Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da “Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na” la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de bank ul­ga­my­nyň işi­ni döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek ba­bat­da, giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den or­naş­dy­ry­lyp, ila­ta bank hyz­mat­la­rynyň tä­ze­çil gör­nüş­le­ri hö­dür­lenil­ýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Size Millikarty we Goýum bank kartyny, şeýle hem, bank amallarynyň dürli hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde giň mümkinçilikleri hödürleýär.

Nagt däl görnüşinde bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almaga, öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, şäher telefon ulgamyň hyzmatlaryny tölemäge,  demir ýol we awiapetekleri satyn almaga, taksilerde tölegleri  geçirmäge, karzy üzmek we onuň göterimlerine töleg geçirmek mümkinçilikleri bar.

Hormatly müşderiler! Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Size täze “Cash back” bank hyzmatyny hödürleýär!

2020-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap ýurdumyzyň söwda we jemgyýetçilik nokatlarynda bank kartlary arkaly töleg geçirilende “Cash-back” hyzmatynyň mümkinçiliginden peýdalanyp bilersiňiz! Müşderileriň nagt däl görnüşinde harytlar ýa-da hyzmatlar üçin geçiren tölegleriniň belli bir möçberini Bank tarapyndan kart saklaýjynyň hasabyna yzyna gaýtarmak mümkinçiligi döredilýär!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerini bank kartlary arkaly geçirilýän amallarynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ― Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!