
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, Bankyň müşderilerinden milli manadymyzda we daşary ýurt walýutalarynda gelýän pul birlikleriniň asyl nusgalaryny anyklamakda ulanylýan enjamlaryň (detektorlaryň) döwrüň talaby boýunça yzygiderli üýtgemegi bilen baglylykda, hazirki zaman görnüşleriniň täzelenýändigini nazara alyp, TMT-ny, USD-ny, EUR-ny, GBP-ny, RUB-ny hem-de beýleki walýutalary barlaýan 15 sany Magner-215 we 15 sany pul sanaýjy Magner-2000V enjamlaryny satyn almak üçin açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Aşgabat şäher Garaşsyzlyk şaýoly, jaý 32 salgydan 09:30-dan 17:00 çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky möhleti 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 25-ine çenli bäsleşik teklipleri kabul edilýär.
Türkmenistan, 744036 ş. Aşgabat,
Garaşsyzlyk şaýoly, jaý 32
Telefon: +993 12 406254
+993 12 406542