Türkmenistanyň Döwlet Daşary
Ykdysady Iş Banky

 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler

04.08.2021

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ir bilen dostlukly ýurduň Baştutanynyň awtoulag kerweni motosikletçiler toparynyň ugratmagynda paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi kabul etmek dabarasy boldy.

 

Milli Liderimiz Täjigistanyň Prezidentini mähirli garşylaýar.

Iki doganlyk döwletiň Baştutanlary özleri üçin ýörite gurnalan ýere geçýärler.

Hormat garawulynyň toparynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär.

Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon Hormat garawulynyň hatarynyň öňünden geçýärler hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna sarpa goýýarlar.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýeti bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täjigistan Respublikasynyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Описание: https://turkmenistan.gov.tm/storage/app/media/Images/2021/08-2021/04082021/g-1-1.jpg

Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýörişi geçýärler.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň awtoulag kerweni atlylar toparynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumynyň merkezi girelgesine gelýär, bu ýerde ony Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylaýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, milli Liderimiz öz kärdeşini ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin zala çagyrýar. Bu ýerde ýüzbe-ýüz görnüşinde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmony türkmen topragynda mähirli mübärekläp, täjik Liderine döwlet sapary bilen Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Täjigistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär, ýokary derejedäki şu günki ikitaraplaýyn taryhy duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şol gatnaşyklar iki doganlyk halkyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, umumy taryhy köklerine hem-de ruhy-medeni gymmatlyklaryna esaslanandyr.

Koronawirusyň pandemiýasy dünýäniň ykdysady ýagdaýyna, şeýle hem sebit we ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirdi, şonuň üçin döwletara gatnaşyklarynyň geljeginiň gün tertibini ara alyp maslahatlaşmak isleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däbe öwrülen türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şol ugurlarda özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyljak esasy meseleleriň biri bolar.

Hormatly Prezidentimiz kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberendigi üçin Täjigistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, öz tarapyndan dostlukly döwletiň Baştutanyna öwezini dolup bolmajak ýitgi — aýal doganynyň aradan çykandygy zerarly gynanç sözlerini beýan etdi.

Bu zatlar adamyň ýüregine we kalbyna öçmejek ýara salýar, emma wagt diýeniň geçip dur. Biz watançylar hökmünde halklarymyzyň bähbidine işlemelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik Lideriniň saparynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen gabat gelendigini aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek işinde tagallalaryny birleşdirýändigini belledi. Bu duşuşygyň gün tertibine sebiti ösdürmek, hususan-da, häzir hemmeleri biynjalyk edýän Owganystandaky ýagdaý bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge goşan şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Prezident Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi, şeýle hem duýgudaşlyk we goldaw sözleri üçin türkmen kärdeşine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabat şäherine nobatdaky gezek gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny belledi.

Belent mertebeli myhman Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynda möhüm orny eýeleýändigini nygtady. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky Strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama aýratyn ähmiýet berilýär.

Täjik Lideri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolandygyny belläp, şu saparynyň çäklerinde geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Emomali Rahmon abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň özara gatnaşyklary baradaky meselelere degip geçmek bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täze çemeleşmeleri görkezýän Türkmenistanyň möhüm başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny aýtdy.

Belent mertebeli myhman döwrebap, sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň, Merkezi Aziýa sebitiniň merjeni diýlip ykrar edilen, tanalmaz derejede özgeren türkmen paýtagtynyň hem-de iri şäherleriniň, hususan-da, Mary şäheriniň ösüşine haýran galandygyny aýdyp, täjik halkynyň türkmen doganlarynyň gazanýan üstünliklerine, Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, ençeme durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine buýsanýandygyny nygtady.

Söhbetdeşler dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň eýe bolan mümkinçilikleriniň hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Iki döwletiň Baştutanlary özara bähbitlere hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşiniň maksatlaryna kybap gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygyny bellemek bilen, türkmen-täjik gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň geljekde hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Prezidentleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmony hem-de onuň wekiliýetiniň ähli agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, duşuşmak hem-de iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge we berkitmäge degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin täjik Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Täjigistanyň Prezidentiniň sapary däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasydyr. Şol gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerine hem-de ikitaraplaýyn gyzyklanmalara we gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara gyzyklanmalara esaslanandyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu günki gepleşikleriň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna giňişleýin baha beriljekdigine, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna, türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny bar bolan mümkinçiliklere laýyklykda täze derejä çykarmak üçin geljekki ýagdaýlara garap, öňdäki işleriň kesgitlenip bilinjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmezden öňürti, ýokary derejeli myhmany 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlap, Emomali Rahmonyň şu saparynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlananyndan soň, biziň ýurdumyza ilkinji döwlet sapary bolmagynyň özboluşly manysynyň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz türkmen-täjik gatnaşyklarynyň esaslary barada aýtmak bilen, şol gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna we geljegine bolan garaýyşlar babatda bolşy ýaly, sebit we halkara ösüşleriniň ýagdaýy babatda hem özara düşünişmek bilen şertlendirilendigini nygtady.

Biziň ýurtlarymyz ählumumy gün tertibiniň bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak hem-de goldamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy hereket etmek, Owganystandaky ýagdaýlary düzgünleşdirmek, durnukly energetikany we ulag ulgamyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler boýunça umumy ýörelgeler bilen çykyş edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen-täjik syýasy gepleşiklerinde Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde ýygjam hyzmatdaşlyk etmek möhüm ähmiýete eýedir. Biz möhüm halkara meseleleri boýunça ýakyn garaýyşda bolup, halkara derejede hereketlerimizi utgaşdyrýarys, birek-biregi goldaýarys, bu bolsa sebitde hem-de dünýäde anyk netijeleri gazanmaga we işleriň barşyna oňyn täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin sebit görnüşindäki gurama hökmünde şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny (YHG) belläp geçip, Täjigistanyň ýylyň dowamynda meýilleşdirilen çärelere, şol sanda şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan YHG-niň 15-nji nobatdaky sammitine işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Häzir Türkmenistanyň we Täjigistanyň gatnaşyklary Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygy saklamak hem-de netijeli ösüş ýagdaýlar babatda esasy ugry emele getirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de iki ýurduň ýörelgeleriniň üýtgewsizdigini we yzygiderlidigini belledi.

Türkmenistan hem-de Täjigistan Respublikasy Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini, jedelli ýagdaýlara ýol berilmezligini, bar bolan hemme meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegini, hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyny, özara bähbitleriň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasyna daýanmak arkaly berjaý edilmegini we nazara alynmagyny üpjün edip biljek berk hem-de oňyn gurallaryň döredilmegi ugrunda pugta çykyş edýärler.

Diňe şeýle esasda, Merkezi Aziýa döwletleriniň depginli ykdysady ösüşiniň hem-de kämilleşmeginiň, biziň sebitimiziň köpugurly derejede halkara hyzmatdaşlyk etmäge öwrülmek mümkinçiliginiň boljakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu maksatlar bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýardam bermek, dawaly ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça netijeli gurallary döretmek, syýasy geňeşmeler görnüşinde sebit gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça başlangyçlary goldamak möhüm wezipe hökmünde görülýär.

Milli Liderimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň netijelidigine aýratyn ünsi çekip, syýasy gepleşikleriň şeýle görnüşiniň bäş döwletiň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynda täze tapgyry alamatlandyrýandygyny nygtady. Ol durnukly ösüş, köptaraply gatnaşyklaryň netijeli usullaryny ýola goýmak, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda giň halkara hyzmatdaşlyk üçin özüne çekiji sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň dünýä möçberindäki ýagdaýlara goşulyşmagynyň örän möhüm we ähmiýetli usullaryny kemala getirmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Emomali Rahmonyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň geçiriljek nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagynyň şeýle görnüşde gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli öňe ilerlemegine has-da uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Owganystandaky ýagdaýlaryň häzirki gepleşikleriň aýratyn meselesidigine ünsi çekdi. Häzir daşary ýurtlaryň harby bölümleriniň Owganystandan çykarylmagy bilen baglylykda, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň gatnaşmagynda netijeli syýasy-diplomatik gurallary döretmek baradaky mesele aýratyn möhümdir.

Şu işlerde Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň eýeleýän orny örän ähmiýetlidir we gymmatlydyr. Biziň ýurtlarymyzyň owgan meselesi ugrundaky özara hereketleri Owganystandaky syýasy ýagdaýlary kadalaşdyrmak boýunça halkara tagallalary, onuň ykdysady we durmuş ulgamyny täzeden dikeltmek, Owganystany sebit we dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna giňden goşmak babatda uly peýda getirip biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de owgan meselesi boýunça ulgamlaýyn syýasy gepleşikleri alyp barmak maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýykdygyny belledi.

Munuň özi häzirki wagtda, Owganystanda harby-syýasy ýagdaýlar ýitileşen döwründe aýratyn möhümdir.

Umuman, biz Owganystan bilen bagly meseleleriň çözülmeginde sebitdäki ýagdaýlaryň güýçlendirilmeginiň, ýagny Owganystanyň gönüden-göni goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň zerurdygyna ynanýarys. Türkmenistan sebitde örän wajyp durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Ýurtlarymyzyň bar bolan mümkinçiliklerini hem-de çäk taýdan amatly ýerleşişini nazarda tutup, şol işlere Türkmenistanyň we Täjigistanyň has işjeň hem-de anyk gatnaşmagyny zerur hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň ekologiýa we tebigaty goramak meselesi boýunça gatnaşyklary ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, halkara derejede hem hyzmatdaşlyk etmek babatda aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy hereket etmek, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerini aýawly we oýlanyşykly peýdalanmak, Aral meselelerini çözmek boýunça bilelikdäki işleri has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada aýtdy. Şu babatda iki ýurduň degişli düzümlerine 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awazada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny işläp düzmek boýunça işleri dowam etmegi tabşyrmak teklip edildi.

Mundan beýläk hereketi dowam etmek, bilelikde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, halkara jemgyýetçiligiň, ilkinji nobatda, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen guramalarynyň mümkinçiligini doly peýdalanmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täjigistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de hil taýdan ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Täjigistana möhüm hem-de geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garalýar. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz şu ýyl ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň belli bir derejede ösendigine garamazdan, umuman, biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady mümkinçiliginiň islenilýän derejä laýyk gelmeýändigini nygtady.

Soňky wagtlarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň depginleriniň peselmegine uly sebäpleriň, anyk häsiýetli kynçylyklaryň, häzirki döwürde dünýädäki maliýe-ykdysady meseleleriň, şeýle hem koronawirus pandemiýasynyň sebitdäki ykdysady ýagdaýlara, şol sanda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady we üstaşyr ulag gatnaşyklaryna ýaramaz täsiriniň bolandygy aýdyňdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şu babatda döwlet Baştutanymyz işleriň emele gelen ýagdaýlaryna bilelikde düýpli we anyk seljerme geçirmegiň, doly derejeli hereket etmäge zyýan berýän päsgelçilikleri ýüze çykarmagyň hem-de aradan aýyrmagyň, mümkinçilikleriň doly derejede peýdalanylyp bilinjek anyk ugurlaryny kesgitlemegiň zerurdygyny nygtady.

Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işine uly orun berilýär. Onuň işi iki ýurduň arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklaryň depginini artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň şu ýylyň 28-29-njy iýulynda Duşenbe şäherinde geçirilen 10-njy mejlisiniň netijeleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde möhüm ädim bolup hyzmat etjekdigine, geçirilen gepleşikleriň bolsa tiz wagtda aýdyň netijelerini berjekdigine berk ynam bildirdi.

Şeýle hem işewür jemgyýetçiligiň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň derejesini ep-esli ýokarlandyrmagyň, telekeçileriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary guramagyň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary hem-de ykdysady häsiýetli beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygy beýan edildi.

Biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleri depginli ösýär, önümçilige hem-de hyzmatlar ulgamyna bazar gurallary yzygiderli ornaşdyrylýar. Biz goňşulardyrys, şu babatda iki halkyň öňden gelýän we üstünlikli däpleri bar, adamlarymyz biri-birine örän oňat düşünýärler hem-de ynanýarlar. Şu mümkinçilikleri peýdalanmak, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, giňden gatnaşyklary alyp barmak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz birnäçe anyk başlangyçlary beýan edip, türkmen we täjik kompaniýalarynyň iki ýurduň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, iki ýurduň hojalyk edaralaryny özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işine has giňden çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Işewürler geňeşini döretmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň geljegi uly ugurlaryny kesgitläp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa senagatynyň, azyk, dokma, derman senagaty hem-de oba hojalyk ulgamynyň önümleriniň, beýleki harytlaryň söwdasy babatda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ep-esli derejede giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Oba hojalyk pudagynda gatnaşyklar üçin uly mümkinçiligi göz öňünde tutup hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginlerini artdyrmak maksady bilen, oba hojalyk önümleriniň geljekde özara iberilmeginiň gurallaryny, şol sanda bu ugurda türkmen we täjik hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmagyň usullaryny işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Ulag we energetika ulgamlary hem, gürrüňsiz, häzir Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu babatda bilelikdäki taslama — Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýol ulag geçelgesi nusga alarlykdyr. Bu ýoluň ugry boýunça hem ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy gurulýar.

Biziň ýurtlarymyzyň tagallalary baş maksada ýetilmegine gönükdirilip bilner we şoňa gönükdirilmelidir, şol maksat bolsa, Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly hem-de döwrebap düzümi döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek we Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýerleşen iki ýurduň çäk taýdan ýerleşişini amatly peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň iki ýurdy birleşdirip biljek Hazar deňzine çykalgasy boljak ulag geçelgesi boýunça bilelikdäki işe taýýardygy bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň strategik guşagyny döretmekde Hazar sebitiniň hem-de serhetdeş zolaklaryň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň eýeleýän möhüm orny bellenildi. Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk biziň sebitimiziň döwletlerine Ýewropanyň, Russiýanyň, Zakawkaziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna öz önümlerini eksport etmek üçin Gündogar Hazaryň port düzümleriniň kuwwatyny has doly peýdalanmagy zerur hasaplaýaryn. Türkmenistan amatly şertlerde Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny Täjigistanyň bähbitlerine peýdalanmagy ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Içerki sebit ulag gatnawlarynyň mümkinçilikleri hem doly peýdalanylmaýar. Bu ulgamda bilelikde birnäçe taslamalaryň amala aşyrylan mysallaryna garamazdan, Merkezi Aziýany döwrebap, utgaşykly, ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça alnyp barlan ulgamlaýyn işler barada aýtmak heniz ir. Bu taslamalar bilen ýakyndan meşgullanmak, ulag-üstaşyr geçelgelerini hem-de logistikany ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýollary has doly peýdalanmak üçin Türkmenistanyň çäklerini ulanmak arkaly Täjigistana hem-de Täjigistandan ýükleri ýerüsti ugratmak boýunça ýeňilleşdirmeleri girizmek baradaky meseläni jogapkär edaralara öwrenmegi tabşyrmagyň maksada laýykdygy barada hem aýtdy. Mundan başga-da, täjirçilik bähbitlerini nazarda tutup, iki döwletiň arasynda göni ýa-da üstaşyr howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça gepleşikleri täzeden dikeltmegiň mümkinçiliklerine hem garamak teklip edildi.

Milli Liderimiz gatnaşyklary iki dostlukly halkyň taryhy arabaglanyşygyna esaslanýan medeni we ylmy ulgamlardaky türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna degip geçip, iki halkyň sungatyna we edebiýatyna örän uly özara gyzyklanmanyň bardygyny belledi hem-de däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin şertleri döretmegiň wajypdygyny nygtady.

Özara festiwallary hem-de Medeniýet günlerini guramak boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagy we giňeltmegi dowam etmek, iki ýurduň döredijilik hem-de ylmy intelligensiýasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, amatly şertler bolanda, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiligine garamak teklip edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynda yzygiderli amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekmek derejesine ýetmek bilen, göni aragatnaşyklary işjeňleşdirmegi, arheologiýa hem-de etnografiýa ulgamynda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri wagyz etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkin bolan bilelikdäki maksatnamalary barada oýlanyşmagy teklip etdi.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalar netijesinde, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokarlanýan ugur boýunça yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Biz öz gatnaşyklarymyzda hoşniýetli goňşuçylygyň asyrlardan bäri gelýän däplerine, taryhyň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygyna, täze wehimlere öz wagtynda we degişli jogap bermek üçin ysnyşykly gatnaşyklary hem-de tagallalary utgaşdyrmagy talap edýän häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryna düşünilmegine daýanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de şu günki duşuşygyň we üstünlikli gepleşikleriň türkmen-täjik gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylygyň, özara düşünişmegiň, deňhukuklylygyň hem-de özara hormat goýmagyň berk binýadynda guralýandygyny aýdyň görkezýändigini belledi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar anyk, düşnükli ýörelgelerde, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işinde bilelikdäki mümkinçiliklere düşünilmeginde ösýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de munuň şeýledigine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça gol çekmäge taýýarlanylan resminamalaryň uly toplumynyň hem şaýatlyk edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy hem-de özara düşünişmegi, iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Emomali Rahmona minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.

Täjik Lideri Emomali Rahmon dostlukly Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylyk hem-de bildirilen mähirli kabul edişlik üçin çuňňur hoşallyk bildirip, bu saparyň geçen ýyl Täjigistanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagyndan soň, ýurdumyza özüniň ilkinji döwlet saparydygyny belledi hem-de gutlaglar we goldaw sözleri üçin sagbolsun aýtdy.

Prezident Emomali Rahmon milli Liderimiziň täjik-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wajypdygy barada aýdan sözlerini goldap, öz tarapyndan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändigini aýtdy hem-de hut şeýle çemeleşmäniň iki doganlyk halkyň anyk maksatlaryny beýan edýändigini we olaryň düýpli bähbitlerine kybap gelýändigini nygtady.

Biziň häzirki duşuşygymyz iki ýurduň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçýändigi bilen ähmiýetlidir. Türkmenistan geçen ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazandy, doganlyk türkmen halkynyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar, Aşgabadyň keşbi düýpgöter özgerdi. Bu ähli gazanylanlar köp babatda Siziň parasatly baştutanlygyňyz we öňdengörüjilikli syýasatyňyz bilen baglanyşyklydyr diýip, täjik Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip aýtdy.

Prezident Emomali Rahmon döwlet Garaşsyzlygynyň öňde boljak şanly senesi mynasybetli Türkmenistanyň Baştutanyny we ähli doganlyk türkmen halkyny gutlap, garaşsyz ösüş ýolunda täze üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady guruldy. Şu gazanylanlara esaslanyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirildi.

Taraplaryň tagallalary we umumy erki netijesinde, häzirki wagtda bize ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birnäçe wajyp meseleleri boýunça hil taýdan öňe ilerlemek başartdy diýip, täjik Lideri nygtady hem-de ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi.

Biz täjik-türkmen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna şunuň ýaly çemeleşmäni mundan beýläk-de goldarys diýip, Prezident Emomali Rahmon aýtdy hem-de iki ýurduň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman beýan eden netijeli teklipleri üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Täjigistanyň hem Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegine ruhubelentlik bilen garaýandygyny belledi.

Daşary syýasatyň bu ugry biziň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetlidir diýip, Emomali Rahmon nygtady hem-de häzir ýokary derejedäki syýasy gepleşikleriň yzygiderli öňe ilerleýändigini, daşary syýasat edaralarynyň işjeň gatnaşyk edýändigini, iki ýurduň hökümetleriniň söwda-ykdysady gatnaşyklary öňe ilerletmegiň üstünde işleýändigini belledi.

Biz sebit boýunça beýleki goňşular ýaly, Türkmenistanyň hem ýakyn geljekde biziň ýurdumyzyň esasy daşary ykdysady hyzmatdaşlarynyň hataryna girmegini çynlakaý maksat edinýäris diýip, täjik Lideri nygtady.

2021 — 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hökümetara maksatnamasyny, şeýle hem ýakyn iki ýyl üçin haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça «Ýol kartasyny» durmuşa geçirmek babatda işleri örän çynlakaý guramak gerek, bu bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň hiline ýardam berer.

Dostlukly döwletiň Baştutany golaýda Täjigistanyň paýtagtynda täjik-türkmen hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilendigini ýatlady. Şol toparyň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Biziň pikirimize görä, bilelikdäki senagat ulgamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilik bar. Biz ýeňil senagat ulgamynda tejribe alyşmak işini ýola goýmak ugrunda çykyş edýäris, türkmen işewürliginiň Täjigistanda hereket edýän pudaklaýyn kärhanalaryň binýadynda, şeýle hem erkin ykdysady zolaklaryň çäklerinde senagat we beýleki bilelikdäki kärhanalary döretmäge gatnaşmagy üçin olara hemme zerur şertleri döretmäge taýýardyrys diýip, täjik Lideri belledi.

Prezident Emomali Rahmonyň pikirine görä, ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Iki ýurduň çäk taýdan ýerleşişi we ýakynlygy bu ugurda gatnaşyklary giňeltmegiň tebigy ýagdaýlaryny talap edýär. Biz dostlukly Türkmenistanyň çäklerinden awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly halkara ýük daşalyşyny täzeden dikeltmäge hem-de onuň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirýäris.

Biz iki döwletiň howa giňişligini we çäklerini peýdalanmak bilen, göni hem-de üstaşyr howa uçuşlaryny täzeden dikeltmek barada ylalaşyga gelendigimize şatdyrys.

Täjigistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, oba hojalyk kärhanalarynyň, şol sanda ekerançylyk we maldarçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini goldap çykyş etdi.

Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk edilmegi ykrar edildi. Munuň şeýledigine medeniýet we sungat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň şu günki gol çekilýän hökümetara maksatnamasy şaýatlyk edýär. Nobat boýunça tertipde geljek ýyl Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek teklip edildi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jogap sapary meýilleşdirilýär.

Täjik tarapy iki ýurduň bilim ulgamyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini nazarda tutup, geljek ýyldan başlap, talyplary okatmak üçin Prezident derejesinde ýerleri özara bölüp bermek işini dikeltmäge taýýardygyny beýan etdi.

Saglygy goraýyş ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ykrar edildi, şunuň bilen baglylykda, lukmançylyk bilim edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy.

Täjigistanyň Prezidenti şeýle hem bilelikdäki taslamalary, senagat we obasenagat toplumyndaky bilelikdäki işleri amala aşyrmak üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan käbir sebitleriň kuwwatyny has işjeň peýdalanmalydygyny belledi. Şu gün gol çekilýän Türkmenistanyň Ahal welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugt oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk munuň subutnamasy bolup biler.

Dostlukly döwletiň Baştutany soňky ýyllarda ýiti derejä ýeten sebit howpsuzlygy baradaky meselä degip geçip, ýagdaýlary seljermegiň sebitimizde esasy wehimleriň halkara terrorçylyk, ekstremizm, dini radikalizm we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyny goşmak bilen, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyk bolup durýandygyny belledi.

Täjigistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Halkara giňişliginde, ilkinji nobatda, BMG-niň, GDA-nyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, ÝHHG-niň hem-de beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde gatnaşyklar ösdürilýär.

Biz köptaraplaýyn çäklerde, ilkinji nobatda, BMG-de özara başlangyçlary hem-de dalaşgärligi goldamak işini dowam etmek ugrunda çykyş edýäris diýip, Täjigistanyň Prezidenti nygtady hem-de BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmak üçin biziň ýurtlarymyzyň dalaşgärligini özara goldamak baradaky şu günki ylalaşyklaryň munuň aýdyň mysalydygyny belledi.

Şeýle hem täjik tarapy Täjigistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde türkmen dostlary bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge umyt bildirýär. Bellenilişi ýaly, başlyklyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazarda tutup, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Şeýle hem Emomali Rahmon 2025-nji ýyly Buzluklary goramagyň halkara ýyly diýip yglan etmek hem-de Buzluklary goramak boýunça ýörite Halkara gaznasyny döretmek baradaky Täjigistanyň başlangyjyny goldandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Täjigistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Başlygyň hormatly myhmany hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Liderleri bilen bilelikde bu abraýly guramanyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, 16-17-nji sentýabrda Duşenbede geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Emomali Rahmon çykyşynyň ahyrynda häzir täjik-türkmen gatnaşyklarynyň, hakykatdan-da, mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi üçin giň mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklaryna daýanyp, işjeň ösdürip, hemişe anyk ugurlara eýe bolmagyny maksat edinýäris diýip, täjik Lideri nygtady.

Prezident Emomali Rahmon bildirilen mähirli kabul edişlik we myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmen halkyna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelip görmäge çagyrdy.

Описание: https://turkmenistan.gov.tm/storage/app/media/Images/2021/08-2021/04082021/g-44.jpg

Giňeldilen düzümdäki türkmen-täjik gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda ministrliginiň arasynda Türkmenistanda we Täjigistan Respublikasynda söwda öýlerini döretmek hakynda Ylalaşyga;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022-2023-nji ýyllarda haryt dolanyşygyny köpeltmek barada «Ýol kartasyna»; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda işewürler geňeşini döretmek hakynda Ylalaşyga; Önümçilik kooperasiýasy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet we sungat babatda 2022 — 2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Demir ýol ulagy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýolagçylaryň we ýükleriň üstaşyr daşalmagy hakynda Ylalaşyga; Nebit önümlerini we suwuklandyrylan uglewodorod gazyny ibermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Gurluşyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalary özara ykrar etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky neşe serişdelerine gözegçilik Agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Ahal welaýat häkimligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Sugt oblastynyň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 1999-njy ýylyň 30-njy dekabryndaky Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda raýatlaryň birek-birege gitmekleri hakyndaky Ylalaşyga üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýýarlar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirlemek bilen, gepleşikleriň iki ýurduň gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçendigini aýratyn belledi.

Geçirilen duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň iki döwletiň bähbitlerine kybap gelýän ýakyn ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy, dürli ugurlarda türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygy bellenildi, şeýle hem geljekde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz tutuş dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak meselelerine uly üns berlendigini aýdyp, ýurtlaryň ikisiniň hem ähli halkara hem-de içerki dawalaryň diňe parahatçylykly ýol bilen, gepleşikler arkaly, halkara hukugyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalaryna laýyklykda çözülmelidir diýen bir pikire uýýandygyny belledi.

