň, täze şäherçeleriňdir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hem-de durkuny täzelemegi öz içine alýar. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz gurluşygyň hiline aýratyn üns bermegi talap edip, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek we mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak işinde sanly ulgama geçmek, häzirki zaman tehnikalaryny we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek esasynda amala aşyrylmalydyr diýip, belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, onda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda hem-de telekeçilik ulgamynda 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Wise-premýer 5-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyzyň söwda toplumynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, içerki bazar hem-de eksport üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, pudagyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek hem-de girdejileri köpeltmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigini habar berdi. 

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň mukdary şu ýylyň ýanwar aynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 110,2 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüşi 111,5 göterime barabar boldy. 

Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 117,1 göterime, nah matalaryň önümçiligi 101,8 göterime, tikin we örme önümlerini öndürmek 123,2 göetrime, gön önümlerini öndürmek 105 göterime barabar boldy. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 106 göterim ýerine ýetirildi. 

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 24-si geçirilip, 2 müň 434 şertnama hasaba alyndy. 

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 116,8 göterime deň boldy. 

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüşi degişlilikde, 155,6 göterime we 101,3 göterime barabar boldy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. 

Geçen ýylda Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi döredildi, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy”we Türkmenistanda “Tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” taýýarlanyldy.

Geçen ýylda Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan işleriň 346-synyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi. 3 doktorlyk we 14 kandidatlyk dissertasiýalary goralyp, degişli alymlyk derejeleri berildi. 

Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 11-sine gatnaşyp, 12 altyn, 9 kümüş we 18 bürünç medallara mynasyp boldular.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda şu ugurlary döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. 

Şu ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylyk ugry boýunça işler dowam etdi. Teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IХ Türkmen-german forumy geçirildi. Russiýa Federasiýasynda öndürilen “Sputnik-V” hem-de “EpiWakKorona” waksinalary resmi bellige alyndy.

Şu ýylyň başyndan bäri teleköpri arkaly halkara guramalary we daşary ýurtlaryň ugurdaş ministrlikleri bilen duşuşyklar geçirildi. “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, wagyz-nesihat çäreler guraldy. 

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe resminamalaryň taslamalaryny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” Karara, 2021-nji ýylda aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň hem-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekip, olary degişli derejede ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada aýdyp, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň gurluşygyny nazarda tutup, onuň üstünde işlemegi tabşyrdy. 

Bu saglygy goraýyş desgalary keselleriň öňüni almak we bejermek üçin giň mümkinçilikleri açar. Şeýle hem Aralyň adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini öwrenmäge, okuwlary hem-de ylmy we barlaghana işlerini geçirmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi. 

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezlerini hem gurmaly. Bu merkezlerde epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we immunologiýa ýaly ugurlarda düýpli ylmy barlaglary geçirmek üçin şertler döredilmelidir. Şonuň ýaly-da, olarda endemiki keselleriň we onuň döremeginiň sebäplerini ylmy taýdan öwrenmek göz öňünde tutulmalydyr. Ýokanç keselleriň ýaýramagynyň mümkinçiligi, öňüni alyş çäreleri, etiologik çeşmeleriniň täsiri kesgitlenmelidir. Şeýle hem daşky şertler bilen baglylykda, barlaghana barlaglaryny geçirmegiň serişdeleri boýunça öwrenmek guralmalydyr. 

Bu merkezlerde epidemiologiýa, molekulýar biologiýa, wirusologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa howpsuzlygy babatda täze ylmy bilimleri almaga gönükdirilen düýpli ylmy-barlag işleri geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu meseleleri ýene-de bir gezek maslahatlaşyp, maksatnamanyň taslamasyny goşmaça işläp, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Geçen ýyl iri medeni çäreler, sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly dabaralar, medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek bilen bagly dabaralar guraldy. 

Wideoaragatnaşyk ulgam boýunça dürli duşuşyklar geçirildi, halkara hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. 

Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça meýilnama 108,9 göterim ýerine ýetirildi. 

Hasabat döwründe tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzda bolup geçýän wakalar giňden şöhlelendirildi, döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň wakalaryna, milli däp-dessurlaryna bagyşlanan gepleşikler yzygiderli berildi. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. 

Garaşsyzlygyň şanly senesi hem-de türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylda hem-de 2021-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Geçen ýylda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynda resmi saparda boldy hem-de ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy. Hasabat döwründe döwlet Baştutanymyz onlaýn tertibinde geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň we forumlaryň birnäçesine gatnaşdy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary we daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Olaryň barşynda umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Wise-premýer, daşary işler ministri 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň netijeleri barada hasabat berip, şu döwürde bolan wakalaryň ähmiýetini nygtady. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda telekörpi arkaly Akina-Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar –Akina we Serhetabat-Turgundy ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk hem-de üstaşyr akymlarynyň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli gurlan dabara bar. Şu mynasybetli gesirilen dabaralara teleköpri arkaly Prezidentiler Gurbanguly Berdimuhamedow we Muhammad Aşraf Gani gatnaşdylar. 

Ýene-de bir möhüm waka Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hazar deňzinde “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy bilen baglanyşyklydyr. Däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew gatnaşdylar. 

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna resmi taýdan badalga berildi. Şu mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabara geçirildi. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky”, “Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak hakyndaky”, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky” kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp we Kararlara gol çekip, wise-premýere, daşary işler ministrine olary ýerine ýetirmek, şol sanda meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleri barada habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 11-nji fewralynda deputatlar bilen geçiren duşuşygynda öňde goýan möhüm wezipeleri nazara alnyp zerur işler durmuşa geçirildi.

Mejlisiň dört maslahaty geçirildi. Jemi 102 resminama, şol sanda 57 kanun we milli parlamentiň kararlarynyň 45-si kabul edildi. 

Mejlisiň 2021-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy taýýarlanyldy. Häzirki döwürde degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda täze hukuk resminamalary taýýarlanylýar. 

Mejlis Merkezi saýlaw topary, welaýatlaryň häkimlikleri, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, zerur bolan kadalaşdyryş-hukuk namalary, düzgünnamalar we usulyýet gollanmalary, saýlaw resminamalarynyň nusgalary, saýlaw toparlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlary, synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalar taýýarlanyldy. 

Parlamentiň deputatlary we hünärmenleri ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, kanunçykaryjylyk işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän wideoduşuşyklara hem-de maslahatlara gatnaşdylar.

Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we netijeli daşary syýasatynyň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň ähmiýetini, hereket edýän kanunlaryň mazmunyny düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslarynyň berkidilmegine, ykdysadyýeti ýokary ösüş depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyk binýadyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýubileý ýylynda ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde Garaşsyz ýurdumyzyň geljekki ösüşini, onuň raýatlarynyň abadançylygyny üpjün edýän täze kanunlary kabul etmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Deputatlar jemgyýetçilik wakalarynyň jümmüşinde bolmalydyrlar, halkymyzyň oňyn çözgütlere we özgertmelere bolan isleglerini işjeň öwrenmelidirler diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine söz berildi. 

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkiimi Ý.Gurbanow 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy we şu ýyl üçin kesgitlenen wezipeler barada hasabat berdi. 

Soňra häkim şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen dowam etdi. 

Häkim şu günler welaýatda bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede alnyp barylýandygyny, 2021-nji ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak üçin gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we iş gurallaryny abatlamak işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Welaýatyň ýolbaşçysy şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hem hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, häkim häzir ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede alnyp barlyşy, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow geçen ýylda sebitde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Mundan başga-da, häkim welaýatda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Diýarymyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we bugdýayň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekinlere ideg etmek işleri agrotehniki kada laýyklykda alnyp barylýar. Häzirki wagtda öňümizdäki ekişe taýýarlyk görmek boýunça işler ýokary depginde dowam etdirilýär. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Soňra häkim şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şu günler oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alnyp, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreler, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri batly depginde gyzgalaňly dowam edýär. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Şeýle hem häkim şu ýylyň ýanwar aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ak ekinlere ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem gowaça ekişine we beýleki ekinleriň ýaz ekişine taýýarlyk işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede dowam edýär. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Geçen ýylda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, obasenagat toplumyna degişli ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça önümçiligiň ösüşiniň 104 göterime barabar bolandygy bellenildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 120,4 göterim ýerine ýetirildi. 

Şu ýylyň ýanwar aýynda tutuş obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,2 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,6 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 104 göterime barabar boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 125,2 göterim ýerine ýetirildi. 

Şu günler pagtaçylar ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görýärler. Mallaryň baş sanyny köpeltmek hem-de ot-iýmler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, geçen ýylyň güýz möwsüminde ýurdumyzyň welaýatlarynda jemi 35 müň gektar meýdanda ot-iýmlik ekinler ekildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” Karara, şeýle hem “2021-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlary we etraplary boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky” Buýruga gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, giň möçberli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda” Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, Kiberhowpsuzyk boýunça döwlet toparynyň dört mejlisi geçirildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli goşunymyzyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, ähli düzümleriň ýokary söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmek arkaly döwletimiziň goranyş kuwwatyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň wezipelerine ünsi çekdi we Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hem-de halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny belledi. Ýurdumyzyň tutuşlyşgyna goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýete eýe bolan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara standartlaryna laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidir. 

Milli Liderimiz bu düzümlerde ýaýbaňlandyrylan hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna, harby gullukçylaryň hünär derejesiniň taýýarlygyna hem-de degişli gulluklary we ýokary derejeli durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň möhümdigini belledi we Watan goragçylarynyň söweşjeň taýýarlygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de olara watansöýüjilik terbiýesini bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň hem-de binalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

“Türkmenistan --parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag, aragatnaşyk we elektrik energetikasy ulgamlaryndaky iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda, birnäçe desgalary ulanmaga bermek boýunça meýilleşdirilen işleriň ählisi öz wagtynda tamamlandy. 

Çärjew etrabyndaky “Malaý” ýatagynda gaz gysyjy beket ulanylmaga berildi. 

Wise-premýer paýtagtymyzyň şu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarynda dowam edýän gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi. 

Şanly senäniň hormatyna ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hem-de milli binagärlik ýörelgeler bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagy, gurluşyk serişdeleriniň hili we üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyga öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz binagärlik taslamalaryny işläp taýýarlamaga ylmy çemeleşmäniň hem-de olaryň maýa goýum babatdaky bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. 

Milli Liderimiz baýramçylyk desgalarynyň Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özegrtmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanydygyny belläp, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşyna we hiline gözegçiligi güýçlendirmegi, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.     

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen ýyl biziň üçin çylşyrymly we ýeňil bolmadyk ýyl boldy. Şeýle-de bolsa, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan, mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda uly üstünlikler gazanyldy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen ähli meýilnamalaryň diýen ýaly amala aşyrylandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan ähli çäreler geçirildi. Üýtgewsiz ýörelgeleri, Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy, parahatçylygy we demokratiýany özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek babatdaky işler dowam etdirildi. 

Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen bagly ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýeti üýtgedip gurmak – iki palataly Parlamenti döretmek işi doly diýen ýaly tamamlandy. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleri saklandy. Geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3 göterime, söwdada 15,1 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy. 

12 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Puluň hümmetsizlenmegi bellenen çäklerde saklandy. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary durnukly ösýär. 

Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýum serişdeleri gönükdirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi. 

Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem geçen ýylda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar. 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, bir million iki ýüz müň tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Kabul edilen döwlet maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi düýpli özgerýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. 

Geçen ýyl meýdany 2 million inedördül metrden hem gowrak bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Netijede, müňlerçe maşgalalar, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalar jaý toýlaryny toýladylar. 

Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy.

Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar. Iň esasy zat bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar diýip, milli Liderimiz belledi. Jemgyýetimizde demokratiýa we aç-açanlyk ýagdaýy barha giňden ykrar edilýär. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmak işleri yzygiderli dowam edýär. 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl üçin gowy býujet kabul edildi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýene-de ýokarlandyryldy. 

Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň we raýatlarymyzyň asuda durmuşynyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby barha pugtalanýar. 

Türkmenistan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalary bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Şolaryň hatarynda BMG, ÝHHG, ŞHG, GDA, Goşulyşmazlyk Hereketi we beýleki abraýly halkara guramalary bar. 

Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň öňe süren köp sanly başlangyçlaryna abraýly halkara guramalarynda düşünmek bilen garalýar we bu başlangyçlar uly goldaw tapýar. 

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşandygyny we goşmagyny dowam edýändigini belledi. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny berkitmäge we onuň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, umuman, geçen ýyl köp sanly möhüm wakalara hem-de üstünliklere beslendi we onuň taryhda hem-de halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynamly aýtsa bolar. Sebäbi 2020-nji ýylda ýurdumyzyň örän köp tebigy baýlyklary netijeli peýdalanyldy, döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyny ulanmak we milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek boýunça ägirt uly işler bitirildi. 

Döwlet Baştutanymyz gazanylan ähli üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin bolandygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşyndaky her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini belledi. Şu ýyl üçin şygarymyzy “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip kesgitledik. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. 

Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň ykdysady kuwwatlyklarynyň berkidilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam berýändigini belledi.

Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris. 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakynda geçirilen ýörite iş maslahatlarynda 2020-nji ýylda ähli toplumlarda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça çäreler bellenildi. Ýolbaşçylaryň indiki wezipesi işleri gowulandyrmak üçin berlen tabşyryklary we bellenen çäreleri gysga wagtda ýerine ýetirmekden ybaratdyr. 

Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur. Şoňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hemmeleriň güýç-gaýratyny gaýgyrman işlemekleriniň zerurdygyny aýtdy. 

Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys. Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmalydyrys. 

Şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipesi ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak, girdejilerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şanly seneleri, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmelidiris. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy. 

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow häzirki döwürde şanly seneler mynasybetli degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi we medeni maksatnama taýýarlanyp, onuň çäklerinde dürli derejedäki döredijilik bäsleşikleriň, aýdym-saz agşamlarynyň, çeper okaýyşlaryň, festiwallaryň we sergileriň guraljakdygyny habar berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. 

Döwlet Baştutanymyz bu seneleriň paýtagtymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm orun eýeleýändigini belledi. Meýilleşdirilen çärelerde ýurdumyzyň, aýratyn-da, Aşgabat şäheriniň garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşleri we şäher ilatynyň ajaýyp durmuşy öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2020-nji ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça welaýatda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen däp bolan bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygyndaky ýörite toparyň bu bäsleşigiň jemini jemländigini aýdyp, hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Ataýewa söz berdi. 

Bellenilişi ýaly, berlen maglumatlar, şeýle hem bilermenleriň seljermeleri esasynda, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde iň gowy etrap kesgitlenildi.

Şeýlelikde, geçirilen işlerde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän terbiýe we beýleki wajyp görkezijiler nazara alyndy.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýip yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky we bu bäsleşigi 2021-nji ýyl üçin yglan etmek hakyndaky Buýruklara gol çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemlerini jemlemek bilen, ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilen işlere kanagatlanma bildirdi. Şeýlelikde, ýurdumyz we hemmämiz bilelikde ynamly öňe barýarys. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, uly üstünlik, mähriban halkymyza bolsa, abadançylyk arzuw etdi.

Täze Ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan maslahat

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   04.01.2021  /   

Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen tassyklanan bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp, öňe sürüldi.

Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu raýatlaryň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de her bir adamyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işlere goşant goşmak hyjuwyny artdyrýar.

