Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

«TÜRKMENISTAN – ABŞ» IŞEWÜRLIK GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

 

Описание: https://www.mfa.gov.tm/uploads/EvLoqrRrL99PVCtTWmafERfq4xTC5m-430x335.jpg

2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda onlaýn görnüşinde  «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejeli wekili Jonatan Henik, Geňeşiň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart hem-de «John Deere», «Case New Holland», «Westport Trading Ltd.», «Caterpillar», «Oxbow», «S2Global», «Visa», «Boeing» we bevleki amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – geňeşiň agzalary gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň zerurlygy barada aýdylyp, maýa goýum, tehnologiýa we maliýe ugurlarynyň onda ýörite orun eýeleýändigi nygtaldy. 

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümetiniň Birleşen Ştatlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi. Ol köp ýylyň dowamynda amerikan kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goşan oňyn goşandy barada belläp geçdi.    

«Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklarynyň ilerledilmegindäki ähmiýeti agzaldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2008-nji ýylda döredilen bu Işewürlik geňeşi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň telekeçilik düzümleriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we giňeldilmegi ugrunda netijeli gurala öwrüldi.

Geňeşiň mejlisleri her ýyl Aşgabat şäherinde ýa-da ABŞ-nyň şäherlerinde geçirilýär. Işewürlik geňeşi birnäçe gezek iri işewürlik maslahatlaryň we sergileriň gurnaýjysy bolup çykyş etdi. Olaryň dowamynda abraýly amerikan öndürijileriniň önümleri, şol sanda amerikan kompaniýalarynyň türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk boýunça meýilnamalary  görkezildi. Ilkinji ýyllarda bu maslahatlara 60-a golaý amerikan kompaniýalary gatnaşypdy.  Soňky tapgyrlarda bolsa bu çärelere 100-den gowrak amerikan telekeçilik düzümleri gatnaşdy.

Mejlisiň çäklerinde amerikan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, oba hojalyk we bank ulgamynyň ýolbaşçylary bilen aýratyn onlaýn duşuşyklary geçirildi.

YKDYSADY  ÖZGERTMELERIŇ  MÖHÜM  UGRY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen, ýaşulular bilen geňeşip çözmek türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän häsiýetli aýratynlygydyr. Bu günki gün halkymyzyň bu ajaýyp syýasy we durmuş tejribesi giňden ulanylýar. Munuň şeýledigi jemgyýetçilik gurluşynyň iň gadymy düzümleriniň biri bolan Halk Maslahatynyň mysalynda aýdyň görünýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda - 25-nji sentýabyrda milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Umumy milli forumda üstümizdäki ýylyň dowamynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça gazanylan oňyn netijelere syn berildi hem-de ilatymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça öňde durýan wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz maksatnamalaýyn çykyş etmek bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde raýatlarymyz üçin maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek meselelerine aýratyn ünsi çekdi.[1]

Häzirki wagtda bank ulgamynyň durnukly hereket etmegi milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de halkara ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taryhy çykyşynda maliýe-ykdysady, bank-karz işlerini düýpli seljermek esasynda ykdysady özgertmeleriň dowam ediljekdigini nygtady.

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy ýokary depginde dowam etdirilýär. Sanly özgertmeler müşderilere hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan girizilen kartly töleg ulgamy nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça netijeli iş alyp barmaklyga, bank ulgamy üçin nagt pullary sanamak, daşamak ýaly işlerde ýörite amatlyklary döredýär. Bu bolsa ilatymyz üçin hem örän ähmiýetli bolup, häzirki wagtda raýatlaryň zähmet haklary, kömek pullary, talyp haklary elektron töleg kartlary arkaly öz wagtynda talabalaýyk geçirmek üpjün edilýär.

Şeýle hem, bank kartlary arkaly hasaplaşyklar ýurdumyzyň raýatlaryna uly amatlyklary hödürleýär. Häzirki wagtda bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemek, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemek, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemek mümkinçilikleri döredildi. Söwda nokatlarynda we banklaryň pulhanalarynda nagt puly sanamak üçin nagt däl hasaplaşyklar arkaly wagtyň tygşytlanmagy karz edaralarynyň we ykdysadyýetiň beýleki subýektleri üçin geçirilýän amallar bilen baglanyşykly çykdajylary azaltmaga oňaýly şertleri döredýär.

Türkmenistanda iki derejeli bank ulgamy netijeli hereket etmek bilen olar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde esasy orun eýeleýär. Aýratyn hem, bank ulgamy iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň we dolanyşyk serişdelerini üpjün etmegiň wajyp çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ykdysadyýetiň hususy eýeçilige degişli böleginiň ösmeginde hem bank hyzmatlary uly ähmiýete eýedir. Bank ulgamy tarapyndan berilýän ýeňillikli karz serişdeleri ýurdumyzda hususy önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmeklerine mümkinçilik döredip, ýerli çig malyň hasabyna öndürilen ýokary hilli harytlar bilen içerki bazarlarymyzyň zerurlyklaryny üpjün edýär hem-de bazar nyrhynyň deňagramly saklanmagyna ýardam berýär.

Bank hyzmatlary babatda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini aňladyp, ilkinji nobatda, hyzmat ediş tizligini artdyrmagy hem-de hyzmat etmegiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlamagy göz öňünde tutmak bilen bir hatarda banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarýar.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlary esasynda öňdebaryjy we eksport ugurly önümçilikleriň tehnologiýalaryny ösdürmäge gönükdirilen pudaklaýyn taslamalary uzak möhletleýin esasda karzlaşdyrmak, raýatlara ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin ýeňillikli şertlerde ipoteka karzlary bermek işleri yzygiderli dowam etdirilýär.

Umuman, iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly ykdysadyýetiň, hususan-da bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy täze kadalary döretmegiň hasabyna ykdysadyýete gatnaşyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has ýokary derejede bolmagyna mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanlylaşdyrmak, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda gazanylýan oňyn özgertmeler ilkinji nobatda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýär.

 

Aýna Aýnazarowa,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň

Maglumat we tilsimatlar müdirliginiň hünärmeni.

 

[1]Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy. “Türkmenistan” gazeti, 26.09.2020ý.

Выступление Президента Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова на Международной конференции

 /   12.12.2020  /   

Уважаемые участники Международной конференции!
Дамы и господа!

Прежде всего, позвольте тепло приветствовать вас на торжественном заседании Международной конференции «Политика нейтралитета и её значение в обеспечении международного мира, безопасности и устойчивого развития», посвящённой 25-летнему юбилею постоянного нейтралитета Туркменистана. Выражаю признательность за ваше участие в этом форуме, готовность поделиться своими подходами, предложениями и мнениями по важным вопросам его многоплановой повестки.

Уважаемые участники!

Обретение 12 декабря 1995 года Туркменистаном международно-признанного статуса постоянного нейтралитета стало для нашей страны важнейшим, без преувеличения, историческим событием. Оно предопределило направленность и содержание внешней политики туркменского государства, оказало мощное позитивное воздействие на внутреннее развитие, выполнение масштабных национальных планов в экономике и социальной сфере, становление и укрепление демократических институтов.

Особенность международного признания нашего нейтралитета состояла в том, что впервые в практике ООН такой статус был поддержан и закреплён единогласным решением Генеральной Ассамблеи в виде специальной резолюции. Соавторами документа выступили ведущие государства мира, в том числе страны, входящие в состав постоянных членов Совета Безопасности ООН. Таким образом, нейтралитет Туркменистана приобрёл международно-правовую легитимность, став неотъемлемой частью мировой политики и дипломатии.

И сегодня от имени народа Туркменистана я адресую слова самой искренней благодарности всем государствам за поддержку, активное участие в подготовке и принятии исторической резолюции о постоянном нейтралитете.

Я также с признательностью говорю об эффективной работе Секретариата ООН, его сотрудников, обеспечивших оперативное решение необходимых организационных вопросов и процедур. Конечно, международное признание нашего нейтралитета не было одномоментным актом. Принятию резолюции Генеральной Ассамблеи предшествовала большая и кропотливая политико-дипломатическая деятельность в различных форматах, многочисленные раунды переговоров.

В этой связи хотел бы отметить конструктивную позицию государств-членов Организации Экономического Сотрудничества, которые на Саммите в Исламабаде весной 1995 года приняли заявление о поддержке нейтралитета Туркменистана. Следующим этапом стал Саммит Движения Неприсоединения в октябре того же года в колумбийской Картахене, на котором нейтралитет Туркменистана получил единогласную поддержку со стороны этого влиятельного и авторитетного международного объединения.

Я говорю об этих событиях, чтобы подчеркнуть одну важную и, на мой взгляд, очень показательную реальность периода, отстоящего от нас на 25 лет. А именно: тогда на сложном, во многом переломном, этапе окончания блокового противостояния, исчезновения привычных схем и конфигураций международной политики нейтралитет Туркменистана получил повсеместную поддержку, в том числе со стороны государств, имевших порой непростые отношения между собой, исповедующих разные взгляды и доктрины по вопросам развития современного мира.

Убеждён, что уже тогда объективно складывались предпосылки для использования нейтральной модели в качестве одного из стабилизирующих факторов мировой политики. И я считаю, что нам удалось объяснить, а в некоторых случаях убедить наших партнёров, что появление на карте, в важном геополитическом регионе, нейтрального, миролюбивого государства будет весомым фактором позитивного развития региональных и международных процессов.

Разумеется, важным побудительным мотивом выбора нейтралитета стал осмысленный исторический опыт совместного проживания туркмен с другими народами, накопленный в течение столетий. В основе его, несмотря на наличие разных периодов, всегда лежали миролюбие, уважительность, толерантность, открытость.

С обретением независимости мы превратили эти понятия в ясно сформулированные принципы внешней политики и нашли для их успешного практического применения наиболее подходящую и органичную модель–нейтралитет.

Мы назвали его позитивным, подчеркнув тем самым характер и направленность нашего международного взаимодействия, стремление строить со всеми государствами добрые и ровные конструктивные отношения. Туркменистан предложил им дружбу, сотрудничество, равноправие, взяв на себя при этом, как нейтральная страна, обязательства по невмешательству во внутренние дела, уважению суверенитета и территориальной целостности, неучастию в многосторонних военно-политических договорах и союзах.

«Поддержка такого курса нашла своё отражение в резолюциях и в других решениях, принятых международными организациями и нацеленных на практическую реализацию принципов нейтралитета в международных делах. Сегодня я с чувством гордости и признательности к мировому сообществу хочу особо отметить, что 7 декабря 2020 года Генеральная Ассамблея Организации Объединённых Наций на своей 75-й сессии единогласно приняла инициированную Туркменистаном резолюцию «Роль и значимость политики нейтралитета в деле поддержания и укрепления международного мира, безопасности и процесса устойчивого развития».

Этот важный документ, соавторами которого выступили 34 государства-члена ООН, подтверждает высокую позитивную роль политики нейтралитета в решении актуальных вопросов, стоящих сегодня в глобальной повестке дня.

Для меня также большая честь заявить о том, что Совет министров иностранных дел Организации Исламского Сотрудничества на своей 47-й сессии, состоявшейся 27-28 ноября 2020 года также по инициативе Туркменистана, единогласно принял резолюцию «Роль политики нейтралитета в поддержании и укреплении международного мира, безопасности и устойчивого развития в регионе Организации Исламского Сотрудничества и во всем мире».

Четверть века Туркменистан неукоснительно следует этим принципам, последовательно проводя миролюбивую, сбалансированную суверенную политику. Прежде всего, нам удалось сохранить и укрепить отношения с соседними странами.

Опираясь на многовековой опыт, культурную и духовную близость, мы вместе сумели обеспечить преемственность традиций добрососедства и взаимопонимания, сформировать в современных условиях действенные механизмы сотрудничества, объединённого общими целями и приоритетами, осознанием неразрывности исторических судеб живущих рядом народов и государств. Это позволяет нам сообща решать задачи по поддержанию и упрочению мира и стабильности, развитию экономических, торговых и гуманитарных связей, реализации Целей Устойчивого Развития.

Нейтральная политика Туркменистана выступает весомым фактором региональной безопасности как важнейшего элемента глобального стратегического равновесия. Вместе с государствами-соседями, в тесном взаимодействии с ООН мы работаем над созданием механизмов предотвращения спорных ситуаций, утверждения в Центральной Азии атмосферы взаимопонимания, доверия, предсказуемости.

Территория нейтрального Туркменистана неоднократно избиралась в качестве приемлемого места для проведения переговоров по ряду сложных вопросов региональной повестки. В целом, принципы нейтралитета, его миротворческие возможности при урегулировании противоречий, предупреждении и нейтрализации конфликтов, их перевода в переговорное русло доказывают свою эффективность, занимая должное место в международном дипломатическом арсенале и обретая признание на самом высоком уровне.

Об этом свидетельствует открытие в 2007 году решением Генеральной Ассамблеи ООН при поддержке стран Центральной Азии Регионального центра ООН по превентивной дипломатии для Центральной Азии со штаб-квартирой в Ашхабаде.

Практика показала, что это было своевременным и дальновидным шагом. Работа Центра получила высокую оценку со стороны международного сообщества. Как известно, Совет Безопасности ООН, оценивая итоги деятельности Регионального центра, неоднократно отмечал важное значение превентивной дипломатии, раннего урегулирования споров и поддержал усилия этой структуры в Центральной Азии.

В 2017 году по инициативе Туркменистана Генеральная Ассамблея ООН приняла резолюцию «Роль Регионального центра Организации Объединённых Наций по превентивной дипломатии для Центральной Азии». Соавторами документа стали 57 государств, представляющих все континенты. В ходе нынешней сессии Туркменистан продолжит работу по мобилизации и задействованию потенциала нейтралитета и превентивной дипломатии.

Так, наша страна подготовила новый проект резолюции о роли Регионального центра по превентивной дипломатии для Центральной Азии, внеся в него дополнительные содержательные элементы, в частности, об институциональном оформлении Превентивной Академии и закреплении механизма Центрально-азиатского экспертного форума. Туркменистан также представил проект резолюции Генеральной Ассамблеи о роли и значении политики нейтралитета в поддержании и укреплении международного мира, безопасности и устойчивого развития.

Кроме того, по нашей инициативе для системной работы по продвижению принципов нейтралитета в практике международных отношений в настоящее время в качестве диалоговой площадки формируется Группа друзей нейтралитета во имя мира, безопасности и развития, в которую уже вошло более 20-ти государств. Что, конечно, говорит о растущем понимании значимости и перспективности принципов нейтралитета в нынешних условиях.

В этом контексте, на наш взгляд, логичным и закономерным шагом является разработка Туркменистаном Свода правил ООН по эффективному применению принципов нейтралитета при урегулировании международных вопросов. Убеждены в том, что их применение способно принести большую пользу, оказать конструктивное воздействие на всю международную обстановку.

В целом же считаем, что сегодня совместные усилия по деэскалации напряжённости, поддержанию в мире стабильности и предсказуемости на основе общепризнанных норм международного права должны стать главным приоритетом государств, международных институтов, мозговых центров, ответственных средств массовой информации.

Нужно восстановить доверие и уважение во взаимоотношениях друг с другом, утвердить культуру равноправного диалога, основанного на признании законных прав и интересов участников. Уверены, что каждая страна способна внести в достижение этой цели весомый и ценный вклад. В этой связи Туркменистан, руководствуясь принципами нейтралитета, миролюбия, убеждённостью в доброй воле мирового сообщества, выступил с инициативой провозглашения 2021 года Международным годом мира и доверия.

Это предложение получило поддержку Генеральной Ассамблеи ООН, и в следующем году мы планируем проведение в Ашхабаде Международной конференции высокого уровня, призванной стать важной вехой на пути налаживания многостороннего диалога по актуальным вопросам мировой политики, придания ему позитивных импульсов, поиску путей сближения точек зрения и подходов

Уважаемые участники!

Нейтралитет Туркменистана, наличие дружественных, конструктивных и уважительных связей со всеми государствами, налаженное сотрудничество с ООН, её специализированными органами, участие в работе других авторитетных международных организаций создают благоприятные возможности для нашей страны полноформатно участвовать в решении наиболее значимых проблем современного мироустройства.

Международные инициативы Туркменистана звучат весомо и авторитетно в таких стратегических сферах глобального развития, как энергетическая безопасность, транспортное сотрудничество, экология, обеспечение продовольствием, доступ к водным ресурсам, защита прав беженцев и многих других.

Мы формулируем свои подходы к этим проблемам, исходя из необходимости объединения потенциалов государств и международных организаций на внятных и прозрачных принципах.

Обладая гигантскими мировыми запасами природного газа, Туркменистан выступает последовательным сторонником справедливого и равноправного доступа к энергетическим ресурсам планеты. Одним из путей достижения этой цели является создание надёжной и стабильной системы энергетических потоков, учитывающей интересы всех участников.

Наша страна инициировала в ООН начало широкого международного диалога по энергетической проблематике, разработала проекты резолюций, нашедших поддержку в Генеральной Ассамблее. В ходе текущей сессии мы также представили проект резолюции «Надёжный и стабильный транзит энергоносителей и его роль в обеспечении устойчивого развития и международного сотрудничества». Туркменистан убеждён, что система энергоснабжения планеты должна служить делу глобального прогресса, экономического роста, благосостоянию людей, стимулированию взаимовыгодного сотрудничества.

Для этого, по нашему мнению, нужно отказываться от однобоких схем поставок энергосырья, устранять дискриминационные барьеры, обеспечивать транспарентность ценообразования. Схожие принципы Туркменистан исповедует по отношению к перспективам транспортного сотрудничества. Выходя на уровень ООН с инициативой глобального диалога по транспортной проблематике, мы исходили из того, что сегодня она напрямую связана с выполнением Целей устойчивого развития.

Усиление роли международного транспорта призвано стимулировать рост экономик государств и регионов через их интеграцию в транспортно-транзитные потоки, содействовать устранению диспропорций в уровне развития между ними. Сформировать современную транспортную архитектуру, ориентированную на решение ключевых задач сообщества наций в XXI веке, на службу миллионам людей во всём мире, на сохранение и приумножение ресурсов планеты – такова сегодня международная стратегия в этой сфере человеческой деятельности.

В 2016 году Туркменистан провёл у себя Глобальную конференцию по устойчивому транспорту, и в следующем году планируется проведение в Ашхабаде Международной конференции министров транспорта развивающихся государств, не имеющих выхода к морю. Мы также будем наращивать усилия в ООН по поддержке проектов резолюций, призывающих к сотрудничеству в области устойчивого транспорта.

Приоритетное внимание Туркменистан уделяет теме экологии и изменения климата. На глобальных встречах, таких как Саммит по устойчивому развитию РИО+20, 7-й Всемирный водный форум, на сессиях Генеральной Ассамблеи ООН, с трибун других авторитетных организаций Туркменистан выдвигает инициативы, направленные на поиск и достижение разумного баланса между экономической деятельностью и сохранением окружающей среды.

В частности, нами было заявлено о необходимости совместить объективные экономические интересы, реалии международного сотрудничества в энергетической сфере с необходимостью сохранения биоразнообразия Каспия, не допустить нарушения его хрупкого экологического баланса. Туркменистан является инициатором разработки Центрально-азиатской Водной стратегии, Специальной Программы ООН для стран бассейна Аральского моря, выполнения Регионального плана действий по охране окружающей среды как единой экологической программы стран Центральной Азии, ряда других мер.

Наша страна выступила автором проекта резолюции «О сотрудничестве между Организацией Объединённых Наций и Международным Фондом спасения Арала», поддержанной Генеральной Ассамблеей и ставшей сегодня платформой для консолидации совместных усилий по преодолению аральского бедствия, улучшению экономических и социальных условий, качества жизни и здоровья населения

Конечно, перечисленные инициативы в большей степени относятся к региону, где непосредственно расположен Туркменистан. Но думается, что такие же принципы и подходы, продиктованные, прежде всего, заботой о будущих поколениях, о сохранении уникального облика нашей планеты, бережным отношением к окружающей среде, вполне применимы и в других частях мира.

С присоединением Туркменистана в 2016 году к Парижскому соглашению об изменении климата вовлечённость нашей страны в реализацию глобальной экологической повестки получила новые импульсы, и сегодня Туркменистан формулирует свои государственные задачи сквозь призму следования принципам этого всеобъемлющего документа, инициативного и предметного содействия международным усилиям по его имплементации

Нейтральный статус открывает Туркменистану благоприятные возможности для участия в международной гуманитарной деятельности, в частности, оказании помощи беженцам и лицам без гражданства. Являясь постоянным членом Исполнительного комитета Программы Верховного комиссара ООН по делам беженцев, членом Международной Организации по Миграции, Туркменистан вносит немалый вклад в решение этой сложной глобальной проблемы.

В 2012 году в Ашхабаде была проведена первая Международная конференция «Беженцы в мусульманском мире», в ходе которой были достигнуты важные договорённости. Мы настойчиво работаем с партнёрами по их выполнению. Намерены в следующем году совместно с Управлением Верховного комиссара ООН по делам беженцев провести вторую Международную конференцию по данной теме.

Что касается наших национальных усилий в этом направлении, то приведу лишь одну цифру: только за период с 2011 года по настоящее время в гражданство Туркменистана было принято около 26 тысяч человек.

Несколько слов о наших подходах к ситуации в Афганистане. На протяжении многих лет Туркменистан оказывает Афганистану конкретную, адресную экономическую и гуманитарную поддержку.

Она выражается в строительстве на территории соседней страны медицинских и образовательных учреждений, льготных поставках электроэнергии, обучении афганских студентов в туркменских учебных заведениях, регулярной отправке в Афганистан гуманитарных конвоев, других видах помощи и содействия.

Всё это финансируется Туркменистаном из собственных ресурсов. Могу заверить и наших афганских друзей, и международное сообщество, что такая поддержка будет осуществляться и впредь, причём на системной основе – в соответствии с разработанной в Туркменистане специальной программой по оказанию гуманитарной помощи Афганистану.

Важнейшим условием политической стабилизации, экономического и социального восстановления Афганистана, его успешной интеграции в региональные и мирохозяйственные процессы выступает реализация крупных инфраструктурных проектов с афганским участием, в первую очередь, в таких жизненно важных сферах, как энергетика, транспорт и коммуникации.

Последовательно работая в этом направлении, наша страна, как известно, инициировала проект строительства газопровода Туркменистан–Афганистан–Пакистан–Индия.

Осуществляется строительство линий электропередачи и оптико-волоконной связи по маршруту Туркменистан–Афганистан–Пакистан, а также железных дорог, соединяющих Туркменистан с Афганистаном.

Мы планируем продолжать работу над реализацией значимых проектов с участием Афганистана, других соседних стран, готовы и дальше расширять наше сотрудничество с международными организациями, прежде всего, с ООН, в деле оказания всесторонней поддержки братскому афганскому народу.

Что касается политического аспекта, то я подтверждаю позицию Туркменистана, которую мы неоднократно заявляли: как нейтральное государство и непосредственный сосед Афганистана наша страна готова предоставить своё политическое пространство и все необходимые организационные условия для проведения переговоров между всеми сторонами, заинтересованными в мирном, политическом урегулировании ситуации в Афганистане. Убеждены, что переговорному процессу альтернативы нет.

Не могу не сказать о том серьёзном вызове, с которым сегодня столкнулся весь мир. Пандемия коронавируса, помимо того что ударила по здоровью десятков миллионов людей на всей планете, и, к сожалению, унесла немало жизней, выявила системные проблемы в международных отношениях.

В первую очередь, неготовность, и не только техническую, объединить усилия для борьбы с этой опасностью. И здесь вновь приходится говорить о недостаточном уровне доверия и политической воли. Сразу же после начала эпидемии Туркменистан заявил свою позицию чётко и принципиально: необходимо объединение всех государств, их сплочённость, солидарность и взаимопомощь в борьбе с общей угрозой.

Что касается практических шагов, то наша страна выступила за полноценный запуск каналов международной научной дипломатии, предложив на нынешней сессии Генеральной Ассамблеи ООН ряд конкретных мер, направленных на создание условий для налаживания прямых контактов между медицинскими сообществами разных стран, стимулирование совместных разработок и долгосрочных программ сотрудничества. Туркменистан также предлагает провести в Ашхабаде в 2021 году Международный форум учёных-медиков по проблемам борьбы с инфекциями нового типа

Уважаемые участники!

Завершая своё выступление, хотел бы отметить, что нейтралитет сегодня применим практически ко всем сферам международного сотрудничества Туркменистана, обладает большим потенциалом в деле налаживания сотрудничества и взаимопонимания, играет значимую роль в реализации основополагающих целей и стратегий Организации Объединённых Наций.

Важное свойство нашего нейтралитета заключается в том, что это живой творческий процесс, который обогащается новыми идеями и практическими наработками, адаптируется к меняющимся условиям, возникающим вызовам. Но одно остаётся неизменным – его миролюбивый, созидательный, гуманистический характер. В следующем году Туркменистан будет отмечать 30-летие своей независимости.

Мы смогли многого добиться за этот период, стать динамично развивающимся государством, с сильной экономикой и социальной сферой, уважаемым и авторитетным членом международного сообщества. Во многом эти успехи стали результатом последовательно проводимой нейтральной политики.

Поэтому я всегда говорю, что независимость и нейтралитет для туркменского народа – понятия неразделимые. Это две несущие опоры нашей государственности, на которых уверенно стоит современный Туркменистан и вместе со своими многочисленными друзьями во всём мире уверенно идёт к новым высотам сотрудничества, прогресса и процветания.

Уважаемые участники конференции!

Завершая свое выступление, хочу сказать, что в 2021 году, провозглашенным Генеральной Ассамблеей ООН по инициативе Туркменистана «Международным годом мир и доверия», наша страна отметит еще одну историческую дату − славную 30 годовщину независимости Туркменистана.

Избранная 30 лет назад политическая, социально-экономическая и внешнеполитическая модель развития страны, основанная на принципах миролюбия и гуманизма, продемонстрировала свою эффективность.

Наше главное достижение – мы основали независимый суверенный Туркменистан с мощной инновационной экономикой, высоким уровнем жизни народа и высоким международным авторитетом.

Наше могучее государство и в будущем продолжит прилагать все усилия для укрепления миролюбивых, дружественных отношений на планете во имя счастливой и благополучной жизни всего человечества.

Пользуясь случаем, от всего сердца поздравляю с наступающим 2021 годом – «Международным годом мира и доверия»! Пусть этот год принесет нам процветание и счастье!

Ашхабад, 12 декабря 2020 года

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

 /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   12.11.2020  /   

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara we sebit maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýerli haryt öndürijileri goldamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasyndan (IСD) COVID-19 pandemiýasy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bermek baradaky teklibini hödürledi.