Ýaragsyzlanmak, halkara terrorçylyga, serhetüsti guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek ýaly möhüm meseleleri çözmekde ikitaraplaýyn görnüşde hem-de halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Baştutany gepleşiklerde Merkezi Aziýadaky ýagdaýlara, sebit gatnaşyklaryny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça bilelikdäki tagallalara aýratyn ünsüň berlendigini belledi.

Şunda biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary aýdyň, üýtgewsiz we düýplüdir. Biz Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etjek mäkäm we netijeli gurallaryň döredilmegi, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň berkidilmegi, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy ugrunda çykyş edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, sebit gatnaşyklarynyň täze görnüşiniň — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Goňşy Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we täjik taraplarynyň owgan meseleleriniň çözgüdine çemeleşmeleriniň meňzeşdigini aýtdy.

Biziň ýurtlarymyzyň owgan babatdaky gatnaşyklary Owganystanda syýasy ýagdaýy kadalaşdyrmak, onuň ykdysadyýetini hem-de durmuş ulgamyny dikeltmek, goňşy ýurdy sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna giňden çekmek boýunça halkara tagallalara uly peýda getirmäge ukyplydyr. Halkara bileleşiginiň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň ylalaşdyryjylyk kuwwaty Owganystanda has işjeň we giňden ulanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, taraplaryň parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, durnukly ösüş hem-de onuň esasy bölegi — energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak ýaly dünýäniň gün tertibiniň möhüm ugry boýunça tagallalary dowam etmek barada ylalaşandygyny habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika hem-de ulag-üstaşyr ulgamlarda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlara we tekliplere seretmäge taýýardyr.

Hususan-da, biziň ýurtlarymyz Gündogar — Günbatar ugry boýunça ulag-üstaşyr hem-de logistika hyzmatdaşlygynyň strategik merkezini döretmek, sebit we dünýä meýdançalarynda, ýöriteleşdirilen halkara guramalarda, maliýe edaralarynda geljekki hyzmatdaşlar bilen işlemek boýunça tagallalaryny birleşdirerler diýip, milli Liderimiz belledi.

Gepleşiklerde ekologiýa meselelerine, hususan-da, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini has-da berkitmek we kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Ol sebitiň möhüm düzümi bolup, Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak babatda hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegini ugur edinýär.

Bulardan başga-da, gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Biziň ýurtlarymyz haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryna çykmak üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolup durýar. Biz iki döwletiň eýe bolan şol mümkinçiliklerine laýyklykda, degişli ugurda özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi barada bir pikire geldik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik hökümetara toparynyň bu ugurda bilelikdäki tagallalaryň möhüm bölegi boljakdygyny aýtdy.

Taraplaryň özara söwdany giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, senagat, hyzmatlar we oba hojalyk pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çärelere seretmek barada ylalaşandyklary habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürlik birleşmeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu ugurda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Işewürler geňeşini döretmegiň mümkinçiligi öwreniler. Şeýle hem bilelikdäki işewürler maslahatlaryna, haryt öndürijileriň söwda-sergisini guramak boýunça meselelere seretmek barada ylalaşyldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýokary derejede dowam etmegiň möhümdigini tassykladylar hem-de degişli ugurda hyzmatdaşlygy dowam etmegiň, döwletleriň ikisinde hem edebiýat, kinematografiýa işgärleriniň, aýdym-saz toparlarynyň gatnaşmagynda çäreleri yzygiderli geçirmek, sport ýaryşlaryny guramak üçin zerur şertleri üpjün etmegiň möhümdigini ylalaşdylar. Olaryň baş maksady ata-babalarymyzyň taryhy, ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamak we artdyrmak bolup durýar.

Biziň ýurtlarymyzyň baý medeni mirasyna bolan özara gyzyklanmany nazara almak bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Şeýle hem ylym we bilim ulgamlarynda iki halkyň baý taryhy-medeni mirasyny dikeltmek işinde uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Biz Täjigistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýäris. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlarboýy dowam edýän hoşniýetli goňşuçylygyň däpleri, taryhyň, medeniýetiň, ruhy-gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär.

Täjigistan Respublikasy Türkmenistan üçin möhüm we ygtybarly hyzmatdaş bolup, onuň bilen gatnaşyklary biz uzak möhletleýin esasda guraýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Taraplaryň ikisinde hem iki döwletiň halklarynyň bähbidine alyp barýan köpugurly hyzmatdaşlygynyň olaryň bähbidine kybap gelip, sebit we halkara işleriň durnuklylygyna we ösdürilmegine ýardam edýär diýen düşünjäniň we ynamyň bardygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekilendigini aýtdy hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine hem-de onuň wekiliýetiniň agzalaryna geçirilen uly işler üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Täjigistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk barada iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Emomali Rahmon gepleşikleriň jemlerini teswirlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu sapar ýurtlaryň ikisi üçin hem möhüm wakanyň, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda amala aşyrylýar.

Täjigistanyň Baştutany Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň batly depginler bilen ösüşiniň, Aşgabadyň keşbiniň özgermeginiň gözli şaýadydygyny aýtdy. Ýurtda obasenagat toplumynyň, ýeňil we nebitgaz senagatynyň, beýleki durmuş-ykdysady ulgamlaryň kuwwaty artdy. Elbetde, şunda türkmen Lideriniň uly hyzmaty bardyr, ol öz halkynyň bähbidine ähli tagallalary edýär diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Prezident Emomali Rahmon pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny ýetip gelýän şanly sene bilen gutlady. Garaşsyzlygyň 30 ýylynda biziň ýurtlarymyz döredijilikli döwletara gatnaşyklarynda uly tejribe topladylar. Biz bu tejribä daýanmak bilen, strategik häsiýete eýe bolan täjik-türkmen gatnaşyklaryny has-da ilerletmegi maksat edinýäris diýip, Täjigistanyň Baştutany nygtady.

Şu gün geçirilen gepleşikleriň barşynda Strategik hyzmatdaşlyk hakynda şertnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we ony ösdürmegiň mümkinçiligine seredildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon döwletara gatnaşyklarynyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirýän resminamalaryň ähmiýetini belledi.

Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazandylar. Biz söwda-ykdysady hem-de ulag-kommunikasiýalar pudaklarynyň ähli meseleleri boýunça ylalaşdyk.

Mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara söwdanyň möçberini we görnüşlerini artdyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Taraplar senagat pudagynda işlemek boýunça uly tejribäniň bardygyny belläp, ýeňil senagatda, hususan-da, dokma senagatynda, pagtany düýpli gaýtadan işlemek ugry boýunça tejribe alyşmak babatda ylalaşdylar.

Biz ykdysadyýetiň energetika we oba hojalygy ýaly esasy pudaklarynda gatnaşyklary giňeltmek barada pikirimizi beýan etdik diýip, Prezident Emomali Rahmon sözüni dowam etdi. Ulag-kommunikasiýalar pudagynda özara gatnaşyklar üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi, ol üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmak üçin mümkinçilikleri şertlendirýär.

Täjik tarapy degişli ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ýola goýulmagynyň döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň şerti bolup biljekdigine ynanýar diýip, dostlukly ýurduň Baştutany belledi.

Gepleşikleriň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi, ol iki halkyň arasyndaky ruhy hem-de medeni gatnaşyklary aýawly saklamaga we pugtalandyrmaga ýardam edýär. Ylym we tehniki, bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek, syýahatçylyk, sport hem-de ýaşlar syýasaty ugry boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Saglygy goraýyş ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi. Iki ýurduň saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň özara gatnaşyklary giňeldiler. Iki ýurduň hünärmenleri ýokanç keselleri anyklaýyş, öňüni alyş hem-de bejeriş babatda tejribe alyşmaga gönükdirilen taslamalary amala aşyrmaga girişerler diýip, Prezident Emomali Rahmon belledi.

Şeýle hem iki döwletiň sebitleriniň kuwwaty işjeň ulanylar. Şu gün Sugt oblastynyň we Ahal welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda resminama gol çekildi.

Täjigistan hem-de Türkmenistan möhüm sebit we halkara işlerine gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda möhüm meseleler boýunça düýpli pikir alşyldy. Iki ýurduň agza bolup durýan halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklary has-da berkitmegiň we tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi bellenildi diýip, belent mertebeli myhman belledi.

Şeýle hem ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda BMG-niň hem-de onuň edaralarynyň eýeleýän ornuny berkitmegiň möhümdigi bellenildi. Täjigistan we Türkmenistan abraýly guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde biri-biriniň başlangyçlaryny goldamagy dowam etmek ugrunda çykyş edýärler.

Gepleşiklerde howanyň üýtgemegi hem-de buzluklaryň tiz eremegi bilen bagly meselä hem üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon 2025-nji ýyly «Buzluklary goramagyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hem-de Buzluklary goramak boýunça ýörite Halkara gaznasyny döretmek hakynda täjik başlangyçlaryny goldandygy üçin türkmen hyzmatdaşlaryna hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Taraplar howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meselelere aýratyn üns bermek bilen, halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşeleriň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygyna, bikanun migrasiýa hem-de halkara guramaçylykly jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikirlerini beýan etdiler.

Owgan meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşylyp, bu ugurda ýurtlar umumy garaýyşlardan ugur alýarlar. Täjigistan hem-de Türkmenistan Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmäge ýardam etmek boýunça bilelikde hereket etmek ugrunda çykyş edýärler.

Şu günki gepleşikleriň jemleri döwletara hyzmatdaşlygynyň ýakyn geljegine ruhubelentlik hem-de ýagşy umyt-arzuwlar bilen seretmäge mümkinçilik berýär.

Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelmäge hem-de geljek aýda Duşenbe şäherinde geçiriljek ŞHG-niň sammitine hormaty myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Prezident Emomali Rahmon türkmen Liderini täjik topragynda garşylamaga şat boljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna mähirli kabul edilendigi we däbe öwrülen myhmansöýerlik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Gypjak obasyna bardy hem-de bu ýerdäki Aramgähe gül goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine bardy.

Soňra belent mertebeli myhmanyň awtoulag kerweni “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Milli gahrymanlarymyzyň — merdana Watan goragçylarynyň ýagty ýadygärligini ebedileşdiren “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dostlukly ýurduň Baştutany ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy hem-de Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy

07.07.2021

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Hazaryň kenaryna çykyp, irki maşklaryny ýerine ýetirdi we welosipedde gezelenç etdi.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlän milli Liderimiz sport bilen meşgullanmagyň her bir adamyň ýaşaýyş kadasyna öwrülmelidigini ündeýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýokary netijeli sportuň we bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, oňa ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Bu bolsa öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň esasy şerti bolup durýar.

Ähli möwsümlerde bolşy ýaly, tomus paslynyň ir säheriniň özboluşly gözelligi, hoştap howasy hem-de serginligi ynsan ruhuna ýakymly täsir edýär. Ýokary ekologiýa derejesini saklamak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýän ýeri bolan Awazanyň bagy-bossanlygy adamlaryň ruhuny göterýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň şypaly howasy hem-de dynç alyş amatlyklary türkmen topragynyň bu behişdi künjeginiň sanatoriýa-şypahana, şeýle hem sport merkezine öwrülmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Soňky ýyllarda bu ýerde döwrebap sport toplumlary gurlup, olarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak bolýar.

Mälim bolşy ýaly, sagdyn we işjeň durmuş ýörelgesiniň tarapdary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli işleri netijesinde sport hereketi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde görlüp-eşidilmedik derejä eýe boldy. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly saglygy hemmetaraplaýyn berkitmek bu gün ähli ýaşdaky we hünärdäki adamlary birleşdirýän umumymilli maksada, kuwwatly şerte öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi hem-de ruhlandyryjy başlangyçlary netijesinde türkmenistanlylar, aýratyn-da, ýaşlar bedenterbiýe bilen utgaşyp gidýän işjeň dynç alyş ulgamyna çekilýär.

Säher şapagynyň öwüşginleri bilen ajaýyp görnüşi emele getirilýän Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarýaka zolagynda welosipedli gezelenç etmek saglygyňy berkitmegiň baş şerti bolup durýar. Çünki welosiped sporty adamyň saglygyny berkidip, ony täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde welosiped sportuna möhüm ornuň degişlidigini belleýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň bu görnüşiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, welosipedli gezelençleriň wagyz edilmegine möhüm ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmegiň asylly we örän peýdaly däbiň başyny başlady. Bu pikir watandaşlarymyzyň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan giň gerimli çärelere uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Milli Liderimiz türkmenistanlylara nusgalyk şahsy görelde görkezýär. Ine, şu ýyl hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä Saglyk güni, Aşgabadyň 140 ýyllygyna hem-de Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ekologiýa çäresi mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen welosipedli ýörişiň başyny çekdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny wagyz etmek, şeýle hem halkara derejeli iri sport döwleti hökmünde Türkmenistany ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Biziň ýurdumyz bu möhüm işe belent ynsanperwer many çaýyp, adamyň mümkinçiliklerini doly açmak üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen Durnukly ösüşiň maksatlaryny amala aşyrmak bilen, olimpiýa maksatlaryna gös-göni eýerýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi baýram etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda dünýäniň sport giňişliginde uly üstünliklere eýe bolýan Türkmenistanyň gazananlaryna berilýän ýokary bahanyň we ykrarnamanyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi dünýä bileleşiginiň türkmen Lideriniň ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine ýöredýän sport diplomatiýasyny biragyzdan goldamagynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli gezelenjiniň dowamynda, hemişe bolşy ýaly, beden taýdan taplygyny görkezdi.

Milli Liderimiz işiniň köpdügine garamazdan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga wagt tapyp, şahsy göreldesinde olaryň artykmaçlygyny, adamyň saglygyna hem-de duýgularyna, immunitetiniň berkemegine, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, tutanýerlilik, düzgün-nyzamlyk ýaly häsiýetleri kemala getirmäge bolan oňaýly täsirini tassyklaýar.

Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýandygy jedelsizdir. Ylmy taýdan tassyklanylyşy ýaly, adam welosiped sürende, bedeniniň ähli möhüm agzalaryny işledýär. Bu bolsa onuň gujur-gaýratyny artdyrýar, güýçlenmegini şertlendirip, ruhy ýagdaýyny gowulandyrýar, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiligini peseldip, gan basyşynyň durnuklaşmagyna hem-de dartgynlylygyň gowşamagyna ýardam edýär. Welosipediň çarhlarynyň sazlaşykly aýlanmagy beýniniň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Bu bolsa, pikirleniş ukybyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň günsaýyn artmagy tötänden däldir. Dürli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolmagy onuň artykmaçlyklarynyň biri bolup durýar, diýmek, ýakymly zadyň peýdaly zat bilen utgaşdyrylmagyny aňladýar.

Arassa howada, aýratyn-da, säher bilen gezelenç etmek oňyn duýgulary döredip, ylham joşgunyny artdyrýar, tutuş günüňe güýç berýär.

Ulagyň ekologiýa görnüşi bolmak bilen, welosiped güneşli ülkämiz boýunça syýahat etmegiň hem ajaýyp serişdesidir. Beden saglygy üçin peýdadan başga-da, welosiped sporty bilen meşgullanmak daşky gurşawyň gözelligini, ajaýyp tebigaty synlamaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz hemişe tebigat bilen sazlaşykda ýaşap, ondan beden we ruhy taýdan güýç, döredijilik ylhamyny alypdyrlar. Munuň özi gündelik durmuşda hem-de türkmen halkynyň baýramçylyklarynda, asylly däp-dessurlarynda, baý döredijiliginde, ajaýyp sungat eserlerinde öz beýanyny tapdy.

Häzirki döwürde tebigata aýawly garamak milli özboluşlylygyň aýrylmaz ölçegleriniň biri bolup, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Sport, saglyk we ekologiýa — biri-birinden aýrylmaz düşünjeler. Ekologiýa ýagdaýy — ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň we pudaklaýyn maksatnamalaryň, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň möhüm bölegidir.

Ählihalk bag ekmek çäreleri milli Liderimiziň degişli ugurda başyny başlan öňdengörüjilikli strategiýasynyň esasyny düzýär. Olaryň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli şäherdir obalarynda, şol sanda Hazaryň ekologiýa taýdan arassa dynç alyş zolagynda seýilgähleriň we tokaýlaryň meýdany ýylsaýyn giňelýär.

Gözüňi dokundyrýan gök guşaklyklar — tomsuň jöwzasy, tozanly ýeller ýaly howanyň ýaramaz täsirlerinden goraýan ýene-de bir şertdir. Olar howanyň arassalanmagyna, oňaýly howa şertleriniň döremegine, biodürlüligi gorap saklamaga we artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem olar çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmekde ähmiýetli orny eýeleýär.

Ýurdumyzda eko-sport çäreleri yzygiderli geçirilip, olar sagaldyş we terbiýeleýiş ähmiýetinden başga-da, aň-bilim wezipesini ýerine ýetirip, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini artdyrmaga we kämilleşdirmäge ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenji Hazaryň kenaryndaky ajaýyp künjekde ýerleşýän gämi duralgasynyň ýanynda tamamlady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň ygtyýaryna gelip gowşan “Rahat” atly täze ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşine ak pata bermek çäresine gatnaşdy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda gurlan bu ýokary tizlikli ýolagçy gämisi deňizde gezelenç etmegi halaýan syýahatçylar we jahankeşdeler üçin niýetlenendir. Gäminiň umumy uzynlygy 33 metrden gowrakdyr.

Täze gäminiň serkerdesi döwlet Baştutanymyza “Rahat” atly ýokary tizlikli, ähli amatlyklary bolan ýolagçy gämisiniň ilkinji ýüzüşe taýýardygy barada hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan ilkinji ýüzüşe ak pata bermegini haýyş etdi.

Milli Liderimiz egindeşleri bilen ak guwa çalymdaş ak gämä mündi. Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen “Rahat” atly gämi gojaman Hazaryň giňişligi boýunça ýüzüşe badalga aldy.

Ýolagçylar üçin ähli amatlyklary bolan gämi rahat ýüzüşi amala aşyrmak, ýüzüşiň dowamynda oňaýly dynç almak hem-de deňiz giňişligini synlamak üçin zerur şertler bilen üpjün edilipdir. Döwrebap bezegi, kenardan 100 mile çenli uzaklykda ýüzüşi amala aşyrmaga mümkinçiligi bolan bu gäminiň tehniki görkezijileri we enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman ýolagçy gämilerine bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelýär.

Bu gäminiň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklaryň esasynda ýurdumyz üçin gurlandygyny bellemeli. Munuň özi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň aýry-aýry sebitleriniň, hususan-da, Tatarystanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.

Öňden gelýän hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmak ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasy ugrunyň hem-de deňhukukly, uzak möhletli we özara bähbitli esasda guralýan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Biziň ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmek bilen, ulag kommunikasiýalarynyň köp şahaly ulgamynyň döredilmegine aýratyn üns berýär. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Bu ugur deňiz ýakasyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde esasy şert bolup durýar. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty bu babatda nusga alarlyk mysal bolup, ol ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesi” bolmak bilen, sanlyja ýyllaryň içinde Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda iri halkara üstaşyr  ulag merkezine öwrüldi.

Ýeri gelende aýtsak, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de söwda ýollaryny ösdürmek boýunça işleriň çäklerinde Türkmenistan beýleki Hazarýaka ýurtlar ýaly, milli gämiçilik ulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga uly üns berýär.

Şeýlelikde, soňky ýyllarda türkmen tarapynyň buýurmasy boýunça döwrebap tankerler hem-de söwda flotunyň beýleki gämileri guruldy we ulanmaga berildi. Olaryň ýokary ulanyş häsiýetnamalary, innowasion tehniki ölçegleri gämileri deňiz arkaly ýük daşamalar bazarynda zerur bolan ulaglaryň hataryna çykarýar.

Ýolagçy gämilerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we yzygiderli üstüni ýetirmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. “Rahat” atly täze gäminiň portumyza gelmegi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gojaman Hazaryň tolkunlarynyň arasyndan ýol külterleýän gämi kenardan daşlaşdy. Gözýetimde asman bilen birleşýän ajaýyp deňiz giňişligi haýran galdyrýar. Bu ýerden kenarda ýaýylyp gidýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň keşbi has-da gözel görünýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy we yzygiderli tagallalary netijesinde, Hazar deňziniň türkmen kenarynda giň möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän ösen syýahatçylyk hem-de dynç alyş düzümini döretmäge ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz her bir sebitiň, şol sanda deňizýaka sebitiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Awaza öz çäklerini ýylsaýyn giňeldip, Hazaryň türkmen kenaryny innowasion düzümli döwrebap deňiz şypahanasyna öwürýär. Häzir bu ýerde ýokary derejeli myhmanhanalar, köp sanly şypahanalar, çagalar üçin sagaldyş-dynç alyş merkezleri guruldy hem-de gurulmagy dowam etdirilýär. Olar wagtyňy gyzykly geçirmek, birkemsiz dynç almak, saglygyňy berkitmek üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär.

Bu şypahana merjeniniň desgalary ýerli tebigy gözellikler bilen sazlaşykly utgaşýar hem-de adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary amatly howa şertlerini emele getirýär.

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň keşbi gün-günden gözelleşýär. Awazanyň çäginde sagaldyş toplumlarynyň, oýun attraksionlary bolan seýilgäh zolaklarynyň, köpugurly sport toplumlarynyň peýda bolmagy eziz Diýarymyzyň bu künjeginiň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.

Özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran galdyrýan Hazaryň keşbi ruhuňy galkyndyrýar. Ajaýyp tebigy ýagdaýlar — tämiz, şypaly howa, arassa altynsow kenar, deňizde suwa düşmek oňat dynç alşy kepillendirýär, kalbyňa rahatlyk çaýyp, gujur-gaýratyňy artdyrýar.

Deňizde ýüzüşiň dowamynda döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen türkmen topragynyň bu ajaýyp künjeginde alnyp barylýan netijeli işleri yzygiderli dowam etmek, Hazaryň ekologiýasynyň ýokary derejesini, onuň biodürlüligini saklamak we künjegiň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini ylmy esasda öwrenmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdy.

Hazar deňzi — umman gelip çykyşly dünýädäki iň iri içerki suw howdanydyr. Ol deňizleriň hatarynda tutuş adamzadyň gymmatly mirasy bolup, biziň günlerimize çenli tebigatyň ajaýyp künjeklerini, örän baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap galan suw giňişligidir.

Hazar sebitinde ýaşaýan halklaryň, şeýle hem bütin dünýäniň ilatynyň abadançylygynyň bähbidine daşky gurşawa aýawly çemeleşmek bilen bu baýlyklary gorap saklamak hem-de artdyrmak, deňziň çäksiz hazynalaryny we uglewodorod serişdelerini rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan, işjeň ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasyny düzýär.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Hazar deňziniň meseleleriniň oýlanyşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça üýtgewsiz öňdäki orny eýeleýär. Öz wagtynda Türkmenistan Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmekde möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi hem-de bu işler häzirki wagtda ekologiýa meselelerini hasaba almak bilen, halkara hukugyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda çykyş edip, Hazaryň ekologiýa deňagramlylygyny, deňziň täsin biologik köpdürlüligini saklamak meselelerine ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hazar deňziniň baý tebigy serişdeleriniň aýawly saklanylmagyna hem-de rejeli ulanylmagyna gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Şol bir wagtyň özünde bu Maksatnama Hazarda ekologiýa ýagdaýynyň monitoringi wezipesini amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlarynyň hökümetlerine degişli maslahatlary döredip bilerdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz boýunça şu günki gezelenjiniň dowamynda Hazaryň kenarynda işjeň dynç alşyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, myhmanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we onuň görnüşlerini artdyrmak boýunça talabalaýyk işleriň amala aşyrylmagy zerurdyr diýip belledi.

Bu möhüm ugurda alnyp barylýan işlerde adam, olaryň bagtyýar durmuşy we amatly dynç alşy hakyndaky alada uly üns berilmelidigi nygtaldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine görä hem-de abraýly halkara bilermenleriň netijenamalaryna laýyklykda, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan örän arassa diýlip hasaplanýar.

Ekologiýa taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalar şähergurluşyk ulgamynda, nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda, elektroenergetikada, oba hojalygynda möhüm çelgi hökmünde çykyş edýär we umuman, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, iri halkara we sebit taslamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjysy bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny hem-de gaýtadan enjamlaşdyrylmagyny anyk mysal hökmünde getirip bolar, bu işler daşky gurşawa tehnogen taýdan zyýan ýetirmegiň öňüni almaga mümkinçilik berýän iň täze tehnologiýalary peýdalanmak arkaly amala aşyrylýar.

“Ýaşyl port” (Green port) halkara ölçegine laýyklykda, 2018-nji ýylyň maý aýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistan ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär hem-de tutuş adamzadyň geljegine dahylly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” konferensiýasynda hem-de beýleki iri halkara forumlarda öňe süren oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetiren täze gämi Hazaryň giňişliginde asuda ýüzüşini dowam etdi.

Syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenen ak gar ýaly gämi ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň rowaçlyklara beslenýändigini alamatlandyrdy.

Hazar deňziniň baý tebigy mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy netijesinde, bu ýerde syýahatçylyk we şypahana düzümleri okgunly ösdürilýär. Bu bolsa kenarda we aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän deňiz giňişliklerinde dynç alşy we gezelençleri guramak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiziň ak patasy bilen badalga berlen “Rahat” atly gämi ilkinji ýüzüşini tamamlap, deňziň kenarynda saklandy.

Döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen gutladylar we gämä mundan beýläk-de şowly ýüzüşleri arzuw etdiler.

Milli Liderimiz hoşlaşanda, “Rahat” gämisiniň serkerdesine we ekipažyň ähli agzalaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, bu ýerden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline tarap ugrady. Ol ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi wekilleri ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabada ugramazynyň öň ýanynda degişli ýolbaşçylara sebiti mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine yzygiderli we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyny aýtdy.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy.

***

Şu gün “Rahat” atly täze ýolagçy gämisini asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeler esasynda dabaraly garşylamak çäresi geçirildi. Kenarda dabara gatnaşyjylar gämini aýdym-sazlar hem-de şowhunly elçarpyşmalar bilen garşyladylar. Milli däp-dessura laýyklykda, gämä alaja dakylyp, ak un sepildi we oňa Hazar deňziniň giňişliklerinde abadan ýüzüş dileg edildi.