Çykyş edenler 2021-nji ýylyň halkyň erk-isleginiň nyşanyna öwrülen şygarynyň Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini giňden wagyz etmäge, olaryň ähmiýetini açyp görkezmäge, iri möçberli ykdysady özgertmelere hem-de durmuş taýdan öňegidişliklere itergi bermäge, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendigini nygtadylar.

Çykyşlarda şu ýylyň şygarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy bellenildi. Ýurdumyzyň baş şygarynda ýaşlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç hem-de söýgi ruhunda terbiýelemek baradaky pikiriň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtmak gerek.

«2021-nji ýyl, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly maslahata gatnaşyjylar yglan edilen bäsleşigiň netijesinde saýlanyp alnan nyşanyň ýurdumyzda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ähli dabaraly çärelerde giňden ulanyljakdygyny bellediler.

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň ösüş ýolundaky batly gadamlary hem-de barha artýan halkara abraýy ugrunda bitirýän ägirt uly işleri üçin hoşallyk bildirip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly sepgitler we beýik işler bilen şöhratlandyryljakdygyny nygtadylar.

Toý ýylynda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de berkitmek, ylym, bilim, saglygy goraýyş, durmuş ulgamlaryny ösdürmek boýunça giň möçberli çäreler kesgitlenildi. Maslahata gatnaşyjylar şolaryň türkmen halkynyň abadançylygyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belläp, kesgitlenilen beýik işleri durmuşa geçirmäge, hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatyny, mähriban Diýarymyzyň ýeten sepgitlerini wagyz etmäge, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Türkmenistan – BAE dostluk, doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

 

04.02.2021

Описание: Türkmenistan – BAE dostluk, doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary

2021-nji ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Arap Emirliklerinde iş saparynda boldy. 

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti BAE-niň Hökümet ýolbaşçylary, şeýle-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň (IRENA) wekilleri bilen işjeň duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

2-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaidi bilen duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň giň toplumy boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesi kabul edildi, hususan-da: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (maýa goýum kompaniýany döretmek barada); Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama (Türkmenistanda taslamalary maliýeleşdirmek barada); Türkmenistanda amala aşyryljak taslamalary maliýeleşdirmek barada Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Soňra, 3-nji fewralda türkmen wekiliýetiniň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeler boýunça halkara agentliginiň Baş müdiri Françesko La Kamera bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň we IRENA-nyň arasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň rejeli peýdalanylmagy, energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça özara hereketleriň giňeldilmegi ugrunda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de, 4-nji fewralda türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekilleriniň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda açylmagy meýilleşdirilýän bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek: ýylyň gazananlary hem-de geljek ýyl üçin wezipeler

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   01.01.2021  /   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek üçin sanly ulgama geçirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy.

Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklary işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

2020-nji ýylyň fewral aýynda milli Liderimiz Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine, guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, bank ulgamyna döwrebap we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Banklaryň sanly ulgama geçirilmegi bank düzümini döwrebaplaşdyrmaga, önümleriň görnüşlerini giňeltmäge hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly müşderiler bilen özara gatnaşyklarynyň ugurlaryny artdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň banklary tarapyndan ykdysadyýetiň ileri tutulýan ulgamlaryna karz bermek işi amala aşyrylýar. Uzakmöhletli karzlary, gozgalmaýan emläk üçin karzlary hem-de hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlarynyň esasynda karzlary bermek işi dowam etdirilýär. Munuň özi önümçiligiň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ösdürilmegini goldamaga gönükdirilendir.

Sanly ulgama geçilmegi bank hyzmatlarynyň gerimini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, türkmen banklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýarlygyny şöhlelendirýän görkezijileriň biri bolup durýar.

Sanly ulgama geçilmegi bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasynda özara gatnaşyklaryň düýpli özgerdilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hyzmatlaryň tizliginiň artdyrylmagyny hem-de hyzmat etmegiň alternatiw usullaryny ulanmak arkaly müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyny göz öňünde tutýar.

Bank bazaryna gatnaşyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň çaltlygy hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow

Ykjam internediň ösmegi hem-de smartfonlaryň wezipeleriniň giňelmegi bilen baglylykda, ykjam goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şolary ulanyjylar, her gün özleriniň hasabynyň balansyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri hem-de hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girýärler.

Şolaryň ornaşdyrylan döwründen bäri “Altyn asyr”, “Millikart”, “Goýum bank kartlary”, “Maşgala kartlary” ýaly sanly bank kartlary arkaly nagt däl tölegleriň möçberi artýar hem-de “Internet-banking”, “Ykjam bank”, “Aralykdan töleg” ýaly hyzmatlardan peýdalanmak ýokarlanýar.

Töleg terminallary arkaly karz kartlary tarapyndan esasy bergi üzülende, gajetler we kompýuterler giňden peýdalanylýar.

Bank kartlary arkaly terminallaryň üsti bilen söwda hem-de hyzmat ediş merkezlerinde satyn alnan harytlaryň we hyzmatlaryň tölegi, jemagat hyzmatlary (gazdan, suwdan, elektrik togundan peýdalanmak), polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli hyzmatlary, şol sanda ulag serişdelerini bellige almak, tehniki pasporty bermek, awtoulag belgilerini bermek, sürüjilik şahadatnamasyny almak, ulag sürmek boýunça synaga gatnaşmak üçin tölegler amala aşyrylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň pasporty alnanda, pasport çalşylanda ýygymlaryň tölegi ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap kart hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagynyň karz berýän edaralara ynamy hem-de olaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini, fiziki we ýuridik şahslardan pul goýumlaryny çekmegiň hem-de olary bermegiň tertibini ýeňilleşdirýändigini belleýär.

Şeýlelikde, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky 2020-nji ýylda “Halkbank terminal” aralykdan tölegleriň ykjam goşundysyny işe girizdi. Munuň özi bank amallaryny sanly ulgama geçirmek boýunça üstünlikli ädim boldy.

“Halkbank terminal” aralykdan tölegler ulgamy adaty harytlary ýa-da hyzmatlary hödürleýän satyjynyň adaty smartfonuna ornaşdyrylýar hem-de häzirki wagta çenli ulanylýan ägirt uly töleg terminallarynyň ornuny tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, internet-hyzmatlaryň giň görnüşleri raýatlary goşmaça we yzygiderli bilime, aralyk usullarynyň kömegi bilen hünär derejesini ýokarlandyrmaga höweslendirýär. Sanly bilimiň ornaşdyrylmagy adam maýasyny artdyrmaga hem-de ykdysadyýete we beýleki ulgamlara innowasion serişdeleri çekmäge kömek eder.

Soňky ählumumy wehimler bilen baglylykda, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ösdürmegiň derwaýyslygy has-da artdy. Dünýäniň köp ýurtlaryny gurşap alan koronawirus ýokanjynyň täze görnüşi tutuş dünýäde bilim ulgamynyň işiniň usullaryna degişli düzedişleri girizdi. Şu çylşyrymly ýagdaýda sanly tehnologiýalar internediň üsti bilen döwrebap ykjam serişdeleri arkaly bilim işini dowam etdirmäge mümkinçilik berdi.

Sanly ulgama geçmek işinde okatmagyň hem-de bilim işini guramagyň düzümi düýpli özgerýär. Täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy sanly pedagogikany mundan beýläk-de ösdürmek üçin başlangyç şertdir.

Bilim ulgamynyň yzygiderli sanly ulgama geçirilmegi täze bilim standartlaryna daýanýar. Okuw serişdelerini döretmegiň, netijeli okatmak üçin talyplaryň bilimini ýokarlandyrmagyň guraly zerur bolup durýar.

Eziz Diýarymyzyň ykdysady ösüşini gazanmakda sanly tehnologiýalaryň artykmaçlygy aýdyňdyr hem-de sanlylaşdyrmak boýunça konsepsiýa ähli döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara sazlaşykly utgaşýar.

Sanly tehnologiýalar durnukly ösüşiň köp sanly meselelerini dürli ugurlar boýunça çözmekde özboluşly açar bolup durýar. Sanly tehnologiýalar bazary dünýäde iň çalt ösýän ugurdyr hem-de ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginde iň meşhur ulgamdyr.

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ösmeginiň möhüm ugry bolan söwda döwletimiziň jemi içerki önüminiň 10 göterimden gowragyny üpjün edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Sanlylaşdyrmakda hut söwda ulgamyna uly orun degişlidir, onda ýokary tehnologiýaly we innowasion çözgütleri ösdürmegiň binýady goýlandyr. Konsepsiýa, tutuşlygyna alanyňda, internet söwdasyny ösdürmäge, şonuň ýaly-da ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň giň görnüşini durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, milli söwda ulgamynda hem lomaý we bölek söwda ulgamlaryny dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin hukuk binýady döredildi hem-de ol kämilleşdirilýär.

Türkmenistanyň “Alyjylaryň hukuklary hakyndaky”, “Söwda işi hakyndaky”, Internet ulgamyny ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny etmek hakyndaky kanunlaryna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan “Harytlary aralykdan satmagyň düzgünnamasy” işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol internet söwdasynyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Düzgünnama harytlaryň mahabatyny, harytlary satyn almak-satmak şertnamalaryny baglaşmagy, harytlary alyja eltip bermegiň düzgünlerini goşmak bilen aradaşlykdan söwdany guramak boýunça umumy düzgünler girizildi, onda alyjynyň hukuklary we beýlekiler kesgitlenilýär.

Bu kadalar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, ýuridiki taraplara, şonuň ýaly-da, hukuk tarapyny döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan hususy telekeçilere degişlidir.

Bu gün söwda ulgamynda sanlylaşdyrmak häzirki döwrüň alyjysynyň häsiýetiniň hem-de özüni alyp barşynyň görnüşiniň üýtgemegini ep-esli derejede kesgitleýär. Bu, şol sanda, töwerekde bolup geçýän üýtgetmeler—tehnolgiýalaryň örän çalt ösmegi, sanly ekoulgamyň hem-de innowasion işewürligiň ýüze çykmagy bilen şertlendirilendir.

Häzirki döwrüň alyjylary amatlylyga hem-de ekologiýa taýdan arassaçylyga uly üns berýär, wagtyny tygşytlamaga çalyşýar, özüne aýratyn çemeleşmäni talap edýär döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Olar sanly tehnologiýalary hem-de dürli çeşmeleri maglumatlary almak üçin işjeň ulanýarlar. Tutuş Türkmenistan boýunça harytlaryň sarp edilişi artýar, ýöne alyjynyň haryt satyn almak usullary barha köp ugurly häsiýete eýe bolýar. Bu bölek söwdada özgertmeleriň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Tejribäniň görkezişi ýaly, şeýle özgertmeleri ornaşdyrmakda toplumlaýyn çemeleşme has oňat netijeleri berýär. Söwda ulgamynda diňe bir hasaplamak hem-de alyjylaryň özüni alyp barşyny seljermek üçin ulgamy ornaşdyrmak däl-de, eýsem, işgärlere bildirilýän talaplara gaýtadan seretmek we iş öndürijiligini ýokarlandyrmak maksadalaýykdyr.

Sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de degişlilikde, harytlaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmek we bazarda elýeterliligini üpjün etmek bolar. Şunda söwda ulgamynyň işgärleriniň köpüsi alyjylaryň aglabasynyň tehniki täzeliklere oňyn garaýandyklaryny hem-de olary söwda nokatlarynda höwes bilen ulanýandyklaryny belleýärler. Öz-özüňe hyzmat edýän kassalar aradaşlykdan tölegler, söwda ulgamynyň ykjam goşundylary barha uly meşhurlyga eýe bolýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda söwdany sanlylaşdyrmak ulgamynda esasy iki ugry görkezmek bolar, olar-- häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagy hem-de alyjylary seljermekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyzyň neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işi durmuşa geçirmegiň degişli Tertibi işlenip düzüldi. Taýýarlanylan resminamada öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler hem-de gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşe geçirilmeginiň düşewüntliligi hakyndaky maglumatlar kesgitlenildi.

Çap edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň saýtlarynyň döredilmeginiň syýasy hem-de ykdysady ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň internet giňişliginde giňden ornaşmagy dünýäde ýurdumyz hakynda maglumatlary has netijeli ýaýratmaga şert döreder. Şonuň ýaly-da, saýt diňe bir ýazgy materiallaryny däl, eýsem, audiowizual maglumat roliklerini, reportažlary göni görnüşinde ýerleşdirmäge ýardam edýär.

Gazetleriň we žurnallaryň sanly görnüşe geçmegi çaphanalaryň maliýe çykdajylaryny ep-esli azaltmaga, kagyzy, reňki tygşytlamaga, çaphana enjamlarynyň ulanylyş möhletini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ulanylýan çaphana enjamlaryny, belki, başga has peýdaly, telekeçilik buýurmalary üçin peýdalanyp bolar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy içerki maglumatlar bazarynda oňaýly şertleri döreder, has dogry we ýokary derejeli çemeleşmelerde bolsa dünýäniň habar serişdeleri bazaryna çykmaga ýardam eder. Bu ugurda hereket etmek bilen neşirler ýokary hünärli žurnalistleri, terjimeçileri, IT hünärmenlerini işe çekmäge gyzyklanma bildirerler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin pudagara toparyny döretmek hakyndaky” Kararynyň sanly ykdysadyýete geçmekde şertleri döretmek üçin iş ýüzündäki esasy çäredigini bellemek gerek. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ilerletmäge ýardam etmek bu toparyň maksady hökmünde kesgitlenildi.

2020-nji ýylyň başynda toparyň birinji mejlisi geçirildi, onda ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi, jogapkär adamlar bellenildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparynyň iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi.

Bu maslahat iş toparynyň ikinji mejlisi boldy. Oňa ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň onlarçasynyň, häkimlikleriň, banklaryň, edaralaryň we kärhanalaryň wekilleri, IT meýdançalarynyň şonuň ýaly-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Onuň gün tertibine Düzgünnama we Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparynyň düzümine üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek baradaky meseleler girizildi.

Şonuň ýaly-da, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna Identifikasiýa we autentifikasiýa bitewi ulgamynyň (IABU) milli taslamasy hödürlenildi. Ol özara maglumat hereketlerine gatnaşyjylaryň (ýüz tutan raýatlaryň hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň) elektron hyzmatlaryny almak maksady bilen, döwlet elektron serişdelerine rugsat berlen elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Rugsat Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynda (e. gov.tm.) hasaba alnandan soň berilýär. Mundan başga-da, iş toparynda Pudagara elektron gatnaşyklary ulgamynyň (PEGU) taslamasy görkezildi. Bu maglumat ulgamy ýurdumyzyň merkezi, sebit we ýerli häkimiýet edaralaryna, karz edaralaryna hem-de PEGU gatnaşýan beýleki guramalara raýatlara we guramalara elektron görnüşindäki döwlet hyzmatyny bermek üçin zerur maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýär.

Onlaýn maslahata gatnaşyjylar sanly özgertmeleriň üstünligini üpjün etmek üçin birnäçe ugurlar, şol sanda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de milli hünärmenler, ylmy-tehniki we düzüm mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Ýerine ýetirilen işleriň jemine hem-de bellenilen sepgitlere ser salyp, Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçmek wezipesine düýpli çemeleşýändigini ynam bilen bellemek bolar. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi IT kompaniýalaryň ösmegi üçin zerur bolan düzümleriň, amatly şertleriň döredilmegi, hünärmenler bilen üpjünçilik meseleleriniň çözülmegi we beýlekiler konsepsiýada bellenilen maksatlara ýetmegi çaltlandyrar.

Öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň köpçülikleýin ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegi üçin esas bolar. Türkmen önüm öndürijileri emele gelen ýagdaýy çeljerip hem-de kynçylyklary yzygiderli aradan aýryp, täze ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürip, ykdysadyýetimiziň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli ýokarlandyrarlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň ykdysadyýetini innowasion ugra geçirmegi çaltlandyrmagyň, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňliginiň ösüşiniň artdyrylmagy, ylmy gözlegleri köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligiň ýokarlandyrylmagynyň, öňdebaryjy maglumatlar tehnologiýalarynyň jemgyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagynyň durmuşyň hilini hem-de ýurdumyzyň ilatynyň abadançylyk derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtaýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

 /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   29.01.2021  /   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetini şu düzümiň Gaznasy diýip atlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berdi we degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi.

2019-njy ýylda kabul edilen harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukuk goralýar we şahadatnama bilen tassyklanylýar.

Ýurdumyzyň çäginde aýratyn häsiýetleri şu geografik ýer üçin mahsus bolan tebigy şertler we etnografik ugurlar bilen kesgitlenen harydy öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralary Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan degişli düzümler bilen bilelikde harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlaryna degişli meseleleri düzgünleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi milli önüm öndürijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň hukuk goraglylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça häzirki zaman ýagdaýlaryny we halkara ülňülerini nazara alyp, amala aşyrylýan işleriň, bazar ykdysadyýetiniň täzeçil usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetini degişli Gazna öwürmek barada aýdyp, bu düzümiň täze derejesiniň onuň işine bildirilýän talaplara laýyk derejede mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam berjekdigini belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek barada aýdyp, Türkmenistanda senagat toplumyny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň içerki bazarlary dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümler bilen doly üpjün etmäge gönükdirilýändigini aýtdy.

Munuň özii ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini kepillendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem “2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň EСO-93 kysymly benzini orta möhletleýin esasda daşarky bazarlara ýerlemek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini belläp, pudagyň kärhanalarynyň eksport mümkinçiliklerini yzygiderli berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmek, onuň düzümlerini täzeçil usulda döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan nebithimiýa önümleriniň önümçilik möçberlerini artdyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz iri maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” bölümini açmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda gol çeken Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik, Energetika ministrlikleriniň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň merkezi edaralarynyň düzüminde degişli düzümi döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, sanly ulgamy ähli düzümlere giňden ornaşdyrmak boýunça wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de B.Öwezowa tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, howa ulaglary düzüminiň dolandyrylyşyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi şu günki ýagdaýa laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu pudakda alnyp barylýan işleriň ýokary derejesini üpjün etmek we iş meýilnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow raýat awiasiýasynyň ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrmak we halkara logistik giňişligine goşulyşmagyny üpjün etmek arkaly ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm bölegidigine ünsi çekdi.

Welaýatlarda ýolagçylara ýokary derejeli hyzmatlar ulgamyny hödürleýän hem-de dürli görnüşdäki uçarlary kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolakly häzirki zaman howa menzilleriniň gurulmagynyň wajypdygy bellenildi. Munuň özi howa ulaglarynyň ösen düzümini kemala getirmek, täze enjamlaryň we tehnikalaryň ygtybarlylygyny ýola goýmak boýunça amala aşyrylýan strategiýanyň möhüm bölegidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilýändigini habar berdi. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilýär, degişli önümleriň möçberleri yzygiderli artdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda häzirki zaman maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Şeýle hem täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.

Mundan başga-da, miweli bag nahallary ekilýär. Munuň özi ýokary hilli ir-iýmişleriň önümçiliginiň artmagyna we içerki bazarda bolçulygynyň üpjün edilmegine mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, miweçiligi ösdürmek üçin berilýän ýer bölekleriniň möçberlerini artdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa gök we miwe önümlerini ýetişdirmek üçin suw tygşytlaýjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap ýyladyşhanalar gurulýar hem-de olary saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlar işe girizilýär.

Azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksport möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, onuň senagat we eksport mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmakda milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, oba hojalygy pudagynyň işini kämilleşdirmek, gaýtadan işleýän önümçiligi we ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça başy başlanan işiň netijeli dowam etmegi zerurdyr diýip belledi we bu babatda wise-premýerler Ç.Gylyjowa hem-de E.Orazgeldiýewe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini öwrenmek we ony doly kanagatlandyrmak, alyjylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Geldinyýazow ýurdumyzyň ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da 2021-nji ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda ýokary hünärli işgärleri we ylmy işgärleri taýýarlamak, ylmy taslamalara döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň zerur ugurlar boýunça teklipleri seljerildi.

Netijede 2021-nji ýylda aspirantura we kliniki ordinatura kabul ediljek adamlaryň sanawy kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň täzeçil ösüşinde möhüm orun eýeleýän ylmyň hemişe döwür bilen aýakdaş gitmelidigine ünsi çekdi. Ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Döwletimizde kabul edilen möhüm maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi pudagyň işiniň kämilleşdirilmegine kuwwatly itergi berer we netijeli, durnukly hem-de bähbitli sanly, häzirki zaman IT-tehnologiýalaryna esaslanýan ulgamy döretmäge, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ylym bilen önümçiligiň arasynda ýakyn gatnaşygyň ýola goýulmagyna mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz täze zehinli we has zerur ulgamlar boýunça ýöriteleşen alymlaryň täze nesliniň taýýarlanmagynyň wajypdygyny belläp, wise-premýere ylma bolan gatnaşyklary höweslendirmek, zehinli ýaşlary ösdürmek, olaryň hünär ukyplaryny işjeňleşdirmek üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryM.Mämmedowa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriniň birinde ebedileşdirilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy mynasybetli, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlary bilen onlaýn-tertibinde birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, terjimeçileriň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda edebi okaýyşlary, ylmy maslahatlary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bu dabaralardan taýýarlanylan wideogörnüşler Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraljak dabaralarda görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmeniň beýik akyldar şahyrynyň hormatyna guralýan çäreleriň, "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary astynda geçýän ýylda belleniljek Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň aýratyn ähmiýetli bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, şeýle hem dürli ýurtlarda onuň ýadygärlikleriniň dikeldilmeginiň dünýäniň dürli halklarynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiline goýýan hormatynyň we onuň baý edebi myrasynyň çuňňur öwrenilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny nygtady. Beýik şahyryň umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän pelsepewi eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda çäreleriň geçirilmeginiň Magtymgulynyň bahasyz edebi we pelsepewi mirasynyň giňden wagyz edilmegine we umuman, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşanda öwrüljekdigini belläp, wise-premýere bu çäreleri hem-de şanly seneleriň hormatyna guraljak beýleki dabaralary ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli, dürli filmleriň döredilmegini, mowzuklaýyn sergileri we döredijilik bäsleşikleri guramagy tabşyrdy.

Ak mermerli Aşgabat biziň buýsanjymyz, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň aýdyň nyşany, biz bu şäheri uly söýgi bilen abadanlaşdyrýarys, onuň adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly bolmagyny üpjün edýäris, şanly sene mynasybetli guraljak çärelerde hut şu ýörelgeler öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň sebitlerinde ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Welaýatlar boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi önüm öndürijiler bilen şertnamalary baglaşyp, önümleri ylalaşylan baha esasynda satyn alar, şeýle hem agrotehniki kadalara laýyklykda önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy we tehniki hyzmatlar, suwaryş suwy hem-de mineral dökünler bilen üpjün eder.

Umuman, ýurdumyz boýunça dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň mukdary 1 million 390 müň 120 gektara barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümleriniň önümçilik mukdarlaryny mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ilatymyzyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün eder.

Gowaça ekişi bellenilen möhletde geçirilmelidir, ak ekinlere degişli ideg işleri ýola goýulmalydyr. Munuň özi bu ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi, pudaga öňdebaryjy tejribeleriň we ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygynyň girizilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli Parlamentiň kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak we täzeçil ösüşi üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda Saýldawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar, welaýatlaryň häkimlikleri welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär.

Saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine syn etmek maksady bilen, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen synçylar merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alyndy. Şeýle hem möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini wagyz etmek bilen baglanyşykly işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýurdumyzda medeniýet syýasatynyň ýokarlanmagyna, raýatlyk edaralarynyň we demokratik gymmatlyklaryň berkidilmegine gönükdirilen işleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara toparyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine möhüm orun degişlidir.

Milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän işjeň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp bolýar. Şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Bu gün Türkmenistan halkara Konwensiýalarynyň 20-sine we ekologiýa, daşky gurşawy goramak boýunça köptaraplaýyn resminamalara goşuldy. Şolaryň bäşisine geçen ýylyň dowamynda goşuldy. Munuň özi bu ugurlarda milli, sebit we halkara derejesindäki netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta hukuk binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalan ugurlar boýunça öňe süren başlangyçlarynyň hatarynda Aral deňzi we bu zolakdaky ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça teklipleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Şolary durmuşa geçirmek maksady bilen, 2019-njy ýylda BMG-niň Aral sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama şol ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda geçirilen köptaraplaýyn geňeşmeleriň dowamynda beýan edildi.

Häzir Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şol Ýörite maksatnamany döretmek boýunça Kararnamanyň taslamasy Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparyna (ESKATO) agza ýurtlaryň garamagyna hödürlenildi. Oňa 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek ESKATO-nyň nobatdaky mejlisinde garamak meýilleşdirilýär.

Aralyň guramagy netijesinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmak boýunça işleri yzygiderli dowam etmek üçin, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Onda Aral sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça milli derejedäki çäreleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Bu Konsepsiýa ilatyň ýaşaýşy üçin amaty şertleri döretmek, suw serişdelerini dolandyrmagyň we peýdalanmagyň ulgamyny kämilleşdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek we biodürlüligi goramak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar.

Aral sebitinde ykdysady abadançylygy ýokarlandyrmak, oba hojalygy ösdürmek we ýerden peýdalanmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýan ýörite senagat zolagyny döretmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Tassyklanan ugurlaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş maksatly desgalary gurmak, daşky gurşawy goramakda täzeçil we döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak, ylmy-barlag işlerini geçirmek we ilatyň ekologiýa ugry boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler bar.

Bu konsepsiýa esaslanyp, Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllarda Aral boýunça Milli maksatnamasyny taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin Pudagara toparyny döretmek teklip edilýär. Ol hemişelik esasda hereket etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Aral meselesiniň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmek boýunça döwletara gatnaşyklary üçin möhüm binýat bolan we ähmiýeti sebitiň çäklerinden daşyna çykýan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orun eýeleýändigini we Aral meselesiniň çözgüdine uly üns berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, toplumlaýyn halkara çemeleşme, Birleşen Milletler Guramasynyň bu işlere netijeli gatnaşyklary wajypdyr. Türkmenistanyň BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy hut şu ugra gönükdirilendir.

Aral meselesiniň möhüm çözgüdi boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ugurlarynda giň möçberli milli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek arkaly, ýurdumyz bar bolan oňyn tejribeleri we döredijilikli mümkinçilikleri umumy abadançylygyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, hödürlenen Karara gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi we 2021-2025-nji ýyllarda Aral boýunça Milli Maksatnamany taýýarlamak babatda Pudagara toparynyň netijeli işini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu wakanyň wajypdygyny belläp, Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny aýtdy. Ählumumy ugurda netijeli we deňeçer gatnaşyklary ýola goýmagyň binýady hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini dikeltmegiň we ony tassyklamagyň wajypdygyna düşünip, ýurdumyz 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky teklibi öňe sürdi.

Bu başlangyç dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp boldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Türkmenistan mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasyniň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryna mynasyp goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we öňde boljak dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň ÝUNEСKO-nyň işi boýunça Milli toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Onuň gün tertibine BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen çäreler we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy girizildi.

“Beýik Ýüpek ýoluny” : Zarawşan-Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenen tekliplere garalar.

Olar Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň we “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleriniň Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň arheologiýa institutynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Merw şahasynyň ugry boýunça arheologik gözleg-barlag saparyny amala aşyrdylar.

Şunuň bilen baglylykda, orta asyrlarda bu kerwen ýolunyň ugruna garaldy. Onuň ugrunda Amul galasy, Mansaf rabady, Könegala, Akgala, Gyzyljagala kerwensaraýlary Tahmalaj –at düşelgesi, Kuşmeýhan orta asyr şäheri ýaly ýadygärlikler bar. Olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň ýokarda agzalan nominasiýa boýunça sanawyna girizmegiň mynasypdygy tassyklanyldy.

Bu gün Türkmenistanyň çäginden geçýän gadymy kerwen ugry bolan Beýik Ýüpek ýolunyň halkara söwda gatnaşyklarynyň, Aziýa bilen birnäçe Ýewropa ýurtlarynyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetiren ugur hökmünde ajaýyp taryhy-medeni miras hökmünde garalýar.

Birnäçe daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleriniň hormatly doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly meşhurlyk gazanan kitabynda anyk maglumatlara, ähmiýetli dokumental çeşmelere, arheologik we binagärlik ýadygärliklerine, etnografik maglumatlara ylmy taýdan syn bermek usuly bilen ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi hökmündäki ähmiýetine ýokary baha berilýär. Bu ýol tutuş adamzadyň ösüşine oňyn täsirini ýetiripdir.

Orta asyrlaryň bu möhüm ýolunyň taryhda onlarça döwletleri söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşdyrandygyny tassyklaýan maglumatlar bar. Kitapda türkmen halkynyň diňe bir taryhy we ruhy mirasy barada däl, eýsem, Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň geljekki ösüşi barada gürrüň berilýär.

Bu möhüm ugruň täzeden dikeldilmegi häzirki zaman ählumumy we utgaşykly ýagdaýlaryň ösdürilmeginde ägirt uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yklymüsti ulag-logistika düzümini döretmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmagyň esasy şertidir.

Zarawşan-Garagum geçelgesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyanyň sanawyna hödürlemek maksady bilen, teklip edilýän desgalar boýunça resminamalar toplumynyň gutarnykly görnüşini öz içine alýan degişli işler alnyp barylýar. Resminamalar halkara talaplaryna laýyklykda, bellenilen möhletde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä komitetine hödürlenmeli. Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesini bu abraýly sanawa girizmek meselelerine komitetiň 2021-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde garalar.

Şunuň bilen birlikde, Milli toparyň mejlisiniň gün tertibine Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek boýunça teklipler girizildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek we birnäçe umumybilim berýän mekdeplerini ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýöriteleşen abraýly düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändigini we bu ugurda netijeli halkara gatnaşyklarynyň berkidilmegine önjeýli goşant goşýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we taryhy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyna goşulmak bilen, ýurdumyz geljek nesiller üçin halkymyzyň bahasyz baýlygy, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan taryhy-medeni gymmatlyklary goramak boýunça ägirt uly işleri alyp barýar.