Bu maliýe serişdeleri Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üsti bilen hususy ulgamyň taslamalaryny maliýeleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de mukdaryny köpeltmek, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine gönükdiriler. Bu çäreler, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişine hem-de eksport ugurly harytlaryň artdyrylmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklaryny ep-esli giňeldendigini belledi. Ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirip, iri daşary ýurt kompaniýalary, halkara maliýe düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň maýa goýum serişdeleriniň uly möçberini çekmäge, giň gerimli düzümleýin taslamalary amala aşyrmaga ýardam edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetinde hususy ulgamyň ornunyň ýokarlandyrylmagyny Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

Häzirki wagtda ýerli telekeçiler amala aşyrýan giň möçberli işleri bilen daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmäge saldamly goşant goşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz teklibi, umuman, makullap, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy tarapyndan berilýän maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagy baradaky meseläni berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň oktýabr — dekabr aýlarynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, 1-nji dekabrda onlaýn görnüşde «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine bagyşlanan forumyň gün tertibine Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň möhüm şerti bolan halkara turba geçirijilere bagyşlanan meseleler girizildi. Halkara maslahatyň dowamynda gaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary geçirmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ykdysadyýetinde nebitgaz senagatynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategiýasynda göz öňünde tutulmagy zerur şertleriň birnäçesiniň bardygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda dünýäniň dürli sebitlerinde energiýa serişdelerine islegler hem-de halkara energetika bazarlarynda bäsdeşlik, sanly tehnologiýalaryň okgunly ösüşi, senagat kärhanalarynyň daşky gurşawa täsiri ýaly meseleler bar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny döretmek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň hem-de üstaşyr geçirilmeginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek, Ýewraziýada gaz-ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler möhüm ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünliklerini we kuwwatyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, olary dünýäniň işewür toparlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary, özara bähbitli anyk taslamalar bilen berkitmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp çärä öwrüljek hem-de ýurdumyza innowasion tehnologiýalary hem-de goşmaça maýa serişdelerini çekmäge ýardam etjek maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada aýratyn durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere baýramçylyk desgalarynyň ählisinde işleriň hiliniň hem-de möhletiniň berjaý edilmegi, olary zerur gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli binagärligiň däpleriniň häzirki zaman şäher gurluşygynyň ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny aýdyp, barha gözelleşýän Watanymyzyň şäherleriniň we obalarynyň ajaýyp keşbini hem-de estetiki görnüşiniň türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzda özboluşly şähergurluşyk-binagärlik ýörelgeleriniň kemala gelendigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagyň hem-de täsin binagärlik çözgütlerini we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow täze milli elektron poçtany we messenjer programmasyny işe girizmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan täze, döwrebap milli elektron poçtany döretmek üçin programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanylandygyny we ony synagdan geçirýändiklerini aýtdy. Bu programma çözgüdi poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän moduly öz içine alýar.

Sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Diýarymyzda ilkinji milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamynyň — messenjer programmasyny we mobil goşundysyny döretdiler.

Internet ulgamy arkaly bu ykjam programma üpjünçiliginiň üsti bilen onlaýn görnüşde hat-habarlary alyşmaga, toparlaýyn söhbetdeşlikleri guramaga, sesli we wideojaňlary amala aşyrmaga, dürli görnüşdäki elektron faýllary ugratmaga hem-de kabul etmäge mümkinçilik emele gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanlylaşdyrmagy, intellektual ulgamlaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz kommunikasiýa toplumyny sanlylaşdyrmak meseleleri baradaky gürrüňi dowam edip, Diýarymyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, giň ulgamly internet giňişligine goşulyşmak arkaly aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, görnüşini artdyrmagyň hem-de hilini gowulandyrmagyň esasynda aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny amala aşyrmaga girişendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz täze milli elektron poçtany we messenjer programmasyny herekete girizmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmak we köpugurly esasda ösdürmek, aragatnaşyk pudagynda kämil enjamlary hem-de täzeçil tehnologiýalary işjeň ulanmak babatda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlerine hem degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, halkara sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer gözden geçirilişiň Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap interaktiw, multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.

Serginiň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, tanyşdyrylyş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekiler.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna halkara forumyň iş maksatnamasynyň taslamasyny hödürläp, 1 — 10-njy dekabr aralygynda gazanylan üstünlikleriň gözden geçirilişini guramagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ajaýyp mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz okgunly ösýän, ýokary tehnologiýalara hem-de innowasiýalara esaslanýan döwlet hökmünde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Diýarymyzda giň gerimli taslamalar hem-de oňyn başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzyň esasy şanly wakalarynyň biri bolan Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere hem-de halkara sergilere görülýän taýýarlyk işlerini makullap, bu ugurdaky işi işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimine, welaýatlaryň ýolbaşçylaryna meýilleşdirilen dabaralara ykjam taýýarlyk görmegi, şolaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de sebitleriň ýeten belent sepgidini görkezmek bilen bagly görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dekabr aýynda boljak şanly senelere we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna guraljak baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, aň-bilim we sport çäreleri, media-maslahatlar guralar.

Ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin onlaýn tertibinde birnäçe halkara derejedäki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär. 12-nji dekabrda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler. Şeýle hem ýurdumyzyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli birnäçe çäreler meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň we halkara döredijilik çäreleriniň hem-de dekabr aýynda meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şolaryň her biriniň ähmiýetli, many-mazmuna baý bolmalydygyny we milli däplere laýyklykda, giňden hem-de ruhubelentlikde geçirilmelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň indiki ýylda belleniljek 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işlerine häzirki günlerden başlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu taryhy senä bagyşlanan ähli çäreleriň taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylmalydygyny, şolaryň Garaşsyz döwletimiziň umumadamzat, ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň düýp mazmunyny açyp görkezmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygymyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli onlaýn görnüşde “Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Parfiýanyň Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň, «Görogly» şadessanynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň hem-de türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň bu abraýly halkara gurama bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine alyp barýan medeni we ylmy diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli, onlaýn görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahat Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklarynyň dowamynda ýetilen sepgitlere hem-de geljekki ugurlaryna özboluşly seljerme bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň, medeni we ruhy mirasynyň gymmatlyklarynyň düýpli öwrenilmeginiň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň, ýadygärlikleriň ähmiýetini dünýäde wagyz etmek işiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy wezipeleriniň biridigini belledi. Bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işler oňat netijelerini berýär. Munuň özi ösüp barýan ýaş nesilleri ata

Watanymyza söýgi, şöhratly pederlerimiziň biziň günlerimize gelip ýeten baý, milli mirasyna aýawly garamak ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýetlidir.

Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän üstünlikleri hem-de ýeten derejesi milli medeni mirasymyzy, türkmen halkynyň baý maddy we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny mundan beýläk-de giňden wagyz etmek üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edýär diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna guralýan çäreleriň dünýäniň halklary bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegini, türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň dünýäde wagyz edilmegini, parahatçylygyň we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini belledi hem-de onlaýn görnüşde geçiriljek halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň göni aragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, iri desgalaryň gurluşygynyň barşy boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerindäki işleriň ýagdaýy, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýerleri geljek ýylyň hasylyna taýýarlamaga gönükdirilen çäreler barada jikme-jik maglumatlar berildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň depginleri, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňümizdäki şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, paýtagtymyzda we sebitlerde geçirilýän işleriň netijeliligini artdyrmak, şäherlerde arassaçylygyň we abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmek, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hem hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şunuň bilen bir hatarda, öňümizdäki şanly seneleri mynasyp bellemegiň, ýurdumyz üçin uly ähmiýeti bolan baýramçylyk çärelerinde türkmen döwletiniň gazanýan üstünlikleriniň beýan edilmeginiň hem-de dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, oba hojalygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, pudagyň işini guramaga häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, oňa hususy telekeçiligi işjeň çekmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznalary döredilýär.

Şeýle hem welaýatlarda ak ekinlere agrotehniki kada laýyklykda ideg işleri dowam edýär, galan pagta hasylyny ýygnamak, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki enjamlary geljek ýylyň ýaz ekişine taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda güýzlük ekinleriň hasylyny ýygnamak, olary sowadyjy ammarlarda saklamak we ýerlemek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýeralma we beýleki gök ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek işleri dowam edýär. Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň hasyly ýygnalýar.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler oba zähmetkeşleriniň durmuşynda agrotehniki çäreleri geçirmek boýunça möhüm möwsümiň başlanandygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň we Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam edýändigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, suwdan rejeli peýdalanmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak, täze ýerleri özleşdirmek meselelerine möhüm üns berilmelidir. Bu pudakda suw tygşytlaýjy tehnologiýalar we beýleki ýurtlaryň ösen tejribeleri işjeň ulanylmalydyr.

Milli Liderimiz oba hojalygyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagyna işjeň çemeleşilmelidigini aýdyp, bu babatda oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek halkara maslahata, dabaralara we çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şonuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda döwlet Baştutanymyzyň degişli Karara gol çekendigi, oňa laýyklykda, giň möçberli maksatnamanyň tassyklanylandygy bellenildi. Maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda köp sanly çäreler, hususan-da, dürli forumlar, medeni hem-de sport çäreleri guralýar.

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahat baýramçylyk dabaralaryň arasynda esasy orny eýeleýär. Bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar. Halkara maslahatyň deslapky maksatnamasy taýýarlanyldy. Onuň barşynda birnäçe abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň wideoçykyşlary hem meýilleşdirilýär.

Forumyň işiniň jemleri boýunça Jemleýji Beýannamany kabul etmek göz öňünde tutulýar. Maslahatyň çäklerinde köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, şanly senä bagyşlanan baýramçylyk sergisini guramak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyna berk ygrarlydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine halkara derejede ykrar etmegine 25 ýyl dolýandygyny belledi.Geçen döwür ýurdumyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasynyň netijeli häsiýete eýedigini, onuň dünýä bileleşiginiň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi. Munuň özi 2015-nji ýylyň iýun aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Watanymyzyň Bitaraplyk derejesi hakyndaky täze Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tassyklanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senäni baýram etmek meselesi barada durup geçip hem-de onuň taryhy ähmiýetini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine halkara maslahatyny we beýleki baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak we Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Mejlisiň nobatdaky maslahatynda ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň dürli düzümlerindäki jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Deputatlar ilat arasynda olaryň many-mazmunyny düşündirmek işlerini alyp barýarlar.

Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan wezipelere kanunçylyk taýdan goldaw bermek maksady bilen, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleriniň esasynda hereket edýän hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwletimiziň mundan beýläk-de ykdysady, syýasy we medeni ösüşine gönükdirilen täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Halkara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzümleýin bölümleriniň onlaýn görnüşde geçirýän dürli çärelerine gatnaşdylar. Deputatlar Halk Maslahatynyň çözgütleriniň, milli Liderimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň ähmiýetini wagyz etmek hem-de düşündirmek, şeýle hem milli däp-dessurlary saklamak boýunça zerur işleri yzygiderli dowam edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýetini nygtady.

Milli Liderimiz deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen gatnaşyklaryna goldaw bermegiň zerurdygy barada aýdyp, olaryň ösüp barýan ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümleriniň işi, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň gerimli harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy, jemgyýetde bitewüligi we jebisligi, ýurdumyzda durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Milli goşunyň kuwwatyny artdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de durmuş meselelerini çözmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bitaraplyk derejesine berk ygrarly bolan türkmen döwleti mundan beýläk hem ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili hökmünde goranyş ukybyny pugtalandyrmak barada alada eder.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz möhüm meýilnamalara ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara maslahatda eden çykyşy

  /   12.12.2020  /   

Hormatly Halkara maslahatyna gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!

Öňi bilen, sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Halkara maslahatynyň dabaraly mejlisinde mübäreklemäge rugsat ediň. Size bu foruma gatnaşýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de onuň köpugurly gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça öz çemeleşmelerim, tekliplerim we garaýyşlarym boýunça pikir alyşmaga taýýardygymy mälim edýärin.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagy ýurdumyz üçin, hakykatdan-da, tayhy waka boldy. Ol Türkmen döwletiniň daşary syýasatyň esasy ugruny we mazmunyny kesgitledi hem-de içerki ösüşe, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda giň möçberli milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine, demokratik düzümleriň kemala gelmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.

Biziň bitaraplygymyzyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýratynlygy BMG-niň tejribesinde onuň ilkinji gezek ýörite Kararnama hökmünde Baş Assambleýanyň biragyzdan kabul eden çözgüdiniň giň goldawa eýe bolmagyndan we berkidilmeginden ybaratdyr. Dünýäniň iri döwletleri, şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary bolan ýurtlar bu resminama awtordaş bolup çykyş etdiler. Şeýlelikde, Türkmenistan bitaraplyk derejesine halkara hukuk ugry hökmünde eýe boldy hem-de dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi.

Men Türkmenistanyň halkynyň adyndan hemişelik bitaraplyk hakyndaky bu taryhy Kararnamanyň taýýarlanylmagyna we kabul edilmegine goldaw beren hem-de oňa işjeň gatnaşan ähli döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Men BMG-niň Sekretariatyna hem-de onuň zerur guramaçylyk meseleleriniň we çäreleriniň çözülmegine işjeň gatnaşan işgärlerine hem netijeli iş üçin minnetdarlyk bildirýärin. Elbetde, biziň bitaraplygymyzyň halkara derejesinde ykrar edilmegi bir pursatlaýyn waka däldir. Baş Assambleýanyň Kararnamany kabul etmegi dürli görnüşldäki ägirt uly we tutanýerli syýasy-diplomatik işlere, köpsanly gepleşikleriň geçirilmegine badalga berdi.

Şunuň bilen baglylykda Ykdysady Hzymatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň bu ugurda oňyn orun eýeleýändigini bellemek isleýärin. Olar 1995-nji ýylyň ýazynda Yslamabatda geçirilen sammitde Türkmenistanyň bitaraplygyna goldaw bermek hakyndaky beýannamany kabul etdiler. Şol ýylyň oktýabr aýynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammiti bu işiň nobatdaky tapgyry boldy. Şonda türkmen bitaraplygy bu abraýly halkara bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldawa eýe boldy.

Şu wakalar barada aýtmak bilen, meniň pikirimçe, olaryň mundan 25 ýyl ozalky döwrüň örän wajyp hem-de ähmiýetli wakasyny aýratyn bellemeli. Şol çylşyrymly, öwrülişik, şeýle hem toparlaýyn garşy durmalaryň tamamlanýan, adaty hereketleriň hem-de görkezijileriň tamamlanýan döwründe Türkmenistanyň halkara bitaraplyk syýasaty hemmetaraplaýyn, şol sanda dürli garaýyşlary we häzirki zaman dünýäsiniň ösüş meselesi boýunça dürli ugurlary öňe sürýän, özara gapma-garşylyklary bar bolan döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Dünýä syýasatynyň durnuklaşdyryjy şertleriniň biri hökmünde bitaraplyk derejesini peýdalanmak üçin şol döwürde oňyn şertleriň kemala gelendigine ynanýaryn. Şeýlelikde, birnäçe pursatlarda öz hyzmatdaşlarymyza kartanyň wajyp geosyýasy sebitinde bitarap, parahatçylyk söýüji döwletiň emele gelmeginiň sebitara we halkara gatnaşyklarynyň ösüşiniň möhüm şertini döretjekdigini ynandyrmak başartdy.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikdäki durmuşynyň taryhy tejribesi bitaraplyk derejesini saýlap almagyň möhüm şertini emele getirendigi gürrüňsizdir. Dürli döwürleriň bolandygyna garamazdan, onuň esasynda parahatçylyk söýüjilik, hormat goýmak, hemmelere deň derejede garamak, açyklyk bardyr.

Garasşyzlygymyzy gazanmak bilen, biz bu düşünjäni daşary syýasatyň anyk ugruna öwürdik hem-de ony iş ýüzünde netijeli peýdalanmak üçin has amatly we bähbitli ugur bolan bitaraplygy saýlap aldyk.

Biz ony oňyn bitaraplyk diýip atlandyrmak bilen, halkara gatnaşyklarymyza ähmiýet häsiýet we ugur berdik. Ähli döwletler bilen hoşniýetli hem-de deň derejedäki netijeli gatnaşyklara bolan gyzyklamalarymyz onuň esasynyy düzýär. Türkmenistan hemmelere dostlugy, hyzmatdaşlygy, deňhukukly gatnaşyklary teklip etmek bilen, bitarap ýurt hökmünde olaryň içki işine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk dolanyşygyna hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we birleşiklere gatnaşmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy.

Bu syýasata goldaw bermek ýörelgeleri halkara guramalarynda kabul edilen we halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylan birnäçe Kararnamalarda hem-de beýleki çözgütlerde öz beýanyny tapdy. 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyga, howpsuzlygy we durnukly ösüşe goldaw bermekde hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bizde buýsanç duýgusyny döredýär we dünýä bileleşigine bolan minnetdarlygymyzy şertlendirýär.

BMG-a agza döwletleriň 34-siniň awtordaşlygynda kabul edilen bu wajyp resminama bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan wajyp meseleleriň çözgüdinde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Şeýle hem 2020-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 47-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde hem-de tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamany biragyzdan kabul etmeginiň meniň üçin uly hormatdygyny bellemek isleýärin.

Çärýek asyr bäri Türkmenistan bu ýörelgelere gyşarnyksyz eýerýär, parahatçylyk söýüjilik, deňeçer garaşsyz syýasaty yzygiderli alyp barýar. Öňi bilen, bize goňşy ýurtlar bilen oňyn gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak başartdy.

Köpasyrlyk tejribä, medeni hem-de ruhy ýakynlyga esaslanyp, biz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmek, goňşy ýaşaýan halklaryň we döwletleriň taryhy ykballarynyň bitewüligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardyk. Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak hem-de berkitmek, ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik deňeçerligiň möhüm guraly hökmünde sebit howpsuzlygynyň baş şertini emele getirýär. Goňşy döwletler bilen bilelikde, BMG bilen ýygjam gatnaşyklary ösdürmek, jedelli ýagdaýlaryň öňüni almagyň guralyny döretmek, Merkezi Aziýada özara düşünişmek, ynanyşmak ugurlaryny tassyklamak boýunça iş alyp barýarys.

Bitarap Türkmenistanyň çägi sebitleýin gün tertibiniň brnäçe çylşyrymly meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin kabul ederlikli ýer hökmünde birnäçe gezek saýlandy. Umuman, bitaraplyk ýörelgeleri, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçilikleri, gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, olaryň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak we ony gepleşikler arkaly çözmek meselesinde özüniň netijeliligini görkezýär hem-de halkara diplomatik gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär we ýokary derejede ykrar edilýär.

Munuň özi 2007-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdi esasynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goldaw bermeginde ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy aýdyň subutnamasydyr.

Tejribäniň görkezişi ýaly, munuň özi öz wagtynda amala aşyrylan we öňdengörüjilikli ädime öwrüldi. Merkeziň işi halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, onuň işiniň jemlerine baha bermek bilen, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi öňüni alyş diplomatiýasynyň işiniň, Merkezi Aziýada dawalaryň irki döwürde öňüni almak wezipesiniň wajyp ähmiýete eýedigini birnäçe gezek belledi we bu düzümiň işine yzygiderli goldaw berdi.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny” atly Kararnamany kabul etdi. Oňa ähli yklymlara degişli döwletleriň 57-si awtordaş bolup çykyş etdi. Bu gezekki mejlisiň dowamynda türkmen tarapy bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini jemlemek hem-de herekete girizmek boýunça işleri dowam etdirer.

Şeýlelikde, ýurdumyz tarapyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny hakyndaky Kararnamanyň täze taslamasy taýýarlanyldy. Oňa goşmaça has mazmunly ugurlar, hususan-da, Öňüni alyş akademiýasyny institusional taýdan resmileşdirmek we Merkezi Aziýa bilermenler forumynyň guralyny pugtalandyrmak hakynda goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň bitaraplyk syýasatynyň halkara syýahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda eýeleýän orny hem-de ähmiýeti hakynda Kararnamasynyň taslamasyny hödürledi.

Mundan başga-da, biziň başlangyjymyz boýunça halkara gatnaşyklary tejribesinde bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek boýunça ulgamlaýyn iş üçin häzirki döwürde gepleşikler meýdançasy hökmünde parahatçylygyň, howpsulygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredilýär. Oňa eýýam 20-den gowrak döwlet girdi. Munuň özi häzirki şertlerde bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýetine we geljegine düşünmek ugurlarynyň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, biziň pikirimizçe Türkmenistanyň BMG-niň halkara meselelerini kadalaşdyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini netijeli ulanmak boýunça düzgünnamalar toplumynyň taýýarlanylmagy ähmiýetli we maksadalaýyk ädim bolup durýar. Şeýlelikde, olaryň ulanylmagynyň ähli halkara ýagdaýyna netijeli täsir etmäge we uly bähbit getirmäge ukyply boljakdygyna ynam bildrýärin.

Umuman, häzirki döwürde dartgynlylygy aradan aýyrmak, dünýäde durnuklylygy saklamak boýunça bilelikdäki tagallalaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda alnyp barylmagy döwletleriň, halkara edaralarynyň we aň-bilim merkezleriniň, bu ugra jogapkärli köpçülikleiýn habar beriş serişdeleriniň möhüm ugruna öwrülmelidir.

Birek-birek bilen özara gatnaşyklarda ynanyşmagy hem-de hormat goýmagy dikeltmek, oňa gatnaşyjylaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini ykrar etmjge esaslanýan deňhukkuly gatnaşyklary tassyk etmek zerur bolup durýar. Her ýurduň bu maksatlara ýetmekde önjeýli we ähmiýetli goşant goşmaga ukyplydygyna ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dünýä bileleşiginiň hoşniýetli erkine ynam bildirmek ýörelgelerine esaslanyp, 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy öňe sürdi.

Bu teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň goldawyna mynasyp boldy we geljek ýylda biz Aşgabatda dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm tapgyra öwrüljek, nukdaýnazarlary we çemeleşmeleri ýakynlaşdyrmagyň ýoluny gözlemekde oňyn netije berjek ýokary derejedäki Halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýäris.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähli döwletler bilen dostlukly, netijeli we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklamakda, BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, beýleki abraýly halkara guramalaryň işine gatnaşmakda, şeýle hem ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň has wajyp meselelerini çözmäge doly derejede gatnaşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döretmekde ähmiýetlidigini bellemek isleýärin.

Türkmenistanyň halkara başlangyçlary energetika howpsuzlygy, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, ekologiýa, azyk üpjünçiligi, suw serişdelerine elýeterlilik, bosgunlaryň hukuklaryny goramak we ählumumy ösüşiň beýleki möhüm ugurlarynda aýratyn ähmiýetlidir hem-de uly abraýa eýedir.

Biz bu meselelere çemeleşmelerimizi döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli we aýdyň ýörelgeleriniň mümkinçiliklerini birleşdirmek zerurlygyndan ugur alyp döredýäris.

Tebigy gazyň ägirt uly dünýä gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerine adalatly hem-de deňhukukly elýeterliligiň üpjün edilmeginiň yzygiderli tarapdary bolup durýar. Ähli taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, ygtybarly we durnukly energetika geçirijiler ulgamynyň döredilmegi şu maksada ýetmegiň esasy ýollarynyň biridir.

Biziň ýurdumyz BMG-niň çäklerinde energetika meselesi boýunça giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny başlamagy teklip etdi hem-de Baş Assambleýanyň goldawyna mynasyp bolan Kararnamanyň taslamasyny işläp taýýarlady. Şol mejlisiň dowamynda biz energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň eýeleýän orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürledik. Türkmenistan dünýäniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň ählumumy ykdysady ösüşiň, adamlaryň abadanyylygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň bähbidine gulluk etjekdigine pugta ynanýaryn.

Munuň üçin bolsa, meniň pikirimçe, energiýa serişdeleriniň birtaraplaýyn ülňüsinden el çekmeli, işe päsgel berýän bökdençilikleri aradan aýyrmaly, baha dolanyşygynyň umumy kabul ederlik derejesini üpjün etmeli. Türkmenistan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna bolan gatnaşyklar babatda hem şeýle garaýyşlary öňe sürýär. Ulag meselesi boýunça ählumumy başlangyç bilen BMG-niň derejesine çykmak arkaly biz bu wezipeleriň häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen berk baglanyşyklydygyndan ugur aldyk.

Halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. ХХ1 asyrda Milletler Bileleşiginiň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen döwrebap ulag düzümini döretmek ýörelgeleri tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna, dünýäniň tebigy serişdeleriniň saklanylmagyna we artdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa, adamzadyň häzirki döwürde alyp barýan işiniň halkara strategiýasy bolup durýar.

2016-njy ýylda Türkmenistan durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçirmegi öz üstüne aldy. Geljek ýylda bolsa Aşgabatda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem biz BMG-niň çäklerinde durnukly ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlyga çagyrýan Kararnamalaryň taslamalaryna goldaw bermek babatdaky tagallalary artdyrýarys.

Türkmenistan ekologiýa meselesine we howanyň üýtgemegine möhüm üns berýär. Durnukly ösüş boýunça Rio+20 sammiti, 7-nji Bütindünýä suw forumy ýaly ählumumy duşuşyklarda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki abraýly guramlaryň belent münberlerinden biziň ýurdumyz ykdysadyýetiň işi bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda oýlanyşykly deňeçerligi gözlemäge we ony üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär.

Hususan-da, türkmen tarapy energetika pudagynda anyk ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny Hazaryň biodürlüligini saklamagyň zerurlygy bilen birleşdirmegiň möhümdigi, onuň çeýe ekologiýa derejesiniň bozulmazlygyna ýol bermezligiň wajypdygy hakynda mälim etdi. Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy, Merkezi Aziýa ýurtlaryň bir bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly hem-de başga birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Biziň ýurdumyz “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” Kararnamanyň taslamasynyň awtory bolup durýar hem-de ol Baş Assambleýanyň goldawyna mynasyp boldy we häzirki döwürde aral heläkçiligini aradan aýyrmak, ykdysady we durmuş şertlerini, ilatyň ýaşaýyş hem-de saglyk derejesini gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Elbetde, bu başlangyçlar köp babatda Türkmenistanyň ýerleşýän sebitine degişlidir. Şeýle ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň, ilkinji nobatda, geljek nesiller, biziň planetamyzyň ajaýyp keşbini saklamak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek hakyndaky alada bilen baglanyşyklydygyny hem-de dünýäniň beýleki künjekleri üçin hem bähbitlidigi bellärliklidir.

2016-njy ýylda howanyň üýtgemegi hakyndaky Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistan ählumumy ekologiýa gün tertibiniň çözülmegine mynasyp goşant goşdy we häzirki döwürde ýurdumyz bu ählumumy resminamanyň ýörelgelerine eýermek bilen, özüniň wajyp döwlet wezipelerini kesgitleýär. Munuň özi ony utgaşdyrmak boýunça halkara tagallalaryna netijeli goldaw bermekden ybaratdyr.

Bitaraplyk derejesi Türkmenistana halkara ynsanperwer işine gatnaşmak, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek işine gatnaşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Halkara migrasiýa guramasynyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyz bu çylşyrymly ählumumy meseläniň çözülmegine mynasyp goşant goşýar.

2012-nji ýylda Aşgabatda “Musulman dünýäsinde bosgunlar” ady bilen ilkinji Halkara maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda wajyp ylalaşyklar gazanyldy. Biz olary ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli iş alyp barýarys we indiki ýylda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde, bu mowzuk boýunça ikinji Halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýäris.

Bu ugurda milli tagallalar barada aýdylada bolsa, diňe 2011-nji ýyldan häzirki döwre çenli 26 müňe golaý adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Owganystandaky ýagdaýlara bolan biziň çemeleşmelerimiz hakynda aýdaýyn. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan goňşy döwlete anyk ykdysady we ynsanperwer goldawy berip gelýär.

Bu Owganystanyň çäklerinde lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurluşygy, ýeňillikli bahalarda energiýa serişdeleriniň ugradylmagy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan ýaşlaryna bilim berilmegi, dostlukly ýurda yzygiderli ynsanperwer kömeginiň ugradylmagy we goldawyň beýleki görnüşleri ýaly ugurlarda öz beýanyny tapýar.

Bu işler Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu işleriň ýurdumyzda Owganystana ynsanperwer kömegini bermek boýunça ýörite taýýarlanylan maksatnama laýyklykda, yzygiderli alnyp baryljakdyyna we zerur goldawyň beriljekdigine owgan dostlarymyzy hem-de halkara bileleşigini ynandyrýaryn.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda, ilkinji nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly durmuş taýdan möhüm ugurlarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçrilmegi Owganystanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady hem-de durmuş taýdan galkynmagynyň, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny öňe sürmek bilen, biziň ýurdumyz bu ugurda yzygiderli işleri alyp barýar.

Türkmenistan- Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şeýle hem ýurdumyzy Owganystan bilen baglanyşdyrýan demir ýollary çekmek işleri alnyp barylýar.