Türkmen halkynyň dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň berjaý edilmegi täze gäminiň deňziň kenarynda dynç alýanlara ýokary derejeli hyzmatlary ýola goýjakdygyna bolan pugta ynamyň aýdyň beýanyna öwrüldi we paýhasly pederlerimiziň döreden asylly däpleriniň döwrebap derejede ösdürilýändigini äşgär etdi.

Döredijilik toparlaryny, hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri goýnuna alan “Rahat” gämisi Hazaryň giňişligine ýüzüşe çykdy. Welaýatyň sungat ussatlary, folklor toparlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen täze gelip gowşan ak gämide joşgunly çykyşlaryny dowam etdiler.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda milli Liderimiziň aladasy bilen amal bolan dynç alyş mümkinçilikleriniň hözirini görýän ildeşlerimiz türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşy ugrundaky atalyk aladasy üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Täze habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

 

30.07.2021

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

Ýanwar — iýul aýlarynyň netijeleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň umumy möçberiniň 5,2 göterim ýokary bolmagyna garaşylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 17,5 göterim artar.

Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 113,9, çykdajy böleginiň 97,4 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ortaça zähmet haky 10,5 göterim ýokary bolar.

Deslapky maglumatlara görä, hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň ýyllyk meýilnamasynyň 36,2 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar.

Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň depginleri barada  hem hasabat berildi. Bu maksatnamanyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri durmuş-medeni maksatly desgalaryň, suw arassalaýjy desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer Ýaponiýa bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Tokioda bolmagyň çäklerinde, Ýaponiýanyň imperatory Naruhito, Premýer-ministri Ýoşihide Suga, ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kiýoşi Ejima, Hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subai, Ýapon-türkmen dostlugy parlament ligasynyň ýapon tarapyndan başlygy, XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň wise-prezidenti Toşiaki Endo bilen duşuşyklar geçirildi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza çagyryldy.

Geçirilen duşuşyklaryň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy, möhüm ugurlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýyna we geljegine seredildi. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar, olaryň ähmiýeti hem-de öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tokioda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça bank-maliýe, ulag we ýöriteleşdirilen tehnikalary getirmek ulgamlarynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada bolmagynyň çäklerinde XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurluşygy tamamlanmaly hem-de ulanylmaga tabşyrylmaly iri önümçilik we durmuş maksatly binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli berkidilmeginiň, şeýle hem emele gelýän ýagdaýdan ugur alyp, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň garaşylýan netijelerini seljermegiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetine hödürlemegi tabşyrdy. Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berjek çäreleri amala aşyrmak boýunça işleri dowam etmek barada degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň wajypdygyny belläp, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklary baradaky gürrüňe geçmek bilen, dürli derejelerde ýola goýlan yzygiderli gepleşikleriň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny belledi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki wagtda döwletara ykdysady hyzmatdaşlyk strategik, durnukly hem-de uzak möhletleýin häsiýete eýe boldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistanda häzirki zaman nebitgaz we gazhimiýa toplumlarynyň desgalaryny gurmak boýunça üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryň muňa aýdyň subutnama bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň netijeli işlemegine geljekde hem goldaw berilmeginiň dowam etdiriljekdigini aýdyp, maýa goýum işjeňligi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi.

Hyzmatdaşlygyň has geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns çekildi. Şunda Türkmenistanyň ykdysadyýeti senagatlaşdyrmagy hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagy, ylma esaslanýan, ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň döredilmegini ugur edinendigini hasaba almak bilen, uly mümkinçilikler bardyr. Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyna täze itergi berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

S.Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň barşynda gol çekilen resminamalaryň möhümdigi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu resminamalarda bellenilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek ulgamynda gazanyljak tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. Garaşylyşy ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynda 123,5 göterim ösüş, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermekde 137 göterim ösüş üpjün ediler, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 105,5 göterim ýerine ýetiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmek wezipelerine ünsi çekdi. Pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä möçberindäki bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir, onuň Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmagyny üpjün etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda we dokma toplumlarynda hem-de telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýedi aýynda garaşylýan netijeler barada hasabat berdi.

Ýanwar — iýul aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, söwda dolanyşygynyň ösüşiniň 117 göterim, öndürilen önümleriň möçberiniň ösüşiniň bolsa, 112,4 göterim bolmagyna garaşylýar.

Hasabat döwründe Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 112 göterime, nah matalaryň önümçiligi 102,6 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 119,2 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 102,8 göterime barabar bolar.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi tarapyndan haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 112,7 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 167-si geçirilip, 18 müň 114 şertnama hasaba alyndy.

Geçen ýedi aýyň dowamynda Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 105,1 göterime barabar boldy.

Hususy ulgama berilýän uly goldaw netijesinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberini artdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şol önümleri öndürmegiň ösüşi, degişlilikde, 135 göterime we 109,1 göterime barabar bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň zerur bolan harytlara, aýratyn hem, azyk önümlerine isleglerini kanagatlandyrmak meselelerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmagyň hem-de olaryň işini guramagyň maksatnamasyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

2021-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 125,7 göterim berjaý edilmegine, ösüşiň 106,1 göterime deň bolmagyna garaşylýar.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýedi aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 100,1 göterime barabar bolar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 112 göterime deň bolmagyna garaşylýar.

Energetika ministrligi boýunça önümleri öndürmekde we hyzmatlary amala aşyrmakda 122,2 göterim ösüş gazanylar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda önüm öndürmegiň hem-de hyzmatlaryň ösüşiniň 101 göterime barabar bolmagyna garaşylýar.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasynyň 124,9 göterim berjaý edilmegine garaşylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýagdaýyny seljermegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, häzire çenli dürli desgalary gurmak boýunça örän köp çäreler kabul edildi. Şoňa görä-de, her bir desganyň ýagdaýyny hemmetaraplaýyn dykgat bilen seljermek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny hem taýýarlap başlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz alnyp barylmaly gurluşyklaryň möçberi boýunça öňde örän uly wezipeleriň durýandygyny belläp, gurluşyk senagatyny ösdürmegi dowam etmegiň, gurluşyk toplumynyň talaplaryny doly möçberde üpjün etmek üçin täze önümhanalary we kärhanalary gurup, önümçiligiň kuwwatyny sazlaşykly artdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Wise-premýere şeýle hem gurluşyk we senagat pudaklary üçin maýa goýumlaryny çekmek meselesiniň üstünde işlemek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew, öz gezeginde, gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,2 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 100,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 125,4 göterim ýerine ýetirildi.

Hazar deňziniň güni mynasybetli, meýilnama laýyklykda, şu ýylyň 12-nji awgustynda “Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahatyň maksatnamasy barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna düýpli taýýarlyk görülmelidigine, gök-bakja önümlerini, ýeralmany we beýleki oba hojalyk önümlerini bolelin öndürmek üçin ekin meýdanlaryny giňeltmelidigine, şu önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyryp, daşardan getirilýän möçberini azaltmalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny saklamagyň zerurdygyny belläp, deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we Hazar deňziniň gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda geçirilen işlerden garaşylýan netijeler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýaşlary ylmy-döredijilik işlerine giňden çekmek maksady bilen, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly, dürli dersler boýunça bäsleşikler geçirildi.

Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň merkezi edaralarynyň gurluşlary kämilleşdirildi.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Ylymlar güni mynasybetli sanly ulgam arkaly “Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi” atly halkara ylmy maslahat ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi, ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän bäsleşigiň jemleri boýunça ýaş alymlaryň we talyplaryň 57-si ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi hem-de Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama kabul edildi, Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýa hem-de Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreş boýunça Milli strategiýa tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli uly ulgamlary yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny belledi, ýurdumyzyň geljegi, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşy bu ulgamlaryň ösüş derejesine gönüden-göni baglydyr.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri dürli medeni çäreler, şol sanda baýramçylyk senelerine bagyşlanan döredijilik bäsleşikleri, duşuşyklar, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.

Daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, medeniýet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde kesgitlenilen medeni-ynsanperwer ulgamy ösdürmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe bu toplumda hyzmatlary ýerine ýetirmegiň we önümleri öndürmegiň meýilnamasynyň 113,3 göterim berjaý edilmegine garaşylýar.

Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ösüş 104,4 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 133,1 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 139,3 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 109,3 göterime barabar bolar. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça degişli işler ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş çäreleriniň çäklerinde bütin dünýäde girizilen çäklendirmeler sebäpli, agentlikleriň maliýe taýdan üpjünçiligine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan şanly senäni mynasyp garşylamaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bu düzümiň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada maglumat berdi.

Hasabat döwründe maslahatlaryň 2-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 40-sy we Mejlisiň kararlarynyň 41-si kabul edildi. Hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik işi yzygiderli alnyp baryldy.

Häzirki wagtda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi amala aşyrylýar.

Halkara we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda, daşary ýurt döwletleriniň we parlamentleriniň wekilleri bilen duşuşyklaryň 92-si geçirildi.

Deputatlar ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge, milli mirasy, halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini, onuň medeni we maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamaga, özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilen işleri işjeň alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça Mejlisiň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Milli Liderimiz türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletiň hukuk we ykdysady esaslaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýän täze kanunlary işläp taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň deslapky jemleri barada hasabat berdi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, sebitleýin hem-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli işler amala aşyryldy.

Hasabat döwründe Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleri ýurdumyza sapar bilen geldiler.

Onlaýn tertibinde hormatly Prezidentimiziň Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XIV sammitine, BMG-niň durnukly ösüş meseleleri boýunça ýokary derejeli ählumumy forumyna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy. Bu forumlar sanly ulgam arkaly geçirildi.

Ýylyň geçen döwrüniň dowamynda milli Liderimiziň daşary ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet Baştutanlary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyza gelen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler yzygiderli guraldy.

Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şu ýyl ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň we beýleki degişli düzümleriň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan hemişe habarly bolmagyň zerurdygyny nygtady we wise-premýere, daşary işler ministrine ýüzlenip, şol ýagdaýlardan ugur alyp, dürli halkara çäreleri geçirmek, şol çärelere biziň ýurdumyzyň gatnaşmagy boýunça teklipleri bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň garaşylýan netijeleriniň koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsiri sebäpli emele gelen daşarky ýagdaýlara garamazdan, kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, Garaşsyz döwletimiziň ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini belledi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şol desgalaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we saglyk merkezlerini, mekdeplerdir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar. Ýurdumyzda bilim we ylym ulgamyny özgertmek, önümçiligi döwrebap ýagdaýa getirmek işleri hem kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär. Bazar ykdysadyýeti emele gelýär hem-de nebitgaz ýataklary özleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hususy işewürligi goldamak, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek baradaky syýasatyň dowam etdirilýändigini belledi.

Milli Liderimiz şu ýyl üçin öňde duran wezipeleriň Ministrler Kabinetiniň geçen ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasynda anyk kesgitlenendigini aýdyp, bu wezipeleriň köp işleriň amala aşyrylmagyny talap edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleri durmuşa geçirmek üçin yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidigine aýratyn ünsi çekdi. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky maksatnamalarymyza goşmaça itergi bermelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýylyň ahyryna çenli birnäçe möhüm çäreleriň, ýagny 1-nji sentýabrda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Sentýabr aýynda Milli Geňeşiň mejlisi geçiriler hem-de ýurdumyzyň baş baýramynyň, ýagny Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi, dekabr aýynda bolsa Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçiler. Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

02.07.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hökümet mejlisiniň gün tertibine girizilen meselelere geçip, milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny seljermek we kämilleşdirmek hem-de olary döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny düzümleýin üýtgetmek boýunça geçirilen özgertmeleri nazara alyp, kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky Döwlet toparynyň täze düzümini tassyklamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň düzümine üýtgetmeleri girizmek hakyndaky teklibi hödürledi. Bu çözgüt döwlet emlägini hususylaşdyrmak işini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady gatnaşyklary ugrukdyrýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk getirmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu işler geçirilende, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň düzgünleriniň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny belläp, onda umumy kabul edilen halkara kadalara eýerilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu meseleleri jikme-jik öwrenmegi, ony ugurdaş düzümler bilen ýene bir ýola maslahatlaşyp, işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gazhimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Dünýäde ygtybarly hyzmatdaş we öz borçlaryna jogapkärçilikli garaýan ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen ýurdumyzda ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz geçirijileriň gurluşygyny çaltlandyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen geçirilýän gepleşikler oňyn netijesini berýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de önümçilik düzümlerine täzeçil tehnologiýalary we dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişli bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, toplumda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň belli kompaniýalary bilen gepleşikleriň geçirilmelidigini, olaryň netijeleri boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny belledi we hödürlenen teklibi makullap, nebitgaz senagaty boýunça oňyn tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen bu ugur boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, gözegçilik edýän düzümlerinde ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýurdumyzyň häkimliklerine hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatly ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça Buýrugyň taslamasy hödürlenildi. Bölünip berlen ýerler häzirki zaman önümçilik desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, gurluşyk üçin çig mal serişdelerini gazyp almak hem-de oba hojalyk ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanylar. Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenilen teklipler Ýer meseleleri boýunça Döwlet toparynda seljerildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek hem-de bu ulgamda onuň netijeliliginiň ýokarlanmagyna, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberleriniň artmagyna, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine we ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalanmagyna gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz döwlet edaralaryna we kärhanalaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän Hökümet mejlisiniň dowamynda oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Ministr häzirki döwürde ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, tomus paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň aşa gyzmagyna garaşylýandygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Günüň aşa gyzmagynyň we yssy günlerde Günüň aşagynda gezmegiň adamlaryň saglygyna ýaramaz täsiriniň bardygyna ünsi çekip, howanyň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda yzygiderli berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli işleri talabalaýyk guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi zerur kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we beýleki resminamalary işläp taýýarlamak, olary degişli edara-kärhanalar bilen ylalaşmak we bellenen tertipde tassyklamak boýunça işleri alyp barýar. Gurluşykda nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, halkara bäsleşik yglan edildi hem-de ýeňiji kesgitlenildi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň ammiak selitra dökünini satyn almagy hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi. 2021-nji ýylda ýurdumyzda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, obasenagat toplumyny zerur mineral dökünleri bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşykda milli nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ulgamdaky işleriň ýagdaýyny seljermegi dowam etmegi tabşyryp, bu ugurda uly tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini zerur himiýa önümleri bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, dökünleri satyn almak baradaky teklibi makullady. Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleri döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek, işiň depginlerini yzygiderli artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar we düzümleýin desgalaryň gurluşygy dowam edýär. “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýly gatnaşmagynda döredilen “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Onda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň onlarça gämileri abatlanyldy. Zawodyň işgärleriniň tejribesi we hünär derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň doly kuwwatyna çykarylmagynyň Merkezi Aziýa we Hazar sebiti üçin örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Munuň özi yklymara ýük gatnawlarynyň logistik ulgamyny döretmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynyň işinde dünýäniň ösen tejribesini işjeň ulanmak, ýük we ýolagçy gatnawlaryny işjeňleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak babatda durmuşa geçirilýän çäreleri kämilleşdirmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi we Türkmenistanda öndürilen harytlaryň daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda tassyklanan “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda” kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini we bu ugurda öňde durýan çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Söwda-senagat edarasynda eksport edijileriň maslahatyny geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak, eksport amallaryny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek we eksport edijilere döwlet tarapyndan berilýän goldawy pugtalandyrmak meseleleriniň ähmiýetlidigini nygtady. Milli Liderimiz bu ugra degişli işleriň kämilleşdirilmegi, oňa dünýäniň ösen tejribesiniň we ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly harytlaryň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyny üpjün eder diýip belledi we hödürlenen teklibi makullap, maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna we çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň hem-de medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işini kämilleşdirmek, olaryň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetini düşündirmek hem-de ilaty sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, ýaşlary ahlak taýdan terbiýelemek boýunça işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda we dünýäde bu ulgamda gazanylanlary nazara almak bilen, medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtady we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekip, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu resminama Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Milli strategiýanyň esasy maksady we wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almakdan we olaryň garşysyna göreşmekden, ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden, raýatlaryň saglyk baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmakdan, näsaglary ýokary hilli derman hem-de beýleki lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Oňa laýyklykda, raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin deň mümkinçilikler we şertler dörediler, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänleriň sany artar. Bu bolsa zyýanly endikler sebäpli döreýän ýokanç däl keselleriň azalmagyna getirer, şeýle hem amaly lukmançylyga netijeli öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we dikeldiş çäreleriniň ornaşdyrylmagy netijesinde adam ömrüniň dowamlylygy ýokarlanar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugrudygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny, onuň esasy maksadynyň bolsa ynsan saglygyny goramakdan ybaratdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Kararyň hödürlenilen taslamasyna gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça işleri netijeli ýola goýmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa döwletleri, şol sanda Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlar bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli esasda hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, duşuşyklar we geňeşmeler, hususan-da, Türkmenistan —–Ýewropa Bileleşigi Bilelikdäki we Parlamentara komitetleriniň ugry boýunça duşuşyklar geçirilýär. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ileri tutulýan ugurlar boýunça teklipler taýýarlanyldy.

Ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak ulgamyndaky gatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 1-nji iýulynda Daşkent şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky ýokary derejeli syýasy we howpsuzlyk dialogynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Mundan başga-da, goňşy Owganystanda durnuklylygy gazanmak ulgamynda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm hasaplanylýar. Munuň özi sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň wajyp meseleleriniň biridir.

Şunuň bilen birlikde, energetika ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek maksadalaýyk hasaplanylýar. Şunda şu ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geçirilen maslahatlaşmalaryň jemleri boýunça beýan edilen teklipleri bellemek gerek. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini durmuşa geçirmek ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek üçin şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň, Energetika boýunça Ýewropa Komissarynyň edarasynyň we Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) arasynda üçtaraplaýyn dialogy geçirmek teklip edilýär.

Pes uglerodly we wodorod energetika ulgamlarynda tejribe alyşmak maksady bilen, Ýewropanyň “ýaşyl» ýörelgesi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň wodorod we metan strategiýalary boýunça ylmy-amaly maslahaty guramak teklip edilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen BMG-niň gazyp alýan senagat boýunça ýokary derejeli “tegelek stolunyň” başynda öňe süren başlangyçlaryna laýyklykda alnyp barylýan işlere uly itergi berer.

Kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň taslamalarynyň çäklerinde bilelikdäki degişli çäreler geçirilýär. Ýewropa döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribesini ulgamlaýyn öwrenmek we özleşdirmek maksady bilen, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde ýurdumyzda Ýewropanyň maglumat we sanly tehnologiýalar merkezini açmak mümkinçiliklerine seretmek teklip edilýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň söwda-maýa goýum ulgamynda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi işewürler geňeşini döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar. Ýewropa Bileleşiginiň mümkinçiliklerini ulanyp, Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meseleleri bilen bagly okuw maslahatlarynyň ulgamyny döretmek teklip edilýär.

Ulag we aragatnaşyk ulgamlary hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şundan ugur alyp, ulag boýunça Ýewropa Komissarynyň edarasy bilen ysnyşykly işi ýola goýmak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlanylmagy maksadalaýyk hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn esasda Ýewropa Bileleşigi hem-de oňa agza ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Dürli ulgamlarda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar hem-de maksatnamalar Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk köp ugurlary, şol sanda syýasy, durmuş-ykdysady we hukuk ugurlaryny, energetika, ulag, bilim we ylym, ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, oba hojalygy, hususy ulgam ýaly ugurlary öz içine alýar.

Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy göreşmek işinde tagallalary birleşdirmek Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa çäklerinde hem ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, hödürlenen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin işleri dowam etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garalandygyny hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini aýtdy. Milli Liderimiz ýene-de bir möhüm mesele barada durup geçdi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň beren hasabatyndan görnüşi ýaly, ýakyn günlerde howanyň çendenaşa gyzmagyna garaşylýar. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň agzalary, pudaklaryň we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de raýatlar Günüň örän gyzýan wagtlary onuň şöhlesinden goranmak üçin zerur çäreleri görmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz zerur bolmasa, günüň aşagynda gezmeli däldigini belledi we kiçi ýaşly çagalaryň Günüň aşagynda bolýan wagtyny çäklendirip, bu ýagdaýa berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady.

Ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň dogry we berk berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmek, şunuň bilen baglylykda, ähli ýerde elektrik enjamlaryny aýawly peýdalanmak wajypdyr. Şu kadalary dogry we berk berjaý etsek, biz Günüň aşa gyzmagyndan goranyp bileris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda Balkan welaýatyna boljak iş sapary, onuň dowamynda bu ýerde guraljak iri möçberli halkara çärelere taýýarlyk, ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň işini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, onuň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama we bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň senagat taýdan okgunly ösüşi, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Aýratyn-da, çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistanyň halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak, ulaglaryň ähli görnüşleriniň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda guramak we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sazlaşykly ösüşe gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeler syýasatyny, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, Balkan welaýatynda boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we welaýatyň sebit ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornuny pugtalandyrmak meseleleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, geljek hepdäniň başynda Balkan welaýatyna boljak iş saparynda sebitiň ulag-logistika ulgamyna degişli düzüminde alnyp barylýan işler bilen tanyşjakdygyny, bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine görülýän taýýarlyk işleriniň ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem Balkan welaýatynda başga-da halkara derejedäki birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi.

Munuň özi syýasy gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyry emele getirer. Bu durnukly ösüş, özara gatnaşyklaryň netijeli guralyny döretmek, Merkezi Aziýanyň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary üçin özüne çekiji sebit hökmünde dünýä gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň durmuşa ukyply guralyny kemala getirmek wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Meýilleşdirilen halkara çäreler hereketleriň öňe ilerledilmegi, bilelikde kabul edilýän çözgütleriň durmuşa geçirilmegi, halkara bileleşigiň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegi babatda aýratyn ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde wajypdyr. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik esaslaryna daýanýan sebitara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny esasy ugur edinýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa sebitinde işjeň hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hatarynda öz ornuny berkidýändigini, döwleti ösdürmegiň strategiýasynda birnäçe ugurlary, şol sanda ulag-logistika ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak wezipeleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň önümçilik düzümlerinde meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde ilatyň arasynda, aýratyn-da, sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda degişli düzümleriň işlerini kämilleşdirmek meseleleri gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görülýän günlerde alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk gelmelidir we halkymyzyň ruhunyň belende göterilmegini şertlendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şanly sene mynasybetli binalaryň we desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm talapdyr.

Milli Liderimiz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda adamyň ömrüni we saglygyny goramak, ilatyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek meseleleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nazara alyp, ýurdumyzda bu ugurda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi, halkymyzyň abadançylygy bilen baglanyşykly möhüm wezipeleri öz içine alýan iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň abadançylygy bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilendiginiň, milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” şygary baş ýörelge edinýän başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

28.07.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Ol öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Ilçi hemişelik Bitaraplyk derejesine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty alyp barýan we durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçy düzümine hoşniýetli sözlerini ýollap, diplomaty bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa bilelikdäki iş boýunça köpýyllyk tejribä hem-de dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklere daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda, ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda BAE bolan resmi saparynyň çäklerinde uzak möhletleýin esasda ýola goýlan türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ygtybarly binýadyň bardygy bellenildi.

Şu ýylyň iýun aýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň BAE bolan iş saparynyň çäklerinde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini üpjün etdi. Duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, şeýle hem Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň baş direktory bilen bolan duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny görkezýär. Şeýlelikde, BAE-de geçirilen gepleşikler taraplaryň strategik hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygyny ýene bir ýola tassyklaýar.

Balkan welaýatynda sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan täze Halkara howa menziliniň gurluşygyna girişilmegi BAE bilen gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu toplumyň gurluşygy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan degişli ylalaşygyň esasynda maliýeleşdirilýär. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň çäginde kuwwaty 10 megawat bolan döwrebap Gün-ýel elektrik bekediniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak üçin emirlikler tarapynyň maýa goýum serişdelerini çekmek meýilleşdirilýär.

Bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara alanyňda, energetika, ulag we aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, öňdebaryjy ylmyň gazananlaryny, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak ýaly möhüm ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň işine möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Dubaý şäherinde geçiriljek nobatdaky Bütindünýä “EKSPO” sergisine gatnaşjakdygy nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameli türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, özüniň netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy

 Описание: Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy

27-nji iýunda Türkmenistanda resmi saparda bolýan gyrgyz Lideri Sadyr Žaparow Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasyna bardy hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanşyp, Türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy.

Bu ýerde nebitgaz toplumynyň, senagat we gurluşyk önümçiligi, energetika, dokma senagaty, gurluşyk hem-de binagärlik, söwda hem-de daşary-ykdysady aragatnaşyklar pudaklarynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, onlarça hususy firmalaryň hem-de kompaniýalaryň ýokary hilli önümleri, dürli ugurlar boýunça hödürleýän hyzmatlary giňden görkezilýär. Şunda täze tehnologiýalara, innowasiýalara möhüm ähmiýet berildi. Munuň özi ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we eksport önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aňladýar.

Sergide ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň binýatlaýyn pudagy bolan nebitgaz senagatynyň, şol sanda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň bölümleri möhüm orun eýeleýär. Bu bölümler milli hem-de halkara möçberdäki iri energetika, halkara ulag geçelgeleriniň gurluşyklarynyň, häzirki zaman gazhimiýa toplumlarynyň taslamalary, nebit we gaz ýataklarynyň, gazylyp alynýan beýleki peýdaly serişdeleriň ýerasty känleriniň özleşdirilişi barada gürrüň berýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň bölümlerinde täzeçil usullar arkaly himiýa senagatynyň ösüşi, onuň ägirt uly tebigy serişdelere esaslanýan kuwwaty, ýokary tehnologiýaly düzümleriň ösüşi aýdyň görkezilýär. “Garabogazkarbamid” zawodynyň, Türkmenabadyň himiýa zawodynyň, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň, “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” kärhanalarynyň önümleri ýurdumyzyň içinde we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynyň eksport kuwwaty has-da artdy. Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan gaz turbinaly elektrik stansiýalary pudagyň düzüminiň üstüni ýetirdi. Marynyň döwlet elektrik stansiýasynda ýurdumyzda ilkinji garyşyk usulda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasy gurlup, ulanylmaga berildi.

Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawata barabar bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň, Ahal — Balkan — Daşoguz halkalaýyn energoulgamynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynda gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň gurulmagy ýurdumyzda elektrik energiýasynyň goşmaça möçberiniň öndürilmegini üpjün eder we daşary ýurtlara ugradylar.

Energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda guruljak, kuwwaty 10 megawat bolan ýel we Gün elektrik stansiýasynyň taslamasy munuň aýdyň mysalydyr.

Diýarymyzda aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleri işjeň ösdürilýär. Sanly ulgam, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Halkara hem-de sebitara deňiz, awtoulag, demir ýol we howa ugurlaryna çykmak arkaly howa hem-de ýerüsti ýollary baglanyşdyrýan gatnaşygyň köpugurly ulgamy döredilýär. “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölümleri bu ugurda amala aşyrylan taslamalar hem-de kesgitlenen meýilnamalar barada giňişleýin maglumat berýär.

Serginiň aýratyn bölümi maýa goýum-gurluşyk toplumyna bagyşlanýar. Soňky ýyllarda ulanylmaga berlen köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň anyk miwesidir. Onda ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň ykdysady kuwwaty aýdyň görünýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ýyl-ýyldan artýar, gurluşyk senagatynyň kuwwaty ýokarlanýar. Onuň kärhanalary sement, kerpiç, turba önümlerini, magdan däl, örtük hem-de bezeg serişdelerini, boýaglary we ýerli çig maldan taýýarlanýan beýleki gurluşyk serişdelerini öndürmekde işjeňlik görkezýärler.

Şu ýylyň maý aýynda düýbi tutulan “Aşgabat-siti” binagärlik toplumy özüniň göwrümi we binalaryň ýerleşdirilişi bilen belent mertebeli myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu iri ýaşaýyş jaý toplumy, taslama laýyklykda, ýakynda 140 ýyllyk şanly senesini bellän paýtagtymyzyň demirgazygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda peýda bolar.

Dokma senagaty ministrliginiň bölümleri täze enjamlar we ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik kuwwatlyklaryny görkezýär. Olarda nah pagtadan, ýüpekden, örme hem-de beýleki görnüşli matalardan taýýarlanan önümleriň köp görnüşleri görkezilýär. Aşgabadyň dokma toplumy hem-de Türkmenbaşy jins toplumy ýokary hilli, köp görnüşli hem-de ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan önümlerini görkezdiler.

Türkmen halylary milletiň bahasyz baýlygy bolup durýar. Köp asyrlaryň dowamynda halkymyz el halylaryny dokamagyň we olaryň çeperçiliginiň gizlin syrlaryny aýawly saklap, kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiripdir. Halkymyzyň milli buýsanjy bolan halylar dünýä ýüzünde çeperçilik ähmiýetini ýitirmän, halkara derejede uly abraýa eýe bolýar. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň bölümi hut şu gadymy sungata bagyşlanýar. Onda ussat halyçylaryň elinden çykan ajaýyp halylar, ykjam zenan torbalary, dürli mazmunly özboluşly şekiller ýerleşdirilen halylar, milli bezeg aýratynlykly sowgatlyklar hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sergide köp sanly hususy kärhanalaryň öndüren harytlaryny görkezdi. Olaryň hatarynda oba hojalygyna, azyk senagatyna degişli önümler bar. Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumlarynyň we senagat kärhanalarynyň şekilleri görkezilýär.

Aýratyn-da, hususyýetçileriň öndürýän demir önümleri, gipsleri, polietilen we polipropilen önümleri, zyýansyzlandyryjylary, himiki serişdeleri, aýakgaplary hem-de deriden taýýarlanan beýleki önümleri, awtoulaglaryň ýag süzgüçleri, hojalyk tehnikalary, et we süýt önümleriniň, çörek hem-de çörek önümleriniň, süýji-kökeleriň köp görnüşleri, guşçulyk pudagyna degişli önümleri, ýyladyşhanalarda ýetişdirilen önümler, miwe suwlary we beýleki içgiler, gök önümleriň, miweleriň gaýtadan işlenen görnüşleri sergide möhüm orun eýeleýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we onuň bilen bile gelen wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşlygyny tamamlanlaryndan soňra, Türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, iki ýurduň işewürler toparlarynyň söwda-ykdysady ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleriniň subutnamasy bolan şu günki çäräni guraýandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi.

Belent mertebeli myhman Gyrgyz Respublikasynyň dostlukly Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga täze itergi bermegiň möhümdigini belledi.

Prezident Sadyr Žaparow biziň ýurtlarymyzyň işewürler toparlarynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, tejribe alyşmagyň hem-de nebithimiýa, gaz senagatynda, elektroenergetika pudagynda iş alyp barýan hem-de özleriniň diňe bir ýurduň içinde däl-de, dünýä giňişliginde hem üstünlikli işlemäge ukyplydygyny görkezen Türkmenistanyň kärhanalaryny Gyrgyzystanyň bazaryna işjeň çekmegiň ähmiýetini belledi. Dokma senagaty, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, syýahatçylyk, gaýtadan işleýän pudaklar, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Belent mertebeli myhman ulag-üstaşyr toplumyny ileri tutulýan ulgamlaryň hatarynda kesgitläp, şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki gyrgyz-türkmen logistika kompaniýasynyň döredilmeginiň giň mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady, bu kompaniýa gyrgyz we türkmen harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmaga ýardam berer. Gyrgyzystanyň Prezidenti türkmen işewürlerini işjeň hyzmatdaşlyga hem-de iri maýa goýum taslamalaryny bilelikde amala aşyrmaga çagyryp, hemmelere üstünlik we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra foruma gatnaşyjylar çykyş edip, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar we ony durmuşa geçirmek boýunça teklipleri beýan etdiler.

Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdiler, dünýäniň beýleki döwletleri, iri halkara maliýe edaralary we öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr.

Sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir, bu dostlukly ýurduň halky bilen türkmen halkyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy ýörelgeleriň umumylygy birleşdirýär.

Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmekde, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Döwlet maksatnamasyna hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we onuň dünýä energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilendigi bellenildi. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlarynyň gerimini giňeltmek ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm bölegidir. Bu ugurda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy has möhüm ähmiýetli taslamalaryň biridir.

Şonuň bilen birlikde, tebigy gazyň düýpli gaýtadan işlenilmegine aýratyn üns çekilip, soňky ýyllarda birnäçe iň häzirki zaman gazhimiýa toplumlary ulanylmaga berildi, şolaryň hatarynda Gyýanlynyň polimer zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan EСO-93 kysymly sintetik, ekologiýa taýdan arassa benziniň senagat möçberinde önümçiligi boýunça dünýäde ilkinji zawody görkezmek bolar. Ýakyn wagtda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary goşulan bahaly önümleri öndürýän şeýle kärhanalaryň ýene birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär.

Işewürlik duşuşygyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýetilen sepgitler, uglewodorod känlerini özleşdirmek, gazyp almak, gaýtadan işlemek hem-de nebiti we tebigy gazy ibermek bilen meşgullanýan toplumyň esasy düzüm bölekleri hem-de kärhanalary barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Gyrgyz Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekillerine Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän önümleri satyn almak mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy pudaklarynda, elektroenergetika toplumynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň dürli sebitlerinde gysga wagtyň dowamynda kuwwatly elektrik beketleriniň hem-de täze elektrik geçiriji ulgamlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde pudagyň birnäçe esse artan kuwwaty ýurdumyzda gurulýan iri senagat toplumlaryny hem-de köp sanly durmuş desgalaryny diňe bir durnukly üpjün etmäge däl-de, elektrik energiýasyny Özbegistan, Owganystan, Eýran ýaly goňşy döwletlere ibermäge hem mümkinçilik berýär.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen forumyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi, şolaryň dowamynda täze işewürlik gatnaşyklary ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de geljekki meýilnamalar anyklaşdyryldy.

Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň agzalarynyň arasynda onlaýn görnüşinde ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekildi. Gazanylan ylalaşyklar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny döredip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.

Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

25.07.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýyna we geljegine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Ýapon-türkmen dostlugy parlament ligasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Taraplar gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagy ugur edinýän düzümiň işiniň möhümdigini belläp, kanun çykaryjylyk ulgamynda özara bähbitli tejribe alyşmagyň hem-de ýokary derejede gazanylýan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmäge hyzmat edýän gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini nygtadylar. Anyk teklipler we degişli şertnamalaýyn-hukuk binýady bilen yzygiderli berkidilýän türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljekde hem uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Saparyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon hem-de ýapon-türkmen komitetleriniň başlyklarynyň — wise-premýer S.Berdimuhamedowyň hem-de “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Subaiň duşuşygy boldy. Duşuşyga Ýaponiýanyň iri, dünýä belli “Mitsubishi Corporation”, “Sumitomo Corporation”, “Sojitz Corporation”, “Marubeni Corporation”, “Komatsu Ltd”, “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Munuň özi dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalarynyň ýokarydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda işleýän hem-de ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, ähli babatda halkara ölçeglere kybap gelýän önümleri öndürmegi ugur edinýän önümçilikleri kemala getirmäge tarap alan ugruny nazara almak bilen giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle-de ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýaponiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň, şol sanda ýurduň senagatlaşdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Taraplaryň tagallalary netijesinde, soňky ýyllarda bilelikde üstünlikli amala aşyrylan birnäçe taslamalar uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary netijeliligini görkezýär. Şolaryň hatarynda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda gurlan iri senagat desgalary — Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawod, Garabogazdaky karbamid dökünlerini öndürýän zawod, Gyýanly şäherçesindäki polimer gazhimiýa toplumy, ekologiýa taýdan arassa sintetik ýangyç öndürýän ilkinji kärhana — Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod bar. Lebap welaýatynda döwrebap gazturbinaly elektrik bekedini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Munuň özi türkmen Lideriniň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň netijesinde, özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär.

Duşuşygyň dowamynda ýapon tarapynyň Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygyna gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Nebitgaz pudagy, elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk, suw hojalygy, dokma hem-de himiýa senagaty, sport, syýahatçylyk, obasenagat toplumy we beýlekiler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda döwrebap senagat-tehnologiýa düzümini kemala getirmegiň geljegine aýratyn üns berildi. Bu geljekde ýurtlaryň ikisi tarapyndan Orta we Ýakyn Gündogar, Hazar, Gara hem-de Ortaýer deňizleriniň sebitleri bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ulanylyp bilner.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon hem-de ýapon-türkmen komitetleriniň işine üns berildi. Bu gazanylan ylalaşyklary ilerletmegiň hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň täsirli guralydyr. Soňky döwürde bilelikdäki işler ep-esli giňeldildi, onuň anyk ugurlary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparlarynyň barşynda kesgitlenildi. Wise-premýer ýapon kärdeşleri bilen yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn wideoduşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň çäklerinde, hyzmatdaşlygyň gyzyklanma döredýän ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýar.

Tokioda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn wajyp resminamalaryň üçüsine gol çekildi, hususan-da, olar ulag ulgamy, suw hojalygy ulgamynda täzeçil usullary, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, awtomobil we demir ýol ulaglary düzümleri üçin zerur tehnikalary ibermek meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendir. Resminamalara gol çekilmegi geçirilýän işleriň netijelidigini nobatdaky gezek tassyklady.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Tokioda saparda bolmagynyň çäklerinde Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň ösüşi we strategik häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi. Şeýle hem taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge tarap alan ugry dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi şertlendirýär.

Ýapon tarapy möhüm ugurlarda, şol sanda nebitgaz, ulag-kommunikasiýa hem-de logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça täze tekliplerini aýdyp, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryna öz garaýyşlaryny beýan etdi. Bu ugurlarda tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasaplanylýar.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmegiň uly geljeginiň bardygyny belläp, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek maksady bilen, dürli derejedäki gatnaşyklary geljekde hem goldamagyň möhümdigini aýtdylar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň, hususan-da, “Infrastruktura babatda hyzmatdaşlyk boýunça ýol kartasynda” beýan edilen ylalaşyklara laýyklykda ösdürmegiň barşyny seljerdiler. Şeýle hem ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň barşyna seredildi, energetika we senagat pudagynda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak babatda Ýaponiýanyň tejribesini özleşdirmäge gyzyklanmasyny nazara almak bilen, “ýaşyl energetika” ugrunda hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.

Şonuň ýaly-da, Tokioda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşygy boldy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ýaponiýanyň Imperatoryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny hem-de XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli gutlaglaryny, şeýle hem ýapon halkyna bagt, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Imperator Naruhito, öz nobatynda, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysyna mähirli salam üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine we ähli türkmen halkyna parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

S.Berdimuhamedow türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň netijeli, sazlaşykly hem-de däbe öwrülen dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyny belledi. Dostlukly ýurt bilen gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde — abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şeýle hem “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gatnaşyklaryň täze nusgasyny dikeltmek arkaly netijeli hyzmatdaşlyk ýoluna ygrarlylyk görkezýändiklerini nygtadylar. Şol hyzmatdaşlyk ykdysady bähbitlere, döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna esaslanandyr.

Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň halklaryny ýakynlaşdyrmagyň, olaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň uly orny bellenildi.

Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow anyk teklipler hem-de degişli şertnamalaýyn-hukuk binýady bilen yzygiderli berkidilýän türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljekde hem uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýoşihide Suga bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy duşuşygyň barşynda milli Liderimiziň dostlukly ýurduň Premýer-ministrine iberen salamyny hem-de oňa we Ýaponiýanyň halkyna XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýoşihide Suga bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Şu gezekki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Taraplar “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýetiniň ähmiýetlidigini belläp, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm guralynyň işlenip taýýarlanylmagynyň wajypdygyny nygtadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet hem-de hususy düzümleriniň wekilleriniň yzygiderli gatnaşyklaryny ýola goýmagyň möhümdigi barada aýdyp, gaz, himiýa, ulag, oba hojalygy pudaklarynda başlanylan işleri üstünlikli dowam etdirmegiň esasy ýollaryny kesgitlediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýokary derejede gazanylan möhüm ylalaşyklar, bu ugurlarda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň, ykdysady babatda bolşy ýaly, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmeginde hem aýratyn orny eýeleýändigi nygtaldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi, ol milli gymmatlyklary, köpasyrlyk baý däp-dessurlary açyp görkezmekde we halk köpçüligini olar bilen tanyşdyrmakda möhüm hasaplanylýar. Bu ulgamda tejribe alyşmak hyzmatdaşlygyň täze ugurlar arkaly baýlaşdyrylmagyny üpjün eder.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetleriň hem-de iki ýurduň parlamentara toparlarynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer S.Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministrini we bu ýurduň wekilçilikli toparyny Türkmenistana gelmäge hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli kuwwaty 432 MWt gazturbinaly elektrik bekediniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu desga dostlukly ýurduň “Sumitomo Corporation” kompaniýasy tarapyndan Lebap welaýatynda gurulýar. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Şeýlelikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary örän netijeli boldy. Ýaponiýa sapar mahalynda geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy, olara strategik, durnukly we uzak möhletleýin häsiýet mahsusdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça başlanylan Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň tassyklanmasy boldy.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabara Tokio şäheriniň Olimpiýa stadionynda türgenleriň ýörişi bilen açyldy, onuň barşynda oýunlara gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň baýdaklaryny buýsanç bilen belende galdyryp geçdiler. Dünýäniň güýçli türgenleriniň hatarynda Watanymyzyň Tugy astynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary hem geçdiler, onuň düzüminde sportuň dört görnüşinde çykyş edýän türgenleriň dokuzysy bar.

Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň iň güýçli türgenleri Hojamuhammet Toýçyýew, Öwez Öwezow, Rejepbaý Rejebow, Polina Gurýewa, Kristina Şermetowa, Merdan Ataýew, Darýa Semýonowa, Gülbadam Babamuradowa we Mergen Mämmedow gatnaşýarlar. Öz işine ussat sport hünärmenleri we tälimçiler türgenleriň ýanlarynda bolýarlar. Olaryň hatarynda suwda ýüzmek boýunça ýygyndy toparlaryň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi S.Ýepifanow, ýeňil atletika boýunça sport ussady H.Rahmanow, dzýudo boýunça tälimçi Ç.Geldibaýewa, agyr atletika boýunça ýurdumyzyň at gazanan tälimçileri I.Matkarimow, milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi A.Emirýan, şeýle hem halkara derejeli sport ussady, Olimpiýa oýunlaryna dört gezek gatnaşan U.Bazarbaýew bar.

Watandaşlarymyzyň dünýäniň iri ýaryşlaryna gatnaşmagy hem-de gazanýan üstünlikleri, ýurdumyzyň halkara sport giňişliginde ýylsaýyn artýan abraýy köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de Olimpiýa hereketini ösdürmäge aýratyn üns berýän milli Liderimiziň hemişelik aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil başlangyçlarynyň netijesinde, giň gerimli taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirilýär, eziz Diýarymyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek üçin halkara ölçeglere kybap gelýän ähli şertler döredildi, dünýä derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, aýratyn-da, “Türkmenistan —parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň sport ulgamynyň taryhyna täze sahypalar ýazylýar. Bu ajaýyp zamanada ykballaryny sporta baglan ýaşlarymyz sebit we halkara derejeli ýaryşlarda ata Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorap, watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň we hakyky ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler.

Ýurdumyzyň türgenleriniň dünýäniň iri ýaryşlaryna gatnaşmagy köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegini esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini aňladýar.

Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýada geçirilýän nobatdaky tomusky Olimpiýa oýunlary iki hepdeden gowrak dowam eder. Şu döwürde sportuň 33 görnüşi boýunça medallaryň 339 toplumy ugrunda bäsleşikler guralar. Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň karate, daga dyrmaşmak, sýorfing, skeýtbording ýaly täze görnüşleri hem-de birnäçe wagtlyk arakesmeden soň, sprortuň beýsbol we softbol görnüşleri gaýtadan girizildi. Mundan başga-da, onuň maksatnamasyna suwda ýüzmekde we ýeňil atletikada garyşyk estafetalar goşuldy. Şeýlelikde, sportuň täze görnüşleri oýunlaryň medallarynyň sanyny artdyrdy. Bu bolsa Tokioda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň medallarynyň mundan 5 ýyl ozalky ýaryşlaryňkydan 33 medalyň köp boljakdygyny aňladýar.

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, ýokary hünärli türgenleri, tälimçileri we bu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen türgenleri ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän abraýly sport ýaryşlaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler hem-de ýokary netijeleri gazanýarlar.

Türkmen tälimçileri daşary ýurtly kärdeşleri bilen yzygiderli tejribe alyşmak arkaly, sportuň dürli ugurlary boýunça bilim we ussatlyk derejelerini yzygiderli artdyrýarlar. Şeýlelikde, türkmen türgenleriniň dünýäniň sport giňişliginde Watanymyza mynasyp wekilçilik edip, ýokary netijelere eýe bolmagy üçin ähli zerur tagallalar edilýär.

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25.06.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamak hem-de kiçi we orta telekeçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, ugurdaş, abraýly düzümlerden bähbitli şertlerde karz serişdelerini çekmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň dürli döwletleri hem-de dürli ulgamlarda uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri, abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýandygyny belledi.

Biziň ykdysady we söwda hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzyň gerimi yzygiderli giňeýär, gatnaşyklar täze depgine eýe bolýar, dürli derejelerde aragatnaşyklar işjeňleşýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, geljegi nazarda tutup, gatnaşyklaryň anyk ugurlaryna uly üns berilmelidir, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak we ony has doly durmuşa geçirmek boýunça oýlanyşykly çäreler görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklibi degişli düzümler bilen bilelikde öwrenmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz hususy ulgamyň işini kämilleşdirmegiň önümçiligi döwrebaplaşdyrmagy hem-de depginli ösdürmegi, kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň täzeçil işlemegini, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagyny hem-de eksport ugurly köptaraply önümçilikleriň döredilmegini nazarlaýandygyny belledi. Soňky ýyllarda hususy kärhanalar özleri üçin bazaryň täze ugurlaryny, şol sanda daşary ýurtlarda täze ugurlary ynamly özleşdirýärler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen telekeçileriniň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, wise-premýere bu ugurda degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň gözlegine gönükdirilen işleri geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzir “gara altyny” çykarmak işleri, esasan, günbatar Türkmenistanyň Hazarýaka zolagynda alnyp barylýar. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli nebit gözleg-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin halkara bäsleşik geçirildi. Onuň netijeleri boýunça ýeňiji saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny hem-de gaýtadan işlenilişini artdyrmagyň, ýurdumyzda we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmagyň hem-de görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze, geljegi uly ýataklary gözläp tapmagyň hasabyna nebitgaz senagatynyň çig mal binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagyň möhüm wezipedigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda Hazarýaka zolakda geologiýa-gözleg, geofizika barlaglaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu barlaglaryň täze sanly tehnologiýalary, döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly ýerine ýetirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak we döwlet ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu resminamanyň ýurdumyzyň milli we tebigy howa aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaý gaznasyny döwlet tarapyndan hasaba almak, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak hem-de Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanylandygy bellenildi.

Maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, 2021 — 2025-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallaryny, çöl ösümliklerini hem-de tokaý zolaklaryny döretmegiň meýilnamasyny kesgitlemek meýilleşdirilýär. Tokaý zolagy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň tebigy ekoulgamlaryny we toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, tokaý hojalyklarynda hem-de döwlet tebigy goraghanalarynda ýerleşdiriljek bag nahallarynyň görnüşlerini we möçberlerini, Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyklykda taýýarlanyljak kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly ylmy-barlag işlerini hem-de guramaçylyk çärelerini tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, BMG-niň kabul eden 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň wajyp ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde Türkmenistanda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Milli tokaý maksatnamasyna möhüm orun degişlidir. Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ähli ilaty işjeň gatnaşýar. Ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine badalga berýän ählihalk bag ekmek çäreleri asylly däbe öwrüldi.

Häzir ýurdumyzyň dürli künjekleriniň giň çäklerinde bu köpýyllyk işiň netijeleri aýdyň görünýär. Diýarymyzda tokaýlaryň, baglaryň, seýilgähleriň we seýilbaglaryň köp sanlysy döredildi. Täze tokaý zolaklary her bir şäheriň, ilatly ýeriň töwereginde peýda bolýar. Köpetdagyň etegi, Aşgabadyň daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülýär.

Giň gerimli bag ekmek işleri Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek babatda umumydünýä işine goşýan saldamly goşandydyr. Her bir şäheriň we obanyň töwereginde tokaý zolaklary peýda bolup, olar amatly howa ýagdaýyny döredýärler.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu maksatnamany durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenistanda agyz suw üpjünçiligi we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň düzgünlerini işläp taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ilaty arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek hem-de suw serişdelerini gorap saklamak we ondan netijeli peýdalanmak maksady bilen, “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Şunda goýberilen agyz suwunyň we lagym suwlarynyň mukdaryny hasaba almak göz öňünde tutulýar. Agyz suwy bilen üpjün edijiniň we agyz suwuny sarp edijiniň borçlary, hukuklary hem-de jogapkärçiligi düzgünleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek hem-de suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak meseleleriniň örän wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz sebitimiziň tebigy-howa şertleriniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, suw üpjünçiligi boýunça maksadalaýyk işleri geçirmegiň, suw serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemegiň hem-de bu ugurda barlag işlerini has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda internet ulanyjylaryň sany barha artýar. Şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, telekeçilikde we bilim ulgamynda internet ulgamyndan işjeň peýdalanylýar.

Internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy üçin 2021-nji ýylyň fewralynda täze nyrhnamalar tassyklanyldy. Şoňa laýyklykda, olaryň tölegi 50 göterime çenli arzanladyldy. Häzirki wagtda ulanyjylaryň ýokary tizlikli internete islegleriniň artýandygy bilen baglylykda, internet ulgamynyň göwrümini giňeltmek zerur bolup durýar.

Şuny nazara almak bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirildi.

Bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň geçirilmegi internet hyzmatlarynyň bahalarynyň arzanladylmagyna, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap maglumat ulgamlaryny döretmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu gün ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, munuň pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi sanly ulgamy ösdürmek we intellektual ulgamlaryň işlemegini üpjün etmek boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz kommunikasiýa toplumyny sanly ulgama öwürmek meseleleriniň üstünde durup geçip, ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda köp ugurlary öz içine alýan kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, internete giň gerimli elýeterlilik bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşini artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirmäge girişilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döredilen şertlerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, degişli işleri maksadalaýyk amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek döredijilik çäreleriniň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi. Çäreleriň maksatnamasy şanly senelere bagyşlanan duşuşyklary, bäsleşikleri, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, onlaýn maslahatlaryny hem-de wagyz ediş çäreleri öz içine alýar.

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar üçin dürli sport ýaryşlaryny hem-de bäsleşikleri, milli oýunlary we ösüp gelýän nesli sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek boýunça çäreleri guramak meýilleşdirilýär.

Iýul aýynyň üçünji ongünlüginde Gurban baýramy mynasybetli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni çäreler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iýul aýynda meýilleşdirilen medeni çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şol çäreler halkymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyny açyp görkezmelidir, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam etmelidir.

Milli Liderimiz öňümizdäki çäreleri we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşy bilen bagly dabaralary geçirmek hem-de adamlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek boýunça düşündiriş işlerini işjeňleşdirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara jogapkär edilip bellenen orunbasarlaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň her welaýatynda köpugurly ajaýyp binalar bolan «Türkmeniň ak öýleriniň» gurluşygynyň tamamlanýandygyny belledi. Bu desgalar däp bolan halk medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek, jemgyýetçilik isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir diýip, milli Liderimiz nygtady. Çeper höwesjeňler döredijiligini, beýleki höwesjeň döredijilik başlangyçlaryny we ilatyň durmuş işjeňligini goldamakda, raýatlaryň boş wagtyny we dynç almagyny guramakda ak öýleriň ähmiýeti uludyr.