Türkmenistanda ajaýyp ýadygärlikleriň ýerleşen ýerlerine möhüm üns berilýär we şolary goramak, rejelemek, dünýäde giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ajaýyp taryhy-medeni desgalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikleri toplumlaýyn nominasiýa boýunça bu sanawa girizmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, ÝUNESKO-nyň işi boýunça Milli toparynyň durmuşa geçirýän çäresiniň köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetlidigini belledi hem-de onuň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we däp bolan hem-de täze ugurlardaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek işlerini dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we durnuklylygy saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ýakynda Watan goragçylarynyň gününiň giňden bellenendigi, şu mynasybetli giň möçberli baýramçylyk maksatnamasynyň taýýarlanandygy hem-de harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, onuň çäklerinde bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we harby gullukçylaryň hem-de olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine we halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ýokary ahlak ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny belledi. Ýurdumyzyň tutuşlygyna goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýetine esaslanýan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, harby gullukçylar baradaky aladanyň hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmagyna mundan beýläk-de üns berler hem-deWatan goragçylarynyň ýokary derejeli gulluk etmegi we amatly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, bu mukaddes baýramy mynasyp garşylamak üçin zerur taýýarlyk işlerini alyp barmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz hökümetimiziň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi-- şanly ýylda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depginini ýokary derejede üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu maksat bilen, ähli ýolbaşçylar bu derejä ýetmäge we dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz täsirleri azaltmaga gönükdirilen çäreleri işläp düzmelidirler.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bolup biljek ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Durnukly pul dolanyşygyny gazanmak we durnukly makroykdysady ýagdaýy saklamak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça önümçilikleri döretmek işlerini çaltlandyrmagy, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýerli önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy talap etdi.

Bellenilişi ýaly, zähmet bazary bilen bagly işler hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Emele gelýän ýagdaýlar bilen baglylykda, zähmet gorlary döredilmelidir hem-de maksadalaýyk dolandyrylmagy üpjün edilmelidir.

Milli statistiki ulgamy döwrebap ýagdaýa getirmeli hem-de statistiki hasabatyň görnüşlerini tükellemeli. Olary umumylaşdyryp, möhleti geçen we möhüm bolmadyk görnüşlerini gysgaltmaly. Sanly ulgam arkaly iş alyp barmaga geçmek boýunça çäreleri dowam etmeli hem-de dünýä tejribesinde bu ugurda gazanylan oňyn netijeleri peýdalanmaly.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurlup, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalaryň hem-de binalaryň öz wagtynda maliýeleşdirilmegini berk gözegçilikde saklamak wezipesi goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman bank hyzmatlaryny, elektron tölegleri ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, nagt däl hasaplaşyk ulgamyny giňeltmeli. Durnukly pul dolanyşygy üçin zerur şertleri döretmeli. Bank ulgamyna ynamy we onuň özüne çekijiligini ýokarlandyryp, berilýän karzlaryň netijeli bolmagyny hem-de wagtynda gaýtarylmagyny üpjün etmeli.

Hususy pudagyň fiziki we ýuridiki şahslaryň pul goýumlaryny çekmegiň we olary bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmeli. Şeýle hem banklaryň arasynda bäsleşigi döretmek arkaly hyzmatlar üçin töleglere gaýtadan seretmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem hökümet agzalaryna pudaklara walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny hem-de olaryň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyna edýän täsirini her aýda seljermek tabşyryldy.

Halkara maliýe edaralaryndan (Halkara täzeleniş we ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky) hem-de halkara gaznalaryndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin pul serişdelerini, karzlary çekmek boýunça çäreler toplumyny amala aşyrmak bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet – hususy pudak hyzmatdaşlygy arkaly, garyşyk maliýe ýörelgeleri esasynda maýa goýumlarynyň beýleki çeşmelerini ösdürmek boýunça işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy

Milli Liderimiz «Dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamyna täsir edip başlamagyna üns bermegi, şuny nazara alyp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletiň düzgünleşdiriji ornuny göz öňünde tutup, bazar edaralaryny we usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigini, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň paýy 70 göterime barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmek, 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde bu pudagyň paýyny 70,6 göterime ýetirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere garaldy we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   25.12.2020  /   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.

Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda” Kararyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynda şol resminamada bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň internet web-saýtynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Onuň sahypalarynda degişli habarlar, gaznanyň esasy iş ugurlary, garamagyndaky dükanlaryň salgysy, öndürilýän milli şaý-sepleriň, nyşanlaryň, ýadygärlik sowgatlaryň we beýleki önümleriň görnüşleri baradaky maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Bu saýtda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek, şol sanda öndürilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly tölegleri kabul etmek meýilleşdirilýär.

Täze saýtyň işe girizilmegi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmekde nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Soňra wise-premýer eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, şu ýylyň dekabr aýy üçin ähli edaralaryň işgärleriniň aýlyk iş hakyny öz wagtynda tölemek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna, ykdysadyýetiň ösüş depginlerini saklamagyň hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny sanly ykdysadyýetiň döredilmegini üpjün edýän ösüşiň düýbünden täze derejesine çykarmaga ýardam etjek maksada gönükdirilen çäreleriň görülmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda işiň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekip, wise-premýerlere hem-de welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlerine täze saýty işe girizmek üçin degişli edaralar bilen bilelikde zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, tehniki-ykdysady görkezijileriň durnukly ösüşini gazanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek boýunça göz öňünde tutulýan işler barada hem hasabat berdi. Munuň özi energiýanyň kuwwatyny peseltmäge hem-de onuň sarp edijilere iberilmegi üçin niýetlenendir.

TNGIZT-niň önümçilik desgalarynyň ygtybarly elektrik üpjünçiligine gönükdirilen bu taslama «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulandyr.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, şol sanda Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak bilen baglylykda, geljegi has uly pudaklaryň biri bolan nebithimiýa senagatyny has-da döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Şu babatda milli Liderimiz toplumyň kärhanalaryny tehniki taýdan mundan beýläk-de gaýtadan enjamlaşdyrmak, uglewodorod çig malynyň düýpli, galyndysyz gaýtadan işlenilmegini üpjün edýän netijeli tehnologiýalary, nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmegiň innowasion usullaryny ornaşdyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek hakynda” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew geljek ýylyň oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak boýunça möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki möhletlere laýyklykda, geljek ýylyň gowaça hasylynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň düýbüni tutmak maksady bilen, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri dowam etdirilýär.

Şol bir wagtda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda hem-de daýhan birleşiklerinde geljek ýylyň ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýarlamak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine oba hojalygyny ösdürmegiň maksatnamalaryny hem-de oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň, miweleriň öndürilýän mukdaryny has-da artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu işler ilatyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga ýardam eder.

Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda döwrebap oba hojalyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmaga ýardam edýän öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de iş ýüzünde ulanmagyň möhümdigini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň esasy wezipeleri barada durup geçmek bilen, welaýatda geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny hem-de anyk netijeleri bermelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýerleri, tehnikalary we enjamlary nobatdaky ekiş möwsümine taýýarlamak, daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan durmuş-ykdysady maksatly desgalarda işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Senagat toplumyny ösdürmek boýunça milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini yzygiderli ýerine ýetirmek maksady bilen, himiýa senagatynda ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrüň talabyna laýyk getirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Şu ýylyň 29-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini kämilleşdirmek hakynda” kabul eden Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hünärmenleri “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakynda” Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarladylar.

Hereket edýän milli kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýan Düzgünnama ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň hem-de ýerli telekeçileriň himiki önümleri daşary ýurtlardan getirmek, öndürmek we ýerlemek boýunça işlerini guramak üçin has amatly şertleri döretmäge ýardam berer.

Gurluşyk ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Ş.Durdylyýew şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, işleriň aýry-aýry görnüşlerini, şol sanda himiýa önümlerini getirmek, öndürmek we ýerlemek boýunça işleri ygtyýarlylandyrmaga degişli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz görülýän çäreleriň bu pudakda işleri düzgünleşdirmäge hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda barha artýan islegden peýdalanýan, Diýarymyzyň himiýa senagaty tarapyndan öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açyljak desgalarda alnyp barylýan gurluşyk we timarlaýyş işlerini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Nygtalyşy ýaly, gurluşyk işleri zerur bolan ýokary derejede, möhletleri tassyklanan tertibe berk laýyklykda ýerine ýetirilmelidir.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Täze ýyl baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň doly derejeli durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň baýramçylyk günleri nobatçylygyny guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramçylyk günleri ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň takyk, bökdençsiz we sazlaşykly işlemegini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz wise-premýere baýramçylyk günleri halkymyzyň oňaýly dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly anyk tabşyryklary berip, degişli gulluklaryň sazlaşykly işini guramagyň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine jemagat hojalygy edaralarynyň, tebigy gaz, elektrik we suw üpjünçilik, saglygy goraýyş, jemgyýetçilik ulaglarynyň, dükanlaryň işiniň degişli derejede guralmagy barada tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda çagalar üçin oýnawaçlary öndürýän kärhanany döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer pudaklary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny köpeltmek, içerki bazary Diýarymyzda öndürilýän daşary ýurtlaryň degişli harytlary bilen üstünlikli bäsleşip bilýän ýokary hilli harytlar bilen doldurmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hususan-da, geçirilýän çäreleriň hatarynda çagalar üçin oýnawaçlary öndürmegi ýola goýmak boýunça işler hem bar.

Habar berlişi ýaly, birinji tapgyrda Aşgabat şäherinde ýumşak oýnawaçlary öndürmek boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyryljak kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen birlikde, dünýä tejribesini öwrenmek hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça işler dowam eder.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň öňünde öndürilýän önümleri artdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary kemala getirmek, ýerli çig-mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda, dürli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek babatda kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzy senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri we eksporta niýetlenen harytlary öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmagyň möhümdigini, onuň hiliň we ekologiýanyň hemme ölçeglerine kybap gelmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleriň oýlanyşykly çözülmeginiň özümizde ýokary hilli we elýeter harytlary öndürmegiň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlary azaltmak bilen birlikde, öz harytlarymyzyň görnüşlerini ep-esli giňeltmäge-de mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen dizaýnerleriniň içerki bazarlaryň isleglerini öwrenip, ilatyň isleglerinden ugur alyp, dürli harytlary, şol sanda oýnawaçlary öndürýän täze kärhanalaryň önümçiligini işläp düzmelidiklerini we işe girizmelidiklerini belläp, wise-premýere bu babatda tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda geçiren iş maslahatynyň dowamynda medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny ösdürmek barada beren görkezmelerine laýyklykda, dürli öwüşginli tele we radiogepleşikler, konsertler, sahna oýunlary hem-de beýleki döredijilik çäreleri taýýarlanylýar, olar Täze ýylyň öň ýanynda we baýramçylyk günleri halka ýetiriler. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýaýlyma bermek üçin, medeniýet we sungat ussatlarynyň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanyp, zähmet üstünliklerini gazanýan watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşindäki gutlaglar ýazgy edilýär.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri çagalar üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar, olarda çagalaryň söýgüli oýunlaryndan sahnalar hem görkeziler.

Döwlet sirkinde “Täze ýylyň öwüşginleri” atly ajaýyp baýramçylyk şowhuny taýýarlanyldy.

Täze ýyl baýramy mynasybetli, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň arasynda däbe öwrülen teleköpri 31-nji dekabrda “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý etmek bilen geçiriler. Dabara baýramçylyk feýerwerki bilen jemlener.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen dabaralaryň we Täze ýyl çäreleriniň ýokary derejede guralmalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere hem-de häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Täze ýyl çagalaryň, şeýle hem uly adamlaryň uly sarpa goýýan baýramçylyklarynyň biridir, şonuň üçin oňa bagyşlanan çäreler aýratyn şatlyk-şowhunlylygy bilen tapawutlanmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek hem-de ýurdumyzyň raýatlaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça milli Liderimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan halkara derejedäki iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän döwletine öwrüldi.

Türkmen sportuny goldamak we raýatlaryň saglygyny berkitmek, ýaş nesilleri sporta söýgi ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny döretmek, türkmen milli sportuny dünýä derejesine çykarmagyň ygtybarly hukuk-guramaçylyk we maddy-enjamlaýyn esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy.

Bu resminamanyň esasy maksady bedenterbiýäni we sporty hemmetaraplaýyn goldamak hem-de ösdürmek arkaly, türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekden, raýatlaryň wagtlaryny peýdaly geçirmegi, ilatyň saglygyny berkitmek we keselleriň öňüni almak üçin olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga şertleri döretmekden hem-de türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmakdan ybaratdyr.

Wise-premýer degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň, daşary ýurtlaryň sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem-de Diýarymyzyň sport ulgamyna öňdebaryjy gazanylanlary we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmegiň, halkara derejeli türgenleri taýýarlamagyň–şu hem-de ençeme beýleki möhüm wezipeleriň maksatnamanyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenilendigini habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sportuň dürli görnüşlerini, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň aýratyn ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz sportuň halkymyzyň sazlaşykly ösmegine, beden taýdan berk we ruhy taýdan kämil ýaşlaryň terbiýelenilmegine gönüden-göni ýardam berýändigini nygtap, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmäge degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Abraýly halkara düzümler bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda ýurdumyzyň halkara konwensiýalaryň, şertnamalaryň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň 161-sine gatnaşýandygy habar berildi. Şolary amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň dowamynda halkara guramalaryň Türkmenistanda ýerleşen wekilhanalary bilen bilelikde anyk taslamalaryň 217-si durmuşa geçirildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilmeginiň hem-de geljegi uly bolan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň esasy ugurlaryň hatarynda durýandygyny habar bermek bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen teklipleriň birnäçesini hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça edarasy (ÝUNESKO) bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň halkara konwensiýalarynyň we köptaraplaýyn şertnamalarynyň 10-syna gatnaşýar. Degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň iki sany Konwensiýasyna goşulmak teklip edilýär.

Şolaryň biri 1960-njy ýylda kabul edilen hem-de hökmany başlangyç we orta bilim, hemmelere deň derejede elýeterli ýokary bilim hem-de bilimde mümkinçilikleriň deňligi ýaly esaslary öňe sürýän ýeke-täk halkara resminama bolup durýan «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakynda Konwensiýadyr». Häzirki wagtda bu Konwensiýa dünýäniň 104 döwleti gatnaşýar.

Ikinji resminama 2005-nji ýylda kabul edilen «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda Konwensiýa» bolup, onda medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini gorap saklamak we höweslendirmek, medeniýetleriň özara bähbitli ösmegi hem-de bütin dünýäde giň gerimli hem-de sazlaşykly medeni gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeler göz öňünde tutuldy. Bu resminama dünýäniň 148 döwleti gatnaşýar.

Ikinjiden, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň Intellektual eýeçiliginiň Bütindünýä guramasy (WIPO) bilen gatnaşyklary ösdürilýär. Şu günki günde, Türkmenistan bu gurama tarapyndan utgaşdyrylýan halkara konwensiýalaryň we köptaraplaýyn resminamalaryň 14-siniň agzasy bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda WIPO guramasy tarapyndan dolandyrylýan, 2000-nji ýylda kabul edilen Patent hukugy hakynda Şertnama ýurdumyzyň goşulmagy teklip edilýär. Bu Şertnama senagat nusgalarynyň we oýlap tapyşlaryň hukuk goragyny üpjün edýän patent resminamany almak üçin gelýän haýyşnamalary çalt we ýeňilleşdirilen görnüşde seljermäge, bellige almaga niýetlenen köptaraplaýyn resminama bolup, halkara derejede patent hukugynyň goragyny üpjün etmegiň netijeli guraly hökmünde çykyş edýär.

Üçünjiden, ynsanperwer ugurda işleýän ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň arasynda Halkara Zähmet Guramasy (ILO) bilen alnyp barylýan gatnaşyklary aýratyn nygtamak gerek diýip, wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan bu gurama tarapyndan utgaşdyrylýan köptaraplaýyn resminamalaryň 10-synyň agzasydyr.