Biz Owganystanyň, beýleki goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda has ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegrň üstünde işlemegi dowam etmegi meýilleşdirýäris we halkara guramalary, öňi bilen bolsa, BMG bilen doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek işinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys.

Munuň syýasy tarapy barada aýdanyňda men Türkmenistanyň Bitarap döwlet hem-de gönüden-göni goňşy ýurt hökmünde Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge hem-de zerur bolan ähli guramaçylyk şertlerini döretmäge taýýardygyny tassyklamak isleýärin. Bu meselede gepleşikleri geçirmegiň ýeke-täk serişdedigine ynanýaryn.

Şeýle hem häzikri wagtda tutuş dünýäniň sezewar bolan täze çynlakaý wehimi barada aýtman bilmerin. Koronawirus pandemiýasy onlarça million adamyň saglygyna zeper ýetirmeginden hem-de gynansak-da, köpsanly adamlaryň ömür tanapyny kesmeginden başga-da, halkara gatnaşyklaryndaky ulgamlaýyn meseleleri ýüze çykardy.

Ilkinji nobatda, bu howpa garşy göreşde diňe bir tehniki taýdan däl-de, tagallalary birleşdirmäge hem taýýarlygyň ýokdugy aýan boldy. Şunda ynamyň we syýasy erkiň ýeterlik derejede däldigini ýene-de bellemek gerek. Bu ýokanç kesel ýaýrap başlan badyna Türkmenistan öz anyk we üýtgewsiz garaýyşyny beýan etdi: ähli döwletleriň jebisligini, raýdaşlygyny hem-de bu wehime garşy göreşde özara goldawyny jemlemek zerurdyr.

Anyk çäreler barada aýdylanda bolsa, ýurdumyz halkara ylmy diplomatiýanyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete girizmek ugrunda çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki mejlisinde dürli ýurtlaryň lukmançylyk bileleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegine, bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň höweslendirilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň birnäçesini teklip etdi. Türkmenistan 2021-nji ýylda Aşgabatda täze görnüşli ýokanç kesellere garşy göreş meseleleri boýunça Alym-lukmanlaryň halkara forumyny geçirmegi teklip edýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Çykyşymy jemläp, häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgelerini Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly peýdalanmagyň mümkindigini, bu syýasatyň hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ýola goýmak işlerinde uly mümkinçiliklere eýedigini, Birleşen Milletler Guramasynyň binýat goýujy maksatlaryny hem-de strategiýalaryny durmuşa geçirmekde ähmiýetli orun eýeleýändigini bellemek isleýärin.

Biziň Bitaraplygymyzyň döredijilikli iş bolup, onuň täze taglymlar hem-de iş ýüzündäki tejribeler bilen baýlaşdyrylýandygy, üýtgäp durýan ýagdaýlara, ýüze çykýan wehimlere uýgunlaşýandygy onuň möhüm aýratynlygydyr. Emma onuň parahatçylyk söýüji, döredijilik, ynsanperwer häsiýeti üýtgewsizligine galýar. Türkmenistan geljek ýyl özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellär.

Biziň bu döwürde uly sepgitlere ýetendigimizi, kuwwatly ykdysadyýeti we durmuş ulgamy bolan, halkara bileleşiginiň mynasyp hem-de abraýly agzasy bolan okgunly ösýän döwlete öwrülendigini bellemeli. Köp babatda bu üstünlikler yzygiderli geçirilýän bitarplyk syýasatynyň netijesi boldy.

Hut şonuň üçin hem men garaşsyzlyk we bitaraplyk düşünjeleriniň türkmen halky üçin bitewi garaýyşlar bolup durýandygyny hemişe belleýärin. Olar biziň döwletliligimiziň iki daýanç sütünidir, Türkmenistan bu sütünlerde ynamly orun alyp, özüniň ýer ýüzündäki köpsanly dostlary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Çykyşymyň ahyrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýip yglan eden ýylynda ýene bir taryhy senäni – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellär.

30 ýyl mundan ozal ýurduň ösüşiniň syýasy, durmuş-ykdysady we daşary syýasat ugry parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar hem-de özüniň netijeliligini görkezdi.

Biziň kuwwatly täzeçil ykdysadyýeti, ýokary durmuş derejeli halky we belent halkara abraýy bolan garaşsyz özygtyýarly Türkmenistany döretmegimiz esasy eýelän sepgidimizdir.

Biziň kuwwatly döwletimiz mundan beýläk-de dünýäde tutuş adamzadyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine parahatçylyk söýujilik we dostana gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary eder.

Pursatdan peýdalanyp, ýetip gelýän 2021-nji – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmk” ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu ýyl bize rowaçlyk we bagt getirsin!

Aşgabat, 12-njy dekabr, 2020 ýyl

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   05.11.2020  /   

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen on aýyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine garaldy. Şol wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi.

Wise-premýer hasabatyny edermen pagtaçylaryň «ak altyn» taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigi baradaky hoş habardan başlady. Şeýle hem ýurdumyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy: geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdana däne ekildi.

Şu günler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, gowaçanyň galan hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur işler dowam etdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň on aýynyň jemleri boýunça gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy mukdarynyň, ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 104,2 göterime barabar bolandygyny habar berdi.

Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,9 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 137 göterim ýerine ýetirildi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen eziz Diýarymyzyň merdana «ak altyn» ussatlaryny hem-de ähli oba hojalyk işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde geljekde hem uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmetde tapawutlanyp, ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, ekologiýa meseleleriniň hemişe biziň daşary we içeri syýasatymyzyň örän möhüm ugrudygyny belledi. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyz şeýle meseleler bilen bagly köp sanly başlangyçlary öňe sürýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 7-nji noýabrda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýagny bag ekmek boýunça ekologiýa çäresini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm wezipeler barada aýdyp, geljek ýyl gowy hasyl almak üçin, ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz suwdan peýdalanmak meselesine aýratyn üns bermegi, Garagum sährasynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan ekologiýa taslamalaryny tizräk durmuşa geçirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ilaty gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek, täze ýyladyşhanalary gurmak meselelerine aýratyn üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Hasyl toýunyň ýokary derejede geçirilmelidigini aýdyp, wise-premýere Oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk işgärlerine mynasyp bolan döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim köpeldi.

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 18,9 göterim ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 87,4 göterim ýerine ýetirildi.

On aýyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň mukdary 25 milliard manada deň boldy.

Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» kesgitlenen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynyň edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagynyň türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam etmelidigini belläp, hususylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak, sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek işlerini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişini düýpli seljermegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bellenen meýilnamalary gysga möhletde ýerine ýetirmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden işjeň peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz wise-premýerleriň ählisi bilen bilelikde, 2021-nji ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmagy ýerine ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Bu maksatnama ygtybarly maýa goýumlaryna esaslanmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, resminamany ýakyn wagtda işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bir aýyň dowamynda 2020 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek strategiýasyny tassyklamaga bermegi we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde hususylaşdyrmak hakyndaky kanunlarymyzy täzelemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow milli Liderimize nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, gözegçilik edýän ulgamlarynda on aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçen on aýda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnamanyň 101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,4 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 107,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek baradaky meýilnamanyň 106,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak baradaky meýilnamanyň 100,1 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça meýilnamanyň 100,2 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnamanyň 106,2 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Suwuklandyrylan gaz önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,6 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýüzlenip, ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudakda öndürilýän önümleriň we tebigy gazyň eksportyny artdyrmalydygyny, zawodlaryň kuwwatlyklarynyň doly ulanylmalydygyny, nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça anyk çäreleriň görülmelidigini nygtady.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmaga, şeýle hem uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze desgalary gurmaga degişli tabşyryklar berildi. Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýyny giňişleýin seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe olar önümçilik meýilnamasyny 118,4 göterim ýerine ýetirdiler.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş 101,8 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 112,6 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 112,9 göterime deň boldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça hem hasabat döwründe degişli işler alnyp baryldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama degişlilikde, 111,6 göterime we 100,6 göterime deň boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş 108,5 göterime ýetdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudaklarynyň biridigini, ösüşlerimiziň bu ulgamyň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belledi.

Ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi, şunda syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde netijeli dolandyryş ulgamyny döretmek esasy wezipe bolup durýar. Şeýle ulgam ykdysadyýetimiziň hem-de häzirki zaman jemgyýetimiziň talaplaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz degişli ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere sanly ulgama geçmek boýunça taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrmak hem-de onuň üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnama 116,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 122,1 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler boýunça meýilnama 109,8 göterim ýerine ýetirilip, 108,2 göterim ösüş gazanyldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104 göterim berjaý edildi, ösüş 107,8 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda önüm öndürilişiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 132,6 göterime deň bolup, meýilnama 118,7 göterim ýerine ýetirildi.

Garalýan döwürde elektrik energiýasyny öndürmek boýunça meýilnama 106,1 göterim ýerine ýetirilip, 118,8 göterim ösüş gazanyldy.

Şu ýylyň on aýynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 131,3 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 156,5 göterime barabar boldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler hem-de hyzmatlar boýunça meýilnama 114 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gurluşyk toplumynda özgertmeleri gysga wagtda amala aşyrmagy, bu ugurdan zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy, toplumyň kärhanalarynyň ýagdaýyny seljermek işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça teklipleri bermek ýa-da hususylaşdyrmak barada aýratyn görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze iş orunlaryny döretmek, sanly ulgama geçmek, gurluşyk serişdelerini öndürmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow on aýda gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň mukdarynyň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,6 göterime barabar bolup, önüm öndürmek boýunça 107 göterim ösüş gazanyldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan çykarylan önümleriň, şol sanda pagta ýüplüginiň we nah matalaryň önümçiliginiň mukdary, degişlilikde, 104 göterime we 101,2 göterime, tikin hem-de örme önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 117,4 göterime, gön önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 103,2 göterime deň boldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar — oktýabr aýlarynda birža söwdalarynyň 231-si geçirilip, 23 müň 62 şertnama baglaşyldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 107,1 göterime barabar boldy. Şu döwürde sergileriň 5-si hem-de wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaryň 25-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar — oktýabr aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişiniň mukdary 133 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 110,2 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz telekeçilik pudagyny ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy bölegini döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine, şunuň bilen baglylykda, bazarlarymyzyň we dükanlarymyzyň, aýratyn hem baýramçylyk günleri dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň günüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleriniň depginini ýokarlandyrmagy tabşyryp, olara geljekde-de goldaw beriljekdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy oba hojalyk firmalarynyň işlerini işjeňleşdirmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Biziň harytlarymyzyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmagyň, şol harytlary daşary ýurtlarda mahabatlandyrmagyň üstünde hem köpräk işlemeli. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, ýokary öndürijilikli enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, öz-özüni maliýeleşdirip we aýry-aýry pudaklary ösdürmek meselelerini çözüp bilýän iri tehnologik kompaniýalaryň we firmalaryň döredilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe dürli çäreleriň guralandygy, dünýäniň dürli döwletleri bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigi bellenildi. Wideoaragatnaşyk arkaly halkara ähmiýetli çäreler geçirildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek hakynda daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň arasynda diplomatik ýollar arkaly birnäçe resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň, şol sanda muzeýleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, olara wirtual syýahaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça önümçilik meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, olaryň işine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz milli telewideniýäniň işine ünsi çekip, teleýaýlymlary maglumat žurnalistikasynyň iň täze nusgalary bilen üpjün etmegiň, gepleşikleri bermegiň hilini gowulandyrmagyň hem-de tomaşaçylary gyzyklandyryp biljek täze gepleşikleri hem-de şüweleňleri taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz tutuş dünýäde türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny, şanly taryhyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerini wagyz etmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmäge we geçirmäge, teleradioýaýlymlarda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň uly ähmiýetini tutuş dünýäde wagyz edýän, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp edýän çuň many-mazmunly gepleşikleri, teatrlarda täze sahna oýunlaryny döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesine hem-de Täze ýyl baýramçylygyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň, ähli welaýat merkezlerinde, obalarda, şäherlerde baýramçylyk dabaralaryny hem-de konsertleri geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere hem-de häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda «Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine döwrebap enjamlary satyn almak hakynda» Karara gol çekip, ony elektron dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan maksatnama laýyklykda, on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek hem-de daşary ýurt dillerini okatmak boýunça işler dowam etdirildi. Okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 133 görnüşi neşir edildi.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda mekdep okuwçylary we talyplar halkara internet-ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, dürli derejedäki medallaryň hem-de diplomlaryň ençemesiniň eýeleri boldular.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işler seljerildi. Golýazmalaryň 891-sine seredilip, şolaryň 869-sy makullanyldy, oýlap tapyşyň bäşisine patent alyndy, innowasiýa tehnologiýalarynyň 4-si önümçilige ornaşdyryldy.

«Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi.

Ylymlar güni mynasybetli onlaýn görnüşinde «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Wise-premýer saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barlan işler baradaky hasabata geçip, «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilendigini habar berdi.

Türkmen hünärmenleri halkara ýaryşlarda çykyş etmek maksady bilen, türgenleşmek işlerini dowam edýärler. Biziň milli ýygyndy toparymyz 32-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin, Olimpiýa şäherçesinde sportuň 7 görnüşi boýunça türgenleşýärler.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli sportuň awtomobil görnüşi boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Hasabat döwründe içerki ýaryşlaryň 65-si hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 58-si geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak maksatnamasyna laýyklykda, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu pudaklaryň öňünde üstünde tutanýerlilik bilen işlemeli köp meseleleriň durandygyny belläp, wise-premýere bu möhüm ulgamlaryň desgalarynyň gurluşygynyň barşyna hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem ylmy edaralary sanly ulgama geçirmek boýunça görülýän ähli çäreleri güýçlendirmegiň, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuw işleriniň alnyp barlyşynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde başlanan uly özgertmeleriň — sanly ulgama geçilmeginiň, senagatlaşdyrmagyň, elektron senagatynyň, telekeçiligiň esaslarynyň halkara ölçeglere laýyklykda, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň hemmetaraplaýyn taýýarlykly bolmagyny talap edýändigini belledi hem-de bu wajyp ugurdaky işleri güýçlendirmegi talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 11-nji martda Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň bolandygy hem-de 17-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýurdumyza iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine we Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça halkara foruma gatnaşyjylara wideoýazgy arkaly ýüzlendi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary hem-de birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Şolaryň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 40-sy geldi. Şol döwürde ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 86-sy daşary ýurtlara iberildi. Göni wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 816-sy geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 92-sine gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli häsiýete eýedir. Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ýanwar — oktýabr aýlarynda degişli düzümleriň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanan maslahatlara we beýleki çärelere ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki häzirki ýeňil bolmadyk ýagdaýy göz öňünde tutup, geljek ýylyň halkara çäreleriniň, saparlaryň, geçiriljek halkara maslahatlaryňdyr duşuşyklaryň meýilnamalarynyň üstünde işlemegiň wajypdygyny nygtap, bu meseleleriň ählisine şu ýylyň ahyrynda garaljakdygyny belledi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on aýynda milli parlamentiň alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Mejlisde ýurdumyzyň kanun çykaryjy işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, demokratik kadalary ösdürmäge, raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen täze kanunlary işläp taýýarlamak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Hasabat döwründe milli parlamentiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, şolarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 57-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 38-si kabul edildi.

Bu resminamalar syýasy ulgamy hem-de döwletimiziň konstitusion esaslaryny kämilleşdirmäge, dürli ugurlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady syýasaty amala aşyrmaga, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga, bedenterbiýe we sport ulgamynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga, daşky gurşawy goramaga hem-de beýleki ulgamlara gönükdirilendir.

Mejlisiň 2020-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, iş toparlarynda täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam etdirilýär.

Mundan başga-da, hereket edýän kanunlara seljerme işleri yzygiderli geçirilýär. Kabul edilýän kanunlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mejlisiň deputatlary öz saýlaw okruglarynda iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, okuw-mekdeplerinde Halk Maslahatynyň kararlarynyň ähmiýeti, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çärelerine, maslahatlara gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini nazara almak bilen, kämilleşdirilýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň örän wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz döwrüň käbir kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň “Hususylaşdyrmak hakyndaky” Kanunyny muňa mysal getirdi. Milli Liderimiz hususylaşdyrmak boýunça işleriň ilerledilmelidigini, orta we kiçi döwlet kärhanalaryny hususyýetçilige bermegiň gurallaryny kesgitlemegiň möhümdigini belläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň şu we beýleki ugurlaryny kanunçylyk taýdan goldamagyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň özygtyýarlyklaryny netijeli durmuşa geçirmeginiň hem-de eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk görmäge we geçirmäge, ýaş nesli terbiýelemek işine, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge işjeň gatnaşmaklarynyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlerde jemgyýetçilik bilen duşuşyklary dowam etmegiň, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ähmiýetini düşündirmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow milli Liderimize göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara hem-de şanly senä bagyşlanyp paýtagtymyzda täze gurlan desgalary ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde şanly senelere —Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna hem-de Hasyl toýuna taýýarlyk görmek hem-de täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde öňde boljak şanly senelere, hususan-da, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy hem-de Hasyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, şeýle-de, ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň barşy barada hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowy çagyrdy. Häkim Hasyl toýuna hem-de Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde berkarar Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalarda işleriň barşy hem-de däbe görä, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygy hem-de bu waka mynasybetli täze desgalary ulanmaga bermek boýunça geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk, şeýle hem Hasyl toýuny mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp we şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, açylmagy meýilleşdirilen desgalarda işleriň öz wagtynda tamamlanmagyna ünsi çekdi.

Şeýle hem, milli Liderimiz ýurdumyzyň rowaçlygyna hem-de azyk bolçulygyny berkitmäge mynasyp goşant goşýan oba zähmetkeşleriniň hormatyna geçirilýän baýramçylyk çärelerine degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz şu ýylyň on aýynyň jemini jemläp, onuň ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny görkezýändigini belledi.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, öňküsi ýaly, ýokary ösüş depginleri saklanyp galýar. Kesgitlenen tabşyryklaryň çäklerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberleri artdy, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýokarlandyryldy. Köp sanly önümçilik we durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki döwür bizden ykdysadyýetiň sazlaşykly işini bozman, onuň ösüşini işjeňleşdirmek hem-de dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere garamazdan, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin gyssagly çäreleri görmegi talap edýär. Biziň öňümizde şu ýyl gazanan ösüş depginimizi saklap galmak hem-de geljek ýylda ony has-da artdyrmak wezipesi durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň tamamlanmagyna bir ýarym aýyň galandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, şu ýyly gowy netijeler bilen üstünlikli jemlemek hem-de täze 2021-nji ýyly gowy netijeler bilen garşylamak üçin, biz galan wagtyň dowamynda köp meseleleri çözmelidiris.

Munuň üçin Bitaraplyk baýramyna bagyşlanan çäreleri ýokary derejede geçirmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanan mynasyp raýatlarymyzy döwlet sylaglary, täze ýubileý medaly bilen sylaglamak barada teklipleri bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Halkara ýubileý maslahatyna gatnaşdy

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   12.12.2020  /   

Paýtagtymyzda“Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahaty geçirildi. Watanymyzyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahatyň dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz halkara maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan Söwda-senagat edarasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahat başlamagynyň öňüsyrasynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan Halkara sergi bilen tanyşdy. Ol 12 günüň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň ýeten derejesini görkezdi.

Giň möçberli gözden geçirilişe ähli döwlet edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi gatnaşdy. Serginiň çäklerinde köpsanly işewür çäreler, tanyşdyrylyş dabaralary we gepleşikler geçirildi. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we beýleki düzümleriniň ýolbaşçylary bilen daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň, halkara guramalarynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek çäresi boldy.

Şeýlelikde, serginiň tamamlaýjy gününde Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen Russiýanyň TASS döwlet habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda agentlikleriň ýolbaşçylary degişli resminama öz gollaryny goýdular.

1-nji dekabrda öz işine başlan serginiň dowamynda ABŞ-nyň 62 million dollaryna, 1,5 milliondan gowrak ýewro hem-de 2,5 million manatlyga barabar halkara resminamalarynyň we şertnamalarynyň jemi 130-dan gowragyna gol çekildi.

50-ä golaý resminama halkara guramalary bilen gol çekildi. Şolaryň köpüsi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň arasynda baglaşyldy. Gazanylan ylalaşyklar boýunça taslamalaryň bahasy ABŞ-nyň 82 million dollaryndan gowrak boldy. Şondan 70,5 million dolary türkmen tarapyndan gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, ýurdumyzyňharytlaryny eksporta ibermek boýunça ABŞ-nyň 72,79 million dollaryna barabar bolan şertnamalaryň 40-sy baglaşyldy.

Sergide bölümleriň bezeginde hem, işinde hem sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bu ýerde wideomaslahatlary, onlaýn-duşuşyklaryny we dünýäniň dürli künjekleri bilen göni aragatnaşyklary guramaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen baýramçylyk sergisinde onlarça ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagy üçin şert döredildi. Bu Diýarymyzyň giň, deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we halkymyzyň hem-de tutuş adamzadyň bähbidine gabat gelýän syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi.

Halkara serginiň mowzuklaýyn bölümleri Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny beýan etdi. Onuň her bir güni milli ykdysadyýetimiziň we durmuş toplumynyň pudaklarynyň birine bagyşlanyldy. Şu gün bu ýerde ähli pudaklar öz gazanan üstünliklerini we ýeten derejesini görkezdiler. Wideoşekillerde Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar, senagat, ulag-aragatnaşyk düzümleriniň döwrebaplaşdyrylyşy barada giňişleýin maglumatlar beýan edilýär.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Halkara serginiň birnäçe gün bäri öz işini dowam edýändigi, onuň çäkleirnde birnäçe çäreleriň geçirilendigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaýbaňlandyrylan serginiň Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesini, gazanýan üstünliklerini beýan etmekde we öňde durýan wezipeleri kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ugurlaryny öz içine alýan serginiň bölümleri bilen tanşyp başlady.

Serginiň merkezinde ýer togalagynyň görnüşinde aýlanyp duran şekil döredilipdir. Onda multimediýa tehnologiýalaryň kömegi arkaly dürli ýazgylar, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, parahatçylygyň we döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň baş nyşany bolan kepderiniň şekilleri görünýär.

Ýer togalagynyň görnüşinde taýýarlanan şekilde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady serişdeleri, ulgamy barha ösýän eksport kuwwaty we täze önümçilik üstünlikleri häzirki zaman tehnologiýalarynyň üsti bilen görkezilýär. Ýokary tehnologiýalar ulgamynda önümçiligiň täze ugurlaryny özleşdirýän telekeçilik ulgamy umumy ösüşe mynasyp goşant goşýar.

Milli Liderimiz bu ýerde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna degişli bölümler bilen tanyşdy. Wise-premýerler özleriniň gözegçilik edýän düzümlerindäki sergiler bilen tanyşdyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bölümi bilen tanyşdy. Maglumat interaktiw monitorlarda, wideogörnüşlerde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işiniň möhüm ugurlary barada gürrüň berilýär. Şeýle hem olarda iri halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet işgärleriniň we beýlekileriň şekilleri janlandyryldy.

Dürli öwüşginli şekillerde durnukly ösüş maksatlarynyň 17-siniň nyşanlary, dünýä ýurtlarynyň elipbiý tertibindäki sanawlary, döwlet nyşanlary weTürkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalary görünýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň ähmiýeti” atly Kararnamanyň ýazgylary möhüm orun eýeleýär. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa howpsuzlygy babatda köpugurly halkara –hukuk guralyny döretmek hakyndaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisine degişli bölüme bardy. Bu ýerde sanly tehnologiýalary we maglumat usullaryny ulanmak arkaly Parlamentiň işiniň esasy ugurlary, şol sanda milli kanunçylyk binýady pugtalandyrmak, milli Liderimiziň başlangyçlaryny dünýä giňişliginde öňe ilerletmek we özgertmelere hukuk goldawyny bermek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler giňden görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz beýleki bir diwarlygyň ýanynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gazanýan üstünlikleri, ähli ugurlaryň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagy boýunça durmuşa geçirýän çäreleri barada gürrüň berýän maglumatlar bilen tanyşdyryldy.

Bu ýerde Diýarymyzyň medeniýet we sungat ulgamyna degişli bölüm öz gymmatlyklaryny görkezdi. Şonda halkymyzyň baý mirasy, dünýä nusgalyk däpleri barada gürrüň berilýär. Zergärçilik sungatynyň ajaýyp eserleri, gadymy kümüş bezegler, milli saz gurallary we beýleki gymmatlyklar türkmen halkynyň döredijilik zehinini giňden açyp görkezýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň bölümleri bilen tanyşdy. Bu ýerde toplumyň düzümleriniň işleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär,ýöriteleşdirilen pudaklaýyn neşirler, gollanmalar,dürli bank we elektron hyzmatlarynyň wideotanyşdyrylyşy serginiň häsiýetli aýratynlygydyr.

Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamyna degişli bölümde bu ugurda gazanylan üstünlikler we onuň mümkinçilikleri aýdyň beýan edilýär. Şeýle hem milli halypaçylyk mekdebiniň nesilden-nesle geçirilişiniň aýdyň nyşany bolan gymmatly golýazmalar, Diýarymyzyň alymlarynyň täze işläp taýýarlamalary öz beýanyny tapdy.

Şu ýerde dermanlyk ösümlik hökmünde ykrar edilen üzärligiň dessesini, türkmen himiýaçylarynyň ýakynda oýlap tapan “ýodomal” antiseptik serişdesini we ylym-barlag taslamalarynyň beýleki miwelerini görmek bolýar. Mundan başga-da, bu bölümde ýrudumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan syýasatyň üstünliklere beslenýändigini aňladýan köpsanly diplomlar we degişli baýraklar görkezilýär.

Ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bölümini türkmen türgenleriniň abraýly halkara bäsleşiklerinde dürli ýyllarda gazanan medallary hem-de kuboklary bezeýär. Çeper şekiller, paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň baş bezegine öwrülen ahalteke bedewiniň kellesiniň şekili 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynyň üstünliklerini aňladýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin berlen çakylyk, milli Liderimize 2019-njy ýylyň aprel aýynda dünýä giňişliginde sambonyň ösmegine goşant goşandy üçin gowşurylan samboçynyň lybasy bilen Halkara sambo federasiýasynyň güwänamasy bölümde görnükli orun eýeleýär.

Ýaryş ulagy “Amul-Hazar-2018” Halkara awtoralliniň täsirli pursatlaryny görkezýär. Onda döwlet Baştutanymyz ýaryşyň birinji tapgyrynda çykyş etdi. Garagum sährasynyň çägi boýunça geçirilen ýaryş türkmen sportunyň taryhynda dünýä derejesine çykarylan pursat hökmünde ýazyldy.

Çarpaýa galan iki bedewiň şekili “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bölümini açýar. Onda bedewiňkümüşden ýasalan bezeg şaýlary görkezilýär. Bu ýerde milli Liderimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri aýratyn orun eýeleýär.

Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp, 10 metr aralygy geçmekde, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi we oňa şaýatlyk edýän güwänama baýramçylyk serginiň esasy bezeginehem-de ol dünýä bileleşiginiň türkmen bedewleriniň deňsiz-taýsyz ugurlaryny görkezýän ykrarnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň bäş welaýatynyň ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlanan bölümleri synlady. Şolarda her sebitiň aýratynlyklary, tebigy serişdeleri hem-de onuň esasynda ösdürilýän ýerli senagat önümçilikleri görkezilýär. Bu ýerde oturdylan monitorlarda Diýarymyzyň welaýatlarynyň çäklerinde gurulýan ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik edaralary, zawodlar hem-de kärhanalary, elektrik beketleri, mekdepler we beýleki desgalar görünýär Munuň özi sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini görkezýän wideoşekillerdir.