Şoňa görä-de, şol ýerlerde ilkinji günlerden drama, sazly opera, balet, sirk, estrada we gurjak toparlaryny döretmek boýunça işleri geçirmek zerurdyr, şeýle hem teatrlaryň, aýdym-saz toparlarynyň, şekillendiriş we amaly sungat studiýalarynyň, beýleki halk hem-de tehniki döredijilik toparlarynyň işini ýola goýmak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz «Türkmeniň ak öýleriniň» welaýatlaryň medeniýet merkezlerine öwrülmelidigini nygtap, wise-premýere ýurdumyzda iň gowy «Türkmeniň ak öýüni» kesgitlemek boýunça bäsleşigi geçirmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, raýatlarymyza edilýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek, lukmançylyk ylmynyň täze gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrmak boýunça işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Bu strategiýanyň esasy maksady we wezipeleri ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olaryň garşysyna göreşmegiň ileri tutulmagyny gazanmakdan, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakdan we adamlaryň saglyk babatda sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan hem-de näsaglary ýokary hilli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Milli strategiýanyň amala aşyrylmagy netijesinde, ilatymyzyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmekleri babatda düşünjeleri artdyrylar hem-de olaryň saglygy has-da berkidiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adamlaryň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda bu syýasatyň many-mazmuny kesgitlenilýär.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ony dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak, ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça işler netijeli alnyp barylmalydyr.

Milli Liderimiz bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we olara garşy netijeli göreşmäge, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de zyýanly endiklerden el çekmäge gönükdirilmelidigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy we energetika ministri Ç.Purçekowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň 27-28-nji iýunda ýurdumyza boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, 1992-nji ýylyň oktýabrynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi.

Häzir däp bolan dostlukly, ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 60-syny özünde jemleýär.

Türkmenistan hem-de Gyrgyz Respublikasy abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem işjeň hereket edip, birek-birege özara goldaw berýärler.

Öňde boljak saparyň maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Şol saparyň dowamynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Soňra Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen tarapyndan başlygy, energetika ministri Ç.Purçekow Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saparyna hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ýörelgesiniň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu ýurduň halky bilen türkmen halkyny öňden gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de medeni we ruhy däpleriň taryhy taýdan kemala gelen umumylygy birleşdirýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny, muňa özara haryt dolanyşygynyň oňyn depgininiň hem aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň möhümdigini nygtap, hödürlenen maksatnama käbir düzedişleri girizdi we wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna hem-de hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen tarapyndan başlygyna, energetika ministrine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowy we Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebowy çagyrdy.

Wise-premýer türkmen-gyrgyz ykdysady forumyny hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Sergide nebitgaz pudagynda, energetikada, himiýa senagatynda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, oba we suw hojalygynda, senagat we gurluşyk serişdeleri pudagynda gazanylan üstünlikler we eksport mümkinçilikleri, şeýle hem hususy kärhanalaryň ýeten sepgitleri görkeziler.

Türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna ýurdumyzyň hem-de Gyrgyzystanyň ykdysadyýet we maliýe, energetika hem-de senagat pudaklarynyň, ulag we kommunikasiýa toplumynyň, saglygy goraýyş, medeniýet, sport hem-de ýaşlar syýasaty, telekeçilik ulgamlarynyň wekilleri gatnaşar.

Forumyň gün tertibinde söwda-ykdysady ulgamda, logistikada, maýa goýmakda eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri bar.

Şeýle hem ikitaraplaýyn duşuşyklar we işewür gepleşikler guralar, şolaryň netijeleri boýunça degişli resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Soňra Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow ýurdumyzda geçirilýän sergileriň, maslahatlaryň we işewür duşuşyklaryň, hususan-da, Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň hem-de türkmen-gyrgyz ykdysady maslahatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, türkmen-gyrgyz gatnaşyklary we bilelikdäki ykdysady forumy guramak meselesine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gazanylan ylalaşyklary hem-de ykdysady we işewür gatnaşyklary giňeltmegiň netijeli guraly boljak özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça türkmen tarapynyň başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz işewür toparlaryň ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagynyň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň we bilelikdäki ykdysady forumyň ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän ornunyň möhümdigi barada aýdyp, yzygiderli işewür duşuşyklaryň ähmiýetini belledi, şolaryň barşynda oňyn, ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin şertleriň döredilmegine umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamany makullap, wise-premýere hem-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

23.07.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň «Gadymy Merw», «Köneürgenç» we «Gadymy Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Şu ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny girizmek boýunça degişli işler dowam etdirildi. Hususan-da, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde «Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamalar doly taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň sekretariatyna tabşyryldy. Bu hödürnamalar boýunça çözgütleriň 2022-nji ýylda kabul edilmegine garaşylýar.

Milli hödürnamalar barada aýdylanda, ÝUNESKO-nyň «Şäherleriň döredijilik toruna» Aşgabat şäherini girizmek boýunça resminamalaryň doly taýýarlanylandygyny hem-de bu guramanyň sekretariatyna tabşyrylandygyny bellemek gerek. Bu babatda gutarnykly çözgüdiň şu ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilmegine garaşylýar.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama boýunça resminamalaryň toplumy hem dolulygyna bu gurama tabşyryldy. Bu bölüm boýunça netijäniň şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maddy däl gymmatlyklar boýunça komitetiň çäginde kabul edilmegine garaşylýar.

Milli Liderimiziň resmi çykyşlaryndan we syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn ösdürmek üçin, şol sanda Türkmenistanyň hödürnamalaryny ilerletmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy. Olar, hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň aram guşaklykdaky çölleriniň goraghanalaryny öz içine alýan «Aram guşaklygyň Turan çölleri» atly transmilli hödürnamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu hödürnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň üç sany, ýagny Repetek biosfera, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde, Köýtendag ekoulgamyny hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça resminamalar taýýarlanylýar. Olary baýlaşdyrmak, ylmy-barlag maglumat bilen üpjünçiligini artdyrmak we bu ugurda halkara tejribäni çekmek maksady bilen, ABŞ-nyň Uly landşaftlary goramak merkezi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Beýan edilen teklipleri nazara almak bilen, özara düşünişmek barada Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekoulgamlar hem-de tebigy baýlyklary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek meselelerinde ösdürmek maksady bilen, bu guramanyň «Adam we biosfera» atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Onuň düzgünlerine laýyklykda, ÝUNESKO-nyň agza ýurtlarynda ugurdaş milli komitetler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Biziň ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Şunda ÝUNESKO bilen däbe öwrülen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär, olaryň hatarynda üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar bar. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda BMG-niň bu iri düzümi bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi.

Ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk hem-de taryhy-binagärlik ýadygärlikleri we ekologiýany gorap saklamak ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzyň innowasion ösüşe, sanly ulgama geçmäge, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga tarap ugur almagy bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy giňeltmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak babatda amatly mümkinçilikler açylýar. Dünýä ýüzünde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek boýunça görülýän çärelere hem aýratyn üns berilýär.

Milli Liderimiz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň, degişli ugurda yzygiderli işleri geçirmegiň, Türkmenistanyň öňe süren netijeli başlangyçlaryny ilerletmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek boýunça ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynyň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen baglanyşykly täze kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Mejlisiň wekilleri halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen çärelere, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Howanyň üýtgemeginiň töwekgelçiliklerini Türkmenistandaky meýilleşdiriş çärelerine ornaşdyrmak” atly taslamasynyň çäklerinde geçirilen iş duşuşygyna hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilim boýunça milli konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça geçiren okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Mejlisiň deputatlary döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, täze kanunlaryň many-mazmunyny halkymyzyň arasynda giňden wagyz etmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerini hem-de halkara hukuk kadalaryny we ölçeglerini nazara almak bilen, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkitmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen özara gatnaşyklaryň, birnäçe bilelikdäki möhüm taslamalar boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge, jemgyýetde ýokary ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamaga gönükdirilen işlere ünsi çekdi we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, halkymyzyň milli medeni mirasyny, belent ynsanperwer däp-dessurlaryny, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we giňden wagyz etmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde durmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýaşlary ata Watanymyzyň azatlygy, rowaçlygy barada arzuw eden hem-de, ozaly bilen, mähriban ojagynyň mukaddesligini we şahsyýetiň mertebesini ileri tutan ata-babalarymyzyň mysalynda terbiýelemelidiris diýip, bu wajyp meselä degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli awgust aýynda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda guraljak dürli derejedäki forumlarda göz öňünde tutulan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň ähmiýetini nygtady. Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň aýdyň nyşany bolan bu desgalar Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ulanylmaga beriljek täze binalaryň we desgalaryň halkymyz üçin hakyky toý sowgadyna öwrüljekdigini belläp, olaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede guramak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen bölegini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda gol çekilen resminama laýyklykda, häzirki wagtda suwdan iki döwletiň arasynda bilelikde peýdalanmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Suw hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, serhetüsti derýalaryň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we iki döwletiň serhetýaka çäklerinde ýerleşýän suw hojalyk desgalarynyň işini üpjün etmek maksady bilen, Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparyny döretmek bellenildi.

Iki döwletiň arasynda serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmakda, peýdalanmakda we goramakda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermek, bu ugurda ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, iki döwletiň Suw hojalyk meselelerine dahylly ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we guramalarynyň işini utgaşdyrmak hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada bilelikdäki toparyň wezipeleri kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, suwdan rejeli peýdalanmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Munuň özi bolsa Merkezi Aziýada ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Ýurdumyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş etmek bilen, serhetüsti suw serişdelerini ulanmagyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmegiň, birek-birege hormat goýmagyň hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda amala aşyrylmalydygyndan ugur alýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, biziň dostlukly ýurtlarymyzyň suw ulgamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesine eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň meseleleri hakyndaky Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan şol resminamalar nebitgaz toplumynyň edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bölümleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine mynasyp goşandyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň meseleleri hakyndaky Kararlara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumyny innowasion taýdan ösdürmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamagyň hem-de olary durmuşa geçirmegiň pudakda döredilýän täze düzümleriň işiniň esasy ugurlaryna öwrülmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda gysga möhletli okuwlary guramak barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 8-nji fewralynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Milli Geňeşiň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin gysga möhletli okuwlary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet gullukçylarynyň etikasyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Olar türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şol sanda birek-birege hormat goýmak däplerine eýerip, özüňi alyp barmagyň ähli kadalaryny berk berjaý etmelidirler.

Milli Liderimiz her bir gullukçynyň watansöýüjilik, halallyk, işe jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly häsiýetleri özünde jemlemek bilen, nusgalyk görelde bolmalydygyny belledi we bu ugurdaky işleri gowulandyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Senagaty ösdürmek boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak, importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan hereket edýän önümçilikleriň düzümini kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan gurluşyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny, faýans önümlerini öndürýän zawody gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar, bu önümçiliklerde esasy çig mal bolup, kaolin önümi giňden ulanylýar.

Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň taslama kuwwatyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna ady agzalan önümhananyň durkuny täzelemek hem-de bilelikdäki açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Şol kärhananyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi hem-de durkunyň täzelenilmegi onuň kuwwatyny artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän çig mal üçin harç edilýän serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sarp edijileri zerur import önümleriniň ornuny tutýan harytlar bilen doly üpjün etmäge ukyply, kuwwatly gurluşyk senagatyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islege eýe bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we «Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende kagyz galyndylaryna hem-de taýýar çap edilýän önümlere gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň hususy ulgama goldaw bermeginiň netijesinde, ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň geriminiň giňelýändigini aýtdy.

Önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny çig mal bilen üpjün etmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlary özümizde öndürmek maksady bilen, degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özümizde öndürilýän harytlaryň hasabyna içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň söwda toplumynyň möhüm wezipesidigini belledi we ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, milli ykdysadyýetde onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady aragatnaşyklary giňeltmek üçin ähli şertleri döretmek boýunça görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende kagyz galyndylaryna hem-de taýýar çap edilýän önümlere gümrük paçlaryny bellemek hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu resminamany durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň meseleleri boýunça Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, degişli düzümler bilen bilelikde bu resminamanyň hem-de Agentlik hakyndaky düzgünnamanyň we onuň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysady ulgamyň ýokary depginler bilen ösýändigini nygtady. Bu ulgam eýeçiligiň dürli usullaryna esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýar. Hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, degişli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň meseleleri hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly M.Çakyýewe iberdi we bu ugurda bellenen çäreleri durmuşa geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna, milli önümleriniň halkara sergisine, milli tagamlarynyň festiwalyna hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, döwletara gatnaşyklary hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga ýardam etjek çäreleriň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz şu gün halkara ähmiýetli çäreleri guramak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň Guramaçylyk komiteti tarapyndan ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere serediljekdigini aýtdy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow awgust aýynyň başynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyny hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary we beýleki çäreleri degişli derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iri sebit we halkara ähmiýetli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigine ünsi çekip, öňde boljak halkara ähmiýetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň maksatnamasy barada habar berdi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Foruma daşary ýurtlaryň wekilleriniň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, degişli forumyň guramaçylyk meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogy Türkmenistanyň sebitde gender deňligini üpjün etmek babatda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mynasyp goşandy bolar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara forumlary hem-de sergileri ýokary derejede geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtly myhmanlary türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, mynasyp garşylamagy üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz şu maksat bilen, degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň üstünliklerini, halkymyzyň baý medeni mirasyny we köpasyrlyk milli gymmatlyklaryny giňden beýan etmek maksady bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkara ähmiýetli çäreleri talabalaýyk guramak maksadynda, ugurdaş düzümler bilen bilelikde, degişli işleri ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz artistleriň çykyşlarynda ata Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde hem-de gözegçilik-geçiriş nokatlarynda barlaglary geçirmek üçin nokatlaryň hem-de kesgitlenen ýerlerde lukmanlaryň gije-gündiz nobatçylygyny guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň çäginde guraljak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine taýýarlyk görmek meselesi hasabatyň esasyny düzdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisini ýokary derejede guramak baradaky meselelere ünsi çekdi. Bu sergi Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň çäginde ýerleşdiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemläp, möhüm ähmiýetli forumlaryň — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň hem-de şolar bilen bagly halkara çäreleriň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Bularyň ählisi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň halkara hyzmatdaşlyk forumlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki wakalaryň köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, möhüm ähmiýetli forumlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we Guramaçylyk komitetiniň agzalaryna anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatyndaky dabaralara gatnaşdy

23.06.2021

Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşdy. Bu ýerde ýurdumyzyň gündogar sebitinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine bagyşlanan konsert hem boldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze howa menziliniň ulanylmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimdir.

Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Kerki şäheri Lebap welaýatynyň we tutuş ýurdumyzyň senagat hem ulag düzümleriniň işjeň kemala gelýän merkezleriniň biridir. Gadymy döwürlerden bäri Türkmenistany Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň söwda hem-de medeni ýollaryny baglanyşdyran “ýedi ýoluň çatrygy” diýip atlandyrypdyrlar. Ýurdumyzyň çäklerinden adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ägirt uly orun eýelän Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Şoňa görä-de, döwrebap transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzir ady rowaýata öwrülen bu ýoly täze görnüşde gaýtadan dikeldýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä jemgyýetçiliginiň ykraryna we goldawyna eýe bolýan netijeli başlangyçlary sebit we ählumumy derejede abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak ugrunda ýurdumyzyň örän uly ulag-üstaşyr kuwwatyny amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara ölçeglere laýyk gelýän, ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan ugurdaş multimodal düzümler döredilýär. Şeýle hem raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de täzeleri gurulýar. 2010-njy we 2018-nji ýyllarda Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzilleri ulanylmaga berildi. 2016-njy ýylda bolsa Aşgabadyň Halkara howa menziliniň täze toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Ine, ýene-de bir döwrebap howa menzili guruldy. Bu bolsa howa arkaly ýük we ýolagçy gatnawlaryny has-da işjeňleşdirmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça döwrebap ulag-logistika merkezleriniň gurulmagy örän baý tebigy serişdelere eýe bolan, geografiýa taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Irden milli Liderimiziň dikuçary Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň çäginde gonýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagynda dabaralaryň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Täze howa menziliniň çäklerinde uly baýramçylyk we ýokary ruhy göteriliş dabaralanýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri garşylaýarlar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň “Laçyn” döredijilik toparynyň hem-de ýaş artistleriň joşgunly ýerine ýetiren owadan aýdym-sazly tansly çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary mübärekläp, ýörite gurnalan münbere geçýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara we watandaşlarymyza ýüzlenip, şu gün gadymy Lebap topragyda welaýatyň zähmetsöýer hem-de bagtyýar ilaty bilen bilelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde birnäçe desgalaryň açyljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dabarasy uludan tutulýan Medeniýet hepdeliginiň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň çäklerinde guralýan çärelerde halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhunyň we döredijilik güýjüniň aýdyň beýanyny tapýandygyny nygtady.

Biziň medeni gymmatlyklarymyz her bir türkmen üçin mukaddesdir hem-de buýsanç çeşmesidir. Türkmen tebigaty halkymyzyň ruhy dünýäsiniň gönezligidir, medeniýetimiziň we sungatymyzyň kämillik gözbaşydyr. Örküni türkmen tebigatyndan, görküni halkymyzyň döredijilik ylhamyndan alýan milli medeniýetimiziň taryhy gadymydyr we şöhratlydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şu ýyl Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, artistleriniň, kitaphanadyr muzeý, kinodyr köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we neşirýat işgärleriniň, aýdym-saz, folklor, tans toparlarynyň döredijilik mümkinçiligini, hünär ussatlygyny açyp görkezýän, bu ugurda ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýýan sungat baýramydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi hem-de täze «Aşgabat-sitiniň», ençeme täze desgalaryň düýbi tutuldy. Şu gün bolsa Lebap welaýatynda köp sanly iri desgalar açylyp ulanmaga berilýär. Bu işleriň ählisi mähriban halkymyzyň abadançylygyna, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Garaşsyz ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça döwlet syýasatymyz barha rowaçlanýar. Biz gözel Diýarymyzyň gündogar sebitiniň hem ykdysady, senagat, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, medeniýet we beýleki ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigine buýsanýarys.

Lebaply edermen gallaçylar şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny hem abraý bilen ýerine ýetirdiler. Galla biziň baýlygymyz we berekedimizdir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ajaýyp üstünlik bilen welaýatyň daýhanlaryny we ähli ilatyny tüýs ýürekden gutlady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýäris. Şu gün Kerki Halkara howa menziliniň açylmagy hem munuň ýene-de bir aýdyň şaýadydyr. Täze Halkara howa menzilini «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda «Gündogdy» hususy kärhanasy bina etdi. Onuň ýolagçy terminaly iki gatdan ybarat bolup, bu ýerde ähli amatly şertler döredildi.

Sebitiň iri senagat merkezleriniň biri bolan Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň gurulmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňelder, howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagy we ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmagy üpjün eder, sebitde syýahatçylygy ösdürmek, goňşy döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döreder.

Şu gün Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasy açylar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Garaşsyz Watanymyzyň sebitlerinde gurulýan binalaryň daşky hem-de içki bezegleriniň her welaýatyň aýratynlygyna laýyk gelmegine uly üns berilýändigini belledi.

Ak öý bolsa döwletlilik ojagydyr. Abadançylygyň, gülläp ösüşiň we türkmen myhmansöýerliginiň nyşanydyr. Türkmenabat şäheriniň görküne görk goşýan 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasy, nesip bolsa, şanly seneleriňdir toý-dabaralaryň merkezine öwrüler. Bu bina dört gatdan ybarat bolup, beýikligi 40 metre ýetýär. Onuň gatlarynda edara otaglary, giň eýwanlar, konsert zallary we beýleki otaglar bar.

Bu ýerde döwletli maslahatlarydyr şowhunly çykyşlary, şol sanda meşhur at üstündäki oýunlary guramak üçin hem şertler döredildi. Şeýle hem üç müň orunlyk sadaka jaýy guruldy.

Äpet ak öýüň şekilindäki binada milli binagärlik däpleri bilen häzirki döwrüň ösen tejribesi utgaşdyryldy. Onuň içi hem milli aýratynlyklara görä bezeldi. Hususan-da, haly gölleri, türkmeniň ak öýlerine mahsus tärimler şekillendirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň mekanydyr. Biziň çagalarymyz ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr we şöhrat-şanymyzdyr. Çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy durmuş ulgamyna gönükdirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Şu şanly toý günlerinde Farap etrabynyň Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezi hem açylyp, ulanmaga berler. Goý, bu medeni-dynç alyş merkezinde şadyýan çagalarymyzyň gülki sesleri belent ýaňlansyn! Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky aladadyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Binagärlik müňýyllyklaryň ýaňy hasaplanýar. Şu ajaýyp binalar hem döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadan durmuşynyň nyşanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemledi.

— Geliň, indi bolsa, bilelikde Kerki şäherindäki Halkara howa menzilini açyp, ulanmaga bereliň — diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

— Nesip bolsa, bu ýerde ilkinji gezek iň ýokary derejeli uçarlar uçup-gonup başlar, täze desga halkymyza ýokary derejede hyzmat eder.

Bagtyýar türkmen ilinde toýlar toýa ulaşýar. Bu gün hem biz goşa toýa şaýat bolýarys — diýip, milli Liderimiz aýtdy. Öý tutmak, toý tutmak — döwletlilikden nyşan. Halkymyz gelnalyjyny ýagşy niýetler, ak arzuwlar bilen ýüze sylýar.

Ine, bu ýere gelnalyjy hem gelipdir. Az salymdan laçyn nyşanly uçarlaryň biri täze gelin bilen Kerkiden Türkmenabada tarap ýola düşer. Ene-mamalarymyz türkmeniň däp-dessury esasynda uçara ak un sepip, alaja dakarlar.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy, Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylmagy, täze ulanylmaga berilýän döwletli desgalar bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bereketli türkmen topragynda şeýle toý-dabaralaryň köp bolmagyny arzuw etdi.

Dabaraly pursat ýetip gelýär: çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynda dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär — Kerki Halkara howa menzili açyldy!

Milli Liderimiz ýolagçy terminalyna girýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy howa ulaglarynyň işgärleriniň lybasyndaky çagalar joşgunly çykyşlary bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen mähirli görşüp, howa menziliniň ugradyş zalynyň hasaba alyş bekedine gelýär.

Şu ýerde döwlet Baştutanymyza dabaraly ýagdaýda Kerki Halkara howa menziliniň ilkinji ýolagçy münüş petegi hem gowşuryldy.

Howa menzili toplumy ähli ugurlar boýunça halkara ölçeglerine hem-de bildirilýän talaplara kybap gelýän ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edildi.

Şäheriň ýerleşýän ýagdaýyny göz öňünde tutanyňda, aýratyn-da, sebitiň ýurtlarynyň milli ykdysady ösüş meýilnamalaryny we ulag taýdan özara baglanyşygynyň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen, Merkezi we Günorta Aziýada täze howa menziliniň geostrategik ähmiýeti artýar. Şeýlelikde, Kerkiniň howa menzili Ýer ýüzüniň şu böleginde parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip, dost-doganlygyň özboluşly howa köprüsine öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň buýurmasy boýunça bu möhüm desganyň gurluşygyny “Gündogdy” hususy kärhanasy amala aşyrdy. Geçirijiligi sagatda 100 ýolagça niýetlenen täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalar we öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi.

Beýikligi 31,7 metr dolandyryş diňi bolan, umumy meýdany 2 müň 221 inedördül metr ýolagçy terminalynyň binasynyň keşbinde özboluşly bezeg we inžener-tehniki çözgütler beýanyny tapdy.

Terminalyň zallarynyň beýikligi 6 metrden 9 metre çenli bolup, aýnalary tutuşlygyna ultramelewşe goraglylygyna eýedir, olaryň bezeginde ýokary hilli durnukly serişdeler ulanyldy. Binada baş girelge göz öňünde tutulyp, onda ýük we el goşlary tabşyrylýan ýer, ilkinji gözden geçiriliş ýeri, petek kassalary, maglumat nokady, garbanyşhana, sowgatlyk önümler we gazet-žurnallar satylýan nokatlar, dermanhana, lukmançylyk otagy, gidýän ýolagçylaryň we ugradýan adamlaryň garaşýan ýeri ýerleşdirilipdir.

Gidiş zaly 120 orna niýetlenendir. Bu ýerde enäniň we çaganyň otagy, kafeteriý we namaz okalýan otag bar. Ol üpjün etmekde dolulygyna özbaşdakdyr. Şeýlelikde, terminalda fiziki mümkinçiligi çäkli bolan adamlar bilen birlikde, ähli ýolagçylar üçin has oňaýly ýagdaýlar döredilipdir. Mümkinçiligi çäkli adamlara oňaýly rampalar we panduslar, bosagasyz geçelgeler göz öňünde tutulypdyr.

Dabaranyň barşynda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly dabara gatnaşýan halkara guramalaryň we düzümleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňledi.

Ilkinji çykyş eden Howa ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA) Türkiýe, Orta Aziýa we Azerbaýjan boýunça sebitleýin menejeri Funda Çalyşyr hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halky bilen bu wakanyň şatlygyny paýlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hanym Funda Çalyşyr Kerkiniň Halkara howa menzilini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, IATA-nyň Türkmenistanda dünýä üçin ýene-de bir howa derwezesiniň açylmagyny mübärekleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, täze howa menziliniň ulag ulgamynyň mundan beýläk-de howpsuz, ygtybarly we durnukly ösmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

Nygtalyşy ýaly, şu günki waka Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhynda örän möhümdir. Kerkiniň Halkara howa menziliniň açylmagynyň geljekki onýyllyklar üçin bu pudagy ösdürmegiň milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir.

IATA täze howa menziliniň işinde üstünlikler arzuw edýär we Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmekde goldaw bermäge hemişe taýýardyr diýip, hanym Funda Çalyşyr sözüniň ahyrynda aýtdy hem-de ýurdumyza ýene-de bir gezek gelip görmek we döwlet Baştutanymyz bilen duşuşmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.

Soňra Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) Aeronawigasiýa býurosynyň monitoring we gözegçilik boýunça direktorynyň orunbasary Denis Gindon çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimizi täze howa menziliniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhyndaky bu möhüm waka göni aragatnaşyk arkaly gatnaşýandygyna örän şatdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, biziň ýurdumyz raýat awiasiýasy babatda işleri düzgünleşdirýän Halkara Çikago Konwensiýasy boýunça öz üstüne alan ähli borçnamalaryny ýerine ýetirýär, howa menzilleriniň we howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, ekipažlary we ýerüsti düzümi döretmek boýunça halkara standartlaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

ICAO-nyň wekili bu guramanyň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini we bu ugurda, şol sanda howa menzilinde ulanyş boýunça tehniki hünärmenler hem bilermenler üçin okuw maksatnamalaryny amala aşyrmaga goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Kerki şäherinde täze üpjünçilik enjamlary bolan howa menzili toplumynyň ulanylmaga berilmegi bu myhmansöýer welaýatdan howa arkaly daşaýyşlary ösdürmäge güýçli itergi berer.