Bu babatda ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasynyň çäklerinde 1964-nji ýylda kabul edilen «Iş üpjünçilik syýasaty barada» 122-nji konwensiýa goşulmagy teklip edilýär. Häzirki wagtda bu Konwensiýa dünýäniň 148 döwleti gatnaşyjy bolup çykyş edýär.

Bu halkara resminama ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, zähmet bazarlaryndaky işçi güýjüne bolan islegiň we teklibiň deňagramly saklanylmagyna, zähmet gorlarynyň netijeli dolandyrylmagyna we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam bermegi maksat edinýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarly ýurt hökmünde döwletimiziň halkara gatnaşyklaryny “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda guraýandygyny belledi. Köptaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek şol resminamada esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.

Dünýäniň ýurtlary hem-de abraýly halkara düzümleri, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary — ÝUNESKO, WIPO, HZG we beýlekiler bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen bu işler daşary syýasatda we häzirki döwrüň ýagdaýlarynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny nazara almak bilen amala aşyrylmalydyr.

Bu işde ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna uly orun degişlidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna beýan edilen teklipleri Mejlis bilen ara alyp maslahatlaşmagy hem-de bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan harby özgertmelerini amal etmegiň barşy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş meselelerini çözmek wezipeleri hasabatyň esasyny düzdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna üýtgewsiz eýerýändigini belledi. Bu doktrina halkara bileleşik tarapyndan berlen Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolan berkarar Watanymyzyň howpsuzlygynyň hem-de serhetleriniň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegini ugur edinýär.

Harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ähli bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli berjaý edilmegi serkerdeleriň hünär ussatlygyna hem-de hukuk taýýarlyk derejesine, eserdeňligine, döwrebap tehniki serişdelere we tehnologiýalara erk etmek endiklerine baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň şu günlerde alyp barýan kanunçykaryjylyk işleri barada maglumat berdi.

Häzir ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler nazara alnyp hem-de halkara kanunçykaryjylyk tejribesiniň öwrenilmeginiň esasynda, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, ýer gatnaşyklary, bilim, ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän birnäçe täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatynyň kanunçylyk-hukuk binýady häzirki döwrebap ýagdaýa laýyklykda ösdürilýär, ozal kabul edilen kanunçylyk resminamalary kämilleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlaryny geçirmek we Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen baglanyşykly “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan degişli kanunçylyk namalaryna seljerme işleri geçirilip, kadalaşdyryjy-hukuk namalary taýýarlanylýar.

Mejlisiň deputatlary BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Halkara-migrasiýa guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Ilat gaznasynyň guramagynda onlaýn duşuşyklara hem-de maslahatlara gatnaşdylar.

Şeýle hem Mejlis Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen birinji duşuşygyna wekilçilik etdi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA-nyň döwletleri boýunça wekilhanasynyň başlangyjy esasynda geçirilen duşuşygyň maksady parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi gazanmak üçin köptaraplaýyn gatnaşyklarda zenanlaryň ornunyň ähmiýetini sebit derejesinde pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Mejlisiň deputatlary ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň ähmiýetini hem-de kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunyny düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz döwletiň hukuk esaslaryny, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunyň hemme zatdan ýokarda tutulmagyny berkitmek boýunça Türkmenistanyň amala aşyrýan ýörelgesi bilen baglylykda, işlenip taýýarlanylýan kanunçylyk resminamalarynyň ähmiýetini belläp, bu işleri ýurdumyzyň häzirki zaman tapgyrdaky ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny pugta göz öňünde tutup geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysy S.Toýlyýewi hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz olara hem-de wise-premýerlere ýüzlenip, dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen topragy tebigy serişdelere örän baýdyr. Bu baýlyklar, elbetde, gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, ozaly bilen bolsa uglewodorod serişdeleri, ýagny tebigy gaz, nebit, şeýle hem mineral serişdelerdir.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi ünsi aýratyn özüne çekýär. Biziň çölümizde-sähramyzda dürli ot-çöpler näçe diýseň bar. Bu bolsa maldarçylygy ösdürmäge-de amatly şertleri döredýär. Derýalarymyzyň jülgelerinde hem, daglarymyzda hem köp sanly täsin we peýdaly ösümlikler ösýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Müňýyllyklaryň dowamynda adamlar Zeminiň bu baýlyklaryny diňe bir iýmit däl-de, eýsem öt-çöpleriň we miweleriň köp görnüşlerini derman hökmünde hem ulanypdyrlar. Siziň bilşiňiz ýaly, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabymyň 12 jildi neşir edildi, emma men bu işiň soňuna ýetip bilemok. Sebäbi, «ýaşyl dermanhananyň» mümkinçiligi asla egsilmeýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Parasatly ata-babalarymyzdan dertlere garşy netijeli ulanylan, şypa beriji dürli melhem otlar hem bize miras galdy. Häzirki lukmançylyk ylmy bolsa bu ösümlikleriň birwagtlar ýönekeý usullarda anyklanan gymmatly häsiýetleriniň bardygyny tassyklaýar. Diňe tassyklamak hem däl, olary öwrenmek we netijeli ulanmak üçin giň mümkinçilikleri-de açýar.

Men alym we lukman hökmünde dermanlyk ösümliklere ylmy taýdan, bilip çemeleşmegi ündeýärin. Biziň köp sanly dermanlyk otlarymyz bolsa, şu nukdaýnazardan, heniz doly öwrenilenok diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, özüniň bu işlere saglygy goraýyş ministri bolup işleýärkä başlandygyny belledi. Şol döwürde biz buýan köküni gaýtadan işleýän zawody gurduk, oňa ýer hem berdik. Bu kärhana süýji buýany ösdürip ýetişdirýärdi. Halk dermançylygy esasynda, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, şondan bejeriş-öňüni alyş serişdesini taýýarlaýan önümçiligi hem döretdik. II arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan bu dermanlyk ösümligiň ýurdumyzda 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Buýan köki ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onkibarmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtlardan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň derman serişdeleriniň ýygyndysyndaky sanawda bu ösümlik 1-nji bäşlikde durýar. Süýji buýanyň düzüminde 23 göterime çenli glisirrizin turşusy bar. Glisirrizin turşusynyň esasynda allergiýany, sowuklamany, bronh demgysmasyny, süýjüli başy (ekzemany) bejermekde we wiruslara garşy ulanylýan dermanlar taýýarlanýar.

Onuň adamyň kesellere garşy immun durnuklylygyny berkidýändigi hem anyklanyldy. Öňler buýany süýji hökmünde çaýa hem goşardylar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, soňky maglumatlara görä, süýji buýanyň ähmiýeti boýunça dermanlyk ösümlikleriň arasynda birinji ýerde durýandygyny mysal getirdi. Häzirki döwürde bu ösümlik 350-den gowrak derman serişdesiniň düzümine goşulýar.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň jiltleriniň birinde buýan köküniň häsiýetini, biologik aýratynlyklaryny we himiki düzümini beýan edendigini aýtdy. Buýan köküni ata-babalarymyz dürli dertlerde, ozaly bilen, üsgülewükde, ýokarky dem alyş ýollarynyň kesellerinde netijeli ulanypdyrlar.

Alymlar bu ösümlikdäki işjeň madda bolan glisirrizin turşusynyň häzirki döwürde bütin dünýä bolup garşysyna göreşilýän täze koronawirus pandemiýa ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni alýandygyny belleýärler. Buýan köküniň şiresiniň az mukdary hem bu ýokanjy ýok etmekde gowy peýda berýär. Bu bolsa glisirrizin turşusynyň ýokançlara garşy täsirini düýpli öwrenmegiň zerurdygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň çäklerine täze koronawirus ýokanjynyň getirilmegine ýol bermezlik üçin öz wagtynda ähli zerur çäreler görüldi. Bu howply keseliň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, diňe serhetde däl, ýurdumyzyň içinde hem bellenilen çäreler dowam edilýär. Ýurdumyzda agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni we beýleki profilaktiki çäreler girizildi. Sebäbi häzir dünýäde pandemiýa bilen bagly örän howsalaly ýagdaý dowam edýär. Şoňa görä-de, ähli ýurtlaryň alymlary bu howply ýokanja garşy netijeli serişdeleri gözläp, köp sanly barlaglary geçirýärler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şu meselede buýan köküniň şol serişdeleriň biri bolup biljekdigini belledi.

Bu bolsa türkmen we daşary ýurtly lukman hünärmenleriň bilelikde işlemegi üçin mümkinçilik açýar. Çünki bu serişdäni ulanmagyň oňat tejribesi toplanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de derman serişdelerini öndürmek üçin Türkmenistanda süýji buýan gorlarynyň ýeterlikdigini nygtady.

Milli Liderimiz onuň, elbetde, Ýer ýüzüniň köp ýerlerinde ösýändigini, ýöne türkmen buýanynyň has gymmatly serişde hasaplanylýandygyny belledi. Sebäbi biziň amatly howa şertlerimiz bu ösümlikde köp sanly peýdaly maddalaryň toplanmagy üçin şert döredýär. Türkmenistanyň çäklerinde müňýyllyklaryň dowamynda çölüň kyn tebigy şertlerine garşy durýan örän gowy ekoulgam emele geldi. Şeýle şertlere ösümlikler ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşyp we yzgaryny saklap, ynsan üçin ähmiýetli bolan beýleki maddalary hem özünde jemläpdir. Sebäbi biziň topragymyzda azyk önümlerini öndürmek üçin hem, sagdyn durmuşda ýaşamak üçin hem ähli zerur şertler bar.

Milli Liderimiz buýan köki ýetişenden soň, kesim görnüşde bölünip, şiresiniň taýýarlanylýandygyny ýatlatdy hem-de buýan köküniň goýy ekstraktynyň, buýanyň süýri däneleriniň, buýan köküniň hem çaý bilen içer ýaly gaplara gaplanylýandygyny belledi.

Buýan köki lukmanlaryň nesihaty boýunça ulanylsa dogry bolardy. Garaz, biz tebigy baýlyklarymyz bolan ösümliklerimizi adamlaryň saglygy üçin doly derejede peýdalanmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni jemledi.

Döwlet Baştutanymyz aýdanlaryny umumylaşdyryp, Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna bu meseläni mundan beýläk-de ylmy tarapdan düýpli öwrenmegi, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine bolsa işläp gelýän dermanhanalary döwrebaplaşdyrmagy we täzelerini gurmagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   19.01.2021  /   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Durdylyýewi we B.Öwezowy hem-de Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şol sanda ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk, gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýerleri taýýarlamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary, welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmek, elektrik energiýanyň, tebigy gazyň we agyz suwunyň bökdensizligini ýola goýmak barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,“Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ähli agrotehniki işleri talabalaýyk geçirmek, ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary we ýerleri möwsüme doly taýýarlamk, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny degişli derejede saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gowaça ekişi bilen bir hatarda, beýleki ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilen işleriň we gurluşyklaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, şolarda häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we täzeçil tehnolgiýalaryň işjeň ulanylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça welaýatda iş saparynda bolup, sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýlary bilen tanşandygy barada hasabat berdi.

Wise-premýer Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we onuň ýanynda sadaka jaýynyň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygy, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň we ýokanç keselleri hassahanasynyň, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda kottežler toplumynyň gurluşyklarynyň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup, ulanylmaga berilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan işleriň talababalaýyk guralmalydygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýyny gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalaryň daşky we içki bezeg işleriniň welaýatyň aýratynlyklaryna laýyk gelmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şöhratly baýramçylyga ajaýyp sowgat boljak möhüm ähmiýetli gurluşyklarda işleriň barşyna berk gözegçilik etmek, olaryň ýokary hilli we öz möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagy üçin ähli tagallalar etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy.

Häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak, şol birwagtyň özünde ýazlyk gök we bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriň, şonda ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesi boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işleriniň ýola goýulýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan işleri talababalaýyk guramagyň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şeýle hem gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmek, etraplarda, şäherlerde we şäherçelerde durmuş düzümine degişli desgalaryň bökdençsiz hereketini ýola goýmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günler alnyp barylýan meýdan işleri bilen bir hatarda, ýaz ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, taýýarlyk işleri batly depginlerde ýola goýulmalydyr. Ýaz ekişini gysga wagtda we guramaçylykly geçirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Mary welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada aýdyp, bu ýerde durmuşa geçirilýän hemmetaraplaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde Mary welaýatynyň çäginden gözbaş alan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynda degişli işler alnyp barylýar.

Bular barada aýtmak bilen, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek, şol birwatgyň özünde binalarda häzirki zamanyň ösün tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkim D.Annaberdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň özara tejribe alyşmak maksady bilen, Mary welaýatyna iş saparynyň guralmalydygyna ünsi çekdi. Olar welaýatyň medeni durmuşyndaky hem-de oba hojalygyndaky oňyn tejribeler bilen tanşarlar. Munuň özi häkimleriň iş tejribesini mundan beýläk-de baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetli bolar diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowany hem-de medeniýet ministri A.Şamyradowy çagyrdy.

Wise-premýer M.Mämmedowa medeniýet ulgamynda “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ýaýbaňlandyrylan çäreleri giňden beýan etmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygy we ony üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň kesgitlenendigi barada hasabat berdi.

Medeniýet ministri A.Şamyradow şu günler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň şanly seneleri mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi. Eziz Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes seneleriň hormatyna köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar, bäsleşikler, sergiler we dürli derejedäki maslahatlar guralar.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilýän desgalaryň açylmagynyň we şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralaryň häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmedidigine ünsi çekdi.

Meýilleşdirilen medeni çäreler milli ýörelgelere we häzirki zaman tejribelerine kybap gelmelidir, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän medeni çärelerde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýarlygy we milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýetilen sepgitler öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bitirilýän beýik işleriň, Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň waspy ýetirilmelidr. Munuň özi halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda we Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň ösen talaplaryna we halkara ölçeglerine doly kybap gelmelidir. Şeýlelikde, ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, oňa häzirki zamanyň ösün tejribeleri, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Aýratyn-da, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen ýurdumyzyň Baş arçasyna bardy

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   28.12.2020  /   

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklary bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyna geldi. Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk myhmanlary mähirli garşyladylar.

“Älem” medeni-dynç alyş merkezi halkyň söýüp garşylaýan hem-de parahatçylygy, ylalaşygy özünde jemleýän Täze ýyl baýramçylygynyň guralýan esasy merkezine öwrüldi.

Bu ýerde, ägirt uly arçanyň töwereginde öwşün atýan çyrajyklardan, täsin şarlardan, bezeg garjagazlaryndan, daş-töwerege nur saçýan dürli bezeg serişdelerinden hakyky ertekiler dünýäsi döredildi. Älemgoşar öwüşginli bezeglere beslenen meýdançada Täze ýyl baýramynyň ruhubelentlik ýagdaýy göwnüňi göterýär.

Milli Liderimiz agtyklary bilen ertekiler şäherçesindäki meýdançada ýerleşýän Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy.

Aýazbabadyr Garpamyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we mähriban atasy bilen Baş arçanyň ýanyna gelen bagtyýar körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda körpe nesliň sazlaşykly ösmegi belent ruhly, sagdyn hem-de hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolup ýetişmegi ugrundaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyz çagalar hakyndaky aladanyň asylly we nurana geljegiň ygtybarly bolmagyny alamatlandyrýandygyny durmuş hem-de ýaşlar syýasatynyň ähli ugurlarynda ägirt uly we netijeli özgertmeleriň başyny başlamak bilen, şolaryň ýurdumyzda bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny aýratyn belleýär.