Welaýatlaryň çäklerinde hereket edýän iri kärhanalaryň önümlerini, şol sanda dokma we gurluşyk senagatyna, obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän kärhanalaryna degişli görnüşler olaryň mümkinçiliklerini görkezýär. Häzir oba ýerlerinde ýokary öndürijilikli täze traktorlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň, ýyladyşhanalaryň kiçeldilen görnüşleri, türkmen topragynyň dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikler baradaky maglumatlar bu ugra degişli ösüşleri beýan edýär.

Ýurdumyzyň ulag toplumyna degişli bölüm baýramçylyk sergini dowam edýär. Onda Diýarymyzyň çäginden çartarapa uzaýan demir ýollaryň, awtomobil ýollarynyň, häzirki zaman deňiz we derýa gämileriniň ugurlary görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde toplumyň ygtyýarynda bar bolan uçarlaryň, awtobuslaryň köp görnüşleri goýlupdyr. Bu ugurlar ýurdumyzyň ägirt uly giňişliklerini baglanyşdyrýar. Döwrebap yşyklar ulgamy arkaly Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara geçelgeleri we ýollar, şol sanda ýakynda ulanylmaga berlen “Lapis-Lazuli” ugry görkezilýär.

Döwlet haryt-çig mal brižasyna degişli monitorda harytlaryň nyşanlary hem-de aýratynlyklary bilen baglylykda, bazarlaryň ösüş depgini, şu döwrüň anyk işi görkezilýär. Bu gün Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda eksport kuwwatyny artdyrýar. Harytlaryň iberilýän ugurlaryny we hyzmatdaşlygy giňeldýär. Diýarymyzda täze tehnologiýalar esasynda döredilen gaýtadan işleýän pudaklaryň ösmegi netijesinde, ýokary goşulan bahaly önümleriň mukdary artýar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ähli ugurlarda alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýändgi baradaky bölümde hususy kärhanalaryň we kompaniýalaryň öndürýän hem-de daşary ýurt harytlary bilen mynasyp bäsleşdik edýän dürli görnüşdäki önümleri görkezilýär.

Dokma toplumynyň bölüminde dokalan matalar, çagalar we uly adamlar üçin niýetlenen geýimler, zenan lybaslary, tüýjümek önümler, diňe bir içerki bazarda däl, eýesm, daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli nah mata önümleri görkezilýär.

Ajaýyp halylar, türkmen medeniýetiniň we durmuşynyň möhüm ugry hasaplanylýan önümler “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň gymmatlyklarydy. Şu ýerde sanly ulgam arkaly guralan haly erişleriniň üstünde haly nusgalarynyň dürli görnüşleri, türkmen zenanlarynyň asyrlar aşyp gelýän el işleri we gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten, nesilden-nesile geçirilen ajaýyp hünäriň aýratynlyklary görkezilýär.

Soňra serginiň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguy Berdimuhamedowa “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine degişli böldümler görkezilýär. Ägirt uly ekranlarda bu pudaklaryň senagat taýdan alyp barýan işleriniň depginleri buraw wyşkalary görünýär. Döwrebap önümçilik kuwwatlyklary we terminallar baradaky maglumatlar milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagynyň bölüminiň üstüni ýetirýär.

Ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ornaşdyrylmagy pudagyň täzeçil ösüşini üpjün edýär hem-deDiýarymyzyň dünýäniň energetika döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.

Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän häzirki zaman senagat toplumyna aýratyn bölüm bagyşlanýar. Onuň çäklerinde bu gazhimiýa toplumynyň mynasyp bolan halkara güwänamalary, şol sanda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa EURO-5 standartyna laýyk gelýän EСO-93 benziniň önümçiligi boýunça dünýäde gurlan ilkinji kärhana hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynyň güwänamasy goýlupdyr.

Sergide Gyýanlyda gurlan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça täze gazhimiýa toplumynyň güwänamalary hem görkezilýär. Mundan başga-da, bu ýerde ak mermerli Aşgabadyň ösüşine, gurluşyk we binagärlik, energetika, saglygy goraýyş, elektron senagaty pudaklaryna degişli bölümler hereket edýär.

Mahlasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň synlan köpugurly sergisi eziz Diýarymyzyň durmuşynyň şu günki sazlaşykly ösüşini hem-de döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özboluşly gözden geçirilişe öwrüldi.

Şu ýerde Magtumguly Pyragynyň keşbi janlandyryldy. Akyldar şahyr nurana arzuwlara beslenen şygyrlarynyň üsti bilen milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten derejesiniň, häzirki bagtyýar zamananyň waspyny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly pudaklaýyn sergi bilen tanyşlygyny jemläp, bu ýerde guralan giň möçberli gözden geçirilişe ýokary baha berdi hem-de şeýle sergileri yzygiderli dowam etdirmegiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz maslahatlar zalyna bardy. Bu ýere foruma gatnaşyjylar ýygnandylar. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar. Hemmeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Türkmen bitaraplygynyň çärýek asyrlyk döwri onuň hukuk derejesiniň diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä möçberde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Öz parahatçylyk söýüjilik we döredijilik mümkinçilkerini umumadamzat bähbidine durmuşa geçirýän Bitarap Watanymyz häzirki döwürde adamzat üçin tolgundyryjy wajyp wezipleleriň çözgüdine mynasyp goşant goşýar.

Bitaraplyk nukdaýnazaryndan Türkmenistan ähli jedelli meseleleriň, şol sanda Owganystandaky ýagdaýyň diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagynyň tarapdary bolup durýar hem-de BMG-niň howandarlygynda parahatçylykly owganara gepleşikleri geçirmek üçin syýasy meýdançany hödürlemäge taýýardygyny mälim edýär.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunçadostlukly ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynahem-de dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen wajyp düzümleýin taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Owganystanda pugta parahatçylygyň ýola goýulmagyna, goňşy döwletiň howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gyzyklanmalaryny tassyklap, Türkmenistan bu ugurda halkara tagallalarynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny öňe sürýär.

Eziz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň we onuň mümkinçilikleriniň zerurdygy häzirki döwriň ýagdaýlarynyň esasynda aýratyn tassyk bolýar. Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi munuň nobatdaky subutnamalarynyň biridir. Ol ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine netijeli köptaraply gatnaşyklar üçin açyk meýdança bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowmaslahatyň dabaraly mejlisini açyp, ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ykrar edilen hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen tassyklanan hemişelik bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň daşary syýsatynyň esasy ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyz hemişelik bitarap döwlet hökmünde halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny baýram edýär diýip, milli Liderimizbelledi. Şu geçen döwür Türkmenistanyň durmuşa geçirýän bitaraplyk daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini we onuň dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini has aýdyňlygy bilen görkezdi.

Hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanyp, Türkmen döwleti diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş etmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gatnaşýar.

Şu günki maslahat munuň subutnamasydyr. Onuň dowamynda milli we umumadamzat ähmiýetli meselelere üns berler we olar boýunça pikir alyşmalar bolar hem-de ýakyn geljek üçin bilelikdäki işleriň ugurlary kesgitlener. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz çykyşyny BMG-niň resmi dilleriniň biri hökmünde tassyklanan rus dilinde dowam etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara maslahatynyň dabaraly mejlisine gatnaşyjylary gutlap, olara bu foruma gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň köpugurly gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öz çemeleşmeleri, teklipleri we garaýyşlaryboýunça pikir alyşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagy ýurdumyz üçin, hakykatdan-da, taryhy waka boldy. Ol Türkmen döwletiniň daşary syýasatyň esasy ugruny we mazmunyny kesgitledi hem-de içerki ösüşe, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda giň möçberli milli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine, demokratik düzümleriň kemala gelmegine we pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.

Türkmenistanyň bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýratynlygy BMG-niň tejribesinde onuň ilkinji gezek ýörite Kararnama hökmünde Baş Assambleýanyň biragyzdan kabul eden çözgüdiniň giň goldawa eýe bolmagyndan we berkidilmeginden ybaratdyr. Dünýäniň iri döwletleri, şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary bolan ýurtlar bu resminama awtordaş bolup çykyş etdiler. Şeýlelikde, Türkmenistan bitaraplyk derejesine halkara hukuk ugry hökmünde eýe boldy hem-de dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm bölegine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan bu taryhy Kararnamanyň taýýarlanylmagyna we kabul edilmegine goldaw beren hem-de oňa işjeň gatnaşan ähli döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Sekretariatyna hem-de onuň zerur guramaçylyk meseleleriniň we çäreleriniň çözülmegine işjeň gatnaşanişgärlerine hemnetijeli iş üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, türkmen bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň birpursatlaýyn waka däldigini belledi. Baş Assambleýanyň Kararnamany kabul etmegi dürli görnüşldäki ägirt uly we tutanýerli syýasy-diplomatik işlere, köpsanly gepleşikleriň geçirilmegine badalga berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň bu ugurda oňyn orun eýeleýändigini belledi. Olar 1995-nji ýylyň ýazynda Yslamabatda geçirilen sammitde Türkmenistanyň bitaraplygyna goldaw bermek hakyndaky beýannamany kabul etdiler. Şol ýylyň oktýabr aýynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň sammiti bu işiň nobatdaky tapgyry boldy. Şonda türkmen bitaraplygy bu abraýly halkara bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldawa eýe boldy.

Şu wakalar barada aýtmak bilen, milli Liderimiz mundan25 ýyl ozalky döwrüň örän wajyp hem-de ähmiýetli wakasyny aýratyn belledi. Şol çylşyrymly, öwrülişik, şeýle hem toparlaýyn garşy durmalaryň tamamlanýan, adaty hereketleriň hem-de görkezijileriň tamamlanýan döwründe Türkmenistanyň halkara bitaraplyk syýasaty hemmetaraplaýyn, şol sanda dürli garaýyşlary we häzirki zaman dünýäsiniň ösüş meselesi boýunça dürli ugurlary öňe sürýän, özara gapma-garşylyklary bar bolan döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy.

Dünýä syýasatynyň durnuklaşdyryjy şertleriniň biri hökmünde bitaraplyk derejesini peýdalanmak üçin şol döwürde oňyn şertleriň kemala gelendigine ynanýaryn. Şeýlelikde, birnäçe pursatlarda öz hyzmatdaşlarymyza kartanyň wajyp geosyýasy sebitinde bitarap, parahatçylyk söýüji döwletiň emele gelmeginiň sebitara we halkara gatnaşyklarynyň ösüşiniň möhüm şertini döretjekdigini ynandyrmak başartdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda türkmenleriň beýleki halklaryň wekilleri bilen bilelikdäki durmyşynyň taryhy tejribesi bitaraplyk derejesini saýlap almagyň möhüm şertini emele getirendigi gürrüňsizdir. Dürli döwürleriň bolandygyna garamazdan, onuň esasynda parahatçylyk söýüjilik, hormat goýmak, hemmelere deň derejede garamak, açyklyk bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Garasşyzlygymyzy gazanmak bilen, biz bu düşünjäni daşary syýasatynyň anyk ugruna öwürdik hem-de ony iş ýüzünde netijeli peýdalanmak üçin has amatly we bähbitli ugur bolan bitaraplygy saýlap aldyk.

- Biz ony oňyn bitaraplyk diýip atlandyrmak bilen, halkara gatnaşyklarymyza ähmiýet häsiýet we ugur berdik. Ähli döwletler bilen hoşniýetli hem-de deň derejedäki netijeli gatnaşyklara bolan gyzyklamalarymyz onuň esasyny düzýär. Türkmenistan hemmelere dostlugy, hyzmatdaşlygy, deňhukukly gatnaşyklary teklip etmek bilen, bitarap ýurt hökmünde olaryň içerki işine gatyşmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk dolanyşygyna hormat goýmak, köptaraply harby-syýasy şertnamalara we birleşiklere gatnaşmazlyk ýaly borçnamalary öz üstüne aldy diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu syýasata goldaw bermek ýörelgeleri halkara guramalarynda kabul edilen we halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylan birnäçe Kararnamalarda hem-de beýleki çözgütlerde öz beýanyny tapdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyga, howpsuzlygy we durnukly ösüşe goldaw bermekde hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini belläp, dünýä bileleşigine bolan buýsanjyny we minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

BMG-a agza döwletleriň 34-siniň awtordaşlygynda kabul edilen bu wajyp resminama bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan wajyp meseleleriň çözgüdinde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde hem-de tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnamany biragyzdan kabul etmeginiň biz üçin uly hormat bolup durýandygyny belledi.

Çärýek asyr bäri Türkmenistan bu ýörelgelere gyşarnyksyz eýerýär, parahatçylyk söýüjilik, deňeçer garaşsyz syýasaty yzygiderli alyp barýar. Öňi bilen, bize goňşy ýurtlar bilen oňyn gatnaşyklary saklamak we pugtalandyrmak başartdy diýip, milli Liderimiz belledi.

Köpasyrlyk tejribä, medeni hem-de ruhy ýakynlyga esaslanyp, biz hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegini, häzirki şertlerde umumy maksatlary, ileri tutulýan ugurlary birleşdirmek, goňşy ýaşaýan halklaryň we döwletleriň taryhy ykballarynyň bitewüligini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň netijeli guralyny döretmegi başardyk.

Bu bolsa parahatçylygy we durnuklylygy saklamak hem-de berkitmek, ykdysady, söwda hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri bilelikde çözmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik deňeçerligiň möhüm guraly hökmünde sebit howpsuzlygynyň baş şertini emele getirýär. Goňşy döwletler bilen bilelikde, BMG bilen ýygjam gatnaşyklary ösdürmek, jedelli ýagdaýlaryň öňüni almagyň guralyny döretmek, Merkezi Aziýada özara düşünişmek, ynanyşmak ugurlaryny tassyklamak boýunça iş alyp barýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bitarap Türkmenistanyň çägi sebit gün tertibiniň brnäçe çylşyrymly meseleleri boýunça gepleşikleri geçirmek üçin kabul ederlikli ýer hökmünde birnäçe gezek saýlandy. Umuman, bitaraplyk ýörelgeleri, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçilikleri, gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak, olaryň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak we ony gepleşikler arkaly çözmek meselesinde özüniň netijeliligini görkezýär hem-de halkara diplomatik gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär we ýokary derejede ykrar edilýär.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz 2007-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdi esasynda we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň goldaw bermeginde ştab-kwartirasy Aşgabatdaýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Tejribäniň görkezişi ýaly, munuň özi öz wagtynda amala aşyrylan we öňdengörüjilikli ädime öwrüldi. Merkeziň işi halkara bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, onuň işiniň jemlerine baha bermek bilen, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi öňüni alyş diplomatiýasynyň işiniň, Merkezi Aziýada dawalaryň irki döwürde öňüni almak wezipesiniň wajyp ähmiýete eýedigini birnäçe gezek belledi we bu düzümiň işine yzygiderli goldaw berdi.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny” atly Kararnamany kabul etdi. Oňa ähli yklymlara degişli döwletleriň 57-si awtordaş bolup çykyş etdi. Bu gezekki mejlisiň dowamynda türkmen tarapy bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň ähli mümkinçiliklerini jemlemek hem-de herekete girizmek boýunça işleri dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýlelikde, ýurdumyz tarapyndan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny hakyndaky Kararnamanyň täze taslamasy taýýarlanyldy. Oňa goşmaça has mazmunly ugurlar, hususan-da, Öňüni alyş akademiýasyny institusional taýdan resmileşdirmek we Merkezi Aziýa bilermenler forumynyň guralyny pugtalandyrmak hakynda goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Türkmenistan Baş Assambleýanyň bitaraplyk syýasatynyň halkara syýahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi saklamakda we pugtalandyrmakda eýeleýän orny hem-de ähmiýeti hakynda Kararnamasynyňtaslamasyny hödürledi.

Mundan başga-da. turkmen tarapynyň başlangyjy boýunça halkara gatnaşyklary tejribesinde bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmek boýunça ulgamlaýyn iş üçin häzirki döwürde gepleşikler meýdançasy hökmünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredilýär. Oňa eýýam 20-den gwrak döwlet girdi diýip, milli Liderimiz belledi. Munuň özi häzirki şertlerde bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýetine we geljegine düşünmek ugurlarynyň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň halkara meselelerini kadalaşdyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini netijeli ulanmak boýunça düzgünnamalar toplumynyň taýýarlanylmagy ähmiýetli we maksadalaýyk ädim bolup durýar. Şeýlelikde, döwet Baştutanymyz olaryň ulanylmagynyň ähli halkara ýagdaýyna netijeli täsir etmäge we uly bähbit getirmäge ukyply boljakdygyna ynam bildirdi.

Umuman, häzirki döwürde dartgynlylygy aradan aýyrmak, dünýäde durnuklylygy saklamak boýunça bilelikdäki tagallalaryň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda alnyp barylmagy döwletleriň, halkara edaralarynyň we aň-bilim merkezleriniň, bu ugra jogapkärli köpçülikleiýn habar beriş serişdeleriniň möhüm ugruna öwrülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Birek-birek bilen özara gatnaşyklarda ynanyşmagy hem-de hormat goýmagy dikeltmek, oňa gatnaşyjylaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini ykrar etmäge esaslanýan deňhukukly gatnaşyklary tassyk etmek zerur bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz her ýurduň bu maksatlara ýetmekde önjeýli we ähmiýetli goşant goşmaga ukyplydygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda,Türkmenistan bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dünýä bileleşiginiň hoşniýetli erkine ynam bildirmek ýörelgelerine esaslanyp, 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy öňe sürdi.

Bu teklip BMG-niň Baş Assambleýasynyň goldawyna mynasyp boldy we geljek ýylda biz Aşgabatda dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm tapgyra öwrüljek, nukdaýnazarlary we çemeleşmeleri ýakynlaşdyrmagyň ýoluny gözlemekde oňyn netije berjek ýokary derejedäki Halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähli döwletler bilen dostlukly, netijeli we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny saklamakda, BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, beýleki abraýly halkara guramalarynyň işine gatnaşmakda, şeýle hem ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň has wajyp meselelerini çözmäge doly derejede gatnaşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döretmekde ähmiýetlidigini belledi.

Türkmenistanyň halkara başlangyçlary energetika howpsuzlygy, ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, ekologiýa, azyk üpjünçiligi, suw serişdelerine elýeterlilik, bosgunlaryň hukuklaryny goramak we ählumumy ösüşiň beýleki möhüm ugurlarynda aýratyn ähmiýetlidir hem-de uly abraýa eýedir. Biz bu meselelere çemeleşmelerimizi döwletleriň hem-de halkara guramalaryň netijeli we aýdyň ýörelgeleriniň mümkinçiliklerini birleşdirmek zerurlygyndan ugur alyp döredýäris.

Tebigy gazyň ägirt uly dünýä gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerine adalatly we deňhukukly elýeterliligiň üpjün edilmeginiň yzygiderli tarapdary bolup durýar. Ähli taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, ygtybarly we durnukly energetika geçirijiler ulgamynyň döredilmegi şu maksada ýetmegiň esasy ýollarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Biziň ýurdumyz BMG-niň çäklerinde energetika meselesi boýunça giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna başlamagy teklip etdi hem-de Baş Assambleýanyň goldawyna mynasyp bolan Kararnamanyňtaslamasyny işläp taýýarlady. Şol mejlisiň dowamynda biz energiýa serişdeleriniňygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň eýeleýän orny” atly Kararnamanyňtaslamasyny hödürledik.

Türkmenistan dünýäniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň ählumumy ykdysady ösüşiň, adamlaryň abadançylygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň bähbidine gulluk etjekdigine pugta ynanýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Munuň üçin bolsa energiýa serişdelerini birtaraplaýyn ülňüsinden el çekmeli, işe päsgel berýän bökdençilikleri aradan aýyrmaly, baha dolanyşygynyň umumy kabul ederlik derejesini üpjün etmeli. Türkmenistan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna bolan gatnaşyklar babatda hem şeýle garaýyşlary öňe sürýär. Ulag meselesi boýunça ählumumy başlangyç bilen BMG-niň derejesine çykmak arkaly biz bu wezipeleriň häzirki döwürde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen berk baglanyşyklydygyndan ugur aldyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. ХХ1 asyrda Milletler Bileleşiginiň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen döwrebap ulag düzümini döretmek ýörelgeleri tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna, dünýäniň tebigy serişdeleriniň saklanylmagyna we artdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa, adamzadyň häzirki döwürde alyp barýan işiniň halkara strategiýasy bolup durýar.

2016-njy ýylda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçirildi. Geljek ýylda bolsa AşgabatdaDeňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň çäklerinde durnukly ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlyga çagyrýan Kararnamalaryň taslamalaryna goldaw bermek babatdaky tagallalary artdyrar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz ekologiýa meselesine we howanyň üýtgemegine möhüm üns berýär. Durnukly ösüş boýunça Rio+20 sammiti, 7-nji Bütindünýä suw forumy ýaly ählumumy duşuşyklarda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki abraýly guramalaryň belent münberlerinde biziň ýurdumyz ykdysadyýetiň işi bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda oýlanyşykly deňeçerligi gözlemäge we ony üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär.

Hususan-da, türkmen tarapy energetika pudagynda anyk ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny Hazaryň biodürlüligini saklamagyň zerurlygy bilen birleşdirmegiň möhümdigi, onuň çeýe ekologiýa derejesiniň bozulmagyna ýol bermezligiň wajypdygy hakynda mälim etdi.

Türkmenistan Merkezi Aziýa üçin Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bir bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly hem-de başga birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Biziň ýurdumyz “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” Kararnamanyňtaslamasynyň awtory bolup durýar hem-de ol Baş Assambleýanyň goldawyna mynasyp boldy we häzirki döwürde aral heläkçiligini aradan aýyrmak, ykdysady we durmuş şertlerini, ilatyň ýaşaýyş hem-de saglyk derejesini gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Elbetde, bu başlangyçlar köp babatda Türkmenistanyň ýerleşýän sebitine degişlidir. Şeýle ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň, ilkinji nobatda, geljek nesiller, biziň planetamyzyň ajaýyp keşbini saklamak, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek hakyndaky alada bilen baglanyşyklydygyny hem-de dünýäniň beýleki künjekleri üçin hem bähbitlidigi bellärliklidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

2016-njy ýylda howanyň üýtgemegi hakyndaky Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistan ählumumy ekologiýa gün tertibiniň çözülmegine mynasyp goşant goşdy we häzirki döwürde ýurdumyz bu ählumumy resminamanyň ýörelgelerine eýermek bilen, özüniň wajyp döwlet wezipelerini kesgitleýär. Munuň özi ony utgaşdyrmak boýunça halkara tagallalaryna netijeli goldaw bermekden ybaratdyr.

Bitaraplyk derejesi Türkmenistana halkara ynsanperwer işine gatnaşmak, bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek bermek işine gatnaşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Halkara migrasiýa guramasynyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyz bu çylşyrymly ählumumy meseläniň çözülmegine mynasyp goşant goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

2012-nji ýylda Aşgabatda “Musulman dünýäsinde bosgunlar” ady bilen ilkinji Halkara maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda wajyp ylalaşyklar gazanyldy. Biz olary ýerine ýetirmek boýunça hyzmatdaşlarymyz bilen netijeli iş alyp barýarys we indiki ýylda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde, bu mowzuk boýunça ikinji Halkara maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Bu ugurda milli tagallalar barada aýdylada bolsa, diňe 2011-nji ýyldan häzirki döwre çenli 26 müňe golaý adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi diýip, döwlet Baştutanymyz bu maglumatlary mysal hökmünde getirdi.

Ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýa bolan çemeleşmeleri barada aýdylanda bolsa, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan goňşy döwlete anyk ykdysady we ynsanperwer goldawy berip gelýär. Bu Owganystanyň çäklerinde lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurluşygy, ýeňillikli bahalarda energiýa serişdeleriniň ugradylmagy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan ýaşlaryna bilim berilmegi, dostlukly ýurda yzygiderli ynsanperwer kömeginiň ugradylmagy we goldawyň beýleki görnüşleri ýaly ugurlarda öz beýanyny tapýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu işler Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu işleriň ýurdumyzda Owganystana ynsanperwer kömegini bermek boýunça ýörite taýýarlanylan maksatnama laýyklykda, yzygiderli alnyp baryljakdyyna we zerur goldawyň beriljekdigine owgan dostlarymyzy hem-de halkara bileleşigini ynandyrýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda, ilkini nobatda, energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly durmuş taýdan möhüm ugurlarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçrilmegi goňşy döwletiň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady hem-de durmuş taýdan galkynmagynyň, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen türkmen tarapy, mälim bolşy ýaly, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşarylmagyny öňe sürdi. Şol birwagtyň özünde Türkmenistan- Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şeýle hem ýurdumyzy Owganystan bilen baglanyşdyrýan demir ýollary çekmek işleri alnyp barylýar.

Biz Owganystanyň, beýleki goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda has ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmegrň üstünde işlemegi dowam etmegi meýilleşdirýäris we halkara guramalary, öňi bilen bolsa, BMG bilen doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek işinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ugra degip geçmek bilen, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hem-de gönüden-göni goňşy ýurt hökmünde Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge hem-de zerur bolan ähli guramaçylyk şertlerini döretmäge taýýardygy baradaky ýurdumyzyň üýtgewsiz ornuny tassyklap, bu meselede gepleşikleri geçirmegiň ýeke-täk serişdedigine ynam bildirdi.

Milli Liderimizçykyşynyň dowamynda häzikri wagtda tutuş dünýäniň sezewar bolan täze çynlakaý wehimi barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, koronawirus pandemiýasy onlarça million adamyň saglygyna zeper ýetirmeginden hem-de gynansak-da, köpsanly adamlaryň ömür tanapyny kesmeginden başga-da, halkara gatnaşyklaryndaky ulgamlaýyn meseleleri ýüze çykardy.

Ilkinji nobatda, bu howpa garşy göreşde diňe bir tehniki taýdan däl-de, tagallalary birleşdirmäge hem taýýarlygyň ýokdugy aýan boldy. Şunda ynamyň we syýasy erkiň ýeterlik derejede däldigini ýene-de bellemek gerek. Bu ýokanç kesel ýaýrap başlan badyna Türkmenistan öz anyk we üýtgewsiz garaýyşyny beýan etdi: ähli döwletleriň jebisligini, raýdaşlygyny hem-de bu wehime garşy göreşde özara goldawyny jemlemek zerur diýip, milli Liderimiz nygtady.

Anyk çäreler barada aýdylanda, ýurdumyz halkara ylmy diplomatiýanyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete girizmek ugrunda çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki mejlisinde dürli ýurtlaryň lukmançylyk bileleşikleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegine, bilelikdäki işläp taýýarlamalaryň hem-de hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň höweslendirilmegine gönükdirilen anyk çäreleriň birnäçesini teklip etdi. Türkmenistan 2021-nji ýylda Aşgabatda täze görnüşli ýokanç kesellere garşy göreş meseleleri boýunça Alym-lukmanlaryň halkara forumyny geçirmegi teklip edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowçykyşyny jemläp, häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgelerini Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly peýdalanmagyň mümkindigini, bu syýasatyň hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ýola goýmak işlerinde uly mümkinçiliklere eýedigini, Birleşen Milletler Guramasynyň binýat goýujy maksatlaryny hem-de strategiýalaryny durmuşa geçirmekde ähmiýetli orun eýeleýändigini belledi.

Bitaraplyk syýasatynyň döredijilikli iş bolup, onuň täze taglymlar hem-de iş ýüzündäki tejribeler bilen baýlaşdyrylýandygy, üýtgäp durýan ýagdaýlara, ýüze çykýan wehimlere uýgunlaşýandygy türkmen bitaraplygynyň möhüm aýratynlygydyr. Emma onuň parahatçylyk söýüji, döredijilik, ynsanperwer häsiýeti üýtgewsizligine galýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýyl ýurdumyz özüniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu döwürde uly sepgitlere ýetendigini, kuwwatly ykdysadyýeti we durmuş ulgamy bolan, halkara bileleşiginiň mynasyp hem-de abraýly agzasy bolan okgunly ösýän döwlete öwrülendigini belledi. Köp babatda bu üstünlikler yzygiderli geçirilýän bitarplyk syýasatynyň netijesi boldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz garaşsyzlyk we bitaraplyk düşünjeleriniň türkmen halky üçin bitewi garaýyşlar bolup durýandygyny ýene bir gezek nygtady. Olar biziň döwletliligimiziň iki daýanç sütünidir, Türkmenistan bu sütünlerde ynamly orun alyp, özüniň ýer ýüzündäki köpsanly dostlary bilen bilelikde hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, maslahata gatnaşyjylara gyzykly we netijeli işlemegi arzuw etdi.

Soňra forumda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişiň maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi diňlendi.

Iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamany kabul etmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Baş Assambleýa bu möhüm resminamany kabul etmek bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar etdi hem-de bu derejäniň Merkezi Aziýada parhatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Jenap Antoniu Guterrişiň aýratyn belleýşi ýaly, şol pursatdan başlap biziň ýurdumyz sebitiň döwletleriniň arasynda we onuň çäklerinden daşarda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde işjeň we oňyn orny eýelemegini dowam etdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary 2007-nji ýylda ýurdumyzyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezini kabul edendigi hem-de onuň işini goldaýandygy üçin Türkmenistanyň we onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy.

Häzirki çylşyrymly döwürde her bir ýurduň halkara parahatçylygynyň üpjün edilemgine goşant goşmagynyň örän möhümdigi nygtaldy.

BMG-niň Baş sekretary Durnukly ösüş maksatlarynyň möhümdigini ykrar edýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi. Jenap Antoniu Guterriş wideoýüzlenmesiniň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasynyň geljek-de hem ýurdumyza bu maksatlara ýetmekde onuň tagallalaryny hemişe goldajakdygyny aýdyp, hemmeleri bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed al-Usaýminiň wideoýüzlenmesi görkezildi.

YHG-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň alyp barýan oňyn syýasatynyň, hem-de halkara meselelerini parahatçylyk we gepleşikler serişdeleri arkaly çözmek boýunça garaýyşlarynyň Yslam Hyzmatdaşlyk GuramasynyňTertipnamasynda berkidilen maksatlara hem-de ýörelgelere gabat gelýändigini nygtady.

Türkmenistanyň düýpli ösüşlere ýetmek ýolundadeňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de ählumumy hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlary YHG-niň 2020-2025-nji ýyllar üçin Hereketler maksatnamasynyň wezipelerine kybap gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işjeň agzasy bolanýurdumyzyň, bu guramanyň YHG-niň taglymlaryna ygrarlydygyna, bilelikdäki çärelere hem-de YHG-niň möhüm çäreleriniň geçirilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi nygtaldy.

Jenap Ýusef Ben Ahmed al-Usaýmin wideoýüzlenmesiniň ahyrynda Türkmenistanyň halkyna geljekde hem ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewhem maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesini iberdi.Ol GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmenistanlylary döwlet baýramy –Bitaraplyk güni bilen mähirli gutlady.

Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegine 25 ýyl dolýar. Jenap Lebedew bu çözgüde Türkmen döwletiniň döredijilikli daşary syýasatynyň halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilmegi hem-de ykrar edilmegi hökmünde garamagyňzerurdygyny nygtady. Arkalaşygyň ýurtlary Türkmenistanyň saýlap alan bu ýoluna hormat bilen garaýar. Türkmenistan Arkalaşygyň işine işjeň gatnaşýar.

“Biz Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerinde guramaga çalyşýandygyny açyk-aýdyň görýäris” diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiň Başlygy-ýerine ýetiriji sekretary aýtdy.

GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, biziň ýurdumyz arkalaşygyň çäklerindäki köpsanly döredijilikli maksatnamalaryň işjeň agzasy hökmünde özüni görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2012-nji ýylda hem-de 2019-njy ýylda, GDA üstünlikli başlyklyk edendigi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de Arkalaşygyň döwletleriniň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna yzygiderli goşulyşmagyny üpjün edýän netijeli gurallaryny döretmäge gyzyklanma bildirilýän başlangyçly çemeleşmeleri bellenildi.

Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi hem Türkmenistanyň başlyklygynyň çäklerindäki mazmunly waka boldy. Ol kenarýaka ýurtlary hem-de GDA döwletleriniň ählisi üçin sebit hyzmatdaşlygynyň hem-de ulag, söwda, energetika, ekologiýa, syýahatçylyk, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak ugurlarynda özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açdy.

Ýurdumyzyň medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan uly goşandynyň hatarynda GDA-nyň agza döwletleriniň döredijilik we ylmy işgärleriniň XIV forumynyň taýýarlanylmagyny hem-de geçirilmegini, 2018-2020-nji ýyllarda Ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda ileri tutulýan çäreleriň meýilnamasyny, GDA-da sportuň milli görnüşlerini ösdürmegi goldamagyň maksatnamasyny, 2020-nji ýyla çenli döwürde ýaşlaryň hyzmatdaşlygy hem-de syýahatçylyk ulgamyndaky strategiýasyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň howandarlygynda amala aşyrylan beýleki belli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň ýardam edendigini görkezmek bolar.

Ýerine ýetiriji komitetiň Başlygy – GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bellenilýän ýylda Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlary bilen bilelikde uruşda wepat bolanlaryň ýadygärligini ebedileşdirmek, harby-hakyda mirasyny saklamak, döwletlerimiziň ýaş raýatlarynda beýik Ýeňşe buýsanç we GDA halklarynyň gahrymançylykly däplerine hormat goýmak duýgularyny terbiýelemek babatynda durmuşa geçirýän işlerini belledi.

- Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda Aşgabatda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýöriş aýratyn taryhy ähmiýete eýe boldy diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary aýtdy.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça tutýan orny hormatlanylmagyna mynasypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Sergeý Lebedew geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň toplanandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Hususan-da, GDA-da döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň çäklerindäki işjeň ornuna ýokary baha berilýändigi bellenildi. Ýurdumyz energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek hem-de daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleler boýunça dünýä ähmiýetli başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürdi.

Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýylynyň dowamynda Türkmenistan bu derejä esaslanýan syýasatyň hem-de onuň dünýä bileleşiginiň uzakmöhletleýin bähbitlerine gabat gelýändigini subut etdi. Bu BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky kararnamasynyň kabul edilmegi bilen tassyklanyldy.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy -Ýerine ýetiriji sekretary häzirki zaman dünýäsinde, halkara gatnaşyklarynyň çylşyrymly şertlerinde Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy çäklerde jedelli meseleleri we gapma-garşylyklary syýasy hem-de diplomatik serişdeler arkaly çözmäge gönükdirilen strategiýasynyň dünýäde ykrar edilendigini hem-de hormata mynasypdygyny belledi.

Jenap Sergeý Lebedew wideoýüzlenmesiniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine üstünlikleri we täze belentliklere ýetmegi, zehinli hem-de zähmetsöýer türkmen halkyna bolsa abadançylyk, berk jan saglygyny hem-de bagt arzuw etdi.

Soňra Şanhaý Hyzmatdaşlyk GuramasynyňBaş sekretary Wladimir Norowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi .

ŞHG-niň Baş sekretary hormatly Prezidentimize we maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de forumyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan etdi.

Bitarap döwletiň hukuk derejesi Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ugur edinýänhem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny doly ýerine ýetirýän ýurt hökmünde halkara derejesinde abraýynyň ýokarlanmagyna we pugtalanmagyna ýardam berýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini kabul etmegi netijesinde, çuňňur oýlanyşykly ynsanperwer häsiýetli syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek, türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik we howpniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berkidilmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Bu sözleriň tassyknamasy hökmünde W.Norow geçen ýyl “McKinsey Global Institute” halkara konsalting şereketiniň Türkmenistany dünýä ykdysady ösüşiniň durnukly depgininden öňde barýan, durnukly we tiz ösüşi üpjün edýän dünýäniň 18 ýurdunyň biri hökmünde ykrar edendigi baradaky mysaly getirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, döwletimiziň okgunly ösýändigi nygtaldy. Diňe şu ýylyň ilkinji 8 aýynda ýurdumyzyň JIÖ-niň möçberli geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterim artdy, munuň özi ortaça dünýä derejesinden has ýokarydyr.

Bu gün Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüş maksatnamasyny hem-de 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirýändigi, ykdysadyýet we halk hojalygy ulgamynda birnäçe iri taslamalary amala aşyrýandygy bellenildi.

Döwlet gurluşygy işi çalt depginde ösdürilýär, ilatyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty içerki syýasatyň oýlanyşykly dowamy bolmak bilen, hemmişelik bitaraplyk halkara hukuk derejesi bilen kesgitlenilýär.

Wideoýüzlenmede bitaraplyk ýörelgeleriniň üýtgewsiz berjaý edilmeginiň Türkmenistana halkara toparlarynda ygtybarly, jogapkärli we yzygiderli hyzmatdaş hökmünde abraý getirendigi, onuň syýasatynyň gysga wagtlyk bähbitlere tabyn edilmeýändigi bellenilýär.

BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat ugry sebit hem-de halkara derejelerinde hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin we toplumlaýyn maksatnamalaryny bilelikde taýýarlamakda hem-de durmuşa geçirmekde öz oňyn beýanyny tapýar.

Wladimir Norowyň belleýşi ýaly, munuň özi halkara bileleşiginiň Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezini açmak baradaky çözgüdi bilen hem tassyklanylýar. Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy BMG-niň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda hem-de 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary kabul etdi, bu resminamalar Bütindünýä guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan goldanyldy.

Çykyş edýän Türkmenistanda GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti we hökümet ýolbaşçylarynyň mejlisi, geçen ýyl geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumy ýaly iri syýasy çäreleriň örän ýokary derejede üstünlikli geçirilmeginiň türkmen tarapynyň häzirki zaman diplomatiýasynyň ähli talaplaryna we şertlerine mynasyp derejede taýýarlygyny tassyklaýandygyny belledi.

Biziň ýurdumyzyň goňşy Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly hem-de syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagyna işjeň ýardam berýändigi hem ŞHG-niň ýolbaşçysynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy, munuň özi Türkmenistanyň sebitde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.

Jenap Wladimir Norow dünýä derejeli hakyky wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde Türkmenistanyň Hökümetiniň bu howpuň milli ykdysadyýete ýetirýän oňaýsyz täsirlerini ýeňip geçmek boýunça netijeli çäreleri görýändigine, durnukly we yzygiderli ykdysady ösüşi üpjün edýändigine hem-de oňat netijeleri gazanýandygyna maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary sözüniň ahyrynda, parahatçylyk söýüji Türkmenistanyň geljekde hem oňyn bitaraplyk syýasatyny alyp barjakdygyna hem-de sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde öz hukuk derejesini peýdalanmak bilen, möhüm orun eýelemegini dowam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyňBaş direktory hanym Odre Azule hem maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesini iberdi.

ÝUNESKO-nyň baştutany hemmeler bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belleýändigine örän şatdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistan Bitaraplygyny yglan etmek bilen, öz taryhyndaadamzadyň umumy kökleriniň bir bölegi bolan halklaryň we medeniýetleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga baý bolan täze baby açdy. Bu taryh Merw, Nusaý hem-de Köneürgenç ýaly ajaýyp atlar, şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň beýleki desgalary bilen baglanyşyklydyr. Ol däplerden hem-de nou-haulardan ybarat bolan ýurtlaryň janly mirasynda şöhlelenýär. Türkmen halyçylyk sungaty onuň nyşanydyr. Bu sungat geçen ýyl Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Hanym Odre Azuleniň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistan şol taryhyň dowamydyr, çünki parahatçylyga ygrarlylyk ýurt we sebit üçin uly ähmiýete eýedir. Hakykat ýüzünde, bitaraplyk derejesi dünýä aýgytly açyklygy şöhlelendirýär.

ÝUNESKO-nyň Baş direktory wideoýüzlenmesinde şu gün foruma gatnaşyjylaryň ählisi bilen birlikde, Türkmenistanyň, şonuň ýaly-da, ähli bitarap döwletleriň şu ýörelgelere ygrarlydygyny baýram etmäge gatnaşmak isleýändigini belledi. Olar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijesinde, raýdaşlyga, özara ynanyşmaga hem-de gatnaşyklara esaslanýan parahatçylyk medeniýetini döretmegiň üstünde işleýärler. Bu parahatçylyk medeniýeti ÝUNESKO-da hem-de beýleki köptaraplaýyn ulgamda seslenmä eýe bolýar.

Häzirki ählumumy kynçylyklar biziň özara baglanyşykly hem-de birek-biregiň goldawyna mätäç döwrümizde çözgütler özara tagallalaryň birleşmesinden ýa-da başga biriniň hasabyna ýerine ýetirilmezden kabul edilip bilmez. ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň belleýşi ýaly, howanyň üýtgemeginde hem-de bioköpdürlülikden tehnologik meselelere hem-de hemmeler üçin hil taýdan ýokary bilimi üpjün etmäge çenli adamzadyň gabat gelýän häzirki kynçylyklar taryhy meseleleri ýüze çykardy.

Bu kynçylyklar tutuş jemgyýete degişlidir. Şolara jogap bermek üçin, BMG-niň ulgamy tarapyndan döredilýän gepleşikler hem-de hyzmatdaşlyk üçin giňişligi peýdalanmak gerek.

Şonuň üçin hem ÝUNESKO Türkmenistanyň özygtyýarlyklaryndaky ähli ulgamlarda parahatçylyga ymtylmasyny goldaýar hem-de ygrarlylygy häzirki baýramçylykda tassyklaýar diýip, BMG-niň ýöriteleşdirilen esasy edaralarynyň biriniň ýolbaşçysy wideoýüzlenmesiniň ahyrynda belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly mejlisi dowam edip hem-de Foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkarar edilmegine, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlykda Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine geljekde hem hemmetaraplaýyn ýardam bermegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ugry bolup durýandygyny nygtady.

Ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alyp, şeýle hem YHG, YHHG, GDA, ŞHG ýaly halkara bileleşikleri we beýleki düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ugur edinýär.

Bu guramalar bilen hyzmatdaşlyk biziň üçin ikitaraplaýyn hereketli ýoldur diýip, milli Liderimiz belledi. Biz köptaraplaýyn syýasy çärelerde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, ählumumy we sebit gün tertibiniň meselelerini çözmekde bu düzümleriň ornunyň, täsirleriniň we mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna çalyşýarys.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wideoýüzlenmeleri we Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň adyna aýdan mähirli sözleri üçin halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowmaslahaty dowam edip, çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Germana söz berdi.

Ol türkmen Liderini we maslahata gatnaşyjylaryň ählisini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen Kararnamalaryň ähmiýetini nygtady. Bu Kararnamalar ýurtlaryň arasynda gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, parahatçylyk dörediji başlangyçlaryň durmuşa geçirlmegine, gapma-garşylyklaryň öňüniň alynmagyna hem-de döwletleriň we halklaryň arasynda jedelli meseleleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň binýady bolup durýar.

12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi bolsa, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki belent abraýynyň aýdyň subutnamasydyr.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekiliTürkmenistanyň Bitaraplyk derejesi hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry netijesinde, gysga döwrüň dowamynda diňe bir dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen çäklenmän, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, Merkezi Aziýada hem, dünýä derejesinde hem halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşandygyny belledi.

Hanym Natalýa Germanyň belleýşi ýaly, Türkmenistan çökgünlikleriň öňüni almak hem-de parahatçylygyň, ösüşiň we howpsuzlygyň gün tertibini ilerletmek boýunça köpçülikleýin tagallalary goldamakda Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurdumyzyň soňky ýyllarda eýýäm altynjy gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Parahatçylyk we ynam dünýä tertibiniň binýatlaryny pugtalandyrmagyň hem-de häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň okgunly ösüşiniň möhüm şertleridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Baş Assambleýa 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamany kabul etdi.

Şunuň bilen baglylykda, biz 2021-nji ýylda Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýokary derejeli Halkara forumyny geçirmek baradaky Türkmenistanyň teklibini goldaýarys diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili aýtdy.

Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy halkara meselelerini kadalaşdyrmakda we parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplyk ýörelgelerini netijeliulanmak boýunça BMG-niň Kadalar toplumyny işläp düzmek baradaky, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda gapma-garşylyklaryň öňüni almak, şolary döredýän sebäpleri hem-de netijeleri aradan aýyrmak, ynsanperwer meseleleri çözmek maksady bilen, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri guramak hakyndaky möhüm başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.

BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Sebitara syýasy hyzmatdaşlygy guramak hakyndaky teklibiň aýratyn gyzyklanma döredýändigi bellenildi. Bu mesele BMG-niň Terrorçylyga garşy müdiriýeti bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça taslamasyny amala aşyrýan Sebit merkezi üçin örän möhüm bolup durýar.

Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge, şol sanda energetika hem-de energetika howpsuzlygy, senagat, ulag we söwda, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ulgamlarda durmuşa geçirmäge ygrarlydygy hem ýokary baha mynasypdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de sebit, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek bilen baglanyşykly teklipleriBMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidildi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Türkmenistan bilen on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygy “bitaraplyk” we “öňüni alyş diplomatiýasy” düşünjeleriniň aýrylmaz baglanyşyklydygyny subut etdi diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili aýtdy.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllyk senesi bilen gabat geldi. Bular barada aýtmak bilen, hanym German BMG-niň bu şanly senesiniň BMG-niň “Parahatçylyk, adalatlylyk, deňlik we mertebe” diýen taglymlaryna laýyklykda, ygtybarly we abadan dünýäniň bähbidine ynamy hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ähli döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekde täze tapgyryň başlangyjyny goýjakdygyna ynam bildirdi.

Häzirki wagtda biziň umumy maksadymyz Merkezi Aziýa sebitini howpsuzlygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň nusgasyna öwürmekden ybaratdyr. Biz mundan beýläk-de sebitde berk parahatçylygy üpjün etmegiň bähbidine hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny maksat edinýäris diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili sözüniň ahyrynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mazmunly çykyşy we şanly sene mynasybetli gutlaglary üçin hanym Natalýa Germana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň öz çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň edara binasynyň ýerleşýän döwlet hökmünde parahatçylk dörediji gün tertibiniň ilerledilmegine, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, howplary we wehimleri aradan aýyrmak, parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş üçin ygtybarly binýady döretmek işinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna aýratyn üns berýändigini belledi.

Sebit merkezi 13 ýyl işiniň dowamynda ýüze çykýan köpsanly meseleleri çözmekde BMG-niň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda netijeli birleşdiriji düzüm hökmünde özüni görkezdi. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi sebit merkeziniň işiniň jemlerine baha bermek bilen, öňüni alyş diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetini birnäçe gezek belledi hem-de sebitde bu düzümiň tagallalaryny goldady diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Eýýäm bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylda BMG-niň Baş AssambleýasyTürkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýsy boýunça Sebit merekziniň orny” diýen Kararnamany kabul etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki 75-nji sessiýasynda biziň ýurdumyz işleriň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýsy boýunça Sebit merekziniň ornunyň pugtalandyrylmagyna bagyşlanankararnamany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Sebit merkeziniň mümkinçilikleriniň Merkezi Aziýada onuň bilen serhetdeş çäklerinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwüriň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak ýaly ugurlarda geljekde hem örän netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. MAÖDSM-niň ýolbaşçylary we işgärleri öz işine wepaly, ýokary derejeli hünärmenler hökmünde özüni görkezip, hakykatdan-da, hyzmatdaşlaryň arasynda uly hormata we ýokary abraýa eýe boldular.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan Sebit merkeziniň ýolbaşçysyna we ähli işgärlerine olaryň alyp barýan işleri üçin hoşallyk sözlerin aýtdy, hanym Natalýa Germana many-mazmunly çykyşy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozda söz berdi. Ol hormatly Prezidentimizi hem-de ähli türkmenistanlylary hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara ykrar edilmeginiň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

ÝHHG-niň merkeziniň baştutanyşu gün halkara ýubileý maslahatynyň açylyşyna gatnaşmagynyň özi üçin aýratyn hormatdygyny belläp, milli Liderimize parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge niýetlenen bu wajyp çäräni guramak başlangyjy üçin hoşallyk bildirdi.

Hanym Natalýa Drozd öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasyna gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde Türkmenistanyň Bitaraplygyna doly kesgitleme berendigini aýdyp, milli Liderimiziň sözlerinii mysal getirdi:

“Türkmenistanyň Bitaraplygy—munuň özi syýasatda, ykdysadyýetde, daşky gurşawy goramak işinde, ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde deňhukukly, hormat goýmak, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, ýer ýüzüniň tebigy serişdelerini adalatly hem-de netijeli paýlamak, bosgunlara, göçe-göçlükde ýaşaýanlara we raýatlygy bolmadyk adamlara kömek hem-de goldaw bermek üçin häzirki zaman dünýäsiniň ençeme beýleki möhüm meselelerini çözmäge çagyryşdyr we şertleriň döredilmegidir”.

Bu kesgitleme Türkmenistanyň işjeň we oňyn bitaraplygynyň öňdebaryjy taglymynyň özeninde howpsuzlygyň bitewülik hem-de bölünmezlik ýörelgeleriniň durýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu ýörelge Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň howpsuzlyga hemmetaraplaýyn çemeleşmek baradaky ýörelgesinde hem esasy orny eýeleýär.

Geçen 25 ýylyň tejribesi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň daşynda durnukly parahatçylygy we ösüşi üpjün etmek maksatlarynyň giň meseleleri boýunça köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup hyzmat edýär.

ÝHHG-niň Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hem-de onuň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegini üpjün etmek babatyndaky işjeň ornuny goldaýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi iki goňşy ýurduň arasyndaky serhetüsti hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýän taslamalary üstnünlikli durmuşa geçirýär.

Natalýa Drozd bitaraplygyň geoykdysady ugruna aýratyn ähmiýet berip, ÝHHG-niň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň global energetika hyzmatdaşlygyny berkitmek hem-de söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk geçeleglerini ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde energetika, ulag we ykdysady howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki maslahatlaryň ençemesini gurandygy bellenildi. Ekologiýa, suw hem-de beýleki tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şonuň ýaly-da, ÝHHG Türkmenistanyň ynsanperwer häsiýetli başlangyçlaryny goldaýar hem-de bu möhüm ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Şular bilen baglylykda, ÝHHG-niň merkeziniň ýolbaşçysy,ÝHHG-niň howpsuzlygyň üç ölçegleriniň ählisiniň çäklerinde guramanyň işine mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň işjeň agzasy hökmündäki barha artýan ornuny nygtady. ÝHHG-niň ministrleriniň 3-nji dekabrdaky geňeşinde Türkmenistanyň beýan eden teklipleriniň, şol sanda ÝHHG-niň Toplumlaýyn ekologiýa maksatnamasyny taýýarlamakhem-de ÝHHG-niň ynsanperwer ölçeglerdäki hereketleriniň uzakmöhteleýin binýadyny işläp düzmek bilen baglanyşykly teklipleri munuň subutnamasydyr.

Şu günki ýubileý maslahatynyň netijesinde, Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň mümkinçiliklerini mundan beýläk-de durmuşa geçirmäge degişli täze pikirleriň we başlangyçlaryň işlenip düzüljekdigine, onuň bolsa, hemişelik bitaraplyk syýasatynyň halkara başlangyçlaryny, durnuklylygyny hem-de durnukly ösüşini üpjün etmek işindäki ornunyň artmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Şu şanly ýubileý mynasybetli çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we Siziň parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň bähbitlerine alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de üstünlikler, türkmen halkyna bolsa, bagt hem-de gülläp ösüş arzuw etmäge rugsat ediň diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany aýtdy.

Milli Liderimiz manyly çykyşy hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlaglary üçin hanym Natalýa Drozda minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen köpýyllyk hem-de netijeli gatnaşyklaryny aýratyn belledi. ÝHHG-niň işiniň syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlary Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalar we maksatnamalar kesgitlenilende ileri tutulýan meseleler bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Hökümetiniň ÝHHG bilen nobatdaky Hereketler maksatnamasynyň tassyklanandygyny, onuň ileri tutulýan taslamalaryň 68-sini öz içine alýandygyny aýtdy. Türkmenistan geljek ýylyň dowamynda ÝHHG-niň degişli düzümleri bilen howpsuzlyk, ulag meseleleri, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi ugur edinýär.

Döwlet Baştutanymyz soňky wagtlarda ÝHHG bilen möhüm ugurlarda ikitarapalýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu guramanyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň edarasy, Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy, Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinligi boýunça wekili ýaly düzümleri bilen gatnaşyklar mese-mälim işjeňleşdi.

Türkmenistan hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi üçin açykdyr. Şunda esasy mesele biziň hyzmatdaşlygymyzyň milli özgertmeleriň barşyna we depginlerine, ýurdumyzyň aýratynlyklarynahem-de taryhy ýolunyň, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň we milli ýörelgeleriniň özboluşlylygyna dogry düşünmekleridir. Şeýle çemeleşme bilelikdäki iş üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysyna gyzykly çykyşy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde öňdebaryjy çemeleşmesi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdabaraly mejlisi dowam edip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohine söz berdi.

Ilçi hormatly Prezidentimizi hem-de tutuş türkmen halkyny şanly sene-- bitaraplyk derejesiniň halkara ykrar edilmeginiň 25 ýyllygy bilen gutlap, Russiýanyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edendigini, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň iki gezek awtordaşy bolup çykyş edendigini we ilkinjileriň biri bolup goldandygyny belledi.

Halkara hukugynyň deňhukukly agzasy hökmünde Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, diplomatik gatnaşyklary döretmek hem-de ýola goýmak işine işjeň girişdi we häzirki zaman dünýä gurluşynyň ulgamynda öz ornuny tapmagy başardy.

Jenap Aleksandr BlohinTürkmenistanyň iri halkara maslahatlaryny guramak häzirki wagtda bütindünýä bileleşiginiň üns bermegini talap edýän wajyp dürli sebit hem-de ählumumy meseleleri üçin meýdançasyny hödürlemek arkaly öz abraýyny hem-de ykrar edilmegini yzygiderli ýokarlandyrýandygyny bellemegiň guwançlydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitaraplyk syýasatynyň mysalynda döwlet özbaşdaklygynyň gazanylan ilkinji günlerinde saýlanyp alnan ýoluň döwrebap hem-de esasly bolandygyny, daşary syýasy ösüşiniň taglymynyň oňyn hem-de uzakmöhletleýin milli bähbitlere gabat gelýändigini bütindünýä aýdyň görkezýär.

Daşary syýasat çuňňur içerki köklerden asla üzňe bolup bilmez, ol milletiň wagtyň synagyndan geçen hem-de köpasyrlyk tejribeler arkaly tassyklanan hakyky erk-islegini şöhlelendirýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini saýlap almagynyň gözbaşlary barada aýdylanda, onuň esasy häsiýetleriniň – parahatçylyk söýüjilik, özara ynanyşmak, beýlekileriň garaýyşlaryny hem-de pikirlerini hormatlamak häsiýetleriniň türkmen halkynyň milli edim-gylymyna hem-de taryhy ösüşiň aýratynlyklaryna doly kybap gelýändigini doly ynam bilen tassyklap bolar.

Biz Türkmen döwletiniň bitarap daşary syýasat ugrunyň dünýä meselelerinden üzňeleşmek däl-de, eýsem, şolary çözmegiň, dürli döwletara jedellerini hem-de gapma-garşylyklaryny düzgünleşdirmäge ýardam bermegiň netijeli guraly hökmünde çykyş edýändigine ýokary baha berýäris diýip, Aleksandr Blohin aýtdy.

Diplomatyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ençeme gezek, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden dürli parahatçylyk döredijilikli başlangyçlar bilen çykyş etdi. Milli Lideriň parasatly hem-de jogapkärçilikli ýolbaşçylygy astynda ýurt diňe bir öz ýakyn goňşulary däl, eýsem, uzakdaky döwletler bilen hem hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny ussatlyk bilen ýola goýmagy, açyk, ölçerilen çemeleşmelere eýermegi hem-de gapma-garşylyklaryň öňüni almagy başardy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Owganystanda durnuklylygy üpjün etmekdäki ynsanperwer hem-de ykdysady taslamalarynyň goşandyny aýratyn bellemek gerek.

Geçen döwrüň içinde Garaşsyz Türkmenistan syýasy we ykdysady ösüşde uly üstünlikleri gazandy, Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy üpjün etmek hem-de durnuklylygy saklamak işindäki uly ornuny subut etdi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň edara binasynyň hut şu ýerde, Aşgabatda ýerleşmegi tötänden däldir.

Sebit merkezi arkaly türkmen tarapy bilen jebis hyzmatdaşlykda bähbitleriň köptaraplaýyn deňagramlylygynyň esasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnukly ösüşine gönükdirilen işjeň çäreler alnyp barylýar. Hyzmatdaşlygyň netijeli sebit gurallaryny döretmäge önjeýli goşant goşulýar, bu sebitde maksatlaýyn taslamalary hem-de oňyn ýörelgeleri goldamaga iş ýüzünde ýardam berilýär.

Şeýlelikde, Bitaraplygyň milli ýörelgesi onuň durnuklydygyny we netijeli häsiýete eýedigini görkezdi. Ilçi Türkmenistanyň baý medeniýeti hem-de taryhy, durnuklylyk we hoşniýetli goňşuçylyk mümkinçilikleri bilen sazlaşykly ösýän döwletdigini belledi.

Russiýa Türkmenistanyň döredijilikly başlangyçlaryny goldaýar hem-de mundan beýläk-de goldar. Şu ýyl Russiýa türkmen hyzmatdaşlary tarapyndan BMG-niň çäginde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy. Bu topar özara hormat goýmak hem-de bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat döredýär.

Jenap Aleksandr Blohin Bitarap we dostlukly Türkmenistanyň mundan beýläk-de sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk we gülläp ösüş işine oňyn goşant goşjakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de tutuş türkmen halkyny şu günki şanly sene bilen gutlady we maslahata gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli hem-de netijeli işlemegi arzuw etdi.

Milli Liderimiz mazmunly çykyşy hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlagy üçin ilçä minnetdarlyk bildirip, ozaly bilen, Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini, bu gün hil taýdan täze mazmuna eýe bolýandygyny hem-de häzirki ýagdaýlary we iki ýurduň zerurlyklaryny nazara almak bilen ösüşiň uly derejesini görkezýändigini belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem, ählumumy meýilleriň hem ileri tutulýan ugurlaryna garaýyşlarda doly düşünişilmegi bilen şertlendirilendir.

Türkmenistan bilen Russiýa halkara meseleleriniň çözgüdinde ýakyn ýa-da gabat gelýän çemeleşmelere eýedir. Ýokary derejeli syýasy gatnaşyklaryň bar bolan görkezijileri hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ygtybarly binýady döredýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň geljekde türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça depginlerini ýokarlandyrmagy ugur edinýändigini nygtap, RF-niň doly ygtyýarly wekiline çykyşy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Soňra milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylar ýüzlenip, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we diplomatlaryň çykyşlarynda bitaraplyk syýasatynyň möhümdigi hem-de halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň ähmiýetiniň aýratyn nygtalandygyny belledi.

Hakykatdan-da, bitaraplygyň konseptual maksatlary ýokary ähmiýete eýedir. Olar häzirki wagtda diňe bir syýasatda däl-de, ykdysadyýetde, söwdada, ulag ulgamynda, energetikada, ekologiýada, ynsanperwer işlerde hem netijeli ulanylyp bilner.

Forumyň barşynda beýan edilen teklipler bu ugurlar boýunça giň we yzygiderli köptarplaýyn hyzmatdaşlyga täzeçe çemeleşmeleriň esasyny döredip, halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigi, peýdalydygy hem-de uly mümkinçiliklere eýedigi barada has aýdyň we anyk düşünjeleri emele getirip biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu günki maslahat özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşup biler, ol dürli ýurtlara wekilçilik edýän gatnaşyjylaryň syýasy-diplomatik, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda özara pikirleri, bilimleri we tejribeleri alyşmaklaryna gönükdirilendir.

Şunuň ýaly söhbetdeşlik hyzmatdaşlyk, bilelikdäki meýilnamalary işläp düzmek üçin giň mümkinçilikleri açýar, ynamyň we özara hormatyň pugtalandyrylmagyna, öňde goýlan maksatlara bilelikde ýetmegiň möhümdigine düşünişilmegine ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu gezekki forumyň häzirki zaman syýasatşynaslyk ylmynyň, halkara gatnaşyklarynyň nazaryýet we tejribe bilimleriniň ösdürilmegine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Maslahatda edilen çykyşlarda birnäçe gymmatly başlangyçlar beýan edildi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, olar halkara diplomatiýasynda peýdalanylyp bilner, ony baýlaşdyrar, oňa täze many-mazmun berer.

Biz maslahatyň dabaraly mejlisiniň jemlerine ýokary baha berýäris, ol parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygypugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işiň köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk binýady döretmäge ukyplydygyny görkezdi diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň, türkmen halkynyň adyna aýdylan hoşniýetli sözler, halkara derejesinde öňe sürýän başlangyçlarymyza ýokary baha berilýändigi üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle ýokary baha biziň ählumumy gün tertibiniň iň möhüm meseleleri boýunça giň we işjeň gepleşikleri ýola goýmagyň, belent maksatlara ýetmek üçin mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmegiň bähbidine saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyna has-da uly ynam döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimizmaslahata gatnaşyjylary Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemlemek bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan eden 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýene bir taryhy senäni – Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellejekdigini aýtdy.

Mundan otuz ýyl ozal ýurduň ösüşiniň parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan syýasy, durmuş-ykdysady we daşary syýasat nusgasy özüniň ýokary netijeliligini görkezdi.Garaşsyz, kuwwatly, innowasiýa häsiýetli ykdysadyýetli, halkyň ýokary durmuş derejesini hem-de belent halkara abraýyny üpjün eden berkarar Türkmenistany esaslandyrmagymyz biziň ýeten esasy belentligimizdir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň kuwwatly döwletimiz geljekde hem dünýäde tutuş adamzadyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine parahatçylyk söýüji, dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin ähli tagallalaryny öňe sürmegi dowam eder.

Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, maslahata gatnaşyjylary ýetip gelýän 2021-nji ýyl – “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” bilen tüýs ýürekden gutlap, täze ýylyň hemmelere bagt we abadançylyk getirmegini arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahaty köpsanly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde öz işini umumy mejlisler arkaly dowam etdi.

Mejlisde edilen çykyşlarda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde türkmen Bitarplygynyň ähmiýetine dogry we hemmetaraplaýyn baha berildi, onuň möhüm ynsanperwer häsiýeti bellenildi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň doly goldanylýandygy beýan edildi.

DÖM-e ýetilmegine degişli meseleler hem-de şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we multimodal ulag-üstaşyr düzümleri ösdürmek, energetika diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly ulgamda hyzmatdaşlygy ilerletmek meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunda Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamakda dünýä billeşiginiň tagallalaryny birleşdirmekde işjeň we öňdebaryjy orny aýratyn nygtaldy.

Şanly sene mynasybetli geçirilen forumyň netijeleri “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýeti” atly Halkara maslahatynyň kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapdy.

Şeýlelikde, Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahat halkara hyzmatdaşlygy meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli çäre boldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty ugrunyň oňyn sebit we ählumumy ýagdaýlary pugtalandyrmakda Türkmenistanyň alyp barýan döredijilikli ornuny tassyklady.

TDDYIB-y maliýe hasabatynyň iň döwrebap standartyny – 9-njy MHHS girizildi.

Durnukly ösüş maksatnamalaryna (DÖM) we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan milli strategik maksatlara, Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky (TDDYIB) we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) TDDYIB-nyň innowasion işewirlik modelini we sanly özgertmelerini işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmek maksady bilen, “Bank ulgamynda işewriligi alyp barmak we sanly özgertmeler ulgamynda goldaw bermek” atly täze taslama işe girizildi.

Dowamy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   04.12.2020  /   

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 11 aýynda jemi içerki önümiň 5,8 göterim artandygy habar berildi.

Hasabat döwründe, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4 göterim artdy.

Şol döwürde, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek-satuw haryt dolanyşygy 18 göterim artdy.

2020-nji ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 110,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 89,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 göterim ýokarlandy.

Wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän edaralarynyň işini talabalaýyk guramagynyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanylmagy göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, bu mesele boýunça anyk teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz hususylaşdyrmagyň, senagatlaşdyrmagyň, sanly ulgama geçmegiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmagyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerdigini nygtap, pudaklarda bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyryna çenli bellenen ähli desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmalydygyny aýdyp, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalaryň gurluşyk maksatnamasyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu resminama Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde gutarnykly serediljekdigini belläp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak boýunça meýilnama 100,6 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy bolsa 105,4 göterim berjaý edildi. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 100,4 göterim, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 122,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmeginiň hem-de onuň işiniň kämilleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz topluma degişli kärhanalaryň kuwwatlyklaryny doly herekete girizmegiň, tebigy gazyň daşary ýurtlara ugradylýan mukdaryny artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak babatda wise-premýere degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy hem-de ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de gurluşyk we senagat, energetika toplumynda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde hem-de paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümleriniň önümçilik meýilnamasy 119,4 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 102 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça gazanylan ösüş 107,4 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 111,2 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça ösüş 108,5 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça-da degişli işleriň dowam etdirilendigi barada habar berildi.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary boýunça ýük hem-de ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy degişlilikde, 113,6 göterime we 100,5 göterime deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda önüm öndürmegiň hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüşiniň 120,9 göterime barabar bolandygy, şeýlelikde, meýilnamanyň 117,2 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň umumy möçberiniň ösüşi 107,4 göterime deň boldy we meýilnama 109 göterim berjaý edildi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça önüm öndürmegiň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,1 göterim berjaý edildi. Şunlukda, ösüş 107,2 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 119,8 göterim berjaý edildi. Şunda ösüş 133,8 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe elektroenergiýany öndürmegiň ösüşi 120 göterime barabar bolup, meýilnama 106,6 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň on bir aýynda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 133,3 göterime deň boldy. Şunda ösüş 155,9 göterime deň boldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 117,2 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgama geçmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, sanlylaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmek babatda wise-premýere tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri gysga möhletde durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, sanly ulgama tiz wagtda geçilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Telekeçilik işiniň giňeldilmeginiň, ýokary öndürijilikli enjamlar hem-de täzeçil tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze gurluşyk we tehnologiýa kompaniýalaryň hem-de firmalaryň döredilmegi zerurdyr.

Şeýle hem milli Liderimiz gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde özümize bagly bolmadyk kynçylyklaryň bardygyna garamazdan, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamynyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem gurluşyk pudagyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterime deň boldy. Şeýlelikde, önümçiligiň ösüşi 117,7 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümleriň, şol sanda nah ýüplügiň we nah matalaryň öndürilişi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, degişlilikde, 104,9 göterime we 101,4 göterime deň boldy. Tikin we trikotaž önümleriň önümçiligi 118,3 göterime, gön önümleriniň öndürilişi bolsa 105,6 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça haly önümleriniň önümçilik meýilnamasy 111,7 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda birža söwdalarynyň jemi 257-si geçirildi. 26 müň 83 şertnama hasaba alyndy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, girdejiniň ösüşi 105,5 göterime barabar boldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 103 göterime deň boldy. Hasabat döwründe sergileriň 6-sy we wideoaragatnaşyk arkaly 29 maslahat geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 137,4 göterime, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 108 göterime deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň birinji synp okuwçylary üçin tehniki häsiýetleri boýunça dünýä ölçeglerine gabat gelýän kompýuterleri öndürendigini habar berdi. Onda bar bolan programmalar türkmen, rus we iňlis dillerinde birnäçe okuw maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi okuw sapaklaryny sanlylaşdyrmak işine kärhananyň goşandy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmegiň mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz telekeçiligi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetimiziň hususy pudagyna döwlet goldawyny, kiçi we orta telekeçiligi, hususan-da, syýahatçylyk ulgamy boýunça iş alyp barýan kärhanalary ösdürmäge maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn goldawyny bermek boýunça nobatdaky çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Şu günler, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde Diýarymyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar hem-de önümler bilen üpjünçiligi yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýerine ýetirýän işleriniň depginini ýokarlandyrmak we olara mundan beýläk-de degişli goldaw bermek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň eksport ugurly önümleriniň mukdaryny ýokarlandyrmak, daşary ýurtlarda olaryň mahabatyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz täze ýokary öndürijilikli hem-de innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, öz-özüni maliýeleşdirmäge, birnäçe pudaklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge ukyply iri tehnologiýa kompaniýalarynyň we firmalarynyň döredilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz kompýuter önümçiligi ýaly ýurdumyz üçin täze pudagyň döredilmegi Türkmenistanda sanlylaşdyrmak ulgamyny işjeňleşdirmekde we ykdysadyýetimiziň maglumat tehnologiýalaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda aýratyn möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň elektron senagatyny ösdürmäge döwrebap derejede çemeleşmegini işi guramagyň möhüm wezipeleriniň biridigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Geldinyýazowa birinji synp okuwçylaryna täze kompýuterleri Täze ýyl sowgady hökmünde dabaraly ýagdaýda gowşurmagy guramagy tabşyrdy.

Soňra wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa çagyryldy.

Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, şu döwürde dürli medeni çäreleriň, şol sanda sergileriň, döredijilik bäsleşikleriniň, duşuşyklaryň, aýdym-sazly dabaralaryň, maglumat-düşündiriş işleriniň we durmuş-medeni maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli beýleki çäreleriň geçirilendigini habar berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, teleradioýaýlymlarda, ministrlikleriň we medeniýet ulgamyna degişli düzümleriň internet saýtlarynyň sahypalarynda eziz Diýarymyzyň ýeten derejesini, ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri beýan etmek işleri yzygiderli dowam edýär. Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen onlaýn tertipde birnäçe duşuşyklary guraldy.

Türkmen halkynyň halk döredijiligini, nakyllaryny, milletiň däp-dessurlary hakyndaky maglumatlary ylmy taýdan öwrenmek nukdaýnazaryndan ýygnamak maksady bilen, hünärmenleriň ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlary guraldy.

Ýylyň başyndan bäri, Türkmen döwlet neşirýat gullugynda kitap önümleriniň önümçiligi boýunça meýilnama 105,2 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, degişli edaralaryň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, olara häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli žurnalistikanyň, hususan-da, teleýaýlymlaryň işiniň hilini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Teleýaýlymlarda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän işleri beýan etmek, täze, gyzykly gepleşikleri taýýarlamak üçin döwrebap usullar ulanylmalydyr. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagynyň ähmiýetiniň düşündirilmegine zerur üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitiň hem-de dünýäniň döwletleri bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagy, dürli ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleri bilen dostluk gatnaşyklary ösdürmegi boýunça wezipeleri kesgitläp, bu ugurda zerur işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna meýilleşdiriljek çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyny, durmuşa geçirýän oňyn syýasatyny we berkarar döwletimiziň ösüş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini giňden beýan edýän telegepleşikler hem-de makalalar taýýarlanylmalydyr. Milli Liderimiz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow arassaçylyk meseleleri boýunça düşündiriş işlerinde, ýurdumyzda ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen geçirilýän çärelerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň mekdep okuwçylary hem-de talyplary döwlet we halkara derejedäki olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Munuň özi Diýarymyzyň abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça halkara guramalaryň wekilleri bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça dürli onlaýn gepleşikleri geçirildi.

Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleriň geçirilişine gözegçilik amala aşyrylýar. Ylymlar güni mynasybetli sanly wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň 22 döwletinden alymlaryň gatnaşmagynda halkara ylmy maslahat geçirildi.

Şu ýylyň on bir aýynyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda ugurdaş sagaldyş-anyklaýyş merkezleri, hassahanalary, şypahanalary gurmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň halkara guramalar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn maslahatlary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi.

Aşgabat şäherinde Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş we Estetiki merkezleriniň täze binalary, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda döwrebap “Bagabat” şypahanasy hem-de Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasy ulanylmaga berildi.

Diýarymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş, awtomobil sporty we welotrek boýunça ýurdumyzyň çempionatlary geçirildi.

“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, okuw maslahatlary, döredijilik bäsleşikleri, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri, sergiler, aýdym-sazly dabaralar guraldy.

Ýaş nesle bilim bermek we hünär öwretmek, bilim ulgamyny halkara derejesine çykarmak hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak babatda öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürläp, işlenip taýýarlanylan konsepsiýanyň innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna we okatmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegine, ylmyň bu ulgamlaryndan baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemek, degişli ylmy-barlaglary geçirmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam etjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ýokary depginde ösdürmegiň hem-de düýpli özgertmegiň wajypdygyny nygtady. Şunda iň gowy milli we halkara tejribäni nazara almak bilen, olaryň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu möhüm ulgamlary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu ugurda wajyp wezipeleri kesgitläp, desgalaryň gurluşygynyň barşyna, gözegçilik edýän pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine, döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän okuw-terbiýeçilik işine gözegçiligi güýçlendirmek barada görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň ýokary depgininiň ösüp gelýän ýaş nesle bilim bermegiň we terbiýelemegiň usullarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini, ýaş hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny talap edýändigini belläp, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” taslamasyny makullady.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi hem-de bellenen wezipeleri netijeli çözmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat bermek bilen, gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada habar berdi. Tutuş obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüşi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterime deň boldy.

Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça bolsa 103,9 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 144 göterim ýerine ýetirildi.

Şu günler welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Ak ekin meýdanlarynda ösüş suwy, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri guramaçylykly barýar.

Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde, önümçilige häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Kararyna laýyklykda, oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasy döredildi. Şunuň bilen baglylykda, şu günler täze şertlerde işlemäge we bu ýer gaznasyndan 2021-nji ýyldan başlap gowaça, bugdaý we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýer böleklerini almaga isleg bildirýän hususy önüm öndürijileri hasaba almak işi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz şu günler bugdaýyň, gowaçanyň, şalynyň, gök we beýleki ekinleriň geljekki bol hasyly ugrunda zerur işleriň alnyp barylýandygyny belläp, oba hojalygynda möwsümleýin agrotehniki çäreleri, aýratyn-da, suw akabalaryny arassalamak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp, suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, Garagum sährasynda döwrebap ekologiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanwar — noýabr aýlarynda alyp baran işiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynda resmi sapar bilen boldy, onlaýn görnüşde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde we Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumynda wideoýüzlenmeler bilen çykyş etdi.

Sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 42-si geldi. Şol döwürde ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 87-si daşary ýurtlara iberildi.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň 1013-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti gol çekilen resminamalaryň 95-si bilen ýetirildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Hasabat döwründe bu ugurda duşuşyklaryň 43-si, şol sanda onlaýn görnüşde 36-sy geçirildi.

Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Geçen on bir aýyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň we beýleki degişli düzümleriň mejlisleriniň birnäçesi guraldy. Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürler forumlary geçirildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara, şol sanda 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli çäreleriň görülýändigi aýdyldy. Maslahatyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahata we beýleki çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz geljek ýyl üçin halkara çäreleriň, maslahatlaryň we duşuşyklaryň, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlarynyň meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga girişmegi, şonuň bilen baglylykda, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy göz öňünde tutmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu resminamalara şu ýylyň ahyrynda garaljakdygyny belledi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de Daşary işler ministrliginiň daşary ýurtlardaky düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.

Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy boýunça maksatnamalary, meýilnamalary we strategiýany tassyklamak hakyndaky», «Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlaryň Türkmen bölekleriniň işi hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky» Kararlar bar.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilini bellemek, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat we Mazary-Şarif şäherleri) konsullyklaryny Baş konsullyklara öwürmek hakyndaky, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň meseleleri hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Milli Liderimiz bu resminamalara gol çekip, olary wise-premýere, daşary işler ministrine elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we ozal bar bolanlaryny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.

Milli parlamentiň maslahatlarynyň dördüsiniň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 57-si we Mejlisiň Kararlarynyň 42-si kabul edildi.

Bu resminamalar durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, sanly tehnologiýalaryň hem-de elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagyna, bedenterbiýe we sport ulgamynyň, daşary syýasatyň, daşky gurşawy goramagyň hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” hem-de “Saýlaw kodeksine üýtgetmeleri girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Mejlisde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň we dünýäniň ösen kanun çykaryjylyk tejribesini öwrenmegiň, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi 17 duşuşyk geçirildi. Şolaryň 10-sy sanly wideoaragatnaşyk arkaly guraldy. Mejlisiň wekilleri iş maslahatlarynyň 115-sine gatnaşdylar. Şolaryň 66-sy sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisiň wekiliýeti sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň nobatdaky maslahatyna we GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 51-nji umumy maslahatyna gatnaşdy.

Deputatlar iri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, öz saýlaw okruglarynda, daýhan birleşiklerinde, edaralarda, okuw mekdeplerinde hem-de kärhanalarda milli Liderimiziň içeri we daşary syýasatynyň mazmuny hem-de ähmiýeti, Bitaraplyk derejesiniň eýeleýän orny, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, milli däp-dessurlarymyzy saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetine bagyşlanan wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini we halkara hukuk tejribesiniň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara alyp, ýurdumyzyň kämilleşdirilýän kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli alyp barýan işleriniň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz deputatlaryň özygtyýarlyklaryny netijeli durmuşa geçirmekleriniň, Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri guramaga işjeň gatnaşmaklarynyň, Halk Maslahatynyň çözgütlerini düşündirmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işlerini guramaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňde goýan wezipelerini öz wagtynda hem-de takyk ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna berk eýermegiň wajypdygyny belledi hem-de wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, şu ýylyň on bir aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerini jemledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şol netijeler Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Ykdysadyýetde, öňküsi ýaly, ýokary ösüş depgini saklanyp galýar. Hasabat döwründe, halk hojalygymyzyň ähli pudaklarynda diýen ýaly, bellenen tabşyrygyň çäklerinde önümçiligiň ösüşi üpjün edildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdy. Önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar gurlup, ulanylmaga berildi.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, häzirki döwür sazlaşygy bozmazdan, ykdysadyýetimizi işjeň ösdürmek üçin gyssagly çäreleri görmegi talap edýär diýip nygtady. Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän her hili üýtgeşmelere garamazdan, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidiris. Şu ýyl gazanylan gowy netijeleri ýylyň ahyryna çenli saklap, geljek ýylda ony has-da artdyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Indi ýylyň ahyryna çenli hem az wagt galdy. Şoňa görä-de, galan döwrüň içinde şu ýyly gowy netijeler bilen tamamlap, täze — 2021-nji ýyla ynamly gadam basmak üçin köp meseleleri çözmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýene-de bir kitaby ýazyp, tamamlandygyny aýtdy. Bu kitap «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyryldy. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyz ýurdumyz üçin saýlap alan ösüş ýolumyzy kesgitledi. Biz ony «hemişelik Bitaraplyk» diýip atlandyrdyk diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy söýmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, özygtyýarlygyny, çäkleriniň bitewüligini hormatlamak ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny öz içine alýar.

Halkara harby bileleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlygy, dini garaýyşlary hormatlamagy, açyklygy hem-de öz taryhynyň bütin dowamynda emele gelen iň bir kyn meseleleri hem gepleşikler arkaly çözmäge taýýardygyny aňladýar.

Biz bu ýoly, ilkinji nobatda, öz milli bähbitlerimizden ugur alyp saýlap aldyk. Şonuň bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ähli doganlyk halklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutduk. Ähli halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge we belent hem-de ajaýyp işi durmuşa geçirmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek isledik diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde biz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanyp, dünýäniň ähli döwletleri bilen üstünlikli amala aşyrýan özara bähbitli, parahatçylyk söýüji we dostlukly gatnaşyklarymyzyň ykdysadyýetimizi berkitmäge, Garaşsyz türkmen döwletiniň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berendigini görýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Men bu aýdylanlaryň ählisini şol kitapda beýan etmäge, türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini açmaga çalyşdym diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde biziň döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny görkezmegi maksat edindim. Ähli ýurtlary birleşdirmäge gönükdirilen işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn seljerdim. Bu kitap parahatçylygyň, ösüşiň we bütin adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň mizemez ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz täze kitabyň gyzykly we peýdaly boljakdygyna ynam bildirip, bu eseriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna sowgat boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa, wise-premýer M.Mämmedowa hem-de hökümet Baştutanynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, olaryň Bitaraplyk baýramyna çenli galan wagtyň içinde bu kitabyň tanyşdyryş dabarasyny geçirip biljekdiklerini aýtdy. Olar bu kitaby mejlisden soň alarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

    /   01.11.2020  /   

Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!


Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär. Sanly maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli ulgamyny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir.

Bank ulgamynyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň, depginli ösüşiniň üpjün edilmegi hem-de dünýä ykdysady giňişligine amatly goşulyşmagy üçin möhümdir. Häzirki döwürde bank işiniň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek, hil taýdan halkara derejelere çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny bank işine giňden ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Biz ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris.

Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!


Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   01.12.2020  /   

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususan-da, nebitgaz toplumynyň edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamalar boýunça işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň biridigi barada aýdyp, onuň işlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň dowam etmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu ugurda döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi dowam edýär. Şoňa görä-de, häzirki wagtda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň we düzümleýin bölümleriniň işiniň netijeliligini artdyrmak üçin ähli tagallalar edilmelidir.

Soňra döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri, türkmen tebigy gazynyň çykarylmagyny, gaýtadan işlenilmegini hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gaz känleriniň ulanyş guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Gazyň alnyşynyň mukdaryny artdyrmak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň esasynda, «Döwletabat» gaz kondensat käniniň guýularynda önümli gatlaga täsir etmek we guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gatlak basyşy pese gaçan gaz känleriniň önümliligini artdyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, käbir guýularda buraw işleriniň tamamlanyp, tebigy gazyň akymynyň alnandygy hem-de olaryň ulanyşa girizilendigi barada aýdyldy.

“Galkynyş” gaz känini özleşdirmek hem-de tebigy gazyň hem-de gaz kondensatynyň alnyşynyň mukdaryny artdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmek hem-de ýurdumyzy senagatlaşdyrmak baradaky maksatnamalaryň çäklerinde daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen birlikde, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzini öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny gurmak işleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu ýerde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa bolan, halkara ölçeglere kybap gelýän, ýokary hilli benzin önümçiligi üstünlikli alnyp barylýar.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Gaz geçirijiniň türkmen böleginde turbalary kebşirlemek işleri ýerine ýetirildi, zerur enjamlary gurnamak işleri alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietilen önümleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmek, satyn alynýan önümleriň importyny azaltmak üçin zawodyň çäginde izobutan öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we ony taýýar edip gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, amala aşyrylmagy ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek işine, BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin şertleriň döredilmegine möhüm goşant boljak TOPH taslamasynyň uly halkara ähmiýetini nygtady.

Günorta Aziýanyň ýurtlaryna tebigy gazyň uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etjek bu gaz geçirijiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam berer. Şoňa görä-de, bu ugurda dowam edýän işleriň üstünliklere beslenmegi örän guwandyryjydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynyň işlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, känleriň önüm berijiligini artdyrmak, pudagyň işgärleri üçin zerur şertleri döretmek babatdaky işleri ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitläp, olary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň pudagyň kuwwatyny artdyrmaga, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge degişli tabşyryklaryndan ugur alnyp, degişli işler amala aşyrylýar. Mundan başga-da, döwlet konserni tarapyndan Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenar ýakasynda geçirilýän gözleg-barlag işleri, Hazaryň türkmen böleginde täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýadarlary çekmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Goturdepe meýdançasynda alnyp barylýan bilelikdäki işler, şeýle hem Demirgazyk Goturdepe käninde maýa goýumlary çekmek arkaly täze guýularyň onlarçasyny burawlamak hem-de ulanyşa girizmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kuwwatyny has-da artdyrmagyň hem-de işiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmagyň, nebit senagatyny öňdebaryjy, girdejili pudaklaryň birine öwürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, döwlet konserniniň ýolbaşçylary pudaklaýyn düzümleriň önümçilik wezipeleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegine, ýolbaşçylygyndaky kärhanalaryň maliýe-ykdysady görkezijileriniň we düşewüntliliginiň yzygiderli ýokarlanmagyny gazanmagyna aýratyn üns bermelidirler diýip, milli Liderimiz belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, degişli tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga çagyrylan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew nebitgaz toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, meýdan geofiziki barlaglary we düýpli barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şol işler nebitiň we gazyň, gazylyp alynýan mineral serişdeleriň, agyz suwunyň täze ýataklaryny hem-de beýleki tebigy serişdeleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet korporasiýasy geljegi uly günorta-gündogar we günbatar nebitgazly meýdançalarda hem-de beýleki belli ýataklaryň çäklerinde degişli işleri amala aşyrýar. Täze ýüze çykarylan Demirgazyk Goturdepe, Çeleken uglewodorod meýdançalarynyň önümli gatlakdan aşaky gurluşlaryny özleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, sement önümçiliginde ulanylýan demir magdanlarynyň tassyklanylan gorlary barada habar berildi. Bular baradaky maglumatlar Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine tabşyryldy. Ilatly nokatlaryň hojalyk-agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda degişli işler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän geologiýa-gözleg işleriniň depginini has-da güýçlendirmegi, aýratyn hem, nebitiň gorlaryny gözlemäge we ýüze çykarmaga, täze nebitgaz känlerini açmaga degişli ugurlarda işleri has-da çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz döwlet korporasiýasynyň işine häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalary esasynda täzeçil usullary ornaşdyrmagyň pudagyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, şu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýewiň hasabaty bilen dowam etdi.

TNGIZT-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu maksatnama laýyklykda, uglewodorod çig malyny netijeli gaýtadan işlemek, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hem-de olaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Milli Liderimiziň sanly ykdysadyýete geçmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, TNGIZT-de sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda nebiti gaýtadan işlemekligi çuňlaşdyrmak, ekologiýa taýdan ýokary hilli, arassa önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak baradaky wezipeler bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň, içerki sarp edijileriň nebit önümleriniň dürli görnüşlerine bolan artýan isleginiň kanagatlandyrylmagyny üpjün etmegiň, önümiň daşary ýurtlara iberilişiniň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belläp, TNGIZT-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredowa söz berdi.

Wise-premýer nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen tebigy gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak baradaky energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, gazhimiýany ösdürmek we “mawy ýangyjyň” eksport edilişiniň ýaýbaňlandyrylan düzümini döretmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, nebite hem-de gaza baý bolan täze meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Wise-premýer şeýle hem nebiti gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, innowasion tehnologiýalary önümçilikde ulanmak, nebit önümleriniň daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan täze görnüşlerini öndürmek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen doly üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň baş maksadynyň baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmakdan, nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin onuň önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Milli Liderimiz nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, ony köpugurly esasda ösdürmegiň we döwrüň talabyna laýyk getirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz daşary ýurt maýalaryny çekmek, dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, nebitgaz toplumyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek we önümçilik görkezijilerini gowulandyrmak boýunça öňde durýan esasy wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga gönükdirilen makroykdysady syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Milli Liderimiz nebit çykarmakda döwrebap tilsimatlary we usullary ulanmak arkaly, çykarylýan çig nebitiň möçberlerini artdyrmagy hem-de nebit çykaryş we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, şeýle hem nebit çykarylýan guýularda abatlaýyş işlerini geçirip, nebitiň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna bökdençsiz ugradylmagyny gazanmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz döwrebap tilsimatlary ulanmak arkaly geologik-gözleg, seýsmiki we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Bellenilişi ýaly, önümçilik ulgamlarynyň doly taslama kuwwatynda işledilmegi gazanylmalydyr, nebitiň düýpli gaýtadan işlenilmegi üpjün edilmelidir, çykarylýan nebit we nebithimiýa önümleriniň hili ýokarlandyrylmalydyr hem-de önümçilige döwrebap tilsimatlary ornaşdyrmak arkaly, durkuny täzeleýiş we abatlaýyş işleri geçirilmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet tarapyndan pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň goýlandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň öndürijiligini we girdejilerini artdyrmagy üpjün etmegi öňde durýan wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz çykdajylaryň düzümini seljermek we önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça usulyýeti ornaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň ýolbaşçysy M.Annadurdyýewe ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň tehniki tükelleýiş işlerini geçirmegi tabşyrdy. Munuň özi toplumyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üpjünçiligini has-da döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Baş prokuror B.Atdaýewe ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljerme geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň netijelerini jemläp, berlen tabşyryklary öz wagtynda ýerine ýetirmegiň zerurdygyna, munuň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna bagyşlanyp, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Türkmenistanyň ykdysady gazananlary — wirtual sergide

     /   01.11.2020  /   

Şu gün Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ol ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri sergä taýýarlyk görmegiň ähmiýeti barada aýdyp, «Wirtual sergi» taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň gazanylýan üstünlikleri beýan etmek, netijeli mahabat çärelerini guramak üçin oňyn mümkinçilige öwrüljekdigini belledi. Şeýle hem ol ygtybarly hyzmatdaşlaryň ýüze çykmagyna, täze şertnamalaryň baglaşylmagyna, bazaryň meýillerine we öz mümkinçilikleriňe göz ýetirmäge şert döreder.

Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly guralan ilkinji internet-sergi milli Liderimiziň halk hojalygy toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini, şeýle hem 2020 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary syýasat işini ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmaga bolan möhüm ädimi äşgär edýär.

Ýöriteleşdirilen internet-portallarda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, iri kärhanalary we sebitleri wirtual bölümleri gurap, daşary ýurtly hyzmatdaşlary we beýleki köp sanly internet serişdelerini ulanyjylary alyp barýan işleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler we ýetilen sepgitler, uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler we ägirt uly eksport kuwwatlyklary bilen tanyşdyrdylar.

Serginiň her bölüminde görkezilýän önümler we aragatnaşyk hem-de elektron poçta salgysy arkaly ýola goýulýan hyzmatlar baradaky maglumatlaryň türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilýändigini aýratyn bellemeli.

Şeýlelikde, ýörite taýýarlanylan önümleriň we umumy elýeterliligi bolan elektron serişdeleriň üsti bilen ählumumy ulgamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň ýeten derejesini görkezmek gyzyklanma bildirýänler üçin islendik pudak barada zerur bolan maglumatlary diňe bir gije-gündiziň dowamynda almaga däl, eýsem, birnäçe ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen göni aragatnaşyga çykmaga mümkinçilik berer. Açyk portallara salgylanmak arkaly saýtlarda guralan wirtual sergä gatnaşyjylar öz guraýan sergilerini baýlaşdyrmak we zerur bolan halatynda goşmaça maglumatlary girizmek mümkinçiliklerine eýe boldular.

Täze taryhy eýýamda gazanylýan üstünlikleri görkezýän bölümler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşe eýe bolýandygyny we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek we önümleriň görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň harytlarynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleriň gazanylýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Wirtual serginiň guralmagy sanlylaşdyrmagyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň möhüm wezipeleriniň esasy ugry bolup durýandygyny görkezýär. Häzirki döwürde ýurduň innowasion ösüşi ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna bagly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklamagyna görä, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeler ýerli işläp taýýarlamalary, önümleri we tehnologiýalary döretmek üçin oňyn mümkinçilik bolup durýar. Şeýlelikde, ählumumy nusgalara eýermän we taýýar sanly çözgütleri ýerine ýetirmän, öz önümçiligimiziň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet bermeli.

Serginiň çäklerinde Watanymyzyň dünýä ulgamyna işjeň goşulýan täze ykdysady ugrunyň kemala gelýändigi, milli Liderimiziň Türkmenistanyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine, onuň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegine we halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna gönükdirilen iri möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň oňyn guraly giňden beýan edilýär.

Şeýlelikde, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegiň çäklerinde häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly, ýurdumyz dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýän ýokary hilli önümlerini hödürlemek arkaly dünýä bazarlarynda öz ornuny pugtalandyryp, eksport kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrýar.

Geografik taýdan çägi bolmadyk täze internet-taslamanyň dünýäniň ähli künjeklerinde uly meşhurlyga eýe boljakdygy gürrüňsizdir. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýubileý ýylynda ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly gadam urýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   26.11.2020  /   

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Ol ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, ilata dürli ugurlarda elektron görnüşinde hyzmat etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda" hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere Internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek, şol sanda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara karzlary resmileşdirmekde sanly ulgamy ulanmak arkaly ýeňillikleri döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, karz edaralaryň resmi internet web-saýtlarynda karz almak boýunça bölümçe döredilip, raýatlara karz almak üçin arza bilen ýüz tutmak mümkinçiligini döretmek hem-de arza berlende karzyň görnüşine laýyklykda, talap edýän maglumatlary girizmek teklip edilýär.

Girizilen maglumatlar we ýerleşdirilen resminamalar awtomatiki usulda barlanandan soňra, ýüz tutan raýata karz edarasyna barmaly wagty we gerek bolan resminamalaryň sanawy barada maglumat berilýär.

Bu hyzmatyň ornaşdyrylmagy bilen, karz edaralarynda nobatlaryň azalmagyna, karz bermek işleriniň dessinliginiň üpjün edilmegine, karz edaralarynyň hünärmenleriniň hem-de müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna banklar tarapyndan ýurdumyzyň raýatlaryna karzlary resmileşdirmegi sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmek baradaky teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda uly özgertmeleri başdan geçirýän bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Bu ugurda görüljek çäreler hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurdumyzyň karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz bank ulgamynyň bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ulgamyň edaralarynyň işine ynamy hem-de onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, fiziki we ýuridik şahslardan pul goýumlaryny çekmegiň hem-de karzlary bermegiň tertibini aňsatlaşdyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektron görnüşinde bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz toplumynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda amala aşyrylýan birnäçe maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Goturdepe nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky şertnama goşmaça ylalaşyk baglaşmak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlarynyň baş maksadynyň baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmakdan, nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin onuň önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, ýurdumyzyň ilatynyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, ony köpugurly esasda ösdürmegiň we döwrüň talabyna laýyk getirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen Karara gol çekdi hem-de ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere geçirdi we daşary ýurt maýalaryny çekmek, dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda döwlet tabşyrygyna girýän ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna we Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda, welaýatlarda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Şolardan degişli tertibe laýyklykda, bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin hususy önüm öndürijilere ýer bölekleri uzakmöhletleýin ulanmak üçin bölünip berildi.

Welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyny döretmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Bu gaznadan ýer bölekleri önüm öndürijilere 99 ýyllyk möhlet bilen berler. Şu gaznanyň ýer bölekleriniň 70 göterimi bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin uzakmöhletleýin esasda ulanylmagy teklip edilýär. Galan ýer böleklerinde bugdaý we pagta öndürmek boýunça meýilnamany doly ýerine ýetirmek şertinde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny geçirmek üçin ulanylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynda yzygiderli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary girdejili pudaga öwürmäge gönükdirilendigini belledi.

Şu maksat bilen hojalygy dolandyrmagyň täze netijeli usullaryny ulanmak, obasenagat toplumynda hususyýetçiligiň paýyny yzygiderli giňeltmek we öňdebaryjy kärendeçilere goldaw bermek zerurdyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, şol sanda döwrebap enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly kuwwatynda işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan deňiz flotuny ösdürmek, edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza wagtlaýyn gözegçilik edilýän pudaklarda, şol sanda gurluşyk, himiýa we elektroenergetika senagatynda işleriň ýagdaýy hem-de önümçilik we durmuş maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa geçelgelerini ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň yklymyň möhüm üstaşyr merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Bu bolsa sebitiň durmuş-ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy, onuň ulag-logistika düzüminiň giňeldilmegi üçin şertleri üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de aragatnaşygyň döwrebap hyzmatlaryny hödürlemek meselelerine berk gözegçilik etmäge ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ulag toplumyny ösdürmek meseleleriniň mundan beýläk-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly kuwwatyna çykarylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar sebitleri üçin strategik ähmiýete eýedigini belledi. Munuň özi yklymara ýük daşamakda logistiki ulgamyň düýpli özgerdilmegine ýardam eder. Has gysga we amatly ýollar hökmünde Diýarymyzyň terminallary möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda giň gerimli halkara taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, wise-premýere bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýdyp, ähli gurluşyklary zerur bolan gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda durmuş-ykdysady strategiýany amala aşyrmak, döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamda bellän gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Dokma pudagyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa önümleriniň ýerli sarp edijilerde hem-de daşary ýurt bazarlarynda uly islegden peýdalanylýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde milli ykdysadyýetiň gazanýan üstünliklerini görkezýän esasy pudaklaryň hataryna girýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň hem-de içerki bazaryň zerur önümlere isleglerini doly kanagatlandyrmagyň gaýragoýulmasyz wezipe bolup durýandygy nygtaldy. Eksport ugurly önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga aýratyn üns bermek wajypdyr.

Milli Liderimiz önümleriň hilini ýokarlandyrmaga we görnüşlerini giňeltmäge, hyzmatlar ulgamyny we marketingi mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz dokma pudagyny döwrebaplaşdyrmak meselesine ünsi çekip, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan bu pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň okgunly ösýändiginiň aýdyň mysalyna öwrülendigini aýtdy.

Bu ulgamyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlaryndan birjik-de pes durmaýan ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri yzygiderli giňeldilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine we guramaçylyk düzümlerine täze usullar we döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Sanly tehnologiýalary işjeňleşdirmegiň çäklerinde döredijilik we önümçilik düzümleriniň arasynda içerki ulgam hereket edýär. Gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tehniki önümçilik bilen özara gatnaşyklary ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe gazetleriň we žurnallaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ýeten derejesini, içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny giňden wagyz etmek, taryhy ähmiýetli wakalary beýan etmek meseleleriniň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serideleriniň öňünde durýan wajyp wezipelerdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwürleýin neşirleri elektron görnüşe we internet-ulgama geçirmek ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň biridir. Onuň baş maksady neşirleri häzirki zaman ölçegleriniň derejesine çykarmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz dünýäniň ösen tejribesini öwrenmegiň we özleşdirmegiň, täze media-tehnologiýalary işjeň ulanmak, bilelikdäki maglumat taslamalaryny taýýarlamgyň, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gazetleriň we žurnallaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen hödürlenen teklipleri makullap, elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz munuň ýurdumyzyň durmuşy, ýeten derejesi bilen halkara jemgyýetçiliginiň içgin tanyşmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, häzirki türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda welosiped sportuny wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimizyň durmuşa geçirýän parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Adam hakyndaky alada şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek baradaky ýörite Kararnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde, olimpiýa gymmatlyklaryny wagyz etmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Birleşen Milletler Guramasy bu möhüm resminamany kabul etmek bilen, halkara bileleşiginiň welosiped sportunyň ähmiýetini wagyz etmegiň wajypdygyny hem-de adamyň beden we ruhy taýdan ösüşiniň möhüm serişdesi hökmünde uzak aralyga welosiped ýörişlerini geçirmegiň zerurdygyny ykrar edýändigini hem-de ýakyndan goldaw berýändigini tassyklady.

Häzirki wagtda ekologiýa taýdan has arassa welosiped sportuny giňden wagyz etmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde welosipedli ýörişleri guramaga aýratyn ähmiýet berilýär. 2018-nji ýylda Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli iň köpçülikleýin welosiped sporty sapagy geçirilip, ol dünýä rekordy hökmünde hasaba alyndy.

Geçen ýylda, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda bir ugur boýunça iň dowamly welosiped ýörişi geçirildi. Bu ýöriş hem Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän şu baýramçylyk ýylynda “Welosiped” binasy dabaraly ýagdaýda açyldy.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolmak bilen, olimpiýa hereketini ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Wise-premýer 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabrynda Olimpiýa şäherjiginiň welotrek toplumynda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň bu babatda möhüm ädim boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sport we bedenterbiýe hereketiniň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň çeşmesi bolup durýandygyny nygtady. Sportuň ekologiýa taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolan welosiped sporty soňky döwürde tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar hem-de ilatyň saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär.

Milli Liderimiz halkara sport guramalary, şol sanda Halkara welosipedçiler birleşigi bilen netijeli gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasyna öwrüljek welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ähmiýetini belläp, bu abraýly ýaryşy ýokary derejede geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz “2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň halkara guramalary bilen ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygynyň meýilnamalary barada hasabat berdi.

Bu hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan dürli halkara düzümleri bilen bilelikde uzakmöhletli Maksatnama hem-de Meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Olaryň çäklerinde anyk taslamalar amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Bu resminamada BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň sekretariaty we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenilýär.

Ýurdumyzda tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, alternatiw energetikanyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine hem uly üns berilýär.

Şu maksatlar bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝHHG, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) bilen bilelikde, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda bu ugurdaky ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlary bilen baglylykda, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna döwrebap tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şu babatda ýöriteleşdirilen düzümler, hususan-da, Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasy (WIPO) bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm orun degişlidir.

Häzirki wagtda WIPO bilen bilelikde Türkmenistanyň Intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Onda bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulýar.

Halkara guramalary bilen demokratik edaralaryň işini kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň adam hukuklary ulgamynda öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk hem netijeli häsiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de Ilat gaznasy bilen bilelikde bu resminamanyň indiki bäş ýyl üçin taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy wehimlere hem-de howplara garşy göreşmek ýaly möhüm ulgamlarda hem halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasy tassyklanyldy. Bu strategiýany iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen,

Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan BMG-niň Terrorçylyga garşy müdirligi hem-de Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi bilen bilelikde 2021-2024-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda ýokarda agzalan uzakmöhletli resminaamalaryň gutarnykly görnüşlerini işläp taýýarlamak boýunça degişli işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalary bilen özara gatnaşyklaryň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Şol strategiýa bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge gönükdirilendir. Bu netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen anyk teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen birnäçe Kararnamalary kabul etmegi hem şol teklipleriň örän wajypdygyna we dünýä bileleşiginiň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmen döwleti halkara durmuşyna işjeň gatnaşyp, özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur almak bilen, bar bolan parahatçylyk dörediji kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine peýdalanmaga çalyşýar. Ýurdumyz sebit we ählumumy möçberde durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge we abadançylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna berk ygrarly bolmak bilen, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar, beýleki abraýly halkara düzümleri bilen netijeli gatnaşyk edýär hem-de dürli ulgamlarda gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýýardyr.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, hödürlenilen resminamalaryň taslamalaryny makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda, şol sanda Türkmenistanyň öňe süren oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipeleriniň harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwerlikli döwlet syýasatyna laýyklykda, kabul edilen goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň düzgünlerinden ugur almak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça mundan beýläk-de netijeli çäreleriň görüljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary baradaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belläp, olaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, netijeli işlemek, halal gulluk etmek hem-de göwnejaý dynç almak üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çelip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Täze hukuk namalaryny işläp taýýarlamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň esasynda we hormatly Prezidentimiziň deputatlaryň öňünde goýýan wajyp wezipelerini nazara alyp taýýarlanylýar.

Häzir degişli ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda zähmet gatnaşyklary, raýatlaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak, ýer we energiýa serişdelerini netijeli hem-de rejeli peýdalanmak, energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmelerini döretmek, raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek we beýleki durmuş ulgamyna degişli meseleler babatda kanunçylyk taslamalary taýýarlanylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berýär.

Kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri umumy ykrar edilen halkara kadalary we milli kanun çykaryjylyk tejribäni nazara almak arkaly alnyp barylýar.

Parlamentara gatnaşyklaryny, BMG we onuň agentlikleri, beýleki abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, Parlamentara Birleşigi, BSG, BMG-niň Ilat gaznasy, ÝUNISEF bilen bilelikde onlaýn tertibinde geçirilen çäreler barada maglumatlar aýdyldy.

Mejlisiň deputatlary döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararlarynyň mazmunyny we ähmiýetini, Diýarymyzyň ösüş ýolunyň hem-de Bitaraplygyň 25 ýylynyň içinde durmuşa geçirilen özgertmeleriň, halkymyzyň gadymy taryhynyň we medeni-ruhy mirasynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz işlerine gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bu işler dünýewi döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, ykdysadyýetiň ýokary ösüş depgininiň üpjün edilmegine hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylmalydyr.

Milli Liderimiz parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň Türkmenistanyň halkara abraýynyň belende galmagyna, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty hem-de häzirki döwürde ýeten derejesi bilen giňden tanyşmagyna ýardam bermelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň geçirilmegine deputatlaryň işjeň gatnaşmalydygyny belläp, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Mejlisiň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýylyň tamamlanyp barýandygyny, şoňa görä-de, Hökümetiň möhüm tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişine seretmegi tabşyrdy. Munuň özi ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetini seljermek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli ösdürmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Biz ýurdumyzy sanly ulgama geçirmegiň maksatnamasyny kabul etdik. Şundan ugur alyp, her bir ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň öz maksatnamasy bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de onuň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Wise-premýerlere bu ugurda öz gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işler barada hasabatlary taýýarlamak tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisinde bu ugurda edilen işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýat häkimleriniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde bolsa, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Mejlisiň dowamynda eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň hormatyna geçiriljek halkara çärelerine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklar berildi.

Şeýle hem milli Liderimiz Täze ýyly garşylamaga degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, hemmelere berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   29.10.2020  /   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berildi. Wise-premýer ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 16-njy oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, döwlet eýeçiligindäki desgalary göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak hakynda degişli Kararyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan gurlup, ulanmaga berlen köp gatly awtoduralgalary hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça guşçulyk toplumyny hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu sanawlardaky desgalara Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bellenen tertipde seredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Görülýän toplumlaýyn çärelerde bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmak hem-de desgalary hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz «Aşgabat şäheriniň häkimliginiň köp gatly awtoduralgalaryny hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny hususylaşdyrmak hakyndaky» Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi. Milli Liderimiz bu ugurdaky işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Kararyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de E.Orazgeldiýewe degişli tabşyryklar berildi.

Soňra wise-premýer G.Müşşikow ätiýaçlandyryş işini ösdürmek, raýatlara hem-de ýuridik şahslara ýokary hilli ätiýaçlyk hyzmatlaryny hödürlemek hem-de degişli kadalaşdyryjy-hukuknamalary kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, «Harby gullukçylaryň we harby borçlularyň, içeri işler edaralarynyň hatarçylar hem-de ýolbaşçylar düzüminden bolan adamlaryň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda» hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 31-nji martyndaky Kararyna laýyklykda, harby gullukçylaryň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy amala aşyrylýar.

2017-nji ýylda «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen baglylykda we harby gullukçylary harby gullugy geçýän döwründe ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, harby gullukçylaryň, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlaryň we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyny geçirmegiň we ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň tertibiniň taslamasy täzeden işlenip taýýarlanyldy.

Resminamanyň taslamasy täze kanunçylygyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onda hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrylan şahslara ätiýaçlandyryş pullaryny tölemekde resminamalary resmileşdirmegiň tertibi ýönekeýleşdirildi, ätiýaçlandyryş halatlaryny kesgitlemegiň şertleri, ätiýaçlandyryş pullaryny tölemegiň usullary has anyk beýan edildi we ätiýaçlandyryş pullarynyň möçberleri artdyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik durmuşynyň ykdysady, hukuk we durmuş ulgamlarynyň möhüm bölegi bolup durýan, aýry-aýry raýatlaryň, guramalaryň we tutuş jemgyýetiň bähbitlerini goraýan ätiýaçlandyryş ulgamynyň ähmiýetini nygtady.

Milli Liderimiz harby gullukçylaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer G.Müşşikowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly ХХV halkara maslahaty barada hasabat berdi. Ýöriteleşdirilen forumy milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri guradylar.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygynyň geçirilýän ýylynda guralan we energetika ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de ösdürilmegine gönükdirilen bu forum ilkinji gezek sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Bu gezekki maslahata dünýäniň 30 döwletinden iri kompaniýalaryň 100-den gowragy hasaba alyndy. Munuň özi Türkmenistanyň daşary ýurt işewürler toparlary üçin maýa goýum özüne çekijiliginiň ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, önüm çykarylyşyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, azot önümçiligi üçin «Türkmengaz» döwlet konsernini ykjam gurnamalar bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada maglumat berildi. Halkara tejribä laýyklykda, şeýle gurnamalar guýularyň önümliligini ýokarlandyrmak, abatlaýyş-dikeldiş we beýleki ugurdaş işleri geçirmek maksady bilen ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň pudagyň döwrebaplaşdyrylmagyna we köpugurly esasda ösdürilmegine, onuň ählumumy energiýa ulgamyna yzygiderli goşulmagyna we pudakda netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen syýasaty alyp barýandygyny belledi. Ýerine ýetirilen we durmuşa geçirilýän taslamalar, hususan-da, özüniň esasy ähmiýetinden başga-da, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň, ykdysady hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň möhüm şertini emele getirýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek we giňeltmek üçin açyk meýdança öwrülen paýtagtymyzda guralýan ýöriteleşdirilen maslahatyň wajyp orun eýeleýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baý energiýa serişdelerini netijeli özleşdirmegiň pudaklaýyn we durmuş-ykdysady maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmakda ähmiýetlidigini belläp, ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän düzümlerini mundan beýläk-de täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmagyň hasabyna döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylda jemi 10 million düýp bag nahallaryny ekmek bellenilip, häzirki wagtda bu ugurda zerur işler alnyp barylýar. Eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, şu ýylda ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylyň güýzki möwsüminde ýene-de saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň 15 million düýbüni ekmek barada degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Wise-premýer ählihalk bag ekmek dabarasyny 7-nji noýabrda geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary şeýle hem häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini hem-de baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny belledi. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda senagat düzüminiň, ulag kommunikasiýalarynyň okgunly ösýändigi, şäherleriň çäkleriniň giňelýändigi hem-de täze ilatly ýerleriň peýda bolýandygy bilen baglylykda, ýaşyl zolaklary hem-de tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tutuş ilatynyň gatnaşmagyndaky bu ägirt uly maksatnamanyň wezipeleriniň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz «Ýurdumyzda 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde bag ekmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumyny kämilleşdirmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine ünsi çekip, oba hojalyk işlerini ýokary derejede we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi hem-de bugdaý ekişini we pagta ýygymyny bellenen möhletlerde tamamlamagy tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, maldarçylygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen degişli çäreleri görmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we senagat maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda zerur bolan gurluşyk serişdeleriniň bökdençsiz önümçiligini ýola goýmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, ýurdumyzyň baş şäheriniň ýol-ulag düzüminiň işini kämilleşdirmek, şäherde abadanlaşdyryş we onuň binagärlik-şähergurluşyk keşbini gowulandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurluşyk serişdeleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Ýerli çig mal serişdeleriniň ägirt uly gorlary we olaryň köpdürlüligi gurluşyk serişdeleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga we olaryň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň hormatyna guraljak dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, şanly sene mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň kesgitlenen möhletde tamamlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ähli gurulýan binalar öz ähmiýetinden daşgary ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydyr we olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen şähergurluşygyň häzirki zaman dünýä tejribesi jemlenmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer pudagara toparyň ikinji mejlisiniň geçirilendigini aýdyp, onda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleriň, döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakyndaky” Kararynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garalandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bu ugurda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Ol özüne bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, sanly bilimi hem-de saglygy goraýşy döwrebaplaşdyrmak, «Elektron Hökümet» ulgamyndan doly peýdalanmak, e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek wezipelerini birleşdirýär. Şeýle hem onda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň anyk möhletleri bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň, «Elektron Hökümet» ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň we jemgyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegini göz öňünde tutýan beýleki maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Sanly ulgama geçmek dünýäniň ösüşiniň esasy şertleriniň biridir. Ol biziň gündelik durmuşymyza hem-de işimize ornaşýar, kommunikasiýa mümkinçiliklerimizi giňeldýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Bolup geçýän özgerişlikler bilen baglylykda, täze pudaklar, bazarlar, dolandyryşyň kämil nusgalary peýda bolýar. Biz ýurdumyzyň bu ulgamda döwür bilen deň gadam urmagyna uly ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, maglumatlary geçirmek ulgamyny, kommunikasiýalar düzümini ösdürmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz häzirki wagtda munuň örän wajyp wezipedigini hem-de ähli işleri talabalaýyk guramaga, utgaşdyrmaga hem-de işiň netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam edýän dolandyryş ulgamynyň netijeli guraldygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2021-2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasynyň üstünde içgin işlemegi tabşyryp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmegiň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlary tapgyrlaýyn esasda azaltmak hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, oba hojalygy pudagynda zerur işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýurdumyzda banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin döwrebap ýyladyşhanalaryň gurluşygy hakyndaky teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýyladyşhanalary gurmak teklip edilýär.