Halkara Raýat awiasiýasy guramasy türkmen hyzmatdaşlaryna howpsuz uçuşlary, Türkmenistanyň ulag pudagynyň ykdysady taýdan durnukly ösmegini arzuw edýär diýip, jenap Denis Gindon sözüniň ahyrynda aýtdy we dabara gatnaşyjylaryň ählisini şanly waka mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady.

Soňra Mýunhen Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktory Ralf Gaffal çykyş etdi. Ol döwlet Baştutanymyzy we dabara gatnaşýanlary Kerki Halkara howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanmagy we açylmagy bilen gutlady. Munuň özi sebitde ýolagçy gatnadylmagyny we ýük daşalyşyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Jenap Ralf Gaffal göni wideoaragatnaşyk arkaly şu möhüm waka gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Mýunhen Halkara howa menziliniň “Türkmenhowaýollary” agentligine howa menzillerini dolandyrmak we netijeliligini ýokarlandyrmak, awiakompaniýalaryň marketingi, degişli hünärmenleri taýýarlamak ýaly we beýleki ugurlar boýunça strategik başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Mýunhen Halkara howa menziliniň dolandyryjy direktorynyň nygtaýşy ýaly, Halkara raýat awiasiýasy baradaky Konwensiýanyň 14-nji goşundysyna laýyklykda, Kerki howa menziliniň sertifikasiýalaşdyryş standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklamak özi üçin uly hormatdyr.

Sözüniň ahyrynda jenap Ralf Gaffal Kerki Halkara howa menziliniň işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu howa menziline degişli güwänama gowşuryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Kerki Halkara howa menziline ýerleşýän ýeriniň dört harply UTAE koduny bermek hakyndaky resminamanyň hem-de Mýunhen Halkara howa menzili tarapyndan berlen halkara ülňülerine esaslanyp gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň çykyşlary tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dabara gatnaşyjylar “Boeing 777-200LR” kysymly täze uçaryň hem-de harby-ulag uçarynyň Kerki howa menziline gonuşyna syn etdiler.

Soňky ýyllarda iň täze uçarlaryň we dikuçarlaryň hasabyna ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parky yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň harby-howa güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady hem pugtalandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Harby doktrina yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Howa gämileriniň serkerdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berýärler. Milli Liderimiz hasabatlary kabul edip hem-de olary täze howa menziliniň açylmagy bilen gutlap, uçarmanlara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Howa menziliniň emeli uçuş-gonuş zolagynyň (EUGZ) häzirki zaman duýduryş, ornitologiki, radiotehniki, nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemek gerek.

Aerodromyň meýdany 42 müň 282 inedördül metre barabardyr. Bir wagtyň özünde ol duralga uly uçarlaryň 2-sini hem-de dikuçarlaryň 4-sini kabul edip bilýär. Onuň düzümine, şeýle hem halas ediş we ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy, tehniki bölüm, geçiriş nokady, ýörite awtoulaglar üçin garaž, beýleki kömekçi desgalar girýär.

Howa menziline ýanaşyk ýerler doly abadanlaşdyryldy. Toplumyň düzüminde, şeýle hem menzile ýanaşyk meýdança, ýolagçylar hem-de howa menziliniň işgärleri üçin niýetlenen ýeňil awtoulaglaryň duralgasy bar.

Bir söz bilen aýdylanda, Kerkiniň Halkara howa menzili häzirki döwrüň talaplaryna hem-de halkara ülňülerine, ilkinji nobatda bolsa, uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini üpjün etmek babatdaky talaplara laýyk gelýär.

Şeýlelikde, täze howa menziliniň işläp başlamagy bilen, milli awiasiýanyň ösüşine ýene-de bir kuwwatly itergi berildi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, köptaraply döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlary üçin uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz CIP zalyna barýar we şu günki waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrýar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň zähmet toparynyň adyndan döwlet Baştutanymyza elde dokalan ajaýyp haly sowgat berildi.

Kerkiniň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Türkmenabat şäherine ugramak üçin “Boeing 777-200LR” howa gämisine bardy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz täze uçarda Kerkiden Lebap welaýatynyň merkezine ugraýan ýaş çatynjalara ak pata berdi.

Kerki — Türkmenabat ugry boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrýan uçarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalar hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy.

Ýaş juwanlaryň ene-atalary döwlet Baştutanymyza halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Milli Liderimiz olary we ýaş çatynjalary şanly waka bilen gutlap, ýaşlara maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Uçarda ýaş çatynjalaryň durmuş toýy mynasybetli guralýan dabara dowam etdi. Asylly däbe görä, hemmelere toý sowgatlary gowşuryldy we süýji nygmatlar hem-de pişme hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz bagtyýar ýaşlaryň toýuna çagyryldy.

Uçuş mahalynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkynyň üstüni ýetiren täze uçaryň tehniki häsiýetnamalary bilen gyzyklandy. Uçarda ýolagçylar üçin has oňaýly şertler üpjün edildi.

Türkmenabadyň Halkara howa menziline gelenden soň, milli Liderimizi dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş çatynjalar bilen hoşlaşyp, olara ýene-de bir gezek bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şu şatlykly günüň ýaş çatynjalar hem-de olaryň ýakynlary üçin aýratyn ýatdan çykmajak waka öwrülendigi şübhesizdir.

Şol wagtda gelnalyja mahsus bolan milli dessurlar berjaý edilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan giň gerimli we asylly işleriniň netijesinde, Türkmenistanda ata-babalarymyzyň parasatly däplerini, halkymyzyň ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamaga hem dowam etdirmäge uly üns berilýär. Häzirki wagtda şol däpler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar geljegi, maşgala ojaklarynyň berk bolmagy üçin ähli tagallalar edilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, jemgyýetimiziň esasy bolan maşgalany goldamak Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu syýasatyň çuňňur many-mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda jemlenendir.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, awtoulagda howa menzilinden Türkmenabadyň köpugurly hassahanasyna tarap ugrady.

Hassahananyň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri mähirli mübäreklediler.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän nesil baradaky, onuň saglygy hakyndaky hemmetaraplaýyn aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň her bir etrabynyň hassahanalarynyň çagalar bölümi üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek bilen bagly çözgüdi barada habar berdi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine täze ýörite ulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan “Tiz kömek” awtoulaglarynyň üpjünçiligi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz lukmanlaryň biri bilen bolan söhbetdeşlikde halkymyzyň, aýratyn hem ýaş türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň mundan beýläk hem döwletiň üns merkezinde boljakdygyny nygtady we lukmanlara olaryň asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ýaş nesil baradaky alada we ýurdumyzyň lukmançylygynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi.

Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy.

Şu gün bu ýerde hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar we mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz binanyň ýanyna barýar. Onuň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň birleşen döredijilik toparlarynyň köpöwüşginli sahna çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şu ýyl welaýatda däp bolan Medeniýet hepdeligi geçirilýär.

Milli Liderimiz bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri bilen bilelikde, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we täze ajaýyp binany açýar.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýüniň” içine girýär. Şol ýerde Lebap welaýatynyň milli saz gurallary topary milli Liderimizi joşgunly çykyşlary bilen garşylaýar.

Bu ýerde giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda milli amaly-haşam sungatynyň we döredijiliginiň, halk senetleriniň önümleri görkezildi. Bu sergi türkmen halkynyň köptaraply döredijilik zehininiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz binanyň bezeginiň aýratynlyklary hem-de umumymilli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

“Türkmeniň ak öýi” ähli görkezijiler babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bina döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Desganyň bezeginde haly gölleri, türkmen ak öýlerine mahsus bolan bezeg usullary ulanyldy.

Binada dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň akustiki ulgamlary we beýleki zerur enjamlary bilen üpjün edilen uly tomaşalar jaýy ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde giň eýwan, iş, edara we beýleki otaglar bar.

“Türkmeniň ak öýi” uly toplumdan ybaratdyr. Ol özüne sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary birleşdirýär.

Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde pürli hem-de bezeg agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, bina barýan ýol çekildi.

“Türkmeniň ak öýi” ýurdumyzyň şähergurluşygynyň häzirki talaplaryny hem-de milli binagärligiň aýratynlyklaryny nazara almak arkaly guruldy. Bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy türkmen halkynyň özüniň taryhy-medeni mirasyna aýawly garaýandygynyň, döwürleriň arabaglanyşygynyň hem-de gadymdan gelýän milli däpleriň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Täze desga bilen tanşanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomaşalar jaýyna bardy. Şol ýerde bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

“Türkmeniň ak öýünde” emele gelen ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy türkmenistanlylaryň günsaýyn rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanyna hakyky buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Bu konsert žanrlaryň hem-de çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Olarda ýurdumyzyň medeniýetiniň baý kuwwaty öz beýanyny tapdy. Çykyşlarda eziz Watanymyz hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň başyny başlan milli Liderimiziň beýik işleri, mähriban topragymyzyň gözelligi, müdimi adamzat gymmatlyklary wasp edildi.

Konsert “Arkadagly ýurduň milli sungaty” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Soňra meşhur we ýaş artistler, ýurdumyzyň döredijilik toparlary aýdymlary hem-de tanslary ýerine ýetirmekde, hor we folklor sungatynda öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Ýurdumyzda uly hormat-sarpa mynasyp bolan bu topar onuň çäginden daşarda-da giňden meşhurdyr. “Galkynyş” topary özüniň ajaýyp çykyşlary bilen dünýäde türkmen halkynyň täsin mirasyny giňden wagyz etmäge saldamly goşant goşýar. Ajaýyp ahalteke bedewleri bolsa halkymyzyň buýsanjydyr.

Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen atçylarynyň topary abraýly halkara bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşyp, köp sanly baýraklara mynasyp boldy. “Galkynyş” topary at çapmakda, dürli we täsin tilsimleri ýerine ýetirmekde ussatlyk görkezip, daşary ýurtlaryň tomaşaçylaryny haýran galdyrdy. Toparyň daşary ýurtlarda üstünlikli çykyş etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Biziň atçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri, olaryň tomaşaçylary haýran galdyrýan ajaýyp çykyşlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň atçylyk sungatynyň gadymdan gelýän däplerini aýawly saklamaga we dowam etdirmäge, atly sporty ösdürmäge hem-de meşhur behişdi bedewleriň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmaga hemişe uly üns we goldaw berýändiginiň aýdyň netijesidir.

Konsert maksatnamasyna gadymy “küştdepdi” tansy hem girizildi. Bu tans täze taryhy eýýamyň döredijilik kuwwaty bilen baýlaşdyryldy. Ol döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyny alamatlandyrdy.

Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Alkyş Size, Arkadag!” atly aýdym ýaňlandy. Bu aýdym türkmen halkynyň özüniň milli Lideri bilen bitewüdigini aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Watanymyz deňsiz-taýsyz üstünliklere we ösüşe eýe boldy.

Konsert tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Bu ýerde milli Liderimize “Türkmeniň ak öýi” binasynyň şekili sowgat berildi.

Şu günki waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda gurlan “Türkmeniň ak öýüne” täze awtoulag serişdesini sowgat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy.

Sadaka tamamlanandan soň, milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Aşgabada gaýdyp geldi.

Şeýlelikde, şu gün Lebap welaýatynda geçirilen dabaralar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysyna täze ajaýyp wakalar bolup girdi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda nobatdaky möhüm desgalaryň açylmagy eziz Watanymyzyň seçip alan parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzy şu ýol bilen ynamly öňe alyp barýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.07.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunçylyk namalaryna seljerme berilýär, olar döwrüň talabyna görä hem-de milli we halkara tejribe göz öňünde tutulyp, degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Halkara we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, şu aýyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň wekilleri dürli derejedäki halkara duşuşyklara we iş maslahatlaryna gatnaşdylar.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar, ýörite gepleşikler guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak, halkara giňişlikde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak hem-de başlangyçlarymyzy ilerletmek boýunça Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipeleri çözmek maksady bilen, jemgyýetçilik guramalary bilen yzygiderli aragatnaşygy saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz halkyň saýlan wekillerine jemgyýetçilik aňyýetini kemala getirmekde, ýokary ruhy hem-de ahlak ýörelgelerini, şol sanda milli däp-dessurlary, maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde, ösüp gelýän ýaş nesli mynasyp şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmek ýörelgelerini ösdürmekde aýratyn ornuň degişlidigini belledi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet maksatnamalaryna goldaw bermek, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we halkara hukugyň möhüm ýörelgeleriniň esasynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar. Kabul edilýän kanunçylyk namalaryny wagyz etmek, olaryň mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmekde Halk Maslahatynyň işiniň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işler ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş düzümler, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýerine ýetirilmelidir. Çünki kabul edilýän kanunlar ilkinji nobatda adamlaryň abadançylygyny, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak, parahatçylykly we döredijilikli zähmetini üpjün etmek üçin zerur şertleriň döredilmegini öz içine almalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ösüp barýan ýaş nesillerde watançylyk duýgularyny terbiýelemek, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan ykdysadyýetimize ýeňillikli karzlary çekmek boýunça halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bütindünýä bankyndan “COVID-19-a garşy hereket etmek” taslamasy boýunça tizleşdirilen tertipde 20 million amerikan dollary möçberinde karz serişdelerini çekmek bilen bagly işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Bütindünýä banky Toparynyň Halkara täzeleniş we ösüş banky bilen karz ylalaşygyny hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen “Netijeleri bermek barada Ylalaşygy” baglaşmaga ygtyýar bermek baradaky teklipler hem-de “COVID-19-a” garşy hereket etmek” taslamasy boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, dünýäniň ähli ýurtlary we esasy halkara düzümleri, şol sanda abraýly maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Soňky ýyllarda Halkara Pul gaznasy, Halkara täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky bilen özara gatnaşyklaryň çäkleri ep-esli giňeldildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä ösüş bankynyň toparynyň türkmen döwletiniň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde saglygy goraýyş, statistika, ulag ulgamlarynda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ugurlarda birnäçe taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi.

Milli Liderimiz Halkara täzeleniş we ösüş bankyndan, Bütindünýä banky toparyndan alnan serişdeleriň koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ýagny bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym etmek üçin şprisleri satyn almaga gönükdirilmelidigini, şunuň bilen birlikde, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bu babatdaky teklipleriniň öwrenilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň mundan beýläk hem COVID-19-a garşy durmak, türkmenistanlylaryň saglygyny goramak maksady bilen ähli çäreleri görjekdigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere şu resminamanyň takyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak barada şertnamany baglaşmak boýunça Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu desgany 30 aýyň dowamynda gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasiýa esasynda onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň, iri nebitgaz taslamalaryna, şol sanda täze nebitgaz känlerini özleşdirmek hem-de uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemek ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna çig nebiti ibermegiň möçberleriniň artdyrylmagyna, ýerlenilýän önümleriň bazarlarynyň geriminiň giňeldilmegine, sebitiň örän iri nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynda öndürilýän önümleriň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijilerine öz wagtynda iberilmeginiň üpjün edilmegine ilkinji nobatda üns berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu desga bina edilende, ähli ekologik talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. “Türkmengaz” döwlet konserniniň bu gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň çäklerinde, Hytaý Halk Respublikasynyň “CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited” kompaniýasy bilen adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary ulanmaga bermek hakynda şertnama baglaşylar. Şertnama boýunça hasaplaşyklary HHR-e tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna ekologiýa talaplaryny hasaba almak bilen, öňdebaryjy tejribäni hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berýändigini hem-de beýleki döwletler hem-de öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly hem-de oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ulgamlarda kuwwatly mümkinçiliklere eýedir, olaryň amala aşyrylmagy diňe bir iki tarapyň syýasy we ykdysady bähbitlerine däl-de, tutuş sebitiň abadançylygynyň hem-de ösüşiniň maksatlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek bilen, HHR-e energetika ulgamynda hem özüniň strategik hyzmatdaşy hökmünde garaýar, bu ugurda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplanyldy.

Hytaýyň işewürler toparynyň wekilleri ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň çägindäki örän iri “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn özleşdirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygy ahyrky anyk netijä ýetilmegine gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň alamaty bolup durýar. Häzirki wagtda ýokarda agzalan gaz geçirijisi türkmen “mawy ýangyjynyň” uzak möhletleýin esasda Hytaýa iberilmegini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginiň, şeýle hem ýakynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen bolan duşuşygyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzki bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri, şol sanda geljek ýylyň hasyly üçin zerur ýerleri we tohumlary taýýarlamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2022-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ak ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, sürümli ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikleriň girewidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz meýdan işleriniň agrotehniki kadalara laýyk, bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegine möhüm üns berilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz oba hojalygyna ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň we obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň gözbaşy bolan ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oňyn ösüşler gazanyldy. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň dabaralandyrylýan ýylynda oba zähmetkeşleri galla taýýarlamak boýunça döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, ýokary netijeleri gazandylar.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamagyň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda 2022-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy meýilleşdirilýän bu desganyň gurluşygyny “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy alyp barýar. Desgada Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd.” kompaniýasynyň öndürýän gazturbina enjamlary oturdyldy.

Wise-premýer häzirki wagta çenli desgada her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan gaz turbinalarynyň 3-siniň oturdylandygyny, kömekçi binalaryň ulanyşa taýýar edilendigini habar berdi. Stansiýanyň çäklerindäki açyk paýlaýjy gurluş öndüriljek elektrik energiýasyny geçirmek üçin umumy energoulgama birikdirildi. Häzir esasy enjamlarda işe goýberiş sazlaýyş işleri alnyp barylýar.

Bu gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmeginiň ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer nobatdaky kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamalarynyň birine öwrüljekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen durnukly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, onuň daşary bazarlara iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň örän wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze döwrebap energiýa ulgamlaryny döretmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň çäklerinde geçirilýän maksadalaýyk işler elektrik energetikasynyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, dünýäniň energiýa ulgamyna goşulmaga we ýurdumyz bilen uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýän goňşy döwletlere iberilýän elektrik energiýasynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün etmek üçin ähli şertleriň döredilmegine kuwwatly itergi berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energetikasy pudagynyň düzümini giňeltmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň bellenen meýilnamalaryň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönüden-göni täsir edýändigini belläp, desgada alnyp barylýan işleriň barşyna, onuň bellenen möhletinde ulanylmaga berilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew bu ulgamda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn syýasatyndan ugur alyp, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň möçberlerini, hilini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara howa menzili açyldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda ugurdaş düzümler bilen bilelikde taýýarlanylan ýerli ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmak üçin nyrhlary kesgitlemek hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmegiň, onuň düzümlerini, şol sanda raýat awiasiýasyny toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Häzir ýurdumyz sebit we yklym ähmiýetli wajyp üstaşyr ulag hem-de logistika merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Muňa Diýarymyzyň Ýewraziýa yklymynyň möhüm çatrygynda ýerleşmegi we bu ugurdaky ägirt uly mümkinçilikleri ýardam edýär.

Şol bir wagtyň özünde awiahyzmatlary kämilleşdirmek, içerki uçuşlar boýunça ýolagçy gatnatmagy işjeňleşdirmek we onuň ugruny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Kerkiniň täze Halkara howa menzili bu ugurda bar bolan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we bu babatda oňa anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Dokma senagaty ministrliginiň käbir kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 60 kärhananyň bardygyny, olaryň 16-synyň paýdarlar jemgyýeti görnüşinde hereket edýändigini habar berdi. “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýa” laýyklykda, döwlet kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy maýa goýujylary çekmek boýunça birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy.

Marynyň dokma fabriginiň önümçilik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Türkmengala pagta egirme fabriginiň gatnaşmagynda ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasyny Dokma senagaty ministrliginiň we “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda durnukly ösüş gazanylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu toplumlaýyn çäreler bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirilmegini, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullarynyň ornaşdyrylmagyny we desgalaryň hususylaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, olary paýdarlar jemgyýetine öwürmek, ykdysadyýetimiziň düzümlerinde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen zerur çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şanly senelerimiz mynasybetli döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, wagyz-nesihat çärelerini, onlaýn maslahatlary, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleriniň konserti geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we jemgyýetçilik aňyny kemala getirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde medeniýetiň ähmiýetini belläp, bu ulgamyň işini işjeňleşdirmegiň, täze zehinleri gözlemegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny, dünýä medeniýetine goşan goşandyny, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge gönükdirilen medeni çäreleri geçirmek bilen bagly meseleler barada durup geçip, wise-premýere olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Taryhy senä — ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk görmek boýunça anyk görkezmeler berildi. Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň her birinde türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlarynyň, agzybirliginiň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty netijesinde bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, döwrebap ýokary okuw mekdepleri gurlup, hünärmenleri taýýarlamagyň milli ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär.

“Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň işi kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde öň hereket edýän fakultetleri we kafedralary döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini döretmek maksada laýyk hasaplanylýar.

Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sanly ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, programma üpjünçiligi, kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri ulgamlaýyn esasda taýýarlamagyň netijeliligi tapgyrlaýyn ýokarlandyrylýar.

Talyp ýaşlaryň döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetlerini, ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy-barlaglaryny ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirmekleri üçin maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlara hemmetaraplaýyn döwrebap bilim bermek üçin, häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary, täzeçil tejribeler, öňdebaryjy usullar okuw işinde giňden ulanylýar.

Beýan edilenler bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralary, fakultetleri, hünärleri açmak üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary bilimli, giň gözýetimli hem-de başarnykly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň örän wajypdygyny nygtady. Ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň doly derejeli bilim almagy, döredijilik hem-de ylmy kuwwatdan netijeli peýdalanmagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça zerur çäreler görülmelidir.

Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi hem-de ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriniň ýagdaýy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik, usulyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ähli derejelerini döwrebap elektron-maglumat binýady bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary giňden ulanmak, bilimiň ähli ugurlaryny baýlaşdyrmak we dünýä derejesine çykarmak üçin okatmagyň sanly bilim ulgamy ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, ylmyň ýokary gazananlaryny we okatmagyň täzeçil usullaryny ulanmak arkaly bilimiň usulyýeti kämilleşdirilýär, her bir harby talybyň ylma, bilime höwesi artdyrylýar. Geljekki serkerdeleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine uly üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, harby düzümleriň ýokary derejeli işgärler bilen üpjünçiligini berkitmek, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak meseleleriniň tutuşlygyna goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Munuň üçin ýaş harby gullukçylar öz ykbalyny Watan goragy bilen baglanyşdyrmalydyr. Harby bilimiň başlangyç, orta we ýokary derejeleri geçilmelidir. Bu gün harby mekdeplerden, harby düzümleriň ýokary okuw mekdeplerinden, Harby akademiýadan ybarat bolan döwrebap bilim ulgamy döredildi we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.

Häzirki döwürde innowasiýa, ylym we tehnologiýa, şol sanda harby-tehniki ulgam okgunly ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegi, usulyýet ulgamyna täze tejribeleri ornaşdyrmagy, Interneti we elektron kitaphanany ulanmagy has-da giňeltmegi dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz harby talyplary we ýaş serkerdeleri harby-watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň wajypdygy barada aýdyp, olaryň Watanymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň beýik gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etmelidiklerini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak, olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň 20-nji iýulyndan mukaddes Gurban baýramynyň başlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu mukaddes baýram üç günläp, ýagny 20 — 22-nji iýulda bellenilip geçiler.

Milli Liderimiz bu mübärek baýramy ýokary derejede bellemek üçin ähli ýolbaşçylara, aýratyn-da, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna hemme gulluklarda goşmaça nobatçylygy ýola goýmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün ençeme meselelere garalandygyny hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň kabul edilendigini belledi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady

22.06.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden uçup, biraz wagtdan soň, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimiz mähirli garşylandy.

Welaýat häkimi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitiň gallaçylarynyň döwlete däne tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hoş habary kabul edip, welaýatyň ekerançylarynyň bu sebitde Medeniýet hepdeliginiň geçirilýän günlerinde gazanan zähmet ýeňşiniň ähmiýetini nygtap, hemmeleri goşa baýram bilen gutlady. Ýurdumyzda ilkinji bolup, şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetiren lebaply gallaçylaryň Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrandyklaryny belläp, döwlet Baştutanymyz bu üstünligiň gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň, däne daşaýan awtoulag sürüjileriniň, welaýatyň ähli oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmetiniň netijesidigini aýratyn nygtady.

Häzirki döwürde oba hojalygynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu ugurda esasy maksadymyz ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmakdan, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmekden ybaratdyr.

Zähmetsöýer daýhanlaryň öňde durýan wezipeleri abraý bilen berjaý edýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň ekerançylarynyň yhlasly zähmet çekip, pagta taýýarlamak baradaky borçnamalaryny hem üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz daýhanlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda gazanan zähmet ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary dowam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Fitch halkara agentligi Türkmenistana karz reýtingini berer

13 iýul 2021

Описание: https://tstb.gov.tm/images/News/29b81e2965be4e5e8c740bcb3d4e2840.jpg

Türkmenistan “Fitch” reýting agentligi bilen gepleşikleri tamamlaýar. Gepleşikleriň netijesi boýunça ýurdymyza maýa goýum derejesini kesgitleýän karz bermäge ukyplylyk reýtingi berler.

 Geçen ýylyň iýul aýynda Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygyny halkara talaplaryna we ülňülerine laýyk getirmek, ýurtdaky maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak we maýa goýum amallaryny höweslendirýän şertleri döretmek boýunça işler giňden ýola goýuldy.

 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň esasy serişdelerine goýlan maýa goýumlarynyň umumy mukdary 10 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, jemi içerki önümiň takmynan 23 göterimine barabardyr. Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatyna görä, maýa goýumlaryň umumy mukdaryndan 60 göterimden gowragy önümçilik pudagynda taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirildi.

 Umumy maýa goýum mukdarynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy ýokary derejede saklanýar, ýagny takmynan 15 göterim. Häzirki wagtda Türkmenistanda 100-den gowrak ýurtlardan daşary ýurt kompaniýalary maýa goýum işlerini alyp barýarlar. Bu kompaniýalar bir ýarym müňden gowrak maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirýärler.