Ýaş türkmenistanlylar mekdebiň işiginden ätlän ilkinji pursadyndan başlap, häzirki zamanyň kämil netbuklarynyň işiniň inçe tilsimlerini özleşdirýärler. Täze, 2021-nji ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň birinji synp okuwçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzda öndürilen ýörite okuw maksatlary bilen üpjün edilen döwrebap kompýuterleri sowgat aldylar.

Şeýle hem Aýazbaba we Garpamyk çagalar barada edýän atalyk aladasy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýokary hilli bilim almagy babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin milli Liderimize ösüp gelýän ýaş nesliň hem-de ähli watandaşlarymyzyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň ähli çagalaryny Täze ýyl baýramy bilen gutlap, olara okuwlarynda uly üstünlik, saýlap alan hünärine ýetmeklerini arzuw etdi. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz asylly däbe eýerip, agtyklary bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar.

Bagtyýar körpe nesil ata Watanymyzyň hem-de jemgyýetimiziň hakyky buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki zehinli mekdep okuwçylary ýakyn geljekde köp babatda durmuş we ykdysady ösüşiň many-mazmunyny hem-de depginini kesgitlär, ylymda, tehnologiýalarda, medeniýetde we sungatda esasy orny eýelär.

Şundan ugur alnyp, Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň ukyp-başarnygynyň açylmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda, onuň çäklerinden daşarda köp sanly bäsleşikler, olimpiadalar, çagalaryň döredijilik sergileri yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň çagalary halkara festiwallarda hem-de intellektual bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, medallara we baýraklara eýe bolýarlar.

Ýurdumyzda çagalaryň bagtly geljegini üpjün etmek üçin zerur şertler döredildi. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmenistanlylaryň ýaş nesli döredijilik ukyplaryny yzygiderli ösdürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna hem-de BMG-niň eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen beýleki möhüm resminamalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, dünýä bileleşigine öz üstüne alan borçnamalarynyň ählisine ygrarlydygyny görkezýär.

Diýarymyzda gurlan hem-de gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralary, sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz enäniň we çaganyň saglygyny goramak meseleleri boýunça iri halkara guramalar, öňi bilen bolsa, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we bu ugurda bilelikdäki wajyp taslamalary hem-de başlangyçlary durmuşa geçirýär. BMG-niň Çagalar gaznasy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen aň-bilim we ösüş häsiýetindäki, ösüp barýan ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine hem-de goralmagyna gönükdirilen mowzuklaýyn çäreleri guramakda yzygiderli gatnaşyk saklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklady. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi üçin mümkinçilikleri üpjün etmekde saldamly goşant bolar. Munuň özi bu ugurda edilýän tagallalaryň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar.

Bu ýerde Täze ýyl baýramy mynasybetli sowgatlyk harytlaryň dükany işleýär. Onda baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Döwlet Baştutanymyz dükana baryp, hödürlenilýän sowgatlyk önümler bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiziň agtyjaklarynyň göwün söýen, saýlan sowgatlaryny Aýazbabanyň gowşurmagy körpeler üçin ýatdan çykmajak şatlykly pursada öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz agtyklarynyň saýlan sowgatlyk önümleri üçin tölegi bank karty arkaly geçirdi.

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň söwda ulgamynda hem döwrebap ösen tehnologiýalar we sanly ulgamyň mümkinçilikleri işjeň ulanylýar.

Çagalar alkyş sözlerini aýdyp, çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde joşgunly goşgulardan okap berdiler. Olar dürli dillerde goşgy okadylar. Aýazbaba we Garpamyk körpeleriň söýgüli baýramy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgulary üçin bagtyýar çagalara hoşallyk bildirip, olara täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Aýazbaba bilen Garpamyk milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu günki şatlykly wakanyň hormatyna özleri bilen ýadygärlik surata düşmegi haýyş etdiler.

Türkmenistanlylar ýagşy arzuwlar bilen Täze ýyly garşylap, ruhubelentlik hem-de eziz Watanymyza we milli Liderimize buýsanç duýgularyny başdan geçirýärler. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ösüp barýan ýaş nesilleriň durmuşynyň her bir pursadynyň şatlykly wakalara, asylly ýörelgelere beslenmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine gönükdirilen giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda geljegi nazarlaýan başlangyçlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn bilimli, ruhubelent we sagdyn bedenli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek baradaky yzygiderli aladasy ýaşlary täze taryhy eýýamda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Bagtyýar çagalaryň gülküleri, şadyýan sesleri döwletimiziň abadançylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar we mähriban Watanymyzyň şu günki we geljekki ösüşine bolan ynamyny pugtalandyrýar. Ýetip gelýän we döwletimiziň beýik ösüşlerine beslenjek 2021-nji ýylyň bosagasynda çagalaryň şatlyklary Diýarymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Milli Liderimiz Aýazbabadyr Garpamyga minnetdarlyk bildirip, dostlugy, parahatçylygy, ylalaşyklylygy, jebisligi hem-de rowaçlygy alamatlandyrýan Täze ýyl baýramy bilen olary ýene bir gezek gutlady we täze ýylda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aýazbaba we Garpamyk bilen hoşlaşyp, olara ýene-de bir gezek Täze ýylyň bagtly, düşümli ýyl bolmagyny arzuw edip, Watanymyzyň körpe nesilleriniň iň gowy milli däpleri, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişjekdigine hem-de hakyky watançylar boljakdygyna ynam bildirdi hem-de bu ýerden ugrady.

Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   15.01.2021  /   

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary Durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen syýasaty döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de OYR-nyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Akina-Andhoý demir ýolunyň, Kerki (Türkmenistan)- Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar -Akina we Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Lebap welaýatynyň nebitgaz düzüminiň üstüni ýetiren täze senagat desgasynyň hem "Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öz işine başlaýandygy bellärliklidir.

Hut şu ýerde, nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan gündogar sebitde Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisi başlanýar. Bu desgada Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky pikir öz beýanyny tapýar.

Bu energiýa geçirijisi XXI asyryň ägirt uly inžener-tehniki desgalarynyň biridir. Halkara gatnaşyklarynyň tejribesinde bu taslama hoşmeýilli erk-islegiň, netijeli hem-de oňyn döwletara hyzmatdaşlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, gaz geçirijisine tebigy gazyň eksport akymlary çig mal çeşmeleriniň birnäçesinden amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Garagumuň günortasynda, Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýän “Malaý” gaz ýatagy hem bar.

Şu gün bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köpsanly dabara gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyljak bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze desganyň öňündäki meýdança gonýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Lebap welaýatynyň häkimi mübärekleýärler.

Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygy boýunça ýöräp, dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Ýodajygyň iki tarapynda nebitgaz senagatynyň işgärleri, elleri baýdajykly, howa şarly we gülli ýaşlar düzüldiler.

Gündogar sebitiň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly we tansly çykyş dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär – täze möhüm senagat desgasy açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu dabara gatnaşyjylaryň hem-de myhmanlaryň ýygnanan binasyna tarap ugraýar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri bar. Olaryň ählisi ör turup, şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimizi mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny täze, 2021-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde şu günki taryhy ähmiýetli waka – «Malaý» käninde gurlan döwrebap gaz gysyjy desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy we daşary ýurt maýadarlary üçin hyzmatdaşlyga amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäde iri energetika döwlet hökmünde ykrar edilmegine getirdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigy gazyny halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly, işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Netijede, gymmatly çig mal bolan tebigy gazy özara bähbitli esasda ýerlemegiň hem-de girdeji gazanmagyň täze bazarlary peýda bolýar.

Biziň syýasatymyz ýurdumyzyň uly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ulanmakdyr. Öňde goýlan bu belent maksatlara ýetmek ugrunda gysga wagtyň içinde möhüm ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan indi köp ýyllardan, ýagny 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary «mawy ýangyç» bilen üpjün etmän, eýsem, asyrymyzyň iri taslamasy bolan Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu halkara energiýa magistraly bilen «Malaý» känini uzynlygy 188 kilometr bolan «Malaý–Bagtyýarlyk» gaz geçirijisi birleşdirýär.

Bu ýerde guýularyň önüm berijiligini artdyrmakda, käniň tebigy gaz goruny has doly peýdalanmakda işe girizilýän täze desganyň ähmiýeti örän uludyr. Täze gurlan desganyň «A» we «B» önümçilik sehleri bolup, «A» sehiniň wezipesi «Malaý» gaz känini doly özleşdirmekden ybaratdyr. «B» sehi bolsa, «Galkynyş» we «Döwletabat» känleriniň gazyny «Malaý – Bagtyýarlyk» gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir.

Bu täze desgada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen 6 sany kuwwatly gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Şol enjamlar kämil awtomatlaryň we kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýar.

Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desgada ygtybarly enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyryldy.

Umumy meýdany 12 gektara golaý bolan täze beketde gaz gysyjy enjamlar toplumyndan başga-da, sowadyjy we arassalaýjy desgalar, ýokary hem-de pes basyşly fakel hojalygy, azot we kislorod öndürýän stansiýa, ätiýaçdaky dizel elektrik stansiýasy ýerleşýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde merkezi dolandyryş operator hem-de mehaniki bejeriş we ýangyn howpsuzlyk binalary, edara binasy, ýangyna garşy suw howuzlary göz öňünde tutuldy. Döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş orny dörär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly taryhy ösüşlere, uly rowaçlyklara beslenýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde geçirilýän bu dabaraly çäräniň hem aýratyn möhüm ähmiýeti bar. Sebäbi, Türkmenistan gurýan we döredýän, iri taslamalary amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni giňden tanadýar.

Häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, durnukly ösýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle taslamalar, ulanmaga berilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalardyr binalar hem-de önümçilikler milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz eziz Diýarymyzda şular ýaly iri desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplaryna, döwrebap innowasiýalara, ösen tehnologiýalara möhüm ähmiýet berýäris. Hut şunuň netijesinde hem, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurýan iri senagat, nebitgaz we himiýa önümçiliklerimiz abraýly halkara guramalarynyň ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlerine hem-de ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalaryna mynasyp bolýar. Munuň özi, elbetde, buýsandyryjy ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün açylyp, ulanmaga berilýän iri senagat desgasynyň hem diňe bir biziň häzirki ösüşlerimize mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimize hem uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ýygnananlary şu günki taryhy waka – «Malaý» käninde gurlan gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň baş direktory jenap Li Şulýana söz berildi. Ol Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň işgärleriniň adyndan ýygnananlary “Malaý” gaz käninde täze gaz gysyjy desganyň üstünlikli ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi bilen amala aşyrylan bu iri taslama şol gaz käniniň ikinji tapgyryna täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi bolsa gaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

“Malaý” gaz käniniň golaýynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäk ýerleşýär. Şol ýerde 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň, Özbegystanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürdäki aýdyň beýanyna öwrülen Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisini resmi taýdan işe girizmek dabarasy boldy.

Häzirki wagta çenli “Türkmengaz” döwlet konserni we “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan ýataklardan hyzmatdaşlaryň bilelikdäki tagallasy bilen, Ýuwaş ummanynyň kenaryna çenli tebigy gazyň jemi 290 milliard kub metri iberildi.

Tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji orna we dünýäde dördünji orna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň energetika döwletidir. Nebitgaz ulgamynda ählumumy we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda Türkmenistana möhüm orun degişlidir diýip, myhman aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berdi. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde ýokary depginler, uglewodorod serişdelerini gözlemekde we işläp taýýarlamakda, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermekde hem-de gazhimiýa senagatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistanyň iň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşy hökmünde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) mundan beýläk-de tehnologik alyşmalary pugtalandyrmaga hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, jenap Li Şulýan aýtdy.

Myhman şu ajaýyp waka bilen dabara gatnaşyjylary ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz HHR-iň wekillerine geçirýän uly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde görkezen daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Şeýle giň gerimli taslamanyň bir ýyl sekiz aýyň dowamynda amala aşyrylmagy onuň asyryň gurluşygy atlandyrylmagyny şertlendirdi. Türkmen gazy dostlukly hytaý halkynyň müňlerçe öýlerine ýylylyk getirdi, senagat kärhanalaryny zerur bolan möçberde ýangyç bilen üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagat taslamalary daşky gurşawy goramak meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi hakyndaky Kioto teswirnamasyny we bug gazlarynyň howa zyňylmagynyň azaldylmagyny göz öňünde tutýan beýleki halkara ylalaşyklaryny tassyklady. Şundan ugur almak bilen, ähli ulgamlara hem-de pudaklara, şol sanda nebitgaz senagatyna döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Şu täze desganyň hem bu talaplara laýyk gelmegi türkmen – hytaý hyzmtadaşlygynyň ählumumy durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda işjeňleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Natçene ýüzlenip hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin diplomat tarapyndan bu ugurda ähli tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.

Soňra ýygnananlara Türkmenistana bagyşlanan hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwaty ösüşiniň esasy ugurlary, gaz gysyjy desga barada gürrüň berýän wideofilm hödürlenildi.

Ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeläp, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge işjeň gatnaşýar, energiýa serişdelerini ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şu meseleler boýunça döwletimiziň garaýyşlaryny BMG-niň belent münberinden ençeme gezek beýan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşiginiň doly goldawyna we ykrarnamasyna mynasyp boldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidildi.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda möhüm wezipeleri çözmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady.

Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bar. Ol diňe bir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna, sebitde energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bellenilişi ýaly, XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň – Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy energetika ulgamynda üstünlikli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçirijisi özüne üç ugry (A, B we С) ugry birleşdirýär.

Hytaýyň çäginde oňa uzynlygy 10 müň kilometre golaý bolan Günbatar-Gündogar gaz geçirijisi birleşýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýadan gelýän gaz HHR-iň 25 welaýatyna we awtonom etraplaryna, şeýle hem Gonkong aýratyn edara ediş etrabyna gelip gowuşýar. Munuň özi gazdan 500 milliona golaý adamyň peýdalanýandygyny aňladýar.

“Türkmengaz” döwlet konserni transmilli gaz geçirijisine “mawy ýangyjy” esasy iberiji bolup durýar.

2007-nji ýylda Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) “Amyderýa” gaz kompaniýasynyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkdäki ýatak ekologiýa taýdan arassa çig malyň ikinji uly çeşmesi bolup durýar.

Hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan Amyderýanyň sag kenarynda uglewodorod çig malyny gözlemek, gorlaryna baha bermek hem-de senagat taýdan özleşdirmek bilen baglanyşykly geologiýa - gözleg we burawlaýyş işleriniň uly möçberleri ýerine ýetirildi. Bu ýerde tebigy gazyň we gaz kondensatynyň uly gorlary bolan ýataklaryň 20-den gowragy ýüze çykaryldy.

Samandepe ýatagynda we Hojambaz etrabynda ýylda umumy kuwwatlylygy 14 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň ikisi, beýleki önümçilik, logistik hem-de durmuş düzümleri guruldy.

2014-nji ýylda Amyderýanyň sag kenaryndaky iri ýataklarda gözleg hem-de işläp bejeriş işleri üçin ulanylýan esasy tehnologiýalar HHR-iň ylmy-tehniki ösüş babatyndaky Milli baýragyna mynasyp boldy. Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bolsa 10-dan gowrak pudaklaýyn hem-de milli sylaglara, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň raýat gurluşygy, ylym we tehnika ulgamyndaky iň abraýly “Zhan Tianyou” baýragyna mynasyp boldy.