Ýyladyşhanalaryň taslamalaryna laýyklykda, olar häzirki zaman suwaryş usullaryny ulanmakda täzeçil enjamlar bilen üpjün ediler. Toplanan tejribeleri nazara almak bilen, banan, mandarin, apelsin we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçiligiň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini giňeltmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga we önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary höweslendirmek maksady bilen, ägirt uly işler amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyz amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilendigini belledi.

Milli Liderimiz ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda hem-de täze kärhanalary, goşmaça iş orunlaryny döretmekde ýurdumyzyň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek, banan we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça taslamalary makullap, halkara söwdasynda, harytlary ugratmakda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek, daşarky bazaryň isleglerini öwrenmek meseleleriniň wajypdygyny belledi hem-de döwletimiziň orta we kiçi telekeçilige giňden goldaw bermek syýasatyny dowam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişi tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda halkymyzyň saglygyny goramaga hem-de milli saglygy goraýyş ulgamyny düzümleýin döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.

Dünýä ölçeglerine laýyklykda, şypahana hyzmatlaryny guramaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagy bu ugurdaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, şypahana düzüminiň täze, döwrebap desgalary gurulýar, hereket edýän şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Şolarda edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar hem-de görnüşleri giňeldilýär.

Raýatlaryň şypahana edaralarynda dynç almagy hem-de saglygyny berkitmegi üçin mundan beýläk hem has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak babatda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Bu Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri raýatlaryň şypahana hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmakdan hem-de saglygyny goramak we keselleriň öňüni almakdan, saglygyny dikeltmekden hem-de berkitmekden, iň öňdebaryjy usullary ulanmak arkaly şypahana hyzmatynyň ýokary hilini we amatly elýeterliligini üpjün etmekden hem-de ilatymyzyň ömür dowamlylygyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagy ilatyň saglyk ýagdaýynyň has-da pugtalandyrylmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirip, şypahana edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, tebigy bejeriş serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga, ýurdumyzda we halkara bazarynda şypahana hyzmatlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen teklibi makullady hem-de raýatlarymyzyň saglygyny pugtalandyrmak babatda şypahana ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Diýarymyzyň amatly howa hem-de dürli tebigy şertleri bu ugurda uly kuwwata eýe bolan Türkmenistany halkara derejesindäki şypahana merkezine öwürmäge mümkinçilik berýär. Ilata edilýän bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, soňky ýyllarda ýurdumyzyň öňden bäri işläp gelýän şypahanalarynyň durky täzelenilýär. Olar özleriniň melhemlik häsiýetleri bilen tutuş dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Häzirki wagtda olarda dürli keselleri anyklamagyň we bejermegiň netijeli usullary üstünlikli ulanylýar.

Şunuň bilen birlikde, bejeriş hem-de melhemlik mümkinçiliklerine eýe bolan täze şypahanalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesinde gurulýan şypahana bar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şypahana düzümini mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere şypahanalaryň işine we hödürleýän hyzmatlarynyň hiline, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işi hem-de sport ulgamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Bu ulgamda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Bu ugurda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň netijesinde, gysga döwrüň içinde Bitarap Watanymyz halkara sport hyzmatdaşlyk merkezine öwrüldi. Soňky ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda sebit, yklym we dünýä derejesindäki iri sport bäsleşikleriniň 16-sy geçirildi. Şolaryň hatarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport syýasatyny mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara sport hyzmatdaşlygynyň ugry boýunça, şol sanda ugurdaş hukuk binýadyny giňeltmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Häzirki döwürde ýurdumyz bu ugur boýunça köptaraply resminamalaryň ikisine gatnaşýar, olaryň biri Olimpiýa nyşanyny goramak baradaky Naýrobi şertnamasydyr, beýlekisi bolsa Sportda dopinge garşy göreş baradaky halkara Konwensiýasydyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan 19 döwlet bilen sport babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekildi.

Ýurdumyzyň Ýewropanyň sport ýaryşlaryny dolandyrmak baradaky Konwensiýasyna (2014-nji ýylda Şweýsariýanyň Maglingen şäherinde kabul edildi) hem-de Halkara sambo federasiýasy we Halkara tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryň, Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Olimpiýa komiteti, Koreýa Respublikasynyň Sport we Olimpiýa komiteti bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnamalaryny taýýarlamak hem-de ýakyn wagtda olara gol çekmek teklip edildi.

Türkmenistanyň halkara sport guramalarynyň işine toplumlaýyn gatnaşmagy maksada laýyk hasaplanylýar. Şu güne çenli ýurdumyz şeýle düzümleriň 7-siniň, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara sport federasiýalarynyň 48-siniň, ÝUNESKO-nyň bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça işlere girişmek teklip edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda iri sport ýaryşlaryny guramak we döwletimiziň şunuň ýaly döwlet we sebit derejesinde geçirilýän forumlara gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyllarda Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Bedenterbiýä we sporta jogapkär ministrleriň VII halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi. Mundan başga-da, döwletimizde Halkara Olimpiýa komitetiniň sessiýasyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyny geçirmek teklip edildi.

Şunuň bilen birlikde, Olimpiýa Hartiýasyna hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň resminamalaryna esaslanyp, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Tertipnamasyny we işini kämilleşdirmek teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şeýle hem ýurdumyz bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksat bilen, Türkmenistanyň Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly düzümler bilen özara bähbitli gatnaşyklary saklaýandygyny hem-de yzygiderli ösdürýändigini hem sport ulgamyndaky gatnaşyklary höweslendirmek we işjeňleşdirmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesinde, Diýarymyzda ýokary dünýä ölçeglerine kybap gelýän, halkara derejedäki iri ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýän döwrebap düzüm döredildi. Bu ugurda Türkmenistan baý tejribe toplady. Aşgabatda geçirilen we uly üstünliklere beslenen Aziada — 2017 munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, ýurdumyz sebitde we tutuş dünýäde sport hereketiniň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýar, sport halklaryň ýakynlaşmagynyň, dünýäde parahatçylyk, özara düşünişmek, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan oňyn gatnaşyklaryň möhüm bölegidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki derejesiniň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilen «Küştdepdi» türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu çäre Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde geçiriler. Ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek dabara Türki dilli halklarynyň medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäde halkymyzyň baý milli taryhy-medeni mirasyny we onuň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp küştdepdini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gözbaşyny gojaman taryhdan alyp gaýdýan bu aýdym-tans sungatynyň türkmen halkynyň däp-dessurlary, ruhy tejribesi we häzirki zaman döredijilik mümkinçilikleri bilen bir bitewi sazlaşygy döredýändigini belledi. Milli Liderimiz küştdepdiniň we beýleki milli gymmatlyklaryň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň doganlyk döwletler bilen medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de baýlaşmagyna gönükdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanun çykaryjylyk ulgamy kämilleşdirmek, Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary esasynda we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan wajyp wezipelerini nazara almak arkaly alnyp barylýar.

Mejlisiň 24-nji oktýabrda geçirilen 12-nji maslahatynda 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetine we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň işjeňleşdirilmegine, jemgyýetimiziň demokratiýalaşdyrylmagyna, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna hukuk taýdan goldaw berilmegine, dürli ugurlarda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň taslamalaryna garaldy we olar kabul edildi.

Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen çözgütleri Adalat ministrligi we beýleki düzümler bilen bilelikde giňden düşündirmek maksady bilen duşuşyklar hem-de maslahatlar guralýar. Mejlisiň deputatlary iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada wagyz-nesihat işlerini geçirýärler.

Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde oktýabr aýynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Mejlisinde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem deputatlar BMG-niň Ilat gaznasynyň we Çagalar gaznasynyň wekilhanalary, BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen bilelikde Türkmenistanda gender deňeçerligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga, ilatyň durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmäge bagyşlanan maslahatlara gatnaşdylar.

Milli Liderimiz kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň häzirki döwürde okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygyny we parlamentara gatnaşyklaryny berkitmegiň wajypdygyny aýdyp, bu ugruň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigini belledi.

Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň, halkara jemgyýetçiligini Türkmenistanyň taryhy we demokratik-hukuk döwletiň ösüş ýolunda ýeten derejesi bilen tanyşdyrmak zerurdyr. Milli Liderimiz gender deňeçerligi babatda ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dünýä bileleşigine ýetirmek meselelerini wajyp wezipe hökmünde kesgitledi.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisi tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   19.11.2020  /   

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy.

Mejlisde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine seredildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol maliýe hasabatlylygy boýunça kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda edara-kärhanalaryň, döwlete dahylsyz taraplaryň pudagara gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler yzygiderli dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek, kadalaşdyrmak we sagdynlaşdyrmak, olaryň tölege ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, algy-bergileriň hasaplaşygyny geçirmegiň tertibine üýtgetmeleri girizmek arkaly býujete tölemeli salgytlar we ýygymlar bilen birlikde, jerimeler, puşmana tölegleri babatda hem özara hasaplaşygy geçirmek baradaky teklibi hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysady ulgamda kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň dünýäde emele gelýän ýeňil bolmadyk maliýe ýagdaýlaryny yzygiderli we düýpli öwrenmegiň esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Oňaýsyz daşarky ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaltmak babatda dessin çäreleriň görlüşine örän uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň anyk ýagdaýlaryna laýyk getirmegiň, halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynda durnuklylygy saklamak üçin hukuk gurallaryny ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmegiň, oňa täzeçil usullary ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Umuman, hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň hödürlän teklibini makullap, degişli resminamalary taýýarlamagy hem-de olary ygtyýarly edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 23-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Onlaýn duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, nebitgaz we senagat ulgamlarynda hem-de maglumat tehnologiýalary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, işewür hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.

Bellenilişi ýaly, köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynda işleýän koreý kompaniýalarynyň üstünlikli işi bu hyzmatdaşlykda möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz senagatlaşdyrmaga ugur alan Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge hem-de nebitgaz toplumynyň önümlerini dünýä bazarlarynda ilerletmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ugurda koreýaly hyzmatdaşlaryň tejribesini özleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagyny netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag-logistika, suwdan peýdalanmak, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bolup durýar. Şunuň bilen bir hatarda, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak, saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki hökümetara toparlaryň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, bu tejribäniň özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde özüni gowy tarapdan görkezendigini nygtady we milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjek iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyny özüniň ygtybarly işewür hyzmatdaşy hasaplaýandygyny aýtdy. Ýurdumyz onuň bilen ägirt uly kuwwata hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýar. Biz koreý kompaniýalarynyň işjeňligini goldaýarys hem-de mundan beýläk-de olaryň ýurdumyzda alyp barýan işine zerur bolan goldawy bereris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew önümçilik we durmuş-medeni maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Ahal — Balkan” we “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Aziýanyň ösüş bankyndan karz serişdeleri çekildi. Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet energetika korporasiýasy taslamany amala aşyrmak üçin degişli şertnamany baglaşdy. Häzir taslamany üpjün edijiler zerur serişdeleri getirýärler, gurluşyk batly depginlerde dowam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektroenergetika pudagynyň düzümini giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýratyn möhümdigini nazara almak bilen, bu meseläni düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bir bitewi içerki halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň zerurdygyny aýdyp, bökdençsiz energiýa üpjünçiliginiň tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna gös-göni ýardam etjekdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hökümet agzalarynyň we häkimleriň ünsüni geljek ýyl belleniljek şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň möhümligine çekdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, häzirki döwürde paýtagtymyzda we welaýatlarda köp sanly desgalar gurulýar. Şol desgalaryň arasynda has uly binagärlik ýadygärlikleri, täze şäher etraplary we obalar, edara binalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bar. Iň täze tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalar gurulýar. Tizlikli awtomobil ýollary, gaz geçirijiler we halkara ähmiýetli demir ýollar çekilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara wise-premýer Ş.Durdylyýewiň ýolbaşçylygynda ýylyň ahyryna çenli gurulýan desgalary düýpli seljermegi tabşyrdy. Şolaryň arasyndan özboluşly desgalaryň birnäçesini saýlap alyp, olary geljek ýyl ulanmaga bermegiň tertibine goşmaly we Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisiniň garamagyna hödürlemeli.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Halkara forumy 24-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär, oňa ýurdumyzdan hem-de daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň we işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň giň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ýurdumyzyň maglumat-telekommunikasiýa ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny we taslamalaryny çekmegiň, peýdalanyjylara ygtybarly we ýokary hilli hyzmaty üpjün etmekde maglumat-telearagatnaşyk ulgamyny giňeltmegiň, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň meselelerini öz içine alýar.

Maslahatda sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, simsiz aragatnaşyk ulgamynyň we bulut tehnologiýasynyň netijeliligini giňeltmek, öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy, maglumat we kiberhowpsuzlygy, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň mümkinçiligi ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň tehnologik babatda uly ösüşe eýe bolandygyny belledi. Şunda innowasion ugra, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga, köpçülikleýin kompýuterleşdirmäge, dünýäniň iň gowy tejribesini, şol sanda ulag ulgamyndaky tejribesini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, sanly tehnologiýalar ulgamy, kommunikasiýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýady kämilleşdirilýär, ylmy-tehniki özgertmeler amala aşyrylýar, iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz halkara onlaýn maslahata taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işleri makullap, biziň hünärmenlerimiziň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmakda, işjeň gatnaşyklary ýola goýmakda, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda onuň uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hem-de Täze ýyl baýramyny garşylamak bilen bagly içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň haryt öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde söwda ulgamyny azyk hem-de beýleki zerur önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda çagalar we uly ýaşlylar üçin sowgatlyk önümleriň öndürilmegi ýola goýuldy. Şunuň bilen bir hatarda, Täze ýyl arçalary getirilýär, däp bolan sowgatlyk önümleri taýýarlanylýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda göçme söwdany guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň möhüm wezipelerine ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygyny ýokary derejede üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, söwda ulgamynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, dürli harytlara islegleri öwrenmegiň, ilata edilýän hyzmatyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz wise-premýer Ç.Gylyjowa, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine bu babatda ilatyň üpjünçiligini artdyrmagy, söwda nokatlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen taýýarlanan nyşanlaryň teklip edilýän taslama görnüşleri barada, şeýle hem Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guraljak medeni çäreler barada hasabat berdi.

2021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşige dürli ulgamlaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de höwesjeň raýatlaryň ençemesi gatnaşdy. Bäsleşige jemi 700-e golaý taslama gelip gowuşdy, emin agzalary tarapyndan olaryň iň gowulary seçilip alyndy.

Wise-premýer wideoslaýdlarda nyşanlaryň görnüşlerini görkezip, şolarda ulanylan ýazgylarda hem-de şekillerde Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de giň halkara gatnaşyklary, şol sanda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň öz beýanyny tapmagy üçin hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewleriniň nazarda tutulandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen nyşanlary taýýarlamak meselesine ünsi çekip, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekde nyşanyň aýratyn ähmiýetini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz nyşanyň hödürlenen görnüşlerini synlap, olar babatda anyk teklipleri aýtdy hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Medeniýetleriň özara gatnaşyklary ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyna eýedir. Döwlet Baştutanymyz ondan netijeli peýdalanmagyň döredijilik işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, Watanymyzyň Bitaraplyk baýramynyň, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda guralýan beýleki baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere hem-de häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» işlenip taýýarlanylmagy babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şol taslama ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä daýanyp, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we hemmetaraplaýyn goldamak barada milli Liderimiziň öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp taýýarlanyldy.

Bu Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak arkaly bilim we terbiýe bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak we halkara ülňülere laýyk getirmek bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, ýaşlaryň mekdepde okaýan döwründe özlerine hünär saýlap almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” taslamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda pedagogika ylmy tarapyndan işlenip taýýarlanylan okuwyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny hem-de okuw materiallaryny peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Şunda daşary ýurtlaryň abraýly ylym-bilim merkezleriniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, olar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça has degerli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösüp gelýän nesle bilim bermek we terbiýelemek bilen bir hatarda, okuwçylaryň we talyplaryň arasynda has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Diňe şeýle ýagdaýda, gyzlaryň we oglanlaryň isleglerine laýyklykda, olary dürli hünärlere gönükdirmek bilen, biz öz işinden oňat baş çykarýan ýaş zehinleri ýetişdirip bileris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni jemledi.

Bu wezipeleriň çözgüdi degişli Konsepsiýalaryň, şol sanda işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” zerurlygyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde göni aragatnaşyk arkaly oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça amala aşyrylýan agrotehniki çäreler, pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, “ak altynyň” we beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyl üçin hasylyny ýetişdirmäge ekin meýdanlaryny taýýarlamak, mallary ýyly we dok gyşlatmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek, meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnap almak, gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak, geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri taýýarlamak hem-de maldarçylyk hojalyklarynyň gyş möwsümine taýýarlygy bilen bagly meseleler barada aýdyldy. Şeýle-de, häkim Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa meýdanlardaky pagta hem-de şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, güýzlük bugdaýa edilýän idegiň hilini ýokarlandyrmak, mallaryň ýyly we dok gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýolbaşçysy şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew çagyryldy. Ol sebitdäki işleriň ýagdaýy, hususan-da, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň geçirilişi hem-de pagta we şaly hasylyny ýygnamagy doly tamamlamak babatda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem maldarçylyk hojalyklaryny gyş möwsümine taýýarlamak, ýerlerde durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitdäki işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin agrotehniki çäreler, şol sanda bugdaýa ideg etmek, pagta hem-de şugundyr hasylyny ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Gyş paslynyň golaýlap gelmegi bilen, mallary gyşlatmaga aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine hem-de wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, obasenagat toplumyny we sebitleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda talabalaýyk geçirmek zerur bolup durýar. Şunda welaýatlaryň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, bugdaýa ideg etmek işlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap usullary ulanmak hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek möhümdir.

Hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlarynda galan pagtany soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur işleri geçirmegi hem-de geljek ýylyň gowaça hasylynyň düýbüni tutmak üçin häzirden zerur çäreleri görmegi, ekişde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz güýzlük gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň hasylynyň gysga wagtda ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegiň, maldarçylygy ösdürmek boýunça hem zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýdyp, maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň ýyly we dok gyşladylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak we bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. Onda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan haşal otlara garşy göreşmek, bugdaýy, şalyny, gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramak üçin zerur bolan himiki serişdeleri satyn almak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Ýer meseleleri boýunça welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň we Döwlet toparlarynyň agzalary tarapyndan taýýarlanan tekliplere laýyklykda, ýurdumyzyň döwlet edara-kärhanalaryna gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini hem-de hususy önüm öndürijilere banan we sitrus miwelerini öndürmäge niýetlenen döwrebap ýyladyşhanalary gurmak üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek baradaky Buýrugyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we milli ykdysadyýetimiziň azyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ilatyň ýokary hilli we köp görnüşli azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmagyň wajypdygyny aýratyn nygtady.

Şunda milli Liderimiz oba hojalyk özgertmelerini işjeň geçirmegiň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamagyň möhümdigini nygtady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky» Karara we “Döwlet edara-kärhanalaryna hem-de hususy önüm öndürijilere ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky” Buýruga gol çekip, olary wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gyş paslyna taýýarlamak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabadyň ýylyň sowuk döwrüne doly derejede taýýarlygyny üpjün etmegiň, ýyladyş ulgamlarynyň, umuman, şäheriň inženerçilik-tehniki düzüminiň kadaly ulanylmagynyň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň ählisiniň gurluşygynyň bellenen möhletde tamamlanmalydygyny nygtap, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi we paýtagtymyzyň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň ÝHHG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy netijeli we okgunly häsiýete eýedir. Şu ýyl bu guramada başlyklyk edýän Albaniýa Respublikasy bilen bilelikde degişli işler, şol sanda ýurdumyzyň ÝHHG-niň çäklerinde halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça işler geçirildi.

Şu ýylyň 3-4-nji dekabrynda ÝHHG-ä agza döwletleriň ministrler derejesindäki Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem 18-nji noýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri bilen wideomaslahat görnüşinde gepleşikleriň geçirilendigi bellenildi. Onlaýn duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäde ýüze çykýan meseleleri çözmekde bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň wajypdygy bellenildi. 2021-nji ýylda ÝHHG-de Şwesiýanyň başlyklyk edýän döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝHHG-niň Aşgabatda 1999-njy ýyldan bäri hemişelik esasda hereket edýän merkezi bilen geçirilýän işler yzygiderli häsiýete eýedir. Soňky 13 ýylyň dowamynda dürli ulgamlarda durmuşa geçirilen bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalaryň 349-sy şu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. ÝHHG-niň merkezi bilen gatnaşyklar her ýylky Meýilnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýar. Hususan-da, şu ýyl durmuşa geçirilýän Meýilnama laýyklykda, 41 taslamany ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-nji ýyl üçin taslamalaryň Meýilnamasy hödürlenildi. Ol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar. Meýilnama ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde taýýarlanyldy.

Taslamalaryň 37-sini syýasy ulgamda, 13-sini ykdysadyýet ugry boýunça, 18-sini ynsanperwer ulgamda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, 2021-nji ýylda 68 taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara düzümler, şol sanda ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Soňky ýyllarda ÝHHG bilen gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, sebit hem-de ählumumy işlere oňyn täsirini ýetirjek köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýändigini nygtady.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak hem-de abadançylygy ýokarlandyrmak bähbitleri bilen şertlendirilen umumy wezipeler bilen baglylykda, ÝHHG bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýar.

Hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny nazara almak bilen, ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu meseläni çözmekde ýurdumyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde giň gerimli özara bähbitli hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň esasy energetika döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmäge yzygiderli goşant goşmak bilen bu ugurda işleri ilerletmek boýunça anyk çäreleri görýändigini bellemek gerek.

Uglewodorod serişdelerini ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek hem-de energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygynyň ygtybarly guralyny kemala getirmek bu ulgamda milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz ÝHHG-niň çäklerinde energiýa ulgamynda halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

Şeýle hem häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny, şol sanda Ýewraziýa yklymynda täze netijeli ulag ugurlaryny kemala getirmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşýan häsiýeti bilen şertlendirilendir.

Türkmenistan çäk taýdan örän amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýedir. Ýurdumyz umumy işiň bähbidine şol mümkinçilikden doly peýdalanmaga çalyşýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp şahaly kontinental ulag-logistika düzümini döretmek hem-de ulag diplomatiýasynyň gurallaryndan netijeli peýdalanmak baradaky başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Bu babatda Lapis Lazuli (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgesiniň giň gerimli taslamasyny mysal görkezmek bolar. Bu taslama söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, Merkezi we Günorta Aziýanyň döwletleriniň hem-de Ýewropanyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

ÝHHG bilen hyzmatdaşlykda ynsanperwer ulgamda — bilim, ylym we medeniýet ugurlary hem-de durmuş häsiýetli meseleler boýunça özara gatnaşyklara uly üns berilýär.

Şunda ynsanperwer ugruň Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtamak gerek. Ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edildi.

Milli kanunçylygyň hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryň esasynda demokratik institutlaryň esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzda ýaşaýan adamlaryň, şol sanda käbir sebäplere we ýagdaýlara görä, öz Watanyny terk etmäge mejbur bolan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini goramak hem-de kepillendirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Türkmenistan türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerine eýerip, BMG-niň degişli binýatlaýyn halkara hukuk resminamalaryna goşulmak bilen, iş ýüzünde öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklaýar hem-de bosgunlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak, raýatsyzlygyň meselelerini çözmek boýunça netijeli çäreleri görýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

ÝHHG bilen hyzmatdaşlyk babatda Türkmenistan şeýle hem ekologiýa we daşky gurşawy goramak, suwdan, umuman, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak ulgamynda wajyp wezipeleri hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyz bu ugurda üstünlikli tejribä eýe bolmak bilen, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyryp, halkara ykrarnama hem-de goldawa eýe bolýan anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistan şeýle hem ÝHHG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek hem-de häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabrynda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetiniň ÝHHG-niň Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň mejlisinde Türkmenistanyň howpsuzlyk ulgamynda Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan strategiýasy hakynda beýannama bilen çykyş edendigini ýatlatmalydyrys.

Mejlise gatnaşyjylar döwletimiziň bu ulgamdaky esasy başlangyçlary, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda kabul edilen “2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky” Kararnama bilen tanyşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen giň gerimli gatnaşyklara ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklap, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysyna netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz geljek ýyl üçin bilelikdäki taslamalaryň Meýilnamasyny makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi hem-de ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek, Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmak bilen baglylykda, milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek babatda parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda hereket edýän kanunlaryň birnäçesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hususylaşdyrmak boýunça işleriň ilerledilmegi, orta we kiçi döwlet kärhanalaryny hususyýetçilige bermegiň gurallaryny kesgitlemegiň möhümdigi, şu we beýleki ugurlary kanunçylyk taýdan goldamagyň zerurdygy baradaky maslahatlaryndan ugur almak bilen, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça hem işler alnyp barylýar.

Deputatlar eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, şol sanda maslahatlara, dabaralara we beýleki çärelere taýýarlyk görmäge we geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, şolaryň barşynda BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň Bitaraplygynyň many-mazmuny, taryhy ähmiýeti, parahatçylyk söýüjilik syýasaty, Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň halkara derejedäki orny barada giňişleýin wagyz edilýär.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleri BMG-niň düzümindäki edaralar tarapyndan guralan dürli çärelere onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Deputatlar jemgyýetiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýaş nesli terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ähmiýetini düşündirmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çärelerini geçirmegi dowam edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigine çekdi.

Milli Liderimiz kanun çykaryjylyk babatda öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, parlamentara gatnaşyklary hem-de iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzy demokratik we düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen üstünlikli ilerletmek boýunça Mejlisiň işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz durmuş syýasatyny amala aşyrmak babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýdyp, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryň wekilleri hem-de öz saýlawçylary bilen hemişe özara gatnaşykda bolup, deputatlaryň durmuş meselelerini çözmäge ýardam etmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan toplumlaýyn harby özgertmelerini amala aşyrmagyň barşy, harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna üýtgewsiz eýermegiň möhümdigini belledi. Onda parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýan berkarar Watanymyzyň serhetleriniň howpsuzlygyny we mizemezligini üpjün etmegiň strategik esaslary kesgitlenildi.

Milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda düzgün-nyzamyň we harby tertibiň berjaý edilmegini, şeýle hem ýaş harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.