 2019-njy ýyldan başlap, Türkmenistan daşary ýurt maýadarlaryna we milli telekeçilere hyzmatdaşlygy has işjeň birleşdirmäge we giňeltmäge mümkinçilik berýän halkara maliýe hasabatlylyk standartlaryna geçdi. Mundan başga-da, bu ýagdaý maliýe hasabatlylygynyň we öndürijilik düzgüniniň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

 Ýurdumyzdaky maýa goýum işlerini döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň kanuny esasyny döretmek boýunça möhüm işler edildi. Türkmenistanyň kanunçylygy daşary ýurt maýadarlaryna goýlan maýanyň doly goralmagyny kepillendirýär. Salgyt tölenenden soň daşary ýurt maýadarlarynyň girdejileri öz ygtyýarynda galýar we Türkmenistanyň çägine täzeden maýa goýup ýa-da yzyna iberilip bilner.

 Fitch Ratings Inc, esasan, reýting (baha beriş) agentligi hökmünde tanalýan Amerikan korporasiýasydyr. “Fitch Ratings”, “Standard & Poor’s” we “Moody's” bilen bir hatarda halkara reýting agentlikleriniň “uly üçlügine” girýär.

 Esasy maksat, dünýä karz bazarlaryna garaşsyz we geljege gönükdirilen karz bahalandyrmalary, analitiki gözlegleri we maglumatlary bermekdir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

18.06.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça döwletimiziň kanunçykaryjylyk edarasynyň alyp barýan işi barada maglumat berdi.

Häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda birnäçe täze kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegi talap edilýän kanunçylyk namalary seljerilýär. Bu işler durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň Mejlisiniň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň esasynda alnyp barylýar.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek arkaly, deputatlar tejribe alşylmagyny, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, gender deňligini üpjün etmek, çaganyň hukuklary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün edýärler. Şunuň bilen birlikde, deputatlar ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde oňyn döwlet syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini, täze kabul edilen kanunlaryň hem-de şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň döwletimiziň häzirki okgunly ösüşiniň möhüm şertidigini belledi hem-de ähli kabul edilýän kanunlaryň Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, jemgyýetimizde agzybirligiň we bitewüligiň, onuň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz adamlaryň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanyşdyrylyp durulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. “Il saglygy —–ýurt baýlygy” diýen ýörelgeden ugur alnyp, onuň üsti anyk mazmun bilen ýetirilmelidir. Milli Liderimiz şu maksat bilen ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şäherlerde we obalarda hemme zerur şertleriň üpjün edilendigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek hem-de kanunçykaryjylyk babatda halkara tejribesini öwrenmek boýunça Mejlis bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň agzalary iş toparlarynyň maslahatlaryna gatnaşýarlar we Mejlisiň degişli komitetlerinde taýýarlanylýan kanun taslamalary bilen tanyşýarlar. Kabul edilýän kanunlaryň halkara kadalara we ölçeglere gabat getirilmegi bilen bagly wezipelere möhüm üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň, adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň hem-de Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamalaryny ýerine ýetirmek babatda zerur işler amala aşyrylýar. Hususan-da, bu ugurda hereket edýän kanunlara seljerme geçirilýär, şolary halkara konwensiýalara we beýleki halkara hukuk namalarynyň düzgünlerine gabat getirmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar.

Halk Maslahatynyň agzalary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde milli maksatnamalaryň, giň gerimli özgertmeleriň, Halk Maslahatynyň şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen birinji maslahatynda tassyklanan täze kanunlaryň mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň, durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýolunda mundan beýläk-de öňe ilerletmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde milli parlamentiň möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de öňdebaryjy halkara tejribäni nazara alyp, Halk Maslahatynyň agzalarynyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek boýunça zerur işleri geçirmelidiklerini belledi.

Milli Liderimiz ilatyň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň işjeňleşdirilmelidigine ünsi çekip, Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegi, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekilmegi we adamlaryň bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet bermelidigini aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz energetika ministri Ç.Purçekowy we “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Energetika ministri Ç.Purçekow içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek hem-de pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Lebap welaýatynda gurulýan, kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik bekediniň, Ahal — Balkan — Daşoguz aralygynda halkalaýyn energoulgamyň işe girizilmegi, Ahal we Daşoguz elektrik beketlerinde bug turbinalarynyň oturdylyp, goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegi öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistany çalt depginde senagatlaşdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmakda elektrik energetikasyna möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Gysga döwrüň içinde dürli sebitlerde kuwwatly elektrik beketleriniň hem-de täze elektrik geçiriji ulgamlaryň gurulmagy netijesinde pudagyň ençeme esse artan kuwwaty Diýarymyzda her ýyl işe girizilýän iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere ibermäge-de mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika ulgamynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişine, şol sanda Lebap welaýatynda ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurulýan täze elektrik bekediniň hem-de “Ahal — Balkan” we “Balkan — Daşoguz” ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, daşky gurşawy goramak meselesine örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Bu ulgamda ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalar, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik bekedini gurmak barada şu gün gol çekiljek taslamany mysal getirdi.

Milli Liderimiz bu bekediň ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň başlangyjyna öwrüljekdigini, bu ýerde dünýäde iň soňky gazanylan öňdebaryjy tehnologiýalaryň we nou-haularyň ornaşdyryljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek baradaky Milli strategiýasyny amala aşyrmakda anyk ädim boljakdygyny belläp, ähli energetikleri bu şanly waka bilen gutlady hem-de bekediň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek barada ministre degişli tabşyryklary berdi.

Ministr döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, energetika ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan ata Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin güýç-gaýratlaryny we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Pudagyň öňünde durýan wezipeleriň birsyhly ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şu maksat bilen, ugurdaş düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm üns berilýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň çäklerinde häzirki zamanyň oňyn tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, hyzmatlaryň görnüşleriniň artdyrylmagyna ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň onuň Ýewraziýa yklymynyň möhüm ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesini berkidýändigini belledi. Bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri doly amala aşyrmagy esasy ugur edinýän döwletimiz ulaglaryň, şol sanda howa ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar. Pudagyň ähli düzümleri yzygiderli kämilleşdirilýär, täze howa menzilleri gurulýar.

Döwlet Baştutanymyz Jebel şäherçesinde ähli babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine hem-de iň soňky gazanylan tehnologiýalara we nou-haulara esaslanýan döwrebap howa menzil toplumyny gurmak hakyndaky Karara gol çekilmeginiň wajyp ähmiýete eýedigini belledi.

Howa menzil toplumyny ähli görnüşli uçarlary kabul etmek üçin zerur ýerüsti uçuş serişdeleri bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düzümiň işgärlerini bu şanly waka bilen gutlap, ýokarda agzalan taslamany durmuşa geçirmek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy düzümiň ähli işgärleriniň adyndan pudagyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiniň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer halkara maliýe bazarlaryndan amatly şertlerde karz serişdelerini hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, ýerli önüm öndürijileri goldamak, kiçi we orta telekeçileriň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyzyň bellenen wezipeleri çözmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan gulluk iş saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Şeýle hem Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasyndan ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin maliýe serişdelerini bermek barada teklibiň alnandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna “Kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasynyň arasynda maliýe ylalaşygyny baglaşmak hakynda”, “Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde howa menzili toplumynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda”, “Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda” Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususy ulgamyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň milli durmuş-ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmenistan halkara maliýe guramalary bilen, şol sanda Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri tarapyndan amala aşyrylýan maliýe taslamalary üçin maýa serişdelerini çekýär.

Milli Liderimiz hödürlenen Kararlaryň taslamalaryny makullap we olara gol çekip, resminamalary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bellenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Bu ugurda görülýän çäreler bank ulgamyny netijeli dolandyrmaga, edilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde geçirilen seljerme işleriniň netijelerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň banklaryň maýa goýum kuwwatyny artdyrmaga hem-de maýa binýadyny pugtalandyrmaga, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge hem-de degişli amallarynyň möçberini giňeltmäge gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi makullap, göz öňünde tutulýan işleri bellenen möhletde hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bilim ministrlikleri tarapyndan 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek boýunça amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bagly teklipler barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmagyň, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmegiň döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridigini belledi. Şundan ugur almak bilen, bu ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen, milli we halkara tejribäni öz içine alýan özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz döwrüň talabyna laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Galkynyş” gaz käninde täze guýulary önümçilige girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan täze guýulary gurmak boýunça hyzmatlary alyp barmak babatda halkara bäsleşik geçirildi we Hytaýyň “CNPC” kompaniýasynyň täjirçilik teklibi has amatly hasaplanyldy. Kompaniýanyň teklibine laýyklykda, işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek we amala aşyryljak işler üçin hasaplaşyklary 2007-nji ýylda baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, üç ýylyň dowamynda her ýylda 17 milliard kub metr tebigy gazy ugratmagyň hasabyna geçirmek meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şertidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, täze uglewodorod ýataklarynyň, şol sanda dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça iri hasaplanylýan “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmelidigini belledi.

Bu babatda energetika ulgamynda birnäçe möhüm taslamalary amala aşyrmakda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan HHR-iň iri kompaniýalary bilen oňyn tejribe toplanyldy. Her ýylda onlarça million kub metr möçberde tebigy gaz ugradylýan Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige beslenýändigini aňladýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklary tejribesinde bu taslama döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guýular burawlananda we türkmen gazyny eksporta ugratmakda möhüm orun degişli bolan “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Diýarymyzda döwrebap atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen okuw we ylmy-önümçilik merkezleri yzygiderli gurulýar, atşynaslar üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilýär.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde we bu möhüm sene mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny, at çapyşyklaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň garamagyndaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmak meýilleşdirilýär. Atçylyk sport toplumynyň abatlaýyş işlerini 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan behişdi bedewlerimiziň ajaýyplygynyň, çeýeliginiň we ýyndamlygynyň uly şöhrata eýedigini hem-de türkmen halkynyň buýsanjydygyny, milli gymmatlygydygyny nygtady.

Häzir ýurdumyzda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şöhratynyň has-da belende galmagy, bu pudagyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşi üçin ägirt uly işler bitirilýär. Arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, tohumçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzda at çapyşyklaryny, milli at üstündäki oýunlary, päsgelçiliklerden böküp geçmek, uzak aralyga çapyşyklary we atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerini ösdürmek, olary halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Bu bolsa ýaşlary asylly halk däplerini dowam etmäge, atçylyk sporty bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz “Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we onda göz öňünde tutulan işleri ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň himiýa we nebitgaz senagatynyň, saglygy goraýyş hem-de agyz suwy kärhanalarynyň önümçilikleri üçin zerur bolan suwuk hlory satyn almak meselesi barada hasabat berdi.

Içerki sarp edijileri himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça işler “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy. Suwuk hlor ýurdumyzyň himiýa, nebitgaz pudaklarynyň önümçiliklerinde hem-de agyz suwuny öndürýän kärhanalarda suwy zyýansyzlandyrmak üçin giňden peýdalanylýar.

Konserniň bäsleşik topary 2021-2022-nji ýyllarda ýurdumyzyň önümçilikleri üçin zerur bolan suwuk hloruň 2 müň 900 tonnasyny satyn almak baradaky täze şertnamany baglaşmagy maksadalaýyk hasaplaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň önümçiliginde giňden ulanylýan, zerur himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işlere talabalaýyk gözegçiligi üpjün etmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän, sarp edijileriň uly isleglerinden peýdalanýan himiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeler bilen baglylykda himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky möhüm maglumat düzümleriniň desgalarynyň döwlet sanawyny döretmek, olaryň sazlaşykly hereketini we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýokarda agzalan pudagara topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda häzirki döwürde ýurdumyzda öňdebaryjy ylmy-tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şol sanda kosmos pudagyny ösdürmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýer üstüne gözegçilik edýän milli ulgamyny döretmek işlerini utgaşdyrmak boýunça Hökümet toparynyň alyp barýan işleri barada hasabat berildi. Şu ýylyň 11-nji aprelinde Hökümet toparynyň ilkinji mejlisiniň çäklerinde degişli tekliplere hem-de ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde bu ugra degişli hünärleri açmak we dersleri girizmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mundan başga-da, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy we bu ugur boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu maksat bilen, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly Fransiýanyň dünýä belli kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, şol sanda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda kosmos tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda “TürkmenÄlem 52oE” milli emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy taryhy waka öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kosmos pudagyny ösdürmek wezipeleriniň bu ugurdaky işi mundan beýläk-de kämilleşdirmegi, ylmy barlaglary işjeňleşdirmegi, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmagy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy talap edýändigini belledi.

Ýer üsti gözegçilik barada aýdylanda bolsa, obasenagat, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda bu usuly ulanmagyň ägirt uly geljeginiň bardygyny bellemek gerek. Ol ägirt uly giňişlikde gözegçiligi ýola goýmaga, düzümleýin desgalaryň, iri gurluşyklaryň we ekologik çäreleriň ýagdaýy hakynda dessin maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmeginiň, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary, halkara ylmy-tehnologiýa merkezleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Ýer üsti gözegçilik boýunça milli ulgamyny döretmek barada degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gaýtadan işlenilýän kagyz galyndylarynyň ýurduň daşyna çykarylmagyny düzgünleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy we yzygiderli goldawy netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagy sazlaşykly ösýär hem-de onuň dürli pudaklarda eýeleýän orny pugtalanýar.

Milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösüşine gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary täze önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli gurup, ulanmaga berýärler. Şolaryň hatarynda kagyz önümleriniň önümçiligi boýunça kärhanalar hem bar. Şol ýerde azyk we senagat önümlerini, halkyň sarp edýän harytlaryny gaplamaga niýetlenen kagyz gaplar, elsüpürgiçler, okuwçy depderleri, öý hojalygynda ulanylýan kagyz önümleri öndürilýär. Şeýle kärhanalaryň köpüsi çig maly gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilendir. Olaryň önümçilik kuwwatlyklary her ýylda 22 müň tonnadan gowrak kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Ýurdumyzyň içinde kagyz we karton gaplara bolan islegleriň artýandygyny, kagyz galyndylaryny daşary ýurtlara çykarmagy hem-de ýerlemegi tertipleşdirmek meselelerini nazara alyp, kagyz önümleriň önümçiligi boýunça kärhanalaryň kuwwatlyklaryny doly güýjünde peýdalanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, täze gümrük pajyny girizmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu meseleleri içgin öwrenmegiň we ony degişli derejede taýýarlamagyň zerurdygyny belledi hem-de onuň ekologiýa ugruna möhüm üns bermegi tabşyrdy. Ähli meýilleşdirilen çäreler ýurdumyzyň içinde kagyz önümleri gaýtadan işlemegiň mukdarynyň artdyrylmagyna, ugurdaş kärhanalaryň doly önümçilik kuwwatyna çykarylmagyna, ösýän islegleri nazara almak bilen, içerki bazarlarda bu önümleriň bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa häzirki wagtda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we 2022-nji ýylda Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, her ýyl geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi Türkmenistanda bolup geçýän medeni wakalary giňden beýan etmek, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan ösmegine, sungatyň köpdürlüligini üpjün etmäge ýardam bermek, medeni diplomatiýany ilerletmek hem-de täze zehinleri ýüze çykarmak wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

2022-nji ýylda bu döredijilik çäresini Mary welaýatynda geçirmek, şonuň çäklerinde bellenilen ähli medeni çäreleri ýokary derejede guramak üçin degişli guramaçylyk meseleleri göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli mirasy wagyz etmekde hem-de döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmakda we döredijilik kuwwatyny artdyrmakda Medeniýet hepdeliginiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň türkmen sungatyna hem-de halkymyzyň baý döredijilik däplerine doly derejede wekilçilik etmelidigini, olaryň dowamatlylygyny hem-de ösüşini üpjün etmäge ýardam bermelidigini belledi.

Milli Liderimiz 2022-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Mary welaýatynda geçirmek meselesi bilen baglylykda, degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa söz berildi. Ol Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýaş nesilleriň beden saglygyny, ruhy ösüşini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny bermek we maşgala medeniýetini kämilleşdirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly ynsanperwer syýasatyndan ugur alyp, ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarladylar. Bu strategiýanyň baş maksady enäniň we çaganyň saglygyny goramakdan, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekden, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekden, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan saglygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Resminama laýyklykda, utgaşdyryjy we ýerli ýerine ýetiriji pudagara toparlary döretmek, ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça işleri kämilleşdirmek, ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň derejesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we olara gözegçilik etmek boýunça iş toparlaryny döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, eneleriň we çagalaryň saglygy, olaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň durmuşynyň ähli tapgyrlarynda saglygyny goramaga, ýaş nesilleriň arasynda saglyk babatda sowatlylygy ýokarlandyrmaga, ilatyň ýokary hilli sanly we täzeçil tehnologiýalara, dünýäniň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlaryna, öňdebaryjy milli tejribä esaslanýan lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilen täze milli strategiýanyň örän ähmiýetlidigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmek hem-de şu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

YHG-nyň XIV sammitinde ýurdumyz bu gurama başlyklygy kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Ony ýerine ýetirmegiň çäklerinde, häzirki döwre çenli ministrlikleriň derejesindäki birnäçe duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, iýun aýynda energetika ministrleriniň dördünji duşuşygyny we YHG-ä agza ýurtlaryň milli statistika edaralarynyň bäşinji duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär. Häzir ýylyň ikinji ýarymynda bellenilen çärelere taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy.

28-nji noýabrda Aşgabatda YHG-nyň XV sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu wajyp foruma taýýarlyk meseleleri 16-njy iýunda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary bilen bolan duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Sammiti ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli düzgünnama, şol sanda oňa giňden maglumat goldawyny üpjün etmek, forumyň çäklerinde degişli çäreleri guramak, YHG-nyň sekretariaty bilen bilelikde onuň maksatnamasyny, gün tertibini we jemleýji resminamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli teklipler işlenilip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň düzüminde Guramaçylyk toparyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçen döwürde Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda uzak möhletleýin esasdaky tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolan özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belledi. Köptaraply netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan ýurdumyz YHG-ä agza ýurtlar bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz YHG-nyň geografik, taryhy we medeni däpleriň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglaşýan döwletleriň ykdysady hyzmatdaşlygynyň guraly hökmünde utgaşdyryjy ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek we täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleriň açylmagy bu ugruň häsiýetli aýratynlygydyr.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň YHG-de başlyklyk etmek bilen, umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini belledi hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň öňde boljak XV sammitine, şeýle hem beýleki meýilleşdirilen çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, milli Liderimiziň garamagyna Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen tarapynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde sazlaşykly ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä hem-de däp bolan dostlukly we okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde, söwda-ykdysady we işewür hyzmatdaşlygy köpugurly esasda ösdürmekde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary höweslendirmekde türkmen-gyrgyz Hökümetara toparyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, onuň işiniň ähli möhüm ugurlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna we beýleki degişli ýolbaşçylara döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, onuň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmak we bilelikdäki çäreleri taýýarlamak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň fewral aýynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ony durmuşa geçirmek we milli Liderimiziň degişli teklipleri taýýarlamak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Munuň özi, hususan-da, milli kanunçylygy kämilleşdirmek we bu ugurda halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Söwda Guramasy, Aziýanyň Ösüş Banky, Halkara Söwda Merkezi, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürmek ugruna degişlidir.

Strategiýany durmuşa geçirmek hem-de Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalyk bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek maksady bilen, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda jogapkärli düzümleri we onuň işine gatnaşjak hünärmenleri kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi we onuň düzümlerinde birnäçe ugurlar boýunça iş toparyny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek babatda Hökümet toparynyň duşuşygyny guramak meýilleşdirildi.

Bütindünýä Söwda Guramasyna doly hukukly agza hökmünde girmek üçin “Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni baradaky Ähtnamany” işläp düzmegiň 2021-2022-nji ýyllar boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak bellenildi.

Häzir ýokarda agzalan ugurlary öz içine alýan “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň ýol kartasy” taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Açyk gapylar”, parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Watanymyzyň dünýäniň köp döwletleri, daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürýändigini, iri halkara guramalar, maliýe-bank düzümleri bilen ugurdaş hyzmatdaşlygy berkidýändigini belledi.

Milli Liderimiz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ýokarda agzalan Strategiýanyň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň eksporty doly amala aşyrmak, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň maýa goýum işjeňligini artdyrmak, häzirki zamanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurdaky degişli işleri ulgamlaýyn we toplumlaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow döwletimiziň gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda maksadalaýyk işleriň geçirilmegi netijesinde, Türkmenistan sebitara we yklymara ähmiýetli iri ulag-logistika merkezleriniň birine öwrülýär. Gümrük edaralarynyň hukuk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan täze gümrük bölümleri gurulýar.

Döwlet gümrük gullugynda öňdebaryjy tejribä esaslanýan elektron ulgam hereket edýär. Ol onlaýn ýagdaýynda halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň ýurdumyzyň çägi boýunça hereketine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde, gümrük resminamalaryny resmileşdirmek işini awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän döwrebap programma üpjünçilikli bitewi maglumat-kommunikasiýa ulgamyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy hem-de Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda “Bir penjire” ulgamyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän taslama barada maglumat berildi. Bu ulgam ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşýan ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda gümrük işleriniň hilini has ýokary derejä çykarmaga ýardam edýär.

Abraýly halkara ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlyk hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň konteýner ýük daşamalary boýunça Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy tarapyndan maslahat berlen gümrük konwensiýalaryna gatnaşýandygy habar berildi. “Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi Türkmenistanyň bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmeginiň üstaşyr gatnawlar hem-de logistiki hyzmatlar ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge hem-de ýurtlaryň arasyndaky goşulyşmak işine gatnaşmaga ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösmegi üçin möhüm şert hökmünde garaýar.

Milli Liderimiz halkara ýük daşamalarynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyna goşulmagyň hem-de söwda işini ýönekeýleşdirmek üçin dürli sanly ulgamlary we gurallary ulanmagyň bu babatda gaýragoýulmasyz wezipelerdigini nygtap, Türkmenistanyň konteýner ýük daşamalary boýunça tassyklan resminamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük edaralarynyň işiniň ileri tutulýan ugurlary barada aýdyp, şahsy düzümiň taýýarlygynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy, logistika ulgamyna innowasiýalary işjeň ornaşdyrmagy, ygtybarly gümrük gözegçiligini guramagy şol wezipeleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz daşary söwda amallarynda ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu ugurda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, göni işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki kärhanalary döretmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek ugrunda zerur işler amala aşyrylýar.

Hökümetara derejede gol çekilen we ýangyç-energetika toplumynda, ulag, gurluşyk, logistika ugurlarynda, tehnologiýalary alyşmakda özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine itergi berendigi bellenildi. Bu gün Türkmenistanda ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň iri kompaniýalary üstünlikli işleýärler.

Ýaponiýada öndürilen önümler türkmen bazarynda möhüm orun eýeleýär. “Komatsu”, “Toyota” we beýleki iri korporasiýalar bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Ýaponiýanyň ýokary öndürijilikli awtoulaglary oba hojalygynda hem-de ýol gurluşygynda we beýleki ugurlarda netijeli peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda ykdysady taýdan ýokary ösüş gazanýan Ýaponiýa bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Häzir ikitaraplaýyn gatnaşyklar gadymy dostluk däpleri, ykdysady bähbitleriň we döwlet ösüşiniň milli ugurlarynyň deňeçerligine esaslanýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlary esasynda ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetlerine hem-de hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny we ugurlaryny kesgitlemekde oňyn mümkinçilikleri döredýän bilelikdäki işewür maslahatlaryna möhüm orun degişlidir. Netijeli hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi dürli pudaklarda täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýapon korporasiýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge bolan gyzyklanmalary artdyrýar diýip, milli Liderimiz belledi we wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna Türkmen-ýapon komitetiniň başlygy hökmünde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

09.07.2021

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary çagyryldy.

Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de amala aşyrylan işlere baha berildi, Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe söz berdi. Ol 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň alty aýynda hojalyk düzümlerine berlen karz serişdeleriniň möçberi artdy. Kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek üçin berilýän ýeňillikli karz serişdeleriniň möçberi 2,6 göterim, hususy önüm öndürijilere berlen karz serişdeleriniň möçberi bolsa 1,4 esse ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda “Internet-bank” töleg ulgamy arkaly şahsy taraplar we hususy telekeçiler tarapyndan geçirilen hasaplaşyklaryň möçberi köpeldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, M.Annadurdyýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin, Merkezi bankyň başlygynyň orunbasary M.Orazdurdyýewe käýinç yglan etdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi. 1-nji iýul ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdejileriniň meýilnamasy 119,1 göterim, çykdajylarynyň meýilnamasy bolsa 97,3 göterim ýerine ýetirildi.

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerli býujetler boýunça girdejileriň meýilnamasy 102,4 göterim, çykdajylaryň meýilnamasy bolsa 97,8 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe balans toparlarynyň 107, şol sanda sebitlerdäki balans toparlarynyň 93 mejlisi geçirildi.

Alty aýyň dowamynda döwlet emlägine degişli desgalaryň 70-si hususylaşdyryldy.

2021-nji ýylyň 1-nji iýuny ýagdaýyna görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdary jemi içerki önümiň 15,9 göterimine barabar boldy.

2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 28 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlary önümçilik hem-de durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işine nägilelik bildirdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu edaralaryň hasabyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň möçberi azaldy diýip, milli Liderimiz aýtdy we wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowa, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa duýduryş yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz haýsydyr bir edara walýuta boýunça tabşyrygy ýerine ýetirmese, onuň gelip gowuşýan möçberiniň azalmagyna ýol berse, onda ýylyň jemleri boýunça eýeleýän wezipesinden boşatmaga çenli berk çäre görüljekdigini duýdurdy. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda maliýe we ykdysadyýet ministrine anyk tabşyryklar berdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruklara gol çekdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2021-nji ýylyň birinji ýarymyndaky ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Senagat, ulag-aragatnaşyk we obasenagat toplumlarynda hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda oňyn netijeler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, statistika ulgamynyň öňünde goýlan gaýragoýulmasyz wezipelerden ugur alyp, degişli tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow 2021-nji ýylyň alty aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 3,5 göterim ýokarlandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim köpeldi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hem hasabat berildi.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek hem-de “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk gurluşyny üýtgetmek barada ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi we milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek we “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk gurluşyny üýtgetmek hakyndaky teklipleri makullady we degişli resminamalara gol çekdi.