“Bagtyýarlygyň” ilkinji daşary ýurt taslamasy bolandygyny bellemek gerek. Şol ýerde PetroÇina kompaniýasy tarapyndan “Sanly gaz ýatagy” platformasy guruldy. Häzirki wagtda ol özüne 125-den gowrak ulanyş guýusyny birleşdirýär.

Turba geçirijiniň işe girizilen pursadyndan bäri şu ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Merkezi Aziýadan Hytaýa 336 millard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Şunda Türkmenistan iberilen “mawy ýangyjyň” 85 göterimini üpjün etdi.

Gürrüňimizi dowam etdirip, “Gazprom” bilen “Türkmengaz” döwlet konserninden tebigy gazy satyn almak baradaky baglaşylan bäşýyllyk şertnamanyň çäklerinde Russiýa Federasiýasyna hem Orta Aziýa-Merkez gaz geçirijisi boýunça gaz iberilýändigini bellemek gerek.

Diýarymyzyň ähli gaz magistrallaryny bitewi ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurdumyzyň gaz ulag ulgamyny ösdürmegiň ýolunda uly ädim boldy. Şunuň netijesinde, “Döwletabat” hem-de “Galkynyş” ýaly ägirt uly tebigy gaz ýataklary bar bolan Mary welaýatyndan gazy rewers görnüşinde Ahal we Balkan welaýatlaryna ibermäge mümkinçilik döredi. Mundan başga-da, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi türkmen energiýa serişdelerini Hazaryň üsti bilen halkara bazarlaryna eksport etmekde ulanylyp bilner.

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky, şonuň ýaly-da, Merkezi Garagumdaky geljegi uly nebitgaz ýataklaryny, şeýle hem ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan çalt özleşdirmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyşyň” gorlary, “Ýaşlar” hem-de “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, häzirki wagtda 27 trillion kub metr möçberinde kesgitlenilýär.

Ozal bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalaryň toplumy ulanmaga berlipdi, häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün etmäge niýetlenen şoňa meňzeş we şonuň ýaly kuwwatlykdaky toplumlar gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça nebitiň we gazyň, beýleki tebigy serişdeleriň täze gorlaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işleriniň gerimi giňelýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň çig mal binýadyny berkitmek bu işleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, täze önüm gatlaklarynyň ýüze çykarylmagy mümkin bolan öňki ýataklaryň çäklerinde, şeýle hem golaýda ýerleşýän geljegi uly meýdançalarda geofiziki barlaglar hem-de gözleg-buraw işleri amala aşyrylýar.

2019-njy ýylda “Malaý” ýatagynyň golaýynda açylan Täjibaý ýatagy şeýle mysallaryň biridir. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň geçiren ilkinji buraw guýulary gazyň senagat akymyny berdi.

Şu sebitde ugleworodlar uly bolmadyk çuňluklarda jemlenendir hem-de özleşdirmäge örän elýeterlidir.

Seýsmiki barlaglaryň we gözleg burawlaryň şunuň ýaly toplumy Naýyp hem-de Bagaja ýataklarynyň töwereklerinde hem bellenendir. Şolaryň binýadynda kuwwatly gazy gaýtadan işleýän, şol sanda suwuklandyrylan gaz öndürilýän toplumlar işleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşen örän iri döwrebap senagat desgalary ulanylmaga tabşyryldy.

Hususan-da, bular ýokary dykyzlykly polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen çykarýan Gyýanlydaky polimer zawoddyr, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawoddyr. Bu desgalar Ýaponiýanyň hem-e Koreýa Respublikasynyň esasy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda guruldy.

Geljekde täze gazhimiýa toplumlaryny ýurdumyzyň her welaýatynda, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýlekileri öndürjek toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.

Umuman, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň kuwwatyny artdyrmagy üpjün edýär, dünýäniň energetika döwleti hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Ine-de, esasy pursat ýetip gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda sensor panelindäki ýörite “goýberiş düwmesine” basyp, gaz gysyjy bekedi ulanyşa girizýär.

Zalda oturdylan uly monitorda şol pursatda görkezilip duran tehnologiki gurluşda bu ýerden ugradylan harytlyk gazyň magistral gaz geçiriji ulgama baryp gowşandygyny aňladýan görkezijiniň yşygy işläp başlaýar.

Bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar --“Petro Gas LLP” (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde amala aşyryldy. Gaz gysyjy enjamlar dünýäde meşhur “Dresser-Rand S.A.” kompaniýasy (Fransiýa) tarapyndan getirildi.

Gije-gündiziň dowamynda 45 million kub metr gazy akdyrmaga niýetlenen enjamlaryň her biriniň kuwwaty 32 MWt barabardyr. Açylyş dabarasynyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Gaz gysyjy desganyň gurluşygyna türkmen hünärmenleriniň gatnaşdylar. Olar ähli gurluşyk-gurnama işleriniň 80 göterimden gowragyny ýerine ýetirdiler.

Soňra milli Liderimiz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.

Bekediň hünärmenleri işgärleriň zähmet çekmegine amatly şertler döredilen gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgasynyň bina edilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň bähbidine ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara mündi. Dikuçar Türkmenabat şäheriniň howa menziline tarap ugur aldy. Şol ýerden milli Liderimiz Aşgabada ugrady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   17.12.2020  /   

 Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam bermek hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny netijeli guramak üçin senagat-innowasion binýady berkitmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer şu ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen Hökümetiň mejlisinde milli Liderimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň taslamalarynyň işlenilip taýýarlanylandygy barada habar berildi.

Bu resminamada “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmäge we olaryň işiniň netijeli dolandyrylmagyny guramaga gönükdirilen anyk çäreler göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, strategiýanyň taslamasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny düýpli özgertmek, sanly ulgamy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, eýeçilik gatnaşyklaryny üýtgetmek we eýeçiligiň görnüşleriniň köpdürlüligini emele getirmek boýunça işler kesgitlenildi.

Çäreleriň meýilnamasynda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek babatynda kanunçylyk namalaryna gaýtadan seretmek hem-de täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek, halkara tejribelerine laýyklykda, gazna biržalarynyň işini guramagy kämilleşdirmek we işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň hem-de döwletden aýrylmagynyň durmuş ugurly bazar ykdysadyýetine we hojalygy dolandyrmagyň döwrebap görnüşlerine geçmegiň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Bu işler ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, hojalyk işini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, jemi içerki önümi hem-de ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge anyk gurallary döretmekde hususy ulgamyň eýeleýän paýynyň artmagy üçin şertleriň döredilmegine ýardam berýär.

Milli Liderimiz, umuman, bu ugurda alnyp barlan işleriň netijelerini makullap, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň taslamalaryny has-da kämilleşdirmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz pudagynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, uglewodorodlaryň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa gözleg işlerini giňeltmek, nebitgazly känleri senagat möçberinde özleşdirmegiň depginlerini artdyrmak, şeýle hem ylmy-tehniki işlere netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini üpjün etmek, şol sanda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna sazlaşykly geçirmek boýunça wezipeleriň möhümdigini belledi.

Nebitgaz senagatyny ösdürmek we onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler öňdebaryjy halkara tejribäniň esasynda pudagy dolandyrmagyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyny talap edýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere önümçilik we maliýe serişdelerini peýdalanmagyň netijeliligini artdyrmagy, nebitgaz toplumynyň çykarýan önümleriniň görnüşlerini giňeltmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek hem-de geljek ýylyň oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmak boýunça ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýykykda, agrotehniki kadalar berjaý edilip, güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar, ekinlere ösüş suwy tutulýar hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.

Mundan başga-da, ýazky ekişe taýýarlyk görülýär. Gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekiljek meýdanlaryny kesgitlemek hem-de ýerleri möwsüme taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töweregini, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça zerur işler geçirilýär. Oba hojalyk tehnikalar abatlanylýar.

Wise-premýer şeýle hem maldarçylygy ösdürmek hem-de bu pudagyň önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Welaýatlarda mallaryň ýyly we dok gyşladylmagyny üpjün etmek üçin çäreleriň görülýändigi aýdyldy. Maldarçylyk hojalyklary ýerlerde ot-iýmler bilen bökdençsiz üpjün edilýär, olara hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, köp görnüşli ýokary hilli önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmegiň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksatlar bilen hojalygy ýöretmegiň täze, netijeli usullaryny ulanmagyň, şol sanda hususy ulgamyň maldarçylyk pudagynda paýyny yzygiderli artdyrmagyň, üstünlikli işleýän kärendeçileri goldamagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere iş tejribesine bugdaýyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny işjeňleşdirmek, suw serişdelerini rejeli ulanmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça meseleler barada durup geçdi.

Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýany goňşy Owganystana ibermek hakynda şertnamalar 2017-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararyna laýyklykda baglaşyldy.

Häzirki wagtda owgan tarapyna “Serhetabat-Hyrat-Turdundy” hem-de “Rabatkaşan-Kalaýnau” ugurlary boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak bilen bagly zerur işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy döwletler, ilkinji nobatda, Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň aýratyn möhümdigini belledi. Biziň ýurdumyz öz goňşusyna ykdysadyýetini dikeltmekde hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berip gelýär.

Türkmenistan dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça baý döwletleriň biri bolmak bilen, diňe içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge ukyply bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksportunyň möçberini, şol sanda Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini yzygiderli atdyrmaga ukyplydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Iberilýän energiýanyň möçberiniň artdyrylmagy, täze elektrik geçiriji ulgamlaryň işe girizilmegi owgan halkynyň durmuşyny gowulandyrmak, täze önümçilikleri açmak, netijede, iş orunlaryny döretmek üçin amatly şertleri göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şol geçirijiler boýunça türkmen elektrik energiýasy goňşy ýurduň dürli welaýatlaryna iberilýär.

Biz geljekde hem dostlukly owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bereris, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrarys. Olar Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmaga, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge, tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady taýdan ösmegine önjeýli goşandymyz bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli ugurda işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, ulag-kommunikasiýa toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilişi, pudagy mundan beýläk-de sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyň hem-de “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlarda gatnawlary we halkalary baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek babatda alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebit we transkontinental ýollary ösdürmek boýunça başlangyçlarymyzyň ulag ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadyny döredilmegini talap edýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak babatda, aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmekde hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna yzygiderli gözegçiligiň ýola goýulmagyna ünsi çekdi. Ulag ulgamyny ösdürmek baradaky meseleler mundan beýläk-de biziň syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giň gerimli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belläp, wise-premýere düzümleýin desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga tabşyrylmagyna degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

MIlli Liderimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzda adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmaga jogapkär düzümleriň işini kämilleşdirmek meselelerine hemişe örän uly üns berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz «Tüirkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow öz nobatynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky önümçilik kärhanalaryny tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda ministrligiň garamagynda jemi 157 kärhananyň bardygyny, olaryň iş ugurlarynyň, esasan, lomaý söwda hem-de ammarlarda sarp ediş gorlaryny saklamakdan, bölek söwda we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryny amala aşyrmakdan, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekden hem-de halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekden ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň Hökümetiň mejlisinde ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawy seljerildi. Birinji tapgyrda kärhanalaryň özüniň hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýly gatnaşmagynda 20 desgany döwrebaplaşdyrmak hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň öňünde dürli önümleriň çykarylýan möçberini artdyrmak, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli harytlary hem-de azyk önümlerini öndürmek boýunça ýokary tehnologiýaly gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça maksatnamalaryň wajypdygyny aýdyp, şol önümleriň hil we ekologiýa babatda ähli ölçeglere gabat gelmelidigini belledi. Milli Liderimiz munuň üçin söwda kärhanalaryny öňdebaryjy, ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň ykdysady netijesiniň ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň has-da ilerledilmegine ýardam etmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky gaýragoýulmasyz wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän medeniýet ulgamyna degişli edaralarda hem-de habar beriş serişdelerinde işleriň ýagdaýy, olaryň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, şu günler Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz Watanymyzyň alyp barýan ösüşler we innowasiýalar syýasatynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň möhüm ornuny belledi.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, şol ulgamlaryň işini has-da kämilleşdirmek meselelerine ünsi çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz daşary döwletler bilen dostlukly we ynamly gatnaşyklary saklamakda ynsanperwer gatnaşyklary has-da ösdürmegiň möhümdigini, milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy ösdürmäge we baýlaşdyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de türkmen halkynyň ruhy mirasyny dünýä ýaýmaga ýardam edýän halkara döredijilik çärelerini geçirmegiň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler barada aýdyp, wise-premýere ähli meýilleşdirilen çäreleri paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda geçirilýän özgertmelere uly itergi berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda beren tabşyryklaryna hem-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we syýasy partiýalaryň tekliplerine laýyklykda, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy.

Ýaş raýatlaryň Konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de kuwwatyny artdyrmak we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady hem-de guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek şol Maksatnamanyň maksady bolup durýar.

Milli Liderimiziň atalyk aladasy netijesinde, ýurdumyzda raýatlarymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagy, şol sanda ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Bu babatda ýaşlaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine-- Türkmenistany ösdürmegiň esasy maksadyna doly düşünmegini gazanmak zerur bolup durýar.

Bilimli, ýokary aň-düşünjeli, hemmetaraplaýyn ösen, giň gözýetimli we giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek bu maksatnamanyň esasy wezipesidir.

Oglanlaryň we gyzlaryň ykdysady hukuklarynyň berkidilmegine hem-de iş bilen üpjün edilmegine, bilim almagy hem-de geljekde önümçilikde, döwlet gullugynda, ylymda we döredijilikde hünär bilimlerini ulanmagy üçin amatly şertleriň döredilmegine uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýaş nesli terbiýelemäge berilýän ünsüň aýratyn möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljekde hem ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň bilim almagy, döredijilik we ylmy kuwwatyny amala aşyrmagy, şahsyýetiň kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikleri döretmek babatda ähli çäreleri görmek zerurdyr.

Ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine aýratyn üns berilmelidir. Olara çagalykdan başlap, Watana söýgi, gahrymançylykly geçmişimize, halkymyzyň şöhratly däp-dessurlaryna hormat goýmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryna we üstünliklerine buýsanmak ýaly häsiýetler mahsus bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şonuň bilen birlikde, ýaş telekeçiligi goldamak we ösdürmek, ýaşlaryň başlangyçlaryny höweslendirmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin amatly şertleri döretmek möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz geljekde hem ýaş nesliň beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn ösmegine, ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň döwletimiziň esasy aladasyna öwrüljekdigini aýdyp, degişli ugurda işleri işjeňleşdirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow yzygiderli esasda geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeler barada hasabat berdi.

Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň şu görnüşiniň döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksady bilen, 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanandygy bellenildi.

15-nji dekabrda Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly guralan geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna badalga berlendigi barada hasabat berildi. Şu duşuşygyň gün tertibine ileri tutulýan ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik ulgamda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa + ABŞ” we “Türkmenistan –Owganystan - ABŞ” görnüşleriň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti hem bellenildi.

Şular bilen bir hatarda, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, çynlakaý wehimlere we howplara garşy göreşmek ýaly wajyp ugurlarda özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. Ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagy hem-de owgan halkyna ynsanperwer kömek bermekde, Owganystany parahatçylykly ýol bilen täzeden dikeltmek baradaky meselelere aýratyn üns çekildi. Şu işlerde Türkmenistan yzygiderli ýagdaýda işjeň orny eýeleýär.

Şeýle hem geňeşmeleriň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ynsanperwer düzümi ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy kabul edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda adam hukuklaryny goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda ýurtlaryň ikisi hem açyk gatnaşyklary goldaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselelere uly üns berýär.

Mundan başga-da, medeni mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy, ABŞ-nyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy bilen birlikde, bilim we medeniýet ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Hususan-da, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan arheologik gazuw-agtaryş işlerini alyp barmak boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin ylalaşygyň taslamasy taýýarlanyldy.

Amerikan instituty bilen hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu institut bilen bilelikde, Türkmenistanyň milli muzeýinde milli sungatymyzyň wirtual galereýasy döredildi we ol häzirki wagtda internet giňişliginde hereket edýär.

ABŞ-nyň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Şunda emeli intellekt, biotehnologiýa we sanly kompýuter maksatnama üpjünçiligi ileri tutulýan ugurlar bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynda ileri tutulýan meselelere, has takygy söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, amatly maýa goýum gurşawyny döretmäge, tehnologiýalar, innowasiýalar ýaly ulgamlarda we beýlekilerde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli meselelere garalar.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada söwda we maýa goýumlary baradaky çarçuwaly Ylalaşygyň esasynda özara gatnaşyklara aýratyn üns berler. Mundan başga-da, daşky gurşawy goramak ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, 16-njy dekabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen “Türkmenistan - ABŞ” işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri barada habar berdi. Şonda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem-de netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň iri ugurdaş kompaniýalarynyň oba hojalyk toplumynyň, ykdysady we bank-maliýe toplumynyň, ýangyç-energetika ulgamynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly, oňyn gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, dürli ugurlarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň ähmiýetini belledi. Şolaryň barşynda köptaraply döwletara gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek barada aýdylanda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, onuň täze netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamagyň anyk guraly hökmünde “Türkmenistan –ABŞ” işewürler geňeşine möhüm orun berilýär.

Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň üstünlikli işlerini dowam etmek hem-de özara bähbitlere kybap gelýän türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de depginli ösdürmäge bar bolan mümkinçilikleri oňaýly derejede amala aşyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralaryndaky işleriň ýagdaýy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek hem-de işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, harby ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, jogapkärli, päk ynsaply, ýokary derejeli, işine ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Harby gullukçylar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine, maksatlaryna hem-de wezipelerine pugta eýermäge borçludyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Öňde boljak Täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň gyşarnyksyz üpjün edilmegi bilen bagly meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we ösdürmek, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldamak boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdi.

Mejlisiň iş toparlarynda pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda birnäçe kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylýandygy hem-de hereket edýän kanunlaryň kämilleşdirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Mejlisiň 2021-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Milli parlamentde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar, welaýat häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde möhüm syýasy çäre bolan Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen bagly kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär.

Dekabr aýynda Mejlisiň deputatlary halkara düzümler, şol sanda BMG-niň wekilhanalary tarapyndan guralan çäreleriň birnäçesine gatnaşdylar.

Täze kanunçylyk namalarynyň, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän daşary we içeri syýasatynyň, Halk Maslahatynyň taryhy çözgütleriniň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini düşündirmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ýerlerde düşündiriş işleri giňden alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň örän wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz Mejlisiň mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen işi kanunçylyk taýdan goldamalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň üstünlikli amala aşyrylýan döwlet ugurly syýasatyň, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijeli guralydygyny nygtap, deputatlaryň ýerlerde işjeň işlemelidigine ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz öňde durýan işleriň ileri tutulýan wezipeleriniň üstünde durup geçdi.

Garaşsyz Watanymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyklarynyň hili we möhleti babatda bildirilýän talaplaryň berjaý edilmegi ýakyn geljek üçin möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanda ykdysady ösüşiň ýokary depginini gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigi barada aýdyp, nebitgaz, himiýa pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek işini höweslendirýän, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply önümleriň sanawyny hem-de eksportuny artdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamynyň durnukly ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtap, sanlylaşdyrmak we logistika ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek barada görkezmeler berdi.

Milli Liderimiz ýokary derejeli hünärmenleriň we alymlaryň taýýarlanylmalydygyna ünsi çekip, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygy işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň baýram edilmegine degişli meseleleri gozgap, olary degişli derejede guramagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   14.01.2021  /   

Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň - Akina-Andhoý beketleriň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň ýerine ýetirýän işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasaty bilen baglylykda, alnyp barylýan işler, şeýle hem ýerlerde deputatlaryň düşündiriş-wagyz ediş işleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda birnäçe täze kanun taslamalary işlenilip taýýarlanylýar hem-de hereket edýän hukuk resminamalary kämilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetinden hem-de ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, gelip gowşan teklipleriň esasynda Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Iş meýilnamasynda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, hukuk tertibini berkitmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Parlament döwletimiziň daşary syýasaty, maýa goýumlary netijeli peýdalanmak, halk hojalygynyň pudaklaryna ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny, innowasiýalary, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, telekeçiligi we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, ylmy, bilimi we medeniýeti, saglygy goraýşy, bedenterbiýäni we sporty, tebigaty we daşky gurşawy goramagy ösdürmek bilen baglanyşykly kanunlaryň uly toplumyny taýýarlamagy we kabul etmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek dowam edýär, Saýlaw kodeksinden gelip çykýan hem-de bu möwsümi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe kadalaşdyryjy-hukuk namalary we düzgünnamalar tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwlet ösüşiniň häzirki tapgyryndaky ileri tutulýan ugurlary hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny pugta göz öňünde tutup alyp barmagyň zerurdygyna milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Bu saparyň maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Kabulda owgan hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri bilen netijeli gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler guraldy.

Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy kabul edildi.

Mundan başga-da, Kabulda Howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan bilelikdäki toparyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Owganystan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine, “açyk gapylar” syýasatyna, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de Owganystanda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýylyň “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygary bilen baglylykda, durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyşlary mynasybetli ýanwar aýynda meýilleşdirilen medeni çäreler we dabaralar hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer «Käbir gazetleriň baş redaktorynyň orunbasary wezipesini ýapmak hakyndaky» Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu resminama köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda, işlenilip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmekde, baş maksady mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolan durmuş syýasatyny amala aşyrmakda, şeýle hem baý ruhy we medeni mirasymyzy öwrenmekde we giňden wagyz etmekde medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň eýeleýän aýratyn ornuny nygtady.

Şu işlerde multimediýa žurnalistikasynyň usullaryny we amallaryny, sanly tehnologiýalary işjeň peýdalanmak, şeýle hem beýleki ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen tejribe alşylmagyny giňeltmek zerur diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda anyk görkezmeler berdi.

Milli Liderimiz “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen 2021-nji ýylda geçiriljek ähli medeni çärelere hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi. Şol dabaralar, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik güýjüni ýüze çykarmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ýurdumyzyň žurnalistikasynyň öňünde häzirki zaman tapgyrda durýan wezipeler bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini maksadalaýyk kämilleşdirmegiň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşyny we wezipe sanawyny gaýtadan tassyklamak barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we maglumatlaryň elektron binýady ulgamyny döretmegiň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşynda hereket edýän işgär birliginiň we zähmet haky gorunyň çäginde 3 wezipe birliginden ybarat “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” atly bölümini döretmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleriniň birnäçesiniň adyny üýtgetmek hem-de baş hukukçynyň wezipesini girizmek baradaky teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklarynyň çalt ösýän şertlerinde dünýä hojalygyndaky häzirki ykdysady ýagdaýlara has uýgunlaşan hojalyk işiniň köp usullarynyň we görnüşleriniň peýda bolýandygyny belledi. Kärhanalaryň üstünlikli işlemegi hem-de olaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin ähli edaralary dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet dolandyryş edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň" we beýleki maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Milli Liderimiz hödürlenen teklipleri, umuman makullap, alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenilen çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ornuny nygtap, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň, ýurdumyzda hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümlerini öndürmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pudaklara serişdeleri tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi, energetika ulgamynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi hem-de bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, elektroenergetika hem-de himiýa senagaty düzümlerini giňeltmek we kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza şu günüň üç sany möhüm çäreleriniň birine—täze elektrik geçiriji ulgamyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Nygtalyşy ýaly, Kerki elektrik bekedinden başlap çekilen güýjenmesi 500 kW bolan täze elektrik geçiriji ulgamyň ulanyşa girizilmegi Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýanyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň eksportuny, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilişini artdyrmaga gönüden-göni ýardam berýär. Bu bolsa goňşy ýurduň durmuş-ykdysady düzümini täzeden dikeltmäge, ýerli ilatyň iş bilen üpjünçiligini artdyrmaga kömek eder.

Şeýlelikde, Türkmenistan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasyny amala aşyryp, goňşy, dostlukly ýurduň parahatçylykly ösüşine hem-de ýagdaýlarynyň durnuklaşmagyna goşandyny goşmagyny dowam edýär.

Şeýle hem wise-premýer oba hojalygynyň zerurlyklary üçin gerek bolan himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Habar berlişi ýaly, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary we ýöriteleşdirilen enjamlary peýdalanyp, ýyllyk kuwwatlylygy 20 müň tonnadan az bolmadyk ownuk üwelen kükürdiň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanylýan himiýa önümleriniň mukdaryny we görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Diýarymyzyň himiýa senagaty kärhanalaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak hem-de baý ýerli serişdeleriň esasynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde has giňişleýin işlemek barada görkezme berildi.

Milli Liderimiz doganlyk owgan halkynyň öýlerine ýagtylyk we ýylylyk getirjek hem-de möhüm senagat we durmuş desgalaryny energiýa bilen ygtybarly üpjün etmek täze elektrik geçiriji ulgamyň ulanylyşa tabşyrylmagyna degişli meselelere degip geçmek bilen, Türkmenistanyň mundan beýläk-de goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmegine gönükdirilen anyk çäreleri görjekdigini nygtady.

Türkmenistan doganlyk owgan halky bilen onuň parahatçylyga, jebislige we ylalaşyga bolan ymtylmalaryna raýdaşlygyny bildirip, ençeme ýyllaryň dowamynda oňa parahatçylykly durmuşy gurmakda hemmetaraplaýyn kömek edýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde goňşy döwletiň energetika düzüminiň uly bölegine öwrülen Ymamnazar-Andhoý we Serhetabat-Hyrat täze elektrik geçiriji ulgamyny görkezmek bolar. 2018-nji ýylyň tomsunda Rabatkaşan-Kalaýnau elektrik geçirijisi guruldy. Onuň gurulmagy bilen türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.

Türkmen tarapynyň başyny başlan iri taslamalary, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de onuň bilen ugurdaş Türkmenistan- Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurulmagy taslama gatnaşyjy ýurtlar bilen birlikde, sebit üçin hem örän uly ähmiýete eýedir.

Owganystany doly derejeli hyzmatdaşyň hukuklarynda iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalarynyň amala aşyrylmagyna goşmak Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ýagdaýydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de wise-premýere bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda onlaýn ýagdaýynda iri taslamalaryň üçüsiniň durmuşa geçirilmegi – Akina-Andhoý beketleriniň arasynda demir ýol şahasynyň, Kerki – Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we Ymamnazar - Akina hem-de Serhetabat – Turgundy üstaşyr akymlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli teleköpri geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmäge ygtyýar almak baradaky mesele boýunça hasabat berdi.

"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň" çäklerinde pudakda döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak işi dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, seljerme işleriniň geçirilendigini, netijede bu birleşigiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy.

“Türkmenderýaýollary” paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde paýly gatnaşmakda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem-de “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çykyş ederler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda soňky ýyllarda ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň yklymyň möhüm üstaşyr merkez hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem sebitiň durmuş-ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, onuň ulag-logistika düzümini giňeltmek üçin şertleri üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýük daşamak ulgamynda hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ulag toplumyny ösdürmek meseleleri mundan beýläkde biziň syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň doly kuwwatyna çykarylmagy Merkezi Aziýa we Hazar sebiti üçin strategik ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz ulag pudagynyň düzümleriniň hususylaşdyrylmagy bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň ykdysady netijesiniň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam etmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda gaýragoýulmasyz wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Lebap welaýatynda söwda we önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi tarapyndan sebitiň etraplarynyň çäginde döwrebap dükanlaryň onusynyň gurluşygynyň meýilleşdirilendigini habar berdi.

Hususan-da, 2021-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki Merkezi bazaryň durkuny täzelemek, şeýle hem Çärjew, Dänew, Saýat we Farap etraplarynyň merkezlerinde ýerleşýän iri dükanlaryň durkuny täzelemek meýlleşdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik binalarynyň durkuny täzelemek hem-de döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, unaş öndürýän we gök-miwe gaplamalaryny öndürýän önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Bu desgalaryň ulanylmaga berilmegi bilen, täze iş orunlary dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň esasy pudaklaryň hataryna girýändigini belledi. Ol bazar gatnaşyklaryna geçmek şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we içerki bazary zerur bolan önümler bilen doly üpjün etmek hem-de eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmak möhüm wezipeler bolup durýar.

Milli Liderimiz önümleriň hiliniň we görnüşleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegiň, diňe bir paýtagtymyzda däp, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ilatyň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere Lebap welaýatynda söwda we önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa söz berildi. Ol Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet-portalyny döretmek maksat edinilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi.

Şeýle hem häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän ilkinji gezek “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny” döretmek; sanly we neşir görnüşindäki “Magtymguly Pyragy diwanyny” taýýarlamak; türkmen şahyrynyň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime etmek hem-de olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak meýilleşdirildi.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi hem-de wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň ýakynlaşyp gelýän 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden baýram etmek hakyndaky degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy baradaky meseläni döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, halkymyzyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge, ony bütin dünýäde wagyz etmäge döredilýän şertler üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek uly hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtady. Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymgulynyň döredijiligi şol medeni mirasyň merjenidir.

Milli Liderimiz öňde boljak çäreleriň ähmiýetini belläp, meýilleşdirilen hemme dabaralary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, şanly senäni baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Köpetdagyň eteginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi häzirki nesilleriň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna uly sarpa goýýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüler.

Häzir, asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alýar. Mähriban topragymyzyň hakyky watançysyna, türkmenleriň ençeme nesilleriniň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny aýdyň beýan ediji şahyrymyzy hormatlap, biz onuň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli çäreleri iň ýokary derejede guramalydyrys we giň halkara jemgyýetçiligini onuň ajaýyp döredijiligi bilen mundan beýläk-de tanyşdyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere guramaçylyk komitetini döretmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryE.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça ekişine taýýarlyk görülýär. Şol bir wagtyň özünde welaýatlarda oba hojalyk tehnikalary we enjamlar abatlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalygyny ösdürmegiň hem-de bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň, pagtanyň beýleki oba hojalyk önümleriniň geljekki bol hasylynyň esasy bolup durýan işleriň öz wagtynda geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Wise-premýere maldarçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek babatda hem anyk görkezmeler berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe söz berildi. Ol Gündogar sebitdäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hususan-da welaýatyň ýolbaşçysy milli Liderimize welaýatyň durmuş-ykdysady ösüşi barada yzygiderli alada edýändigi, bu ugurda amala aşyrylýan işleri goldaýandygy üçin hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin ähli tagallaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkimine möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk we timarlaýyş işleriniň hilini berjaý etmek bilen bagly anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, türkmen-owgan dostlugynyň taryhyna ýazyljak taryhy wakalar bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.