Giňişleýin mejlisiň dowamynda milli Liderimiz G.Müşşikowy Merkezi bankyň başlygy wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedow şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýagdaýy boýunça geçirilen seljerme işleri, şeýle hem Daşoguz welaýatyna amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Şeýle hem wise-premýer Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Aşgabat şäherinde Söwda we dynç-alyş, işewürlik merkezleri hem-de ýaşaýyş jaýlary, “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhana, A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda ýerasty geçelgeler, paýtagtymyzyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we beýleki desgalar şu ýylyň dowamynda ulanylmaga berler.

Ýubileý ýylynda açylmagy meýilleşdirilýän binalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dokma toplumy, Babadaýhan etrabynda tikinçilik önümlerini öndürýän toplum, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi, Änew şäherinde, Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan etraplarynda umumybilim berýän mekdepleriň, Balkanabat şäherinde 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň binalary, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahana, 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy bar.

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasy hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýy, Daşoguz şäherinde birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaýlary, Gubadag etrabynda bolsa haly önümleri kärhanasy, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda häzirki zaman gazturbinaly elektrik stansiýasy, Saýat etrabynyň çäklerinde umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-si ulanmaga berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden dabaralandyrylýan şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklar berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz S.Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesine belläp, ony Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmak hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzüminden çykarmak barada karara gelendigini aýtdy we oňa işinde üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýylyň ahyryna çenli bellenen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz S.Berdimuhamedowa, ilkinji nobatda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary bilen ýygnanyp, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kabul eden maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy boýunça maslahat geçirmegi, 2022-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyna düýpli seredip, ony taýýarlamagy hem-de tassyklamagy tabşyrdy.

Indiki ýylyň býujeti barada aýdylanda bolsa, bu işi tamamlap, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Milli Geňeşiň garamagyna ibermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmaly, täze ýylyň Döwlet býujetinde her etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hem bellemeli.

Şeýlelikde, bu ugurda ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny ösdürmek hem-de maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak üçin olaryň ýolbaşçylary bilen zerur işleri geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli Liderimiz täze iş ýerlerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň doly möçberde ýerine ýetirilmändigini belläp, şu ýyl tamamlanansoň, bu meselelere aýratynlykda serediljekdigini ähli ýolbaşçylara duýdurdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Berdimuhamedowa dünýädäki häzirki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini düýpli seljerip, pudaklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem pudagara algy-bergileri yzygiderli seljerip durmak, özara bergileriň köpelmeginiň öňüni almak, hasaplaşyklary wagtynda geçirmek üçin zerur çäreleri görmek möhümdir.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge uly üns bermek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum taslamalary üçin halkara maliýe institutlaryndan, hyzmatdaş banklardan amatly şertlerde karzlary we göni maýa goýumlaryny çekmek boýunça işleri dowam etmek möhümdir.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy meýilleşdirilýän, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurulýan binalaryň we desgalaryň öz möhletinde ulanmaga berilmegi üçin wagtynda maliýeleşdirilmegini berk gözegçilikde saklamak wajypdyr.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmagy we Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine D.Täşliýewi belläp, ony şu edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýewe söz berildi. Ol öz çykyşynda paýtagtymyzyň hojalyk düzümlerinde alnyp barylýan işleriň jemlerine hem-de “Türkmendemirýollary” agentliginiň edaralarynyň işlerine geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bu düzümleriň işlerine geçirilen seljermeleriň dowamynda şu edaralarda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk derejesiniň pesdiginiň hem-de birnäçe kemçiliklere ýol berilýändiginiň üsti açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, beýleki düzümlerde degişli seljeriş işlerini geçirmek dowam edýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän gurluşyk-senagat toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 115,2 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, Ş.Durdylyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Gurluşyk boýunça baý tejribe toplandygy göz öňünde tutulyp, Ş.Durdylyýew “Aşgabat-siti” şäheriniň gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasyna işe iberildi.

Ý.Gylyjow başga işe geçmegi sebäpli, Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Milli Liderimiz bu wezipä R.Gandymowy belläp, ony gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine G.Orunowy belläp, ony şu ministrligiň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olara işde üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra energetika ministri Ç.Purçekow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, senagat we energetika toplumyna, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine hem-de paýtagtymyzyň häkimligine gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ç.Purçekowy belläp, ony energetika ministri wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekowyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň ýagdaýyny gysga wagtyň içinde seljermegi tabşyrdy. Ýubileý ýylynda meýilleşdirilen ähli desgalar öz wagtynda we ýokary hilli gurlup, ulanylmaga berilmelidir. 2022-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyny kesgitlemek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Biz täze şäherleriň we şäherçeleriň gurluşygyna giň gerim bilen başladyk we bu işi hiç bir ýagdaýa garamazdan, depginli dowam ederis. Şunuň bilen baglylykda, bize gurluşyk serişdelerini, şol sanda sementi, demir gurnamalaryny, köp mukdarda timarlaýyş serişdelerini öndürýän kuwwatly senagat gerek. Biz bu ugurda işlere başladyk, ýöne ony çaltlandyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Çig mal känleriniň ýeterlik bardygy bilen baglylykda, mineral dökünleri öndürýän täze zawodlary gurmagyň üstünde hem işlemek wajypdyr. Bu bolsa ýerden goşmaça hasyl almaga, oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dökünler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Wise-premýere elektrik energiýasyny öndürmek we eksport etmek, awtoulag ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça taslamalar bilen bagly işleri dowam etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ç.Gylyjow bilen bilelikde şol meseleleri çalt seljermek, bu işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini hem işjeň çekmek barada tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz Permana gol çekip, wise-premýere işinde üstünlikleri arzuw edip, ýakyn wagtda energetika ministri wezipesine bellemek üçin mynasyp adamy hem hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe şu toplum boýunça önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça önümçilik meýilnamasy 118,3 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň ykdysadyýetde strategik ugrumyz, Konstitusiýamyzda bellenişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek bolup durýar diýip nygtady. Şoňa görä-de, ähli döwlet kärhanalary ýuwaş-ýuwaşdan hususylaşdyrylýar ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilýär.

Häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň garamagyndaky ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilip, olar agentliklere öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini ýapmak barada karara gelendigini aýtdy we B.Öwezowa eden işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýapylýan düzümdäki Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goragy bölümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowyň garamagyna berildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ýanynda ministrligiň hukuklarynda Ulag we kommunikasiýalar agentligini döretmek barada karara gelendigini hem-de bu agentligiň baş direktory wezipesine M.Çakyýewi belleýändigini habar berdi.

Milli Liderimiz täze düzümiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýurdumyzda elektron senagaty döretmek işiniň başlanandygyny, ýöne, ilkinji nobatda, degişli hünärmenleriň ýokdugy sebäpli, onuň ýeterlik depginde alnyp barylmaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Geldinyýazow bilen bilelikde elektron senagatyň geljekki wezipelerini çözmäge ukyply işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny döretmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ulag kärhanalarynyň işini gözegçilikde saklamak barada görkezme berdi. Sebäbi bu kärhanalar, dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli, häzirki kynçylykly döwürde mejbury çäklendirmeleri başdan geçirýär. Şoňa görä-de, COVID-19 bilen bagly ýagdaý tamamlanýança, häzirki döwürde olaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin maliýe taýdan durnukly ýagdaýyny saklamak esasy wezipe bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Zähmet haklaryny tölemekleri we maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri üçin serişdeleri bolar ýaly, ulag kompaniýalaryny goldap durmaly. Ýurdumyzyň demir ýollarynyň durkuny täzelemek işlerini hem dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiziň M.Çakyýewe işinde üstünlikleri arzuw edip, oňa ýakyn wagtda agentligiň merkezi edarasyny ýerleşdirmek we onuň işgärleri baradaky teklipleri bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy A.Atamyradowa berk käýinç yglan etdi we degişli resminama gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak ulgamynda hem-de nebiti gaýtadan işlemekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama 100,8 göterim, polipropilen öndürmek boýunça meýilnama 130,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça meýilnama 114,9 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 115 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüşi 123,4 göterime, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň ösüşi bolsa 137,2 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, şu ýylyň alty aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, «Türkmengaz» döwlet konserni boýunça polietileniň we polipropileniň, «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça bolsa nebitiň çykarylyşynyň azalandygyny belledi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda käbir nebit önümleriniň öndürilişi peseldi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýa desgasynyň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy hem-de çig nebitiň, gaz kondensatynyň çykarylýan möçberlerini häzirki zaman tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmak arkaly artdyrmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebit guýularyny abatlamak işlerini öz wagtynda geçirip, harytlyk nebitiň gaýtadan işleýän kärhanalara bökdençsiz ugradylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Tebigy gazyň çykarylyşyny kadalaşdyrmak we sarp edijileriň bu önüm bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmak üçin ýerasty gaz saklawhanalaryny gurmak meselesine işjeň çemeleşmek zerurdyr.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy boýunça geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz innowasion tehnologiýalar arkaly Hazar deňziniň geljegi uly bolan kenarýaka sebitlerinde alnyp barylýan geologik gözlegleri işjeňleşdirip, täze ýataklary açmak we özleşdirmek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu işe öňdebaryjy iri nebitgaz kompaniýalaryny we maýadarlary çekmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, iki aý möhletde degişli teklipleri hödürlemek barada görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gyýanlydaky polimer zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň işini gowulandyrmak hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernini özüne mahsus bolmadyk wezipelerden boşatmak üçin, bu zawodlary «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyna bermek barada karara gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ýokarda agzalan konsernleriň ýolbaşçylaryna bu kärhanalary hasapdan-hasaba bermek hakyndaky ähli namalary gysga möhletde resmileşdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 119,7 göterime, öndürilen önümleriň ösüşi bolsa 111,8 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 112,4 göterime, nah matalaryň öndürilişi 102,3 göterime, tikin we örme önümleriniň önümçiligi 123,4 göterime, gön önümleriniň önümçiligi 103,6 göterime barabar boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 113 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar — iýun aýlarynda birža söwdalarynyň 148-si geçirilip, 16 müň 143 şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 108,9 göterime barabar boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136,3 göterime, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 119 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sarp ediş harytlarynyň, aýratyn-da, olaryň oba hojalyk pudagynda öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça işleriň heniz haýal alnyp barylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe, maddy-tehniki kömegi bermek hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny döretmek meselelerine ünsi çekdi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny belledi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak, halkara söwda ulgamynda iň gowy daşary ýurt tejribesini özleşdirmek üçin daşarky bazarlaryň isleglerini hem-de mümkinçiliklerini öwrenmek möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ähli ugurlarda telekeçileri giňden goldamak syýasatynyň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlara baglylykda, içerki bazaryň azyk we beýleki ilkinji nobatda zerur bolan harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Bar bolan önümçilikleri netijeli ulanyp, öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmak zerurdyr.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususy taraplaryň önümçilikleriniň gerimini mundan beýläk hem giňeltmek, ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli ýerli gök-bakja önümlerini, miweleri, ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekde, ýer böleklerini resmileşdirmekde we azyk harytlaryny öndürmekde olara ýardam bermek babatda degişli görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamanyň taslamasyny taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyryp, dünýä bazarlarynda we hyzmatdaş ýurtlarda harytlaryň birža bahalarynyň üýtgemegine yzygiderli syn edip durmagy wise-premýerden talap etdi. Şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän önümleriň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ýokary bäsleşik esasynda amatly bahalardan eksport edilmegini gazanmak wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görmegi hem-de sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini giňden görkezmegi tabşyrdy.

Şeýle hem sanly ulgam arkaly ýerli we daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy, hili, bahasy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylyň başyndan bäri dürli medeni çäreler, şol sanda baýramçylyk senelerine bagyşlanan döredijilik bäsleşikleri, duşuşyklar, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi.

Daşary ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşynda sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölümleri döredildi. Şeýle hem medeniýet ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde döwrüň talabyna laýyk gelýän täze ugurlary açmak, okatmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, sanly ulgamy kämilleşdirmek boýunça hem işler ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi üstünlikli geçirildi.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, medeniýet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwer ugry hökmünde medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň tebigy zehinini we sungata höwesini ösdürmek, aýdym-saz sungatymyzy, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna görä guramagyň zerurdygyny nygtady.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilýän döwlet we medeni-köpçülik çärelerini, baýramçylyk hem-de teatrlaşdyrylan dabaralary döwrebap guramaga taýýarlyk görmek babatda hem tabşyryklar berildi.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda döredilen pudak düzüminden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadyny we sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň hem-de elektron petekleri we hasaba alyş kartlaryny girizmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda bilimini artdyrmak boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz-nesihat işlerini giňden alyp barmak möhümdir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ýaşlary ylmy-döredijilik işine giňden çekmek maksady bilen, sanly bilimiň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, okuw dersleri boýunça bäsleşikler geçirildi.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň merkezi edaralarynyň gurluşlary kämilleşdirildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanyldy. “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly Milli strategiýa hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasy kabul edildi. Tejribe alyşmak maksady bilen, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalary bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp baryldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamalaryny hem-de diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibini tassyklamak hakyndaky Buýrugyň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky Buýrugyň hem-de 2021-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýrugyň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ýaly durmuş ähmiýetli ulgamlaryň kämilleşdirilmegine üns bermegiň möhümdigini aýtdy. Ilatyň bagtyýarlygy we abadançylygy, diýmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli özgertmeleriniň üstünligi hem şol ulgamlaryň ösüşine gös-göni baglydyr.

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryndan başga-da, täze okuw ýylyna hem gowy taýýarlyk görüp başlamaly. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil, düýpli abatlaýyş işlerini geçirmeli. Sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramaly.

Hökümetiň bilim işgärleri bilen geçiriljek maslahatyna gowy taýýarlyk görmek meselesine aýratyn üns berildi. Bu maslahatda bilim ulgamyny özgertmek boýunça nobatdaky çärelere serediler.

Wise-premýere ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmek, şeýle hem ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary geçirmäge taýýarlanmak tabşyryldy. Bu işde esasy orun Ylymlar akademiýasyna degişli bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň tebigy zehinini hem-de başarnygyny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna görä guramagy we kämilleşdirmegi, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri ýetişdirmek üçin bilim edaralarynda okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, kitaplary we gollanmalary gaýtadan seljerip, ösen halkara tejribä laýyklykda taýýarlamak üçin gyssagly çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Ykdysadyýetiň pudaklaryny zerur bolan taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek üçin ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek tabşyryldy.

Mümkinçilikleri çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin ýörite bilim edaralarynda zerur şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Olary saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, şeýle hem kadalara laýyklykda iýmit, okuw enjamlarydyr esbaplary, serişdeler bilen öz wagtynda we yzygiderli üpjün edip durmaly.

Wise-premýere ilata goýberilýän derman serişdeleriniň hem-de çagalar üçin ene süýdüniň ornuny tutýan goşmaça iýmit serişdeleriniň elýeterli we bahasynyň amatly bolmagyny üpjün etmekde ähli zerur çäreleri geçirmek we bu işleri gözegçilikde saklamak, şeýle hem sanly lukmançylyk we bilim ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirip, telelukmançylygy has-da ösdürmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda degişli resminamalara gol çekip, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek kadalaryna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna ünsi çekdi.

Biziň ýurdumyz döwletara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, köptaraply görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz eýerýändigini görkezip gelýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mejlise gatnaşýan daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewe ýüzlenip, şu ýylyň ikinji ýarymynda birnäçe halkara çäreleriň we maslahatlaryň hem-de beýleki döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza saparlarynyň meýilleşdirilendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hususan-da, gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň — “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk hem-de gowaça agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda edilýän ideg işleri barada hasabat berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri hem-de gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada habar berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Oba hojalyk toplumy boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüşi 105,2 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,6 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 101,3 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 103,6 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 125,9 göterim ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen möhletinde talabalaýyk ýerine ýetirmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak, gowaça hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygyny ösdürmek, aýratyn-da, pagtanyň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzir galla oragy tamamlandy diýen ýaly. Ýygnalyp alnan dänäniň möçberi 1 million 400 müň tonnadan hem geçdi. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýar. Gallanyň özümizden artýan bölegini, gerek bolsa, daşary ýurtlara-da eksport edip bolar.

Meýdanlarda gowaçanyň hem bol hasyly ýetişdirilýär. Pagtanyň örän möhümdigini göz öňünde tutup, onuň bol hasylyny almak üçin zerur bolan ähli agrotehniki işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmeli. Oba hojalyk tehnikalaryny hem ýygyma gowy taýýarlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerler M.Geldinyýazowa we E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, olaryň ünsüni pandemiýa bilen bagly meselelere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ylmy edaralaryň häzirki döwürde oba hojalyk, aýratyn-da, suw meselesiniň, şeýle hem ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmagyň, täze ýerleri özleşdirmegiň üstünde has köp işlemelidigi bellenildi.

Biz suw tygşytlaýjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmalydyrys. Bu işde beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini giňden peýdalanmalydyrys. Garagum sähramyzyň ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça bellän maksatnamamyzy durmuşa geçirmegi çaltlandyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şu ýylyň alty aýynda käbir azyk harytlarynyň öndürilýän möçberiniň azalmagy bilen bagly, içerki bazary doly möçberde ýerli gök-bakja, miwe önümleri, ýeralma, mal we guş eti, ýumurtga, ösümlik ýagy hem-de beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmekde zerur işleri tapgyrlaýyn we maksatnamalaýyn durmuşa geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk maksatly ekin we öri meýdanlarynyň maksadalaýyk hem-de netijeli ulanylmagyny gazanmak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Oňyn halkara tejribeden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýokarlandyrmak we tohumçylygyny gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmaly hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin usuly-gollanma kitapçalaryny taýýarlamaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz her welaýatda ýer bölekleriniň gaznasyny döretmek hem-de önümçilik maksatly taslamalara maýa goýmaga isleg bildiren taraplara bökdençsiz ýer böleklerini bölüp bermegi we bu işleri çaltlandyrylan tertipde resmileşdirmegi ýola goýmagy tabşyrdy.

Bellenilişi ýaly, içerki bazaryň ýagdaýyndan ugur alyp, döwlet tabşyrygy esasynda gowaça we bugdaý meýdanlarynyň möçberlerine gaýtadan seljermeleri geçirmeli. Ekin meýdanlarynyň hasylyny ýokarlandyryp, beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişini hem artdyrmaly.

Halkara tejribeden ugur alyp, iri suw geçirijilerini, howdanlary we kölleri ulanmagyň iň täze tilsimatlaryny ornaşdyrmaly. Suw tygşytlaýjy usullary giňden ulanyp, sarp edilýän suw serişdeleriniň doly hasaba alynmagyny we bu işe sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny üpjün etmeli.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan maýa goýumlarynyň özleşdirilmegini Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça birinji ýarym ýyllykda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Geçen alty aýyň dowamynda Mejlisiň maslahatlarynyň ikisi geçirilip, Türkmenistanyň kanunlarynyň 40-sy hem-de Mejlisiň kararlarynyň 41-si kabul edildi.

Ýylyň başyndan bäri kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça degişli seljerme işleri yzygiderli alnyp baryldy. Iş toparlarynda birnäçe ugurlar boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we kanunçykaryjylyk babatda dünýä tejribesini öwrenmegiň hem-de BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň wekilhanalary bilen gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada habar berildi.

Ýylyň birinji ýarymynyň dowamynda Mejlisde kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly okuw maslahatlary geçirildi. Şeýle hem Mejlisiň wekilleri iri halkara düzümler bilen bilelikde guralan çärelere gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk hukuk binýadyny döretmekde deputatlaryň işiniň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz mähriban halkymyzyň gadymdan gelýän demokratik gymmatlyklaryny hem-de kanunçykaryjylyk babatda halkara tejribäni nazara almak bilen, döwletiň hukuk we ykdysady esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam edýän täze Kanunlary işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisinde Mejlis tarapyndan kabul edilen täze Kanunlara hem-de hereket edýän käbir resminamalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky resminamalara garaldy hem-de makullanyldy.

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hem-de Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, olardan gelip çykýan wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça teklipler öwrenilýär.

Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisde kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilen iş toparynyň mejlislerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda milli kanunçylygyň esaslary boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak barada meýilnama esasynda guralan okuwlara gatnaşdylar.

Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýerlerde döwletimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygy, raýatlaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmek, milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerini, tebigaty goramak barada wagyz-nesihat etmek çärelerini geçirdiler.

Hormatly Prezidentimiz türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik ýörelgeleri berkarar etmek boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň örän wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, Kanunyň hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde yglan edendigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň alty aýynda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijelerini jemledi. Hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, nesip bolsa, sentýabrda möhüm waka — berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden belleniler. Şunuň bilen baglylykda, bu şanly senä bagyşlanan esasy mejlis 25-nji sentýabrda geçirilse, 26-njy sentýabrda bolsa zähmetde gazanan üstünlikleri üçin sylaglara mynasyp bolan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçirilse, 27-nji sentýabrda hem ata Watanymyzyň baş baýramyny — Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini uly dabaralara besläp belläp geçsek, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Koronawirus pandemiýasynyň ýurdumyzyň içerki ykdysady işjeňligine ýetirýän ýaramaz täsiri dowam edýär. Muňa garamazdan, statistik maglumatlar dünýä ykdysadyýetindäki meseleler bilen bagly Hökümetiň netijeli çäreleri görýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýarym ýylda dünýä ykdysadyýetini ösdürmekde döwletimiziň ornuny berkitmek boýunça işler dowam etdirildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri depginli alnyp baryldy.

Daşary syýasatymyz hem üýtgewsiz dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda hem, ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de beýleki halkara guramalar bilen energetika we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar.

Ulag üpjünçilik, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlyk dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz içeri syýasatyň esasy ugurlary barada aýdyp, birnäçe anyk mysallary getirdi. Ýurdumyzda ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasaty goldanylýar, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi barha artýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6,1 göterim möçberinde saklanylýar.

Senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam etdirilýär. Häzirki döwürde umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

Oba milli Maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard manatdan hem köp möçberde düýpli maýa goýumlary-da özleşdirildi diýip, milli Liderimiz geçen ýarym ýylda 32 sany iri desganyň, meýdany 325 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda umumy bahasy 640 million manatdan hem geçýän, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanmaga berlendigini kanagatlanma bilen belledi.

Senagat desgalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdeplerdir dükanlar we beýleki desgalar göz öňünde tutulan möçberde işe girizildi. Bir million 400 müň tonna bugdaý hasyly ýygnalyp alyndy. Bu bolsa ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýär.

Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça syýasat hem bellenilen meýilnamalara laýyklykda dowam edýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak üçin alnan karz serişdeleri boýunça hem öz wagtynda Hytaý bilen hasaplaşygyň geçirilendigini aýtdy. Häzirki wagtda tebigy gazy satmakdan alynýan girdeji döwletiň gaznasyna gönükdirilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň, elektron senagatyny döretmegiň döwlet maksatnamalary hem netijeli amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz möhüm wezipelere ünsi çekip, heniz çözülmegi köp zähmeti talap edýän meseleleriň hem bardygyny aýtdy.

Ýurdumyzyň ykdysady we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şu meseleler we ýurdumyzyň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak, walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün etmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak häzirki döwürde ähli ýolbaşçylar üçin ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Esasy zat bolsa bilim ulgamyny ösdürmäge köp möçberde serişde goýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Ýokary girdejili döwletleriň hataryna üstünlikli geçen ýurtlaryň öz bilim ulgamyny ösdürmek üçin ep-esli serişde goýberendigini halkara tejribe görkezýär. Hökümetiň bilim babatda strategik işleri çaltlandyrmagy we amala aşyrmagy Garaşsyz döwletimiziň dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyply ykdysadyýete goşulmagy üçin esas döreder diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Dürli derejedäki bilim ulgamy bilen zähmetiň arasynda ylalaşylan okuw maksatnamalaryna döwlet serişdeleriniň netijeli çekilmegi adam maýasyny we ilatyň hünär endiklerini ýokarlandyrar.

Bu çäreler ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, dünýä ykdysadyýetine mundan beýläk-de goşulmagy üçin esaslary üpjün eder. Şeýle hem zähmet bazarynyň talaplaryny hasaba almak bilen, gowy taýýarlanan raýatlaryň girdejileriniň artmagynyň hasabyna durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna şert döreder.

Ykdysadyýetde döwletiň gatnaşyk paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň hem güýçlendirilmegine aýratyn üns berildi.

Hususylaşdyrmagyň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki desgalary goşmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýnamalaryň ýerleşdirilmegini, gazna bazarynyň we açyk bäsleşikli söwdalaryň guralmagyny hususylaşdyrmagyň esasy usullary hökmünde kesgitledi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ikinji ýarymynda birnäçe möhüm halkara we içerki döwlet çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileýini, şeýle hem berkarar döwletimiziň Bitaraplyk baýramyny giňden belläp geçeris diýip, döwlet Baştutanymyz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryndan bu çäreleriň örän ýokary derejede geçirilmegini talap edýändigini belledi.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlamak bilen, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarly bolandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki günlerde maslahatlary geçirmegi tabşyrdy.

Welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara bolsa 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli «Awazada», «Arçmanda» we «Ýylysuwda» ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç almaga rugsat berildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, gözegçilik edýän toplumynyň pagta ýygymy bilen bagly ýolbaşçylary bilen maslahatlaşmagy we degişli çözgüt kabul etmegi tabşyrdy.

Şu günki mejlisiň dowamynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselelerine seredildi, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalar kabul edildi diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow garamagynda wezipä täze bellenen ýolbaşçylar bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna gözegçilik edýän ulgamlarynda ýygnaklary geçirmegi hem-de olary işgärler bilen tanyşdyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda we Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem olary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Ç.Gylyjowy Ahal welaýaty, S.Berdimuhamedowy Balkan welaýaty, M.Geldinyýazowy Daşoguz welaýaty, Ş.Abdrahmanowy Lebap welaýaty, E.Orazgeldiýewi Mary welaýaty, Ç.Purçekowy Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edip bